Ï Döredijilik we ählumumy ösüş – Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ugry
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Döredijilik we ählumumy ösüş – Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ugry

view-icon 7777
“2015-nji ýyly Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýip yglan etmek hakynda” Karar 20-nji oktýabrda Türkmenabatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynda kabul edilen möhüm çözgütleriň biri boldy. Geljek ýyl Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda” Rezolýusiýany kabul etmegine 20 ýyl dolýar. Şunuň bilen baglylykda, bu çözgüdiň döwlet derejesinde, şeýle hem halkara derejesinde ähmiýeti has-da artýar. Ol biziň ýurdumyzyň parahatçylyksöýüjilikli daşary syýasatynyň, parahatçylykly ýoluna mynasyp goşant goşmaga, ählumumy howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge ukyply döwlet hökmünde Türkmenistanyň abraýynyň ykrarnamasyna öwrüldi.

1995-nji ýylyň 12-nji dekabry – bu sene türkmen halkynyň şöhratly taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. Şol gün BMG-niň Baş Assambleýasynyň 50-nji mejlisinde şol Rezolýusiýa -- milletler bileleşiginiň iş tejribesinde deňi-taýy bolmadyk ilkinji resminama biragyzdan kabul edildi. Bu taryhy waka bolup, ol Türkmenistanyň daşary syýasy ugrunyň halkara goldawyna eýe bolanlygyny aýdyň görkezdi. Biziň ýurdumyz bu gün diňe Merkezi Aziýada däl-de, eýsem, tutuş dünýäde ykrar edilen ylalaşdyryjy merkezleriň biri bolup durýar.

“Häzirki döwürde bütin dünýäde berkarar döwletimiziň bitaraplyk hukuk ýagdaýyna uly hormat goýulýar. Garaşsyz döwletimiziň daşary syýasatynyň esasy bolan hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýy Ýurdumyzyň ykdysady ösüşini we abadançylygyny üpjün etmegiň möhüm şertidir. Mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň ygtybarly binýadydyr” diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaşulularyň maslahatynda eden çykyşynda belledi.

Eziz Watanymyz Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk, asuda durmuş we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine ygrarly bolmak bilen, dünýä giňişliginde uly abraýa eýe boldy. Eziz Watanymyz ykdysadyýeti çalt depginler bilen ösýän döwletleriň hataryna girdi. Öň agrar ýurt bolan Türkmenistan bu gün senagat taýdan ýokary depginler bilen ösýär. Biziň ýurdumyz innowasiýalara, ylmyň we tehnikanyň gazananlaryna esaslanýan, öndüriji güýçleri çalt ösýän döwlete öwrülýär. Ýurdumyzda ýokary tehnologiýaly önümçilikler döredilýär, täze iş orunlary açylýar. Telekeçilige giňden goldaw berilýär. Ýurdumyzyň ylmy we milli bilim ulgamy, döwletiň we jemgyýetiň durmuşynyň ähli ugurlary, ykdysadyýetiň pudaklary giň gerim bilen ösdürilýär.

Ýeri gelende aýtsak, milli Liderimiziň ýöredýän syýasaty has anyk durmuş ähmiýetli bolup, “Döwlet adam üçindir!” diýen şygar onuň esasyny düzýär. “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny”, şähergurluşyk we beýleki maksatnamalary amala aşyrmagyň çäklerinde her ýyl ýurdumyzda ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlary, ajaýyp üpjün edilen mekdepler we çagalar baglary, saglygy goraýyş merkezleri we medeniýet köşkleri, stadionlar we şypahanalar, sanly ATS-ler, beýleki durmuş-ykdysady desgalary ulanmaga berilýär. Şu ýyl ýurdumyzda 419 desganyň gurluşygyny tamamlamak göz öňünde tutulýar. Bu desgalaryň umumy bahasy 9 milliard amerikan dollaryndan hem köpdür. Olaryň esasy bölegi eýýäm ulanmaga berildi. Häzirki wagtda ýurdumyzda umumy bahasy ABŞ-niň 48 milliard dollaryna golaý bolan desgalar gurulýar.

