Şu gün – 16-njy sentýabrda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy maslahatynyň resmi açylyşy bolýar, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça türkmen wekiliýeti bu maslahatyň barşynda ýurdumyzyň ileri tutulýan garaýyşlaryny beýan eder hem-de milli Liderimiziň Esasy bäş ugurda oňyn halkara gatnaşyklaryny has-da ösdürmek boýunça anyk tekliplerde beýan edilen ählumumy we sebit meseleleri boýunça täze başlangyçlaryny hödürlär.
Olaryň hatarynda ählumumy parahatçylygy hem-de howpsuzlygy saklamak we pugtalandyrmak, energetika we ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek, gumanitar meseleler we adam hukuklary, ekologiýa we daşky gurşawy goramak meseleleri bar.
TDH-nyň bu ugurlar boýunça teswirnamalarynyň şu jemleýji tapgyrynda dördünji we bäşinji ugurlar barada gürrüň ediler.
IV. Gumanitar meseleler we adam hukuklary
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 22-nji awgustda geçirilen mejlisinde türkmen wekiliýetiniň BMG-niň Baş Assambleýasynyň şu maslahatyna gatnaşmagyna taýýarlyk görmegiň barşy ara alnyp maslahatlaşylan esasy meseleleriň birine öwrüldi, şonda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bitarap Türkmenistanyň gumanitar ugurdaky halkara hyzmatdaşlygyna aýratyn ähmiýet berýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, meseleleriň giň toplumy, şol sanda ilkinji nobatda, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, maýyplaryň, bosgunlaryň hukuklaryny goramak we beýlekiler boýunça Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň degişli düzümleri bilen däbe öwrülen hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.
Soňky ýyllarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň has-de işjeňleşdirilýändigi bellenilýär, BMG-niň ýöriteleşdirilen hem-de gumanitar ugurly edaralarynyň wekilleriniň Türkmenistana yzygilderli saparlary, ýurdumyzyň möhüm ähmiýetli halkara teswirnamalaryna we konwensiýalara goşulmagy hem-de şu ugra degişli milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça zerur çäreleriň görülmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan gumanitar meseleleri, has takygy, bosgunlary we raýatlygy bolmadyk adamlary goramak hem-de olaryň hukuklaryny üpjün etmek bilen bagly meseleleri çözmek boýunça bilelikdäki işi BMG-niň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň özbaşdak, örän möhüm ugry hökmünde kesgitledi.
Raýatlygy bolmadyk adamlara Türkmenistanyň raýatlygyny bermek bilen bagly çäräniň birnäçe gezek geçirilmegi ýurdumyzyň şu ugurdaky işiniň netijelidigini aýdyň görkezýän mysallaryň biridir. Hususan-da, diňe 2011-2014-nji ýyllarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanlary esasynda 5 müňe golaý adama Türkmenistanyň raýatlygy berildi!
Şeýle hem soňky ýyllarda öňe sürlüp, üstünlikli amala aşyrylan birnäçe taslamalar BMG-niň bosgunlaryň meseleleri boýunça esasy konwensiýalarynyň we beýleki köptaraplaýyn resminamlarynyň iş ýüzünde utgaşdyrylmagyna gönükdirilendir. Bularyň hatarynda iri halkara forumlaryny görkezmek bolar, olaryň geçirilmeginiň özi türkmen tarapynyň häzirki döwürdäki ählumumy meseleleriň çözülmegine jebisleşikli çemeleşýändigini aýdyň görkezýän subutnama öwrüldi.
2012-nji ýylyň maýynda türkmen paýtagtynda geçirilen “Musulman dünýäsindäki bosgunlar” atly halkara maslahat şol subutnamalaryň biridir. Türkmenistanyň BMG we Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen bilelikde geçiren bu wekilçilikli forumynyň netijeleri boýunça Aşgabat jarnamasy kabul edildi.
Şu ýylyň 23-24-nji iýunynda Türkmenistanyň Hökümetiniň BMG-niň Bosgunlaryň işleri boýunça Ýokary komissarynyň müdirligi we Migrasiýa boýunça halkara guramasy bilen bilelikde geçiren “Migrasiýa we raýatsyzlyk: meseleleri we indiki ädimleri anyklamak” atly halkara maslahaty şu ugurdaky ýene-de bir möhüm ädim boldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça geçirilen bu iri foruma gatnaşmak üçin türkmen paýtagtynda dünýäniň 30-a golaý ýurdundan daşary yurt wekiliýetleri, abraýly halkara guramalarynyň we hökümete degişli bolmadyk düzümleriň 15-e golaýynyň wekilleri ýygnandylar.
