Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 23 ýyllygynyň baýramçylygynyň öňüsyrasynda halkara köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň öňdebaryjy neşirleri biziň ýurdumyza ýörite sahypalary bagyşlady. “LOOKWE”, “Business Сentral Asiýa”, “Image. ua” žurnallarynda Koreýa Respublikasynyň “The Korea times”, Gazagystan Respublikasynyň “Ogni Mangistau”, Täjigistan Respublikasynyň “Narodnaýa gazeta”, Gruziýanyň “Swobodnaýa Gruziýa” merkezi neşirleriniň sahypalarynda, şeýle hem Türkiýe Respublikasynyň habarlar gullugynyň “TRT Haber”, “Bugün”, “Haber 3”, “Finans. Haber. сom”, “SonDakika. сom” Internet-saýtlarynda türkmen döwletiniň gazanýan üstünlikleri, şeýle hem biziň halkymyzyň taryhy we baý medeni-ruhy mirasy bilen dünýä jemgyýetçiligi tanyşdyrylýar.
Hususan-da, Hytaý Halk Respublikasynyň “LOOKWE” öňdebaryjy neşiriniň ýörite goýberilişiniň birinji makalasynda Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda däp bolan dostluk gatnaşyklarynyň çuňňur kökleriniň bardygy barada aýdylýar. Häzirki döwürde iki ýurduň Liderleriniň tagallalary netijesinde köpugurly türkmen-hytaý gatnaşyklary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähli ulgamlarynda ynamly ösüşe eýe bolýar.
Owadan bezegli žurnalda Türkmenistanyň häzirki günleri, döwlet nyşanlary, milli baýramçylyklary, garaşsyzlyk ýyllary içinde ähli ulgamlarda gazanan ajaýyp üstünlikleri hakynda gürrüň berýän makalalar ýerleşdirilipdir. Şolaryň biri okyjylary Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde öňe süren täze işjeň başlangyçlary bilen tanyşdyrýar. Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda strategiki hyzmatdaşlygy ösdürmekde täze taryhy ädimlere bagyşlanan makala žurnalda görnükli orun eýeleýär.
Žurnalyň okyjylary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Aşgabatda geçirilen “Halkara hyzmatdaşlygyny we durnukly ösüşi üpjün etmekde üstaşyr-ulag geçelgeleriniň orny” atly ýokary derejedäki Halkara maslahatynda eden taryhy çykyşy bilen tanşyp bilerler. Mälim bolşy ýaly, maslahata dünýäniň 30-dan gowrak ýurdundan wekilleri, abraýly halkara guramalarynyň, bilermenler bileleşiginiň, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Soňky ýyllarda ähli pudaklarda ýokary makroykdysady görkezijilere eýe bolan türkmen ykdysadyýetiniň ösüşine bagyşlanan makala žurnalda möhüm orun eýeleýär. Makalada bellenilişi ýaly, 2014-nji ýylyň birinji ýarymynda ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň jemleri, hususan-da, 110,3 göterime barabar bolan jemi içerki önümiň ösüş depgini ykdysadyýetiň durnukly ösýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Makalada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän “açyk gapylar” syýasaty netijesinde ýurtda maýadarlar üçin has amatly şertleriň döredilendigi, Türkmenistanyň häzirki döwürde dünýäniň 103 döwleti bilen söwda gtanaşyklaryny işjeň ösdürýändigi, şeýle hem Hytaýyň, Russiýanyň, ABŞ-nyň, BAE-niň, GFR-iň, Ýaponiýanyň, Koreýa Respublikasynyň, Malaýziýanyň, Kanadanyň belli kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrýandygy barada aýdylýar.
Ýörite goýberilişiň bir bölüminde Türkmenistanyň baý medeniýeti, meşhur halylary, saz sungaty, milli lybaslaryň aýratynlyklary, bezeg şaý-sepleri, köpdürlüligi bilen tapawutlanýan türkmen aşhanasy barada gürrüň berilýär.
Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangçylarynyň netijesinde Aziýanyň Olimpiýa geňeşi ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça 2017-nji ýylda V Aziýa oýunlaryny geçirmek üçin biziň ýurdumyzy saýlap almak baradaky çözgüdi kabul etdi. Bu žurnalda hut şu ugra degişli ýörite makala ýerleşdirilipdir. Onda dünýäniň sport giňişliginde Türkmenistanyň abraýynyň ýokarlanmagy, bedenterbiýe-sagaldyş we sport hereketiniň giňden wagyz edilmegi babatynda bu waka aýratyn ähmiýet berilýär.
Şeýle hem türkmen halkynyň milli gymmatlygy bolan ahalteke bedewleri bilen tanyşdyrýan birnäçe makalalar okyjylara hödürlenýär. Makalalara giriş hökmünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “behişdi bedewler” hakynda aýdyn sözleri ýerleşdirilýär. Türkmen topragynda dogan ahalteke bedewi täsin sazlaşygyň, gözelligiň, çeýeligiň, tebigy taýdan gaýtalanmajak okgunlylygyň we adam zähmetiniň we aňynyň ösüşiniň baş nyşanyny alamatlandyrýar. Makalalarda türkmen halkynyň bedewlere bolan yhlasy hakynda giňişleýin düşünje berilýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwletimiz “behişdi bedewler” hakynda yzygiderli alada edýär. Ahalteke tohumyndaky bedewleriň galkynmagy, olaryň saklanmagy hem-de wagyz edilmegi babatda ägirt uly işler alnyp barylýar.
“Türkmenistan hytaýly dostlaryň gözi bilen” atly sözbaşy astynda berlen makalalaryň awtorlary biziň ýurdumyz, türkmen halkynyň hoşniýetliligi we myhmansöýerligi barada özünde galan täsirleri beýan edýärler.
Türkmenistanyň HHR-de geçirilen Medeniýet günleri hakynda gürrüň berýän makalada hytaý halkynyň biziň ýurdumyzyň folklor öwüşginleri, aýawly dowam edýän köpasyrlyk däpleri, aýdym-sazly çykyşlary, şekillendiriş sungatynyň eserleri bilen tanyşmaga ajaýyp mümkinçilik döredýär.
Türkmenistanda syýahatçylygyň ösüşine žurnalyň aýratyn bölümi bagyşlanypdyr. Onda türkmen topragynyň özboluşly tebigaty barada birnäçe makalalar ýerleşdirilipdir. Olaryň hatarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hazaryň kenarynda halkara derejesindäki şypahanany döretmek boýunça öňe süren we häzirki döwürde üstünlikli durmuşa geçirilýän "Awaza" milli syýahatçylyk zolagy hakyndaky makala bar.
Mälim bolşy ýaly, gadymy medeniýetleriň gözbaşynda durýan we Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen gadymy taryhy we medeni ýadygärlikler jahankeşdeleriň ünsüni özüne çekýär. Şunuň bilen baglylykda, žurnalyň okyjylayna Gadymy Merw, Köneürgenç, UNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen Parfiýa döwletiniň Nusaý galalary, şeýle hem Dehistan hakyndaky makalalar hödürlenýär. Taryhy ýadygärlikler biziň pederlerimiziň dürli ýurtlar we halklar bilen ýygjam medeni gatnaşykda bolandygyny we dünýä medeniýetini maddy we ruhy gymmatlyklar bilen baýlaşdyrandygyny alamatlandyrýar.
