Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow adam hakdaky aladanyň Türkmenistanyň durmuş ugurly döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtap, muny ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek boýunça görýän anyk çäreleri hem-de giň möçberli işleri bilen tassyklaýar. Bu meseleler hökümetiň mejlislerinde hem-de bu ulgamyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçirilýän iş maslahatlarynda düýpli ara alnyp maslahatlaşylýar. Döwlet Baştutanymyz bu meseleleriň çözülmegine örän talabedijilikli çemeleşýär.
Milli Liderimiz ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak, lukmançylyk ylmyny höweslendirmek, keselleriň öňüni almagyň we olary bejermegiň öňdebaryjy usullaryny iş tejribesine ornaşdyrmak, dünýäniň iň gowy tejribesini öwrenmek meselelerine aýratyn üns berip, ýurdumyzda döwrebap şypahana – bejeriş ulgamyny çalt kemala getirmegiň wajypdygyny belleýär. Häzirki wagtda bu ösüş şypahanalaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmaga, hyzmatlarynyň görnüşlerini giňeltmäge we hilini ýokarlandyrmaga, umuman, türkmen şypahana işinde innowasion çäreleri höweslendirmäge, dünýä sagaldyş syýahatçylygynda ony öňdäki orna çykarmaga gönükdirilendir.
Şypahanalaryň döwrebap ylmy-tehniki üpjünçiligi hem-de olaryň döwrüň talaplaryna laýyklykda işlemegini üpjün etmek uly maddy serişdeleriň goýulmagyny talap edýär. Görnükli alym we lukman hökmünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şypahana ulgamynyň ösdürilmegine ýakyndan goldaw berip, bu ugra uly serişdeleri gönükdirýär. Şol serişdeler bolsa ykdysady, şeýle hem durmuş nukdaýnazaryndan halkyň saglygyna gönükdirilen maýa goýumlar bolup durýar.
Milli Liderimiziň “Türkmenistan – melhemler mekany” atly kitaby ýerli tebigy çeşmeleriň baý bejeriş kuwwatynyň esasynda şypahana ulgamyny ösdürmek meselelerine bagyşlanýar. Bu kitapda halkara möçberdäki şypahana hökmünde ýurdumyzyň ägirt uly kuwwaty we mümkinçilikleri açylyp görkezilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu kitabynda belleýşi ýaly, türkmen topragynda entek açylyşyna we ylmy barlaglaryň geçirilmegine garaşýan melhemlik ýerler hem az däldir. Bu baýlyklaryň ählisi halkymyzyň hyzmatyna goýlar diýip, milli Liderimiz aýdýar.
Döwlet Baştutanymyz meşhur türkmen şypahanalarynyň ençemesiniň durkuny düýpli täzelemek başlangyjyny öňe sürüp we şypahana dynç alşynyň täze merkezleriniň döredilmeginiň başyny başlap, bu ulgamyň ösdürilmegini döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna goşdy. "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny döretmegiň taslamasy hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Kaşaň myhmanhanalaryň, sagaldyş merkezleriniň we şypahanalaryň, dynç alyş öýleriniň döwrebap öňüni alyş we bejeriş enjamlary bilen üpjünçiligi hem halkara deňiz şypahanasynyň derejesine laýyk gelýär. Bejeriş işini guramak nukdaýnazaryndan türkmen şypahanalary häzirki döwürde dünýä derejesine çykyp, lukmançylyk hyzmatlarynyň, ýurdumyzyň melhemlik serişdeleriniň eksport gymmatlyklaryny artdyrýarlar.
Ýurdumyzyň hünärmenleriniň baha bermegine we abraýly halkara bilermenleriniň netijenamalaryna görä, häzirki wagtda Hazar deňziniň türkmen kenary ekologiýa taýdan örän arassa hasaplanylýar. Munuň özi bu ulgamda işleriň yzygiderli we maksadalaýyk alnyp barylýandygy bilen düşündirilýär.