Ýokary derejedäki duşuşyga gatnaşanlar türkmen döwletiniň raýatsyzlygy azaltmak we onuň öňüni almak baradaky meseleler boýunça uly üstünlikleri gazanandygyny hem-de ýurdumyzyň şu ugurda toplan oňyn tejribesiniň öwrenilmeginiň möhümdigini bellediler.
Iki günlük wekilçilikli forumyň netijeleri boýunça halkara maslahatynda başlyklyk edijileriň Beýannamasy kabul edildi we şonda bu duşuşygyň migrasiýany adam hukuklaryna degişli kadalara hem-de milli, sebit we halkara derejelerindäki borçnamalara laýyklykda düzgünlleşdirmek boýunça ählumumy syýasatyň işlenip düzülmegine hem-de soňra amala aşyrylmagyna gönükdirilen täze kesgitleýji çäreleriň kabul edilmegine we tagallalaryň jebisleşdirilmegine ýardam berjekdigine berk ynam bildirildi.
Çünki migrasiýa we raýatsyzlyga degişli mesele köpsanly döwletler üçin örän möhüm ähmiýete eýedir. Şu meseläniň ara alyp maslahatlaşmak üçin Aşgabatdaky halkara maslahatyna hödürlenmegi birnäçe ýurtlaryň bilermenleriniň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň muňa içgin ähmiýet bermegine getirdi. Olar Türkmenistanyň bosgunlary we raýatlygy bolmadyk adamlary raýatlyga kabul etmek boýunça toplan tejribesine aýratyn üns berdiler.
Baş Assambleýanyň geçirilýän maslahatynyň barşynda Türkmenistan şol halkara maslahatlarynyň jemleýji resminamalaryndaky esasy düzgünleriň yzygiderli durmuşa geçirilmegini gazanmaga çalşyp, häzirki wagtda migrasiýa boýunça tutuş dünýä bileleşigini tolgundyrýan ählumumy meseleleriň çözülmegine örän jogapkärli çemeleşýändigini äşgär eder.
V. Ekologiýa we daşky gurşawy goramak meseleleri
“Yzygiderli ösüş” diýen düşünje birnäçe esasy ýagdaýy göz öňünde tutýar, olaryň hatarynda ekologiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmegine we daşky gurşawyň goralmagyna aýratyn orun degişlidir. Ýurdumyz şu ugurda BMG bilen hyzmatdaşlyk edilmegine ygrarly bolmak bilen, anyk işleriň amala aşyrylmagyna, hususan-da, Merkezi Aziýa sebitindäki döwletlerde ekologiýanyň ýagdaýyny gowulandyrmak, ykdysady we durmuş ösüşine degişli täze taslamalary amala aşyrmagyň hasabyna ilatyň ýaşaýşynyň derejesini we hilini ýokarlandyrmak boýunça bilelikdäki netijeli çäreleriň görülmegini ugur edinýär.
Daşky gurşawy goramak boýunça halkara hyzmatdaşlyk häzirki döwürdäki möhüm meseleleri çözmekde işjeň orny eýeleýän Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir.
2012-nji ýylyň iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň Braziliýanyň Rio-de-Žaneýro şäherinde geçirilen “Rio+20” atly Bütindünýä maslahatynda Türkmenistan wajyp ähmiýetli başlangyçlaryň birnäçesini öňe sürdi, olarda yzygiderli ösüşe mahsus maksatlara ýetmek üçin döwletleriň we halkara guramalarynyň köptaraplaýyn tagallalaryny birleşdirmegiň örän möhümdigi beýan edildi.
Mälim bolşy ýaly,Türkmenistan daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleler boýunça halkara tagallalarynyň birleşdirilmegi ugrunda çykyş edip, köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi hem-de şu ugurdaky bilelikdäki işiň ulgamlaýyn gurallarynyň döredilmegine girişmegi teklip etdi. Hususan-da, durmuşda möhüm ähmiýete eýe bolan taslamalary düýpli öwrenmek we işläp taýýarlamak üçin, BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümini – howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri çözmek boýunça Sebitara merkezini döretmek baradaky başlangyç öňe sürüldi. Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69-njy maslahatynda BMG-niň agzalary bolup durýan ýurtlara türkmen tarapynyň bu başlangyjyny goldamak baradaky teklip bilen ýüzlenmek göz öňünde tutulýar.