Ýene bir möhüm görkeziji – ilatyň girdejileriniň artmagy bolup, ol aýlyk iş haklaryny, pensiýalary, döwlet kömek pullaryny we talyp haklaryny yzygiderli ýokarlandyrmagyň, döwletiň nyrh syýasatynyň, hususy başlangyçlary goldamagyň, şeýle hem goşmaça durmuş ýeňillikleriniň hasabyna üpjün edilýär. Olaryň hatarynda mugt berilýän elektrik energiýasy, gaz, suw, bahasy ujypsyz bolan jemagat we ulag hyzmatlary bar. Umuman, bularyň hemmesi halkara bileleşiginiň Türkmenistanyň oňyn tejribesine gyzyklanmasynyň artmagyny şertlendirdi. Biziň ýurdumyz döwlet ösüşiniň täsin nusgasyny durmuşa geçirýär, ol eýýäm özüniň netijeliligini subut etdi.

Bitaraplyk derejesi dünýäniň döwletleri bilen syýasy, ykdysady, medeni, ylym, bilim we beýleki ugurlarda giň gatnaşyklary ýola goýmakda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň köpugurly daşary syýasy strategiýasyny amala aşyrmakda ähmiýetli orun eýeleýär. Şol strategiýa üçünji müňýyllygyň möhüm maksatlaryny gazanmaga: ählumumy parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge, halkara hyzmatdaşlygyny berkitmäge gönükdirilendir.

Parahatçylyk söýüjilik, beýleki halklara, olaryň medeniýetine we däp-dessurlaryna hormat bilen garamak Bitaraplygyň binýatlyk ölçegleri bolup, olar Türkmenistanyň daşary syýasatynda we diplomatiýasynda hil taýdan täze mazmuna eýe boldy. Häzirki döwürde biziň ýurdumyz Bitaraplygyň türkmen nusgasynyň BMG-niň maksatlaryna gabat gelýändigini, sebitde halkara ylalaşdyryjylyk tagallalaryny birleşdirmekde netijelidigini iş ýüzünde tassyklaýar.

Eziz Watanymyz Türkmenistan Bitaraplyk derejesine daýanmak bilen, halkara gatnaşyklaryny yzygiderli giňeldýär, döwletara derejesinde, şeýle hem abraýly halkara guramalary bilen özara gatnaşyklaryň çäklerinde netijeli gatnaşyklary ösdürýär. “Türkmenistanyň daşary syýasy ugrunyň 2013-2017-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň” ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýan BMG bilen hyzmatdaşlygy şol strategiýanyň jedelsiz üstünliginiň mysaly diýip atlandyrmak bolar. Bu konsepsiýa döwlet Baştutanymyzyň kesgitlän strategik wezipelerini we maksatlaryny amala aşyrmaga gönükdirilendir.

Birleşen Milletler Guramasy we onuň esasy düzümleri bilen netijeli gatnaşyklaryň ösýän depginleri ozaly bilen Türkmenistanyň dünýä bileleşiginiň işlerinde eýeleýän işjeň ugry, onuň tutuş adamzady tolgundyrýan möhüm meseleleri çözmekde ýardam etmäge çalyşmagy bilen şertlendirilendir. Soňky döwürde Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň üç gezek—2007-nji, 2009-njy we 2013-nji ýyllarda degişlilikde, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 62-nji, 64-nji we 68-nji mejlislerinde wise-başlyklyga saýlanmagy munuň şeýledigini aýdyň görkezýär.

2007-nji ýylda Aşgabat şäherinde BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň taryhynda şanly waka bolup durýar. Milletler Bileleşiginiň sebitdäki ygtybarly daýanjy hökmünde özüni görkezen düzümiň deňi-taýy ýokdur. Häzirki wagtda merkez sebitiň meselelerine gözegçilik etmek we seljermek boýunça işleri geçirip, Merkezi Aziýany ösdürmegiň möhüm meseleleri boýunça dürli çärelere gatnaşýar.