Okyjylar köpçüligini ajaýyp dag gerişleri, ak alaňlary, ýaşyl zolaklary, binäçe menzile uzap gidýän deňiz kenarlary bolan türkmen topragynyň özboluşlylygy bilen tanyşdyrýan makalalar barada aýratyn durup geçmeli. Olarda Garagum sährasy, Köpetdagyň gözellikleri, Köýtendegda saklanyp galan dinozawrlaryň aýak yzlary, ýerasty Köwata köli, derýalar we beýlekiler hakyndaky makalalary görmek bolýar. Şeýle hem olarda Türkmenistanyň sagaldyş-şypahanalary hakynda maglumatlar berilýär. Şypahanalaryň hersiniň tebigy-howa şertlerine we bejeriş ähmiýeti bolan çeşmeleriň aýratynlyklaryna laýyklykda özboluşlylygynyň bardygyny bellemeli.
Hindistan Respublikasynda neşir edilýän “Business Сentral Asiýa” žurnalynyň bir sanynda Türkmenistan hakyndaky gyzykly makalalar öz ornuny tapypdyr. Žurnalyň başky sahypasyny paýtagtymyzdaky “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň suraty bezeýär. Mälim bolşy ýaly, bu desga dünýäde iň uly ýapyk görnüşli halkalaýyn aýlaw hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.
Žurnalyň makalalarynyň hatarynda şu ýylyň sentýabr aýynda Aşgabatda geçirilen “Halkara hyzmatdaşlygyny we durnukly ösüşi üpjün etmekde üstaşyr-ulag geçelgeleriniň orny” atly ýokary derejedäki Halkara maslahaty hakyndaky makalanyň bardygyny bellemeli. Şeýle ähmiýetli maslahatyň türkmen paýtagtynda geçirilmegi Türkmenistanyň dünýä ýüzündäki abaraýynyň belende galýanlygyny we mili Liderimiziň sebitleýin we ählumumy ösüşiň möhüm wezipeleriniň oňyn çözülmegine gönükdirilen netijeli başlangyçlarynyň giň goldaw tapýandygyny ýene bir ýola äşgär etdi.
Makalada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çykyşyndan birnäçe bölekler getirilýär. Olarda Türkmenistanyň Demirgazygy bilen Günortany, Günbatar bilen Gündogary baglanyşdyrýan möhüm ulag düzümi hökmünde halkara giňişliginde alyp barýan işiniň möhüm ugurlary kesgitlendi. Makalada bellenilişi ýaly, foruma milli Liderimiziň gatnaşmagy ministrler maslahatyna gatnaşyjylaryň arasynda pikir alyşmalary mundan beýläk-de ösdürmäge itergi berdi we maslahatyň ähmiýetini artdyrdy.
Şeýle hem žurnalda Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň (IRU) prezidenti jenap Ýanuş Laçlynyň çykyşy ýerleşdirilipdir. Onda Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek arkaly netijeli söwda ugurlaryny we Ýewaziýa ulag ugurlaryny ösdürmegiň barşynda awtomobil ulag ýollarynyň ägirt uly mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek meselesinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlarynyň ähmiýeti barada aýratyn bellenilýär. Şunuň bilen baglylykda, professor Nirmal Joşuň täze sebitleýin we halkara ulag-aragatnaşyk düzümini kemala getirmekdäki möhüm orny hakyndaky makalasy barada aýtmaly.
Şeýle hem neşiriň sahypalarynda Halkara maslahatynyň jemleri boýunça kabul edilen halkara hyzmatdaşlygyny we durnukly ösüşi üpjün etmekde üstaşyr-ulag geçelgeleriniň orny hakyndaky Aşgabat jarnamasy çap edildi.
“Business Сentral Asiýa” žurnaly öz okyjylaryny Türkmenistanyň BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde öňe süren başlangyçlarynyň ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyrýar. Mälim bolşy ýaly, türkmen döwleti döredijilikli daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirmek arkaly, bitaraplyk, goşulyşmazlyk, parahatçylykly ýörelgelere ygrarlylyk, gapma-garşylyklary we jedelleri syýasy serişdeler arkaly çözmek ýörelgelerine daýanýar. Nobatdaky mejlisiň barşynda Türkmenistan ählumumy we sebitleýin meseleler boýunça birnäçe täze halkara başlangyçlar bilen çykyş etdi. Olaryň hatarynda ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy saklamak, pugtalandyrmak, energetika, ulag ulgamlarynda, ekologiýa we daşky gurşawy guoramakda, şeýle hem gumanitar hem-de adam hukuklary babatynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak ýaly başlangyçlar bar.