Balkan welaýaty syýahatçylyk we şypahana-dynç alyş ulgamyny ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçiliklere eýedir. Welaýatyň çäklerinde islendik howa zolaklaryna we dürli-dürli tebigy ýagdaýlara duş gelmek bolýar. Köpden bäri meşhur bolan melhem suwly çeşmäniň golaýynda ýerleşýän Garşy diýen ýer günbatar welaýatyň tebigatynyň ajaýyp ýerleriniň biridir. Bu ýeriň özboluşly we ilkibaşdaky durkuny saklap galan tebigaty, arassa deňiz howasy hem-de melhemlik suwy adamyň saglygyny dikeltmek we dürli keselleri bejermek üçin iň amatly şertleri döredýär.
Mineral suwlary esasan hem umumy we ýerli wannalar görnüşinde ulanylýan daşary ýurtlaryň meşhur şypahanalaryndan tapawutlylykda Garşynyň melhemlik suwy bejeriş maksady bilen, tebigy (garylmadyk) görnüşinde hem, süýji suwlary garmak arkaly hem ulanylyp bilner.
Bu melhemlik suw giň terapewtiki mümkinçiliklere eýedir we ýürek-gan damar ulgamynyň, dem alyş ýollarynyň, merkezi nerw ulgamynyň, daýanç-hereket ediş synalarynyň kesellerini, şeýle hem deri kesellerini bejermekde üstünlikli ulanylýar. Ol adamyň bedeniniň çalt dikelmegine, onuň immunitetiniň ýokarlanmagyna, ýokanç kesellere garşy durmak ukybynyň berkemegine ýardam edýär. Alymlar bu melhemlik suwuň düzümini we täsirini ylmy taýdan öwrenmek işini dowam edýärler.
Toplumlaýyn bejerişde howa bejerişi, balneofizioterapiýa bilen birlikde, türkmen topragynda ösýän dermanlyk ösümlikleri ulanmak arkaly fitoterapiýa usuly hem netijeli ulanylýar. Türkmenistanyň Prezidenti, Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly düýpli ylmy işinde şol ösümlikler baradaky maglumatlar jikme-jik beýan edilýär.
Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyz şu ýylyň iýul aýynda Balkan welaýatyna bolan iş saparynyň barşynda häzirki wagtda türkmen şypahanalarynda döwrebap bejeriş-keselleriň öňüni alyş toplumlarynyň gurlandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz degişli ýolbaşçylara Garşy diýen ýerde şypahananyň täze binasyny gurmak we şypahana zolagyny döretmek, şeýle hem Sagaldyş-dikeldiş merkeziniň şahamçasyny açmak babatda anyk tabşyryklary berdi. Munuň özi milli Liderimiziň türkmenistanlylaryň saglygyna we saglygy goraýyş ulgamyny yzygiderli ösdürmäge aýratyn üns berýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr. Çünki saglyk ynsana peşgeş berlen bahasyna ýetip bolmajak baýlykdyr.
Ýurdumyzyň lukmançylygyny ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe bolan “Döwlet adam üçindir!” diýen ýörelgeden ugur alnyp, häzirki döwürde Türkmenistanda “Saglyk” döwlet maksatnamasy, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin döwlet maksatnamasy, Türkmenistanyň derman senagatyny ösdürmegiň 2011-2015-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasy, Türkmenistanyň şypahana gullugyny ösdürmek baradaky milli maksatnama, “Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasy”, "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy" üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça işlenip taýýarlanan bu giň möçberli maksatnamalaryň çäklerinde saglygy bejeriş-keselleriň öňüni alyş işlerini kämilleşdirmek, lukmançylyk ylmyny we bilimini, derman senagatyny ösdürmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek, beden we ruhy taýdan kämil ýaş nesli ösdürip ýetişdirmek boýunça toplumlaýyn çäreler amala aşyrylýar. Şunuň bilen birlikde, saglygy goraýyş ulgamynyň täze edaralarynyň hem-de derman serişdelerini öndürýän kärhanalaryň gurluşygy giň gerimde alnyp barylýar, döwrebap enjamlar we öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün etmegiň hasabyna pudagyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär.
Türkmen topragy saglygy dikeltmek we saklamak üçin ägirt uly güýji özünde jemleýän hakyky melhemler mekanydyr. Dürli ýerleriň tebigy-howa aýratynlyklarynyň we tebigy bejeriş häsiýetleriniň (mineral suwlar, bejeriş palçygy, suw bilen bejeriş, deňizde suwa düşmek we ş.m.) ylmy taýdan öwrenilmegi we netijeli ulanylmagy Türkmenistany sebitde we bütin dünýäde şypahana-bejeriş syýahatçylygy babatda öňdäki orunlara çykarar.
