Ï Energetika ulgamy ösüşiň we döwrebaplaşdyrmagyň ýolunda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Energetika ulgamy ösüşiň we döwrebaplaşdyrmagyň ýolunda

view-icon 8972
Türkmenistanda “Elektrik energetikasy hakynda” täze kanun kabul edildi. Bu Kanun elektrik energetikasy babatda işiň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny belleýär. Resminama elektrik energetikasyny kuwwatlandyrmaga gönükdirilendir.

Kanun elektroenergetikanyň guralyşynyň esaslaryny, elektrik energetikasy babatda döwlet dolandyrylyşyny, elektroebergetikanyň operatiw-dispetçerçilik dolandyrylyşyny, şeýle hem elektrik energetika bazarynda ýüze çykýan ykdysady gatnaşyklary sazlaşdyrýar, kämil elektrik energetikasynyň emele gelmegini üpjün edýär.

Türkmenistanda elektroenergetikanyň guralyş ulgamy bu pudagyň aýratynlyklaryny kesgitleýär. Elektrik energiýasynyň öndürilmegini, özgerdilmegini, geçirilmegini üpjün edýän önümçilik-tehnologik toplumy özünde jemleýän kärhanalary elektrik emergetikasynyň esasy bolup durýar, ýagny, elektrik (ýylylyk) energiýasynyň öndürilmeginiň we sarp edilmeginiň yzygiderli baglanyşyklylygy bolup durýar. Şonuň üçin hem elektrik energetikasynyň guralyşynyň we işlemeginiň tehnologiki esasyny Türkmenistanyň bütewi eletroenergetika ulgamy düzýär.

Elektroenergetikanyň obýektleriniň elektrik energiýasynyň öndürilmegi we ýerlenilmegi bilen baglanyşykly tehnologiki aýratynlyklary bilen şertlendirilen gatnaşyklaryň ulgamy elektroenergetikanyň işlemeginiň ykdysady esasy bolup durýar. Kanun Türkmenistanyň bazar ykdysadyýetiniň ýörelgelerine laýyklykda, elektroenergetika ulgamynda ykdasady gatnaşyklary guramagyň esasy ýörelgelerini berkidýär, bu bazara gatnaşyjylaryň hukuklaryny we borçlaryny kwsgitleýär.

Bu ýörelgeleriň arasynda Türkmenistanyň energetika howsuzlygyny üpjün edýän ýörelgeler aýratyn tapawutlanýar. Kanunda aýdylşy ýaly, ýurduň elektroenergetikasy ykdysadyýetiň işlemeginiň we ýaşaýşyň üpjün edilmeginiň esasy bolup durýar. Şonuň üçin hem Türkmenistanyň elektroenergetika toplumynyň desgalary döwlet eýeçiligi bolup durýarlar. Döwletiň maksady elektrik energetikasyna bolan talaby üpjün etmek maksady bilen, elektroenergetikasynyň üznüksiz we ygtybarly işlemegini, elktroenergetikanyň ekologiki howsuzlygyny, şeýle hem, bu ulgamy her-hili daşky tehnogen howplara durnuklylygyny üpjün etmek bolup durýar.

Bu ulgamda işleri sazlaşdyrmak bilen, şeýle hem döwlet elektrik pudagynyň önüm öndüriji kuwwatlyklaryny döwrebeplaşdyrmaga we ösdürmäge maýa goýumlaryny çekmäge ýardam berer, bazar mehanizimnlerini ornaşdyrmak ýoly bilen pudagyň ykdysady taýdan esaslanan girdejisini ýola goýar. Elbetde, ýurduň ykdysadyýetinde esasy ornuny göz öňünde tutmak bilen, elektroenergetikanyň desgalarynyň ählisiniň ygtybarlylygyna we howpsuzlygyna gözegçiligi amala aşyrar. Elektroenergetikanyň obýektkeriniň ýerleşýän ýeriniň daşky gurşawyna hem-de ilata ol obýektler howpsuz bolmagy üçin gorag zolaklary bellenilýär, ýerden peýdalanmagyň aýratyn düzgüni bellenilýär.

Elektroenergetikanyň operatiw dispetçerlik doladyryşy elektroenergetikanyň yzygiderli işlemeginiň möhüm bölegi bolup durýar. Bu ulgam elektroenergetikanyň obýektleriniň we sarp edijileriň energiýa kabul ediş enjamlarynyň tehnologik iş düzgünini merkezleşdirip düzgünleşdirmek boýunça çäreler toplumyny öz içine alýar. MDM baş maksady ygtybarly elektrik üpjünçiligi we elektrik energiýasynyň ýokary hilliligini üpjün etmek bolup durýar. MDM öňünde goýlan wezipeleri gazanmak üçin Kanun MDM dolandyrmagyň we wezipeleriniň ýörelgelerini kesgitleýär. Heläkçilik ýagdaýlary dörän mahalynda elektroenergetikanyň Merkezi dispetçerlik müdirliginde aýratyn düzgün güýje girýär.

Elektrik energiýasy sarp edilende ýüze çykýan ykdysady gatnaşyklara degişli bolan meseleler kanunda aýratyn bap bilen bellenýär Bu gatnaşyklar elektrik energiýasyny peýdalanamk boýunça baglaşylan şertnama esasynda sazlaşdyrylýar. Oňa laýyklykda, energiýa bilen üpjün edýän kärhana fiziki ýa-da ýuridiki şahslary, hem önümçilik, hem durmuş zerurlyklary üçin, belli bir kesgitli möçberde hem-de elektrik energiýasynyň talap edýän hili bilen üpjün edýär, sarp ediji bolsa ony kabul etmäge we tölemäge borçlanýar.

Elektrik energiýasyny ulanmagyň tassyklanan Kadalary boýunça sarp ediji elektrik enjamlarynyň we hasap abzallarynyň degişli tehniki ýagdaýyny saklamaga; elektrik energiýasyny sarp etmegiň şertnamada kesgitlenen düzgünini berjaý etmäge; energogözegçilik işgärlerini hasaplaşyk hasaba alyş abzallaryna gözegçili amala aşyrmak üçin göýbermäge borçludyr.

Eger-de kanunda görkezilen kadalar elektrik energiýasyny sarp edijiler tarapyndan berjaý edilse, onda energoüpjünçilik kärhanasy kesgitlenen tarif boýunça elektrik energiýasynyň göýberilmegini amala aşyrmaga borçludyr. Eger-de sarp edijiler öz borçlaryny ýerine ýetirmeseler, onda energiýa bilen üpjün edýän kärhana, sarp edijini duýdurmak arkaly, göýberilýän energiýany doly ýa-da bölekleýin kesmäge haklydyr. Şeýle çäreleri ulanmazlyk Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanan sanawyna girizilen durmuş üpjünçiligi kärhanalary, önümçiligiň üznüksiz tehnologiki tapgyrlary bolup durýar. Kanuna dogry düşünmäge we kadalaryny dogry ulanmaga Kanunyň 1-nji maddasy uly ähmiýete eýedir. Onda kanunda ulanylýan düşünjeleriň manysy we mazmuny açylyp görkezilýär.