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 23 ýyllygyna bagyşlanan makalalary çap eden neşirler baradaky teswirlemäni dowam etmek bilen, “Beýik halkyň beýik şahyry” atly kitaby we “Image. ua” halkara žurnalynyň beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň 290 ýyllygyna bagyşlanan ýörite sanyny aýratyn bellemeli.
Ukrainanyň Milli ýazyjylar birleşiginiň we Milli žurnalistler birleşiginiň agzalarynyň, ukraina şahyry we ýazyjysy A.A.Kononenkonyň redaksiýasy esasynda neşir edilen kitabyň girişinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Magtymguly Pyragynyň döredijiligi hakynda aýdan sözleri ýerleşdirilipdir. Onda beýik şahyryň pederlerimiziň ýagşy dessurlaryndan, olaryň ahlak gymmatlyklaryndan ylham alandygy, onuň şahyrana sözleriniň gözellige we inçe duýgulara söýginiň nyşanyna öwrulendigi bellenilýär. Şeýle hem neşiriň ilkinji sahypalarynda döwlet Baştutanymyzyň “Magtymguly—ynsan kalbynyň öçmejek nury” atly makalasy ýerleşdirilipdir.
“Image. ua” žurnaly Gündogaryň akyldary we türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli wekili Magtymguly Pyragynyň “Türkmeniň” goşgusy bilen açylýar. Şahyr bu goşguda häzirki döwürde amal bolan kuwwatly özygtyýarly döwlet baradaky arzuwyny beýan edýär.
Şeýle hem şahyryň türkmen milli edebi dilini döredijidigi, özüniň şahyrana eserlerinde türkmen halkynyň milli ruhuny beýan edendigi baradaky makalalar okyjylara köpçüligine ýetirilýär. Bu ýerde şahyryň umumadamzat medeniýetiniň hazynasyna giren goşgulary ýerleşdirilipdir. Magtymguly Pyragynyň durmuş ýoly hakyndaky makalalar türkmen edebiýatçy alymlarynyň ylmy-barlaglaryna daýanýar.
“Köp nesilleriň kalbynda onuň ady ýaňlanar” atly sözbaşy astynda kitapda we žurnalda “Magtymgulynyň sözleri ýüzýyllyk aşyp” atly makalada dünýäniň belli ylmy işgärleriniň, edebiýatçylaryň, şahyrlaryň, ýazyjylaryň türkmen nusgawy edebiýaty hakynda aýdanlary ýerleşdirilýär. Olaryň hatarynda Wasiliý Bartold, Armeniý Bamberi, Fýodor Bakulin, Pawlo Tyçina, Çingiz Aýtmatow, Arseniý Tarkowskiý we beýlekiler bar. Şeýle hem neşiriň sahypalarynda Magtymguly kakasy Döwletmämmet Azada bagyşlanan makalalar bar.
Şeýle hem bu neşirde türkmen nusgawy edebiýatynyň wekilleriniň, belli türkmen şahyrlary Keminäniň, Seýdiniň, Zeliliniň, Mollanepesiň ukrain dilindäki goşgulary ýerleşdirilipdir. Türkmen halky, onuň müňýyllyklara uzap giýän taryhy, umumy dünýä medeniýetiniň ösüşine ägirt uly goşant goşan medeniýeti barada gürrüň berýän makalalar bar. Olaryň hatarynda Abulgazynyň “Şejerei terakume” (türkmen şejeresi), Armeniý Bamberiniň “Orta Aziýa boýunça syýahat”, W.Bartoldyň terjime eden “Dädem Gorkut” kitaplary, “Görogly” eposyndan şahalar bar.
“Image ua” žurnalynda “Rowaýata öwrülen şahsyýet. Magtymguly Pyragy halkyň hakydasynda rowaýat bolup galdy” ady bilen umumy sözbaşy astynda görnükli şahyryň durmuşyndan birnäçe wakalary gürrüň berýän gysgajyk hekaýalar berlipdir. “Onda gaýtalanmajak sungatyň bakylygy...” atly bölümde türkmen topragynyň beýik ogly hakyndaky goşgular ýerleşdirilipdir.
Şeýle hem žurnalyň sahypalarynda Magtumgyly Pyragynyň 290 ýyllyk ýubileýi mynasybetli dünýäniň dürli ýurtlarynda geçirilen ýubileý dabaralary öz beýanyny tapypdyr. Bu şanly waka mynasybetli Ukrainanyň paýtagty Kiýewde guralan medeni çäreler hakynda gürrüň berýän makalalar žurnalda aýratyn orun eýeläpdir. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň maý aýynda Aşgabatda geçirilen “Magtymguly Pyragy we umumadamzat medeni gymmatlyklary” atly Halkara maslahat hakynda makalanyň ýerleşdirilendigini bellemeli.
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 23 ýyllygyna, ýurdumyzyň täze taryhy eýýamda durmuş-ykdysady ösüşine we ýeten sepgitlerine, türkmen döwletiniň hemişelik bitaraplyk derejesine, parahatçylyk söýüjilik we özara peýdaly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine daýanýan daşary straegiki syýasatynyň esasy ugurlaryna bagyşlanan makalalar toplumy žurnalda öz ornuny tapypdyr.
Şeýle hem ýurdumyzyň bilim ulgamyndaky özgertmeler, sebitleriň ösüşi, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagy, şeýle hem Türkmenistanyň ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlygy hakynda gürrüň berýän birnäçe makalalar bar. Şeýle hem žurnalyň okyjylary ajaýyp, dünýä ýüzünde şöhrat gazanan ahalteke bedewleri we türkmen halylary hakynda gürrüň berýän makalalar bilen tanşyp bilerler.
Koreýa Respublikasynyň merkezi metbugat guramasy bolan “The Koreýa times” žurnalynyň sahypalarynda “Türkmenistan” umumy sözbaşy bilen koreýa okyjylaryny türkmen döwletiniň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyrýan makalalary ýerleşdirilipdir. Şeýle hem olarda biziň ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän ägirt uly özgertmelere, Türkmenistanyň garaşsyzlyk ýyllary içinde gazanan üstünliklerine uly üns berilýär.
Öz ösüşinde soňky ýyllarda kuwwatly itergä eýe bolan türkmen-koreý gatnaşyklaryna degişli aýratyn makala bagyşlanypdyr. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2008-nji ýylda Koreýa Respublikasyna we Koreýa Respublikasynyň Prezidenti hanym Pak Kyn Keniň şu ýylda bolan Türkmenistana döwlet saparlarynyň döwletara gatnaşyklarynyň taryhynda möhüm wakany alamatlandyrandygy bellenilýär.
Tutuşlygyna alnanda ýokarda alnan neşirleriň ýörite goýberilişleri dünýä bileleşiginiň baý serişde we ykdysady mümkinçilikleri, ajaýyp medeni-taryhy mirasy bolan Türkmenistana gyzyklanmalarynyň yzygiderli artýandygyny nobatdaky gezek äşgär etdi. Şeýle hem makalalar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn we öňden görüjilikli syýasatynyň häzirki döwürde sebitleýin we ählumumy möçberdäki möhüm meseleleriň çözgüdine hil taýdan täze çemeleşmeleri öňe sürýän türkmen döwletiniň ýokary halkara abraýa eýe bolmagyny şertlendirdi.