Umuman, Türkmenistan Orta Aziýada we Hazar deňzi sebitinde ekologiýa degişli meseleleriň giň gerimlidigini göz öňünde tutmak arkaly, olaryň çözülmegine toplumlaýyn çemeleşmegi teklip edýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tebigaty goramak baradaky syýasaty we şonuň çäklerinde amala aşyrylýan maksatnamalaryň ählisi deň ölçegli ösüşiň hut şu ýörelgesine esaslanýar. Suw we ýer serişdelerinden rejeli peýdalanmak, topragyň hasyl berijiligini täzeden dikeltmek, ýerleri bagy-bossanlyga öwürmek, biologik dürli-dürliligi saklamak, tebigaty goramak boýunça kanunçylygy kämilleşdirmek – döwlet garaşsyzlygynyň ýyllarynda ýurdumyz şu ugurlaryň her biri boýunça uly we oňyn tejribe toplady, häzirki wagtda sebit hem-de ählumumy derejede şol tejribe içgin gyzyklanma döredýär.
Türkmenistan BMG-niň tebigaty goramak, şol sanda ýerleriň çölleşmegine garşy göreşmek baradaky möhüm konwensiýalarynyň birnäçesini tassyklap, tebigaty goramak we ondan rejeli peýdalanmak boýunça meýilnamalary hem-de maksatnamalary amala aşyrmagy borç edindi.
Türkmenistanyň Hökümeti Garagum çölüni aýawly saklamagyň meselelerine aýratyn üns berýär, onuň täsin galdyrýan haýwanat we ösümlik dünýäsi, ägirt uly tebigy baýlyklary – giň öri meýdanlary, energetiki serşdeleri bar. Merkezi Garagumda “Altyn asyr” Türkmen kölüniň gurulmagy diňe bir Türkmenistanda däl-de, eýsem, tutuş Merkezi Aziýanyň ekologiýa howpsuzylygynyň berk esaslaryny döretmek boýunça meseleleriň netijeli çözülýändigini aýdyň görkezýän subutnamadyr. Öz gerimi we ähmiýeti boýunça deňi-taýy bolmadyk bu maýa goýumly taslamanyň esasy maksady suwarymly ýerleriň ýagdaýyny düýpgöter özgertmekden we şol bir wagtyň özünde topragyň şorlamagy, ýerleriň batgalyga öwrülmegi we gurakçylyk bilen bagly bolan köpsanly meseleleri çözmekden ybaratdyr.
Ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndaky oba hojalyk meýdanlaryndan şor suwlary ýygnamak üçin niýetlenen bu iri gidrotehniki toplumyň birinji nobatdakysy ulanmaga berlip, bary-ýogy birnäçe ýyl geçenden soňra, onuň töweregindäki ýerler tanalmaz derejede özgerdi.
Häzirki wagtda yklymdaky bu uly çölüň goralýan zolaklaryna-da aýratyn üns berilýär. Ýeri gelende aýtsak, geçen ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, Ahal welaýatynyň demirgazygynda “Bereketli Garagum” döwlet tebigy goraghanasy döredildi, onuň umumy meýdany 87 müň 800 gektara barabardyr. Bu goraghana ekologiýa degişli meseleler boýunça toplumlaýyn ylmy-barlaglarň geçirilmegine, tebigatdan rejeli peýdalanmagyň ylmy esaslarynyň işlenip düzülmegine, döwlet tarapyndan aýratyn goralýan ýerleriň ulgamynyň ösdürilmegine ýardam bermek bilen çäklenmän, ýurdumyzyň syýahatçylyga degişli örän uly mümkinçiliklerinden peýdalanylmagyna itergi berip, yssy şertlerde ekologiýa syýahatçylygyny ösdürmek üçin binýada öwrüler.
Ýurdumyzda çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi boýunça özboluşly Milli institut işleýär. Ol çölleşmek bilen bagly ählumumy meseläni çözmek boýunça Merkezi Aziýadaky iri ylmy-barlag merkez bolup durýar, onuň hünärmenleri tarapyndan dürli ýerleriň çölleşmegi we ýerden peýdalanylmagy boýunça seljerişi geçirmegiň ýörelgesi işlenip düzüldi, munuň özi hojalyk işleriniň daşky gurşawy goramagyň talaplaryna laýyklykda oýlanyşykly alnyp barylmagyna ýardam berýär.