Şonuň bilen birlikde, Birleşen Milletler Guramasynyň kabul eden bu çözgüdi ýurdumyzyň ylalaşdyryjylyk derejesini has-da berkitdi. Bu bolsa Täjigistanda raýat gapma-garşylygyny hem-de Owganystanda içerki dawalary kadalaşdyrmakda uly orun eýeledi. Goňşy ýurduň halkyna bolsa täze, asuda durmuşy gurmakda yzygiderli kömek berilýär. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan hoşniýetli goňşuçylyk we birek-birege kömek etmek ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarly bolmak bilen, Owganystana elektrik energiýasyny ugradýar we onuň möçberini artdyrmak boýunça düýpli ädimleri ädip, goňşy döwletiň serhetýaka sebitlerinde senagat we durmuş-medeni maksatly desgalary gurýar, owgan ilatyna yzygiderli ynsanperwerlik kömegini berýär.

Türkmen tarapynyň ýangyç-energetika we ulag ulgamlarynda amala aşyrýan sebit ähmiýetli giň gerimli taslamalary hem Owganystanda parahat durmuşyň esaslaryny berkitmegiň ýolunda möhüm ädim bolup durýar. Gürrüň, ilkinji nobatda, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy hem-de Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýolunyň çekilmegi hakynda barýar. Bu ýoluň ilkinji nobatdakysynyň gurluşygyna geçen ýylyň iýun aýynda badalga berildi.

“Biz Owganystany asuda we gülläp ösýän ýurt, hoşniýetli goňşy we sebitiň ähli döwletleri üçin hyzmatdaş döwlet hökmünde görmek isleýäris. Şunda owgan meselesinde Birleşen Milletler Guramasynyň hem wajyp orun eýelejekdigine ynanýarys” diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystanyň ähli meselelerini diňe parahatçylykly, häzirki wagtyň ýagdaýlaryna esaslanan we uzakmöhletleýin geljege gönükdirilen täze syýasy-diplomatik usullary döretmek, gepleşikleri geçirmek arkaly çözüp bolar diýip nygtaýar.

Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň her ýyl geçirilýän mejlisleriniň belent münberinden çykyş edip, ägirt uly ylalaşdyryjylyk tejribesini toplan we halkara hyzmatdaşlygynyň hukuk binýadyna eýe bolan BMG-niň döwletleriň syýasy erk-islegini we ykdysady mümkinçiliklerini birleşdirip, häzirki döwrüň meselelerini çözmäge ukyply bolup durýandygyna ynamly bolup galýar.

Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapy 2007-nji ýylda Aşgabat şäherinde açylan BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezini owgan gepleşiklerine çekmek ugrunda çykyş edýär.

Biziň ýurdumyzyň 2012-2015-nji ýyllar üçin BMG-niň ilat we ösüş boýunça toparynyň düzümine, 2012-2015-nji ýyllar üçin BMG-niň neşe serişdeleri baradaky toparynyň, şeýle hem BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň Maksatnamasynyň ýerine ýetiriji komitetiniň düzümine saýlanylmagy uzakmöhletleýin geljegi nazarlaýan Türkmenistan bilen BMG-niň hyzmatdaşlygynyň netijesi bolup durýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Ženewada ýerleşýän bölüminiň ýanynda açylan ýurdumyzyň hemişelik wekilhanasynyň işi hem bu hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan maksatlaryna hyzmat edýär.

Şu ýylyň aprelinde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň (EKOSOS) sessiýasynda 2014-2016-njy ýyllar üçin BMG-niň Ylym we tehnika baradaky komissiýasynyň agzalygyna, şeýle hem 2014-2017-nji ýyllar üçin BMG-niň durmuş ösüşi baradaky komissiýasynyň agzalygyna saýlanmagy biziň ýurdumyzyň halkara abraýynyň yzygiderli ýokarlanmagynyň nobatdaky subutnamasy boldy. Şunuň bilen baglylykda, geçen ýylyň aprelinde biziň ýurdumyzyň BMG-niň Ýewropa ykdysady toparynyň başlygynyň orunbasarlygyna, noýabrda bolsa 2013-2017-nji ýyllar üçin UNESKO-nyň Ýerine Ýetiriji geňeşiniň agzalygyna saýlanandygyny bellemek gerek. Şunuň bilen bir hatarda, Türkmenistan SPEKA-nyň—BMG-niň Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetleri üçin Ýewropa Ykdysady topary tarapyndan işlenip taýýarlanan Ýörite maksatnamasynyň başlyklygyna iki ýyl möhlete saýlandy. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan 2015-nji ýyldan soň, ýagny BMG-niň Müňýyllygyň maksatlarynyň hereket edýän döwri tamamlanandan soň, dünýä ösüşiniň maksatlaryny we wezipelerini kesgitlemek boýunça milli geňeşmeleri geçirmek üçin Birleşen Milletler Guramasynyň derejesinde saýlanan ýurtlaryň toparyna girýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaşulularyň maslahatynda çykyş edende belleýşi ýaly, tutuş dünýäde parahatçylygy, ählumumy howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek babatda halkara bileleşiginiň hemmetaraplaýyn goldawy Bitarap türkmen döwletiniň daşary syýasy strategiýasynyň esasy ugry bolup durýar.

Türkmenistan halkara konwensiýalarynyň 90-dan gowragyna goşulmak bilen, öz üstüne alan borçnamalaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirip, öz ylalaşdyryjylyk we döredijilik kuwwatyny BMG-niň yglan eden Müňýyllygyň Ählumumy Maksatlaryny gazanmaga gönükdirmäge taýýardygyny görkezýär.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde biziň ýurdumyzyň ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy goramak we berkitmek, energetika ulgamynda, ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek, ynsanperwerlik meseleleri we adam hukuklary, ekologiýa we daşky gurşawy goramak ýaly esasy ugurlaryň 5-sinde netijeli halkara gatnaşyklaryny has-da giňeltmek boýunça ileri tutýan ugurlary bilen tanyşdyryldy.

Hususan-da, biziň ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda Merkezi Aziýa sebitinde howpsuzlyk we parahatçylyk forumyny çagyrmagy hem-de ony 2015-nji ýylda türkmen paýtagtynda geçirmegi teklip edýär. Mundan başga-da, Türkmenistan BMG-niň Aziýada ýaragsyzlanmak boýunça Sebitara merkezini döretmek baradaky meselä seretmegi maksadalaýyk hasaplaýar.

Dünýäniň esasy energetika döwletleriniň biri hökmünde Türkmenistan maksada gönükdirilen halkara işlerini alyp barmak bilen, dünýä bileleşiginiň ünsüni energetika howpsuzlygy meselerine çekýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ozalky mejlislerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ählumumy energetika howpsuzlygyna we ýangyç-energetika ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga degişli başlangyçlary öňe sürüldi. Olaryň möhümligi döwrüň ýagdaýlary bilen tassyklanyldy. Munuň şeýledigine BMG-niň “Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň hyzmaty” diýen Rezolýusiýasy aýdyň şaýatlyk edýär. Şu nukdaý nazardan energiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen täze halkara – hukuk guralyny döretmäge möhüm ähmiýet berilýär. Bu strategik ugurda BMG-niň çäklerinde netijeli gatnaşyklary giňeltmek ugrunda çykyş etmek bilen Türkmenistan degişli ugurda täze anyk ädimleri ätmegi teklip edýär.

Öz gezeginde, ýangyç serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan, Türkmenistan halkara ähmietli giň möçberli taslamalary durmuşa geçirdi we bu işleri dowam edýär. Olaryň hatarynda täze gaz geçirijileriniň gurluşygy, şol sanda sebiti dünýäniň möhüm energetika merkezine öwürmäge ýardam edýän Eýrana we Hytaýa tarap gaz geçirijileriniň gurluşygy bar. Şular bilen birlikde, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasy bu taslama gatnaşyjy ýurtlaryň milli ykdysadyýetini ösdürmäge, umuman, sebitde syýasy durnuklylygy pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