Ýurdumyzyň günbatar sebitinde ýene-de bir täsin özboluşly şypahana – “Mollagara” şypahanasy hereket edýär. Bu ýerde bar bolan tebigy çeşmeleriň bejeriş häsiýeti babatda onuň bütin dünýäde deňi-taýy ýokdur.
Ýaşyl baglara bürenen we gün şöhlesine öwüşgin atýan “Mollagara” şypahanasynyň täze we döwrebap ak mermerli binalary alyslardan çöldäki salgyma meňzeş görünýär. Göýä, tebigat bu ýerde özüniň köp öwüşginli tebigaty, hususan-da, çägeleri üçin sary reňki, daglar üçin bolsa gögümtil dumanyň reňkini seçip alana meňzeýär. Bu daglar şol ülkäniň müňýyllyklaryň dowamynda melhemlik güýjüni toplan topragyna özboluşly gözellik çaýýar. Jebel şäherçesiniň aňyrsynda ýaýlyp ýatan düzlügiň ortarasynda döredilen şypahananyň ägirt uly binalarynyň keşbi täsinlikdir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen şypahananyň durky düýpli täzelenenden soň, ozalkysyna garanyňda, adamlary öňkisinden iki ýarym esse köp kabul edip bilýär. Bu birwagtda 800 adamdan gowrak diýmegi aňladýar. Ýeri gelende aýtsak, häzire çenli hem uly meşhurlyga eýe bolan şypahananyň durky täzelenenden soň, abraýy has-da artdy. Daşary ýurtlular hem oňa aýratyn gyzyklanma bildirýär.
Mollagara kölüniň häsiýetleriniň ýakyn Gündogardaky Asuda deňiz ýa-da Ukrainanyň Saki palçyk bilen bejeriş şypahanasy bilen mälim bolan deňeşdirmeleri esasly bolup durýar. Emma hünärmenleriň tassyklaýşy ýaly, Mollagaranyň palçygy şolar bilen deňeşdireniňde belli bir artykmaçlyklara eýe bolup durýar. Bu, onuň çägeli däl-de, gyrmançaly bolup, çalt siňmeginde we tiz guramagynda jemlenýär. Başgaça aýdanyňda, Mollagara palçygynyň täsir ediş möhleti uzak bolup, dikeldiş täsiri boýunça dünýä belli şypahanalardan saýlanýar.
Ýüzýyllyklaryň dowamynda bu kölüň täsin aýratynlyklary hakynda halk arasynda ençeme rowaýatlaryň aýdylmagy tötänden däldir. Onuň suwy we palçygy natriniň, magniniň hloridlerine we sulfatlaryna, demire, brom duzlaryna we beýleki minerallara (alymlar onuň düzüminde hatda kümüşiň we gyzylyň ownuk böleklerini tapdylar) baýdyr.
Adamlar Mollagara kölüniň aýratynlyklaryny hem-de onuň palçyklary bilen bejeriş usullaryny tejribe usuly bilen açdylar. Ýöne bu serişde örän güýçli bolup, islendik dermanyň ulanylyşy ýaly, dogry çemeleşmäni talap edýär. Şonuň üçin bu ýerde lukmançylyk kömegi, tejribesi zerurdyr.
Mälim bolşy ýaly, palçyk we duzly suw bilen bejeriş usullary daýanç-hereket ediş synalarynyň, guragyry, bogun agyry we nerwiň sowuklamasy, oňurga, deri keselleri we önelge ulgamy bejerilende ulanylýar. Olar şikesiň dürli görnüşlerinden soň, hususan-da, damarlara zeper ýetmeden soň dikeltmek üçin ulanylýar. Adamlaryň müňlerçesiniň sagalmagy munuň şeýledigini tassyklaýar. Sebäbi palçyk bilen bejeriş usullary kähalatlarda beýleki usullaryň kömek edip bilmedik ýagdaýynda hem ulanylýar. Hassanyň bejerişiň iki-üç tapgyryndan soň köp ýyllaryň dowamynda azar beren keselden saplanmagy hem seýrek ýagdaý däldir.