Suwlaryň şorlamagy we suwarymly ýerleriň zaýalanmagy häzirki döwürde ekologiýa boýunça düýpli meseleleriň biri bolup durýar. Şu ýylyň awgustynda bu meselä bagyşlanyp, “Ýerleriň zaýalanmagyna ykdysady baha bermek” atly iki günlük maslahat geçirildi. Bu maslahat Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan BMG-niň çölleşmäge garşy göreş baradaky Konwensiýasynyň Sekretariaty bilen hyzmatdaşlyk etmek arkaly guraldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça geçirilen bu forumyň maksady giň halkara jemgyýetçiligini ýurdumyzda daşky gurşawy goramak we ekologiýa howpsuzlygy boýunça ýöredilýän syýasat bilen tanyşdyrmakdan, Merkezi Aziýadaky döwletler üçin milli we sebit derejesinde ileri tutulýan ugurlary kesgitlemekden hem-de çölleşmäge garşy göreş boýunça halkara hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna ýardam bermekden ybarat boldy.
Maslahatda BMG-niň çölleşmäge garşy göreş baradaky Konwensiýasynyň Sekretariatynyň wekili hanym Luis Beýker çykyş edip, ilkinji gezek Merkezi Aziýa sebitinde geçirilýän Aşgabat forumynyň daşky gurşawy goramak we tebigatdan rejeli peýdalanmak boýunça meseleleri çözmekde öňdäki hatarda durýan yurt hökmünde Türkmenistanyň halkara derejesindäki at-abraýynyň artmagynyň ykrar edilmeginiň subutnamasydygyny belledi.
Ekologiýa howpsuzlygynyň şu ugrunda oňyn tejribe toplan Türkmenistan BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegini teklip edýär. Şu ýylyň noýabrynda ýurdumyzda ýene-de bir möhüm ähmiýetli forum – ministrleriň derejesinde “Gurak sebitlerde oba hojalygy boýunça ylmy-barlaglaryň halkara merkeziniň” (ICARDA) halkara maslahaty geçiriler, türkmen tarapy gyzyklanma bildirýän döwletleriň ählisiniň wekiliýetlerini oňa gatnaşmaga çagyrýar.
Türkmenistan BMG-niň tebigaty goramak boýunça möhüm ähmiýetli konwensiýalarynyň birnäçesine goşulyp, geljekde-de wajyp meseleleri çözmek, şol sanda täsin galdyrýan, ýöne örän näzik ekologiýa ulgamlary aýawly saklamak, ozal ekologiýa ýetirilen zyýanyň daşky gurşawa ýaramaz täsirini azaltmak baradaky çäreleri görmek, ekologiýa boýunça terbiýe we bilim bermegiň derejesini ýokarlandyrmak boýunça halkara derejesindäki tagallalara işjeň goşulyşar.
Eýýäm häzirki wagtda ýurdumyzda önümçiligiň döwrebap usullary ornaşdyrylýar, olar daşky gurşawa ýetirilýän ýaramaz täsirleriň azaldylmagyna mümkinçilik berýär. Türkmenistan zyýanly gazlaryň daşky gurşawa goýberilmegini azaltmak boýunça halkara bileleşiginiň tagallalaryny oňlap, senagat pudagynda ekologiýa taýdan arassa we serişdeleri tygşytlalaýjy döwrebap tehnologiýalaryň ulanylmagyna geçýär.
Soňky ýyllarda türkmen Lideriniň baştutanlygynda “Howanyň üýtgemegi boýunça milli strategiýa” hem-de “Türkmenistanyň milli tokay maksatnamasy” işlenip taýýarlanyldy we olary amala aşyrmak boýunça uly işler alnyp barylýar. Bular türkmen topragyndaky täsin galdyrýan tebigatyň dürli görnüşde saklanmagyna we gözelliginiň artdyrylmagyna gönükdirilendir.
Beýleki halkara başlangyçlarynyň arasynda Araly halas etmek boýunça BMG-niň ýörite Maksatnamasynyň işlenip taýýarlanylmagyny görkezmek bolar, bu maksatnama tutuş dünýä bileleşigi tarapyndan giňden goldanyldy.
Hazar deňzi sebitiniň ekologiýasy hem sebitiň çygryndan çykýan möhüm mesele hökmünde görkezilýär, çünki bu sebit dünýäniň ýangyjyň çykarylýan we iberilýän iri merkezleriniň birine öwrülýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hazarýaka döwletleriniň umumy wezipesiniň ykdysady bähbitleri bu täsin galdyrýan deňziň biologik taýdan dürli-dürlüligini saklamak boýunça netijeli çäreleriň görülmegi bilen utgaşdyrmakdan ybarat bolup durýandygyny birnäçe gezek aýtdy.
Oňaýly, şol sanda syýasy-hukuk häsiýetli çözgütleri işläp taýýarlamak maksady bilen, Türkmenistan Hazar sebitinde daşky gurşawyň goralmagyna degişli meselelere garamak hem-de degişli teklipleri we maslahatlary işläp taýýarlamak üçin hemişelik esasda hereket edýän edara hökmünde Hazaryň ekologik forumyny döretmek baradaky başlangyç bilen çykyş etdi.
Araly halas etmek hem ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda görkezildi, çünki şoňa degişli meseleleri çözmezden, Orta Aziýada durnukly ösüşi gazanmagyň kyn düşjekdigi şübhesizdir. Türkmen tarapy şu meselä halkara derejesinde toplumlaýyn çemeleşmegiň möhümdigini birnäçe gezek belläp, BMG-niň Aral boýunça Ýörite Maksatnamasynyň çäklerinde emele gelen ýagdaýy durnuklaşdyrmak we kadalaşdyrmak üçin netijeli çäreleriň işlenip düzülmegine we anyk meýilnamalaryň amala aşyrylmagyna girişmek baradaky teklip bilen eýýäm çykyş etdi.
Bularyň ählisi iri halkara guramalary we ilkinji nobatda BMG bilen hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagyna we giňeldilmegine aýratyn ähmiýet berilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär, çünki häzirki döwürde bu gurama möhüm ähmiýetli, şol sanda ekologiýa degişli meseleler boýunça netijeli we has täsirli gepleşigi alyp barmak üçin has oňaýly hasaplanýar.
Türkmenistan bütindünýä forumynyň gün tertibine girizilen meseleleriň toplumynyň giňdigini göz öňünde tutup, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69-njy maslahatyna dünýä ähmiýetli möhüm meseleleri çözmek, parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy saklamak we berkitmek bilen baglylykda BMG-niň öňdebaryjy ornuny ykrar etmek, Müňýyllygyň yglan edilen Maksatlaryna dolulygyna ýetmek, agza döwletleriň “Rio+20” maslahatynyň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklara görä yzygiderli ösüşi üpjün etmek barada boýun alnan borçnamalaryny ýerine ýetirmek babatda halkara derejesindäki tagallalary has-da jebisleşdirmek üçin möhüm ähmiýetli tapgyr hökmünde garaýar.
Hut BMG-niň derejesinde gyzyklanma bildirilýän giňişleýin gepleşigiň çäklerinde bagtyýar geljegiň üpjün edilmegi, Ýer şarynyň ajaýyplygynyň häzirki we geljekki nesiller üçin aýawly saklanmagy boýunça bellenilen ähli meýlnamalary üstünlikli berjaý etmek üçin dünýä bileleşiginiň syýasy-diplomatik, maliýe-ykdysady, guramaçylyk we tehniki serişdelerinden netijeli peýdalanylmagyna gönükdirilen jogapkärli we örän anyk çözgütler kabul edilmelidir.
Türkmenistanyň çap edilen teswirnamalarda beýan edilen şu bäş ugrunda degişli meseleleri çözmek babatda halkara derejesindäki uly at-abraýy, şol ugurlaryň ählumumy ösüşde örän möhüm ähmiýete eýe bolmagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýöredilýän daşary syýasatyň wajyp ugurlaryna esaslanýan we ileri tutulýan bu garaýyşlaryň dünýä bileleşiginiň ünsüni çekjekdigi şübhesizdir. Türkmenistan olary yzygiderli amala aşyrmak hem-de III müňýyllykda halklaryň we döwletleriň parahat hem-de durnukly ösüşi ugrunda hemmetaraplaýyn halkara gatnaşyklaryny pugtalandyrmak we ösdürmek maksady bilen, geljekde-de dünýäniň ähli ýurtlary hem-de BMG-niň düzümleri bilen giň gerimli syýasy-diplomatik we ykdysady hyzmatdaşlyk etmegi göz öňünde tutýar.

* * *