Biziň ýurdumyz ulag-aragatnaşyk pudagynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge hem-de dünýä möçberinde durnukly ösüşiň aýrylmaz bölegi bolup durýan häzirkizaman degişli düzümleriň döredilmegine uly goşant goşýar. Bu ulgamda uly kuwwata eýe bolan Türkmenistanyň sebit we sebitara ähmiýetli ulag geçelgelerini döretmek boýunça birnäçe taslamalaryň başyny başlaýjy bolup çykyş edýär hem-de bu pudakda BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge ymtylýar. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisiniň barşynda ýurdumyz Merkezi Aziýa üçin Nusgalyk Ýoly döretmegiň mümkinçiliklerine garamagy teklip etdi. Bu bolsa Ýewraziýa giňişligindäki ulag çatrygynda amatly ýerleşen sebiti ösdürmekde uly orun tutar.

Bitarap Türkmenistan şeýle hem gumanitar ulgamda halkara hyzmatdaşlygyna uly ähmiýet berýär. Şu babatda Birleşen Milletler Guramasy we onuň degişli düzümleri bilen özara gatnaşyklary çuňlaşdyrmagy ilkinji orunda goýýar. Şunda enäniň we çaganyň saglygyny goramak, maýyplaryň we bosgunlaryň hukuklaryny goramak we beýlekiler ileri tutulýan meseleler bolup çykyş edýär. Muňa 2011-2014-nji ýyllarda Türkmenistanyň 5 müň töweregi adama raýatlyk bermegi aýdyň şaýatlyk edýär.

Ekologiýa we daşky gurşawy goramak meseleleri hem durnukly ösüşiň wezipeleri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Bu wajyp ugurda biziň ýurdumyz Merkezi Aziýada we Hazar sebitinde ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak, ilatyň durmuş we ýaşaýyş derejesiniň hilini ýokarlandyrmak, şeýle hem durmuş-ykdysady ösüşine degişli taslamalary durmuşa geçirmek boýunça bilelikdäki çäreleri amala aşyrmagy göz öňünde tutýar. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça türkmen wekiliýeti tarapyndan daşky gurşawy goramak, şeýle hem howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleri çözmek boýunça sebitara merkezini döretmek meseleleri boýunça hyzmatdaşylgy işjeňleşdirmegiň netijeli gurallaryny işläp taýýarlamak barada teklip öňe sürüldi.

“Bu gün biziň ýurdumyzyň bu wajyp ýörelgeleri dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan gyzyklanma bilen kabul edildi. Biz dünýäniň ähli döwletleri, BMG-niň düzümleýin edaralary bilen doly möçberli syýasy-diplomatik we ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdüreris. Bu özara gatnaşyklar parahatçylyk söýüjilik gatnaşyklarynyň durmuşa geçirilmegine, parahatçylygyň pugtalanmagyna, üçünji müňýyllykda ýurtlaryň we halklaryň durnukly ösüşine tarap ugur alandyr. Bu bolsa öz gezeginde biziň özygtyýarly döwletimiziň daşary syýasatynda ynsanperwerlik, parahatçylyk söýüjilik we bitaraplyk ýörelgeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegine kömek edip, dünýäniň syýasy giňişliginde biziň garaşsyz döwletimiz tarapyndan täze ösüşleriň ynamly gazanylmagyna ýardam berer” diýip, milli Liderimiz nygtady.

Adamzadyň iň gymmatly ynsanperwer däpleriniň nesilden-nesle geçirilmegi we dabaralanmagy parahatçylyk, özara düşünişmek we dostluk pikirlerine çuňňur sarpa goýýan türkmen halkynyň mizemez ýörelgesidir. Şoňa görä-de her ýylyň 12-nji dekabrynda Türkmenistanda esasy milli baýramçylyklaryň biri hasaplanýan Bitaraplyk güni bellenilýär. Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýlip yglan edilen 2015-nji ýylda geçiriljek uly möçberli çäreler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda taryhy taýdan örän gysga döwrüň içinde biziň ýurdumyzyň gazanaň ägirt uly üstünliklerini bütin dünýä ýaýmaga gönükdirilendir.