Bu jadyly “palçygy” 105 kilometre uzalyp gidýän we ýylyň möwsümine baglylykda ini 600 metrden 2-3 kilometre ýetýän kölüň özünde kesgitli bir ýerden alýarlar. Onuň çuňlugy 2 metre çenli ýetip bilýär, emma, mälim bolşy ýaly, bu goýy duzly suwda gark bolmak mümkin däldir, ol hemişe suwuň ýüzüne itýär. Tomsuna köldäki suw onuň düzüminde ýoduň artmagy sebäpli, gyzylymtyl, biraz gijiräk—oktýabrda noýabrda onuň düzüminde ftoryň, kalsinyň, magniniň köp bolmagy bilen mawy reňkde bolýar. Görnüşi ýaly, bejerişiň usulyny duzly kölüň suwlarynyň himiki düzüminiň möwsümleýin üýtgemegini nazara alyp hem çalşyryp bolýar. Şypahana bolsa tutuş ýyl işleýär.
Ahal welaýatynyň Baharly etrabyndaky “Arçman” we “Ýyly suw” şypahanalary bütindünýä meşhurlygyna eýedir.
Bütindünýä şöhratyna eýe bolan täsin “Arçman” şypahanasy Aşgabatdan 130 kilometrlikde Köpetdagyň eteklerinde ajaýyp künjekde ýerleşýär.
Arçmanyň jana şypaly suwy baradaky rowaýatlar gadymy döwürlerden bellidir. Şypahananyň özi 100 ýyl töweregi ozal esaslandyrylandyr we häzire çenli ýerli ýaşaýjylarda, ýakyn we alys daşary ýurtlardan bolan myhmanlarda hem uly meşhurlykdan peýdalanýar. Şypahananyň esasy bejeriş serişdesi onuň mineral suwy bolup durýar. Onuň düzüminde himiki elementleriň 24-si ýüze çykaryldy. Suwda saklanýan kükürtwodorodyň derejesi Arçman suwuny bejeriş häsiýetli içilýän suwlaryň hataryna degişli etmäge mümkinçilik berýär. Arçmanyň azaşgarly subtermal mineral suwunyň artykmaçlygy ony içmek üçin bolşy ýaly, bejeriş geçirmek üçin hem peýdalanmak bolýandygyndadyr.
Suwdan başga-da, bu şypahananyň şypaly howasy hem möhüm bejerji alamatlarynyň biridir. Dag eteginiň ionlara baý howasy adam bedenine oňat täsir edýär.
Bu şypahana deri, ötüşen kesellerden, aşgazan, ýürek-damar we nerw ulgamlaryndan, öt çykaryjy ýollardan we daýanç-hereket ediş synalaryndan ejir çekýän hassalar üçin niýetlenendir.
Bu ýerde ähli zat – täsin suw hem, örän arassa dag howasy we işgärleriň ýokary hünär taýýarlygy hassalaryň çalt sagalmagyna ýardam edýär. Eger “Arçman” şypahanasynyň kükürt wodorodly mineral suwy gözbaşdan alýan dünýäde ýeke-täkdigi nygtalsa, onuň abraýynyň neneňsi ýokarydygy düşnükli bolar.
Ajaýyp “Ýyly suw” şypahanasy täsin bejeriş güýjüne eýe bolan çeşmäniň ýanynda guruldy.
Ahal welaýatynyň Baharly etrabynda ýerleşen çeşmeleriň mineral suwlarynyň bejeriş häsiýetleri 1974-nji ýyldan bäri bellidir.
Onuň ýatagynyň çuňlygy iki müň metrden gowrakdyr. Şypahananyň düzümine guýularyň bäşisi girýär. Urup çykýan 46 gradus gyzgynlykdaky kükürt mineral suwunyň kömegi bilen bu ýerde dürli keseller, şol sanda daýanç-hereket ediş synasynyň, daşky nerw we endokrin ulgamlarynyň bozulmagy bilen baglanyşykly keseller bejerilýär. Bu ýerdäki çeşmeleriň ikisi ýodly we bromly mineral suwlary berýär. Olar aşgazan-içege, öt halta, bagyr keselleri, aşgazanasty mäz sowuklamasynda, sowuklama keselleri bejerilende ulanylýar.
Türkmen paýtagtyndan ýedi ýarym kilometr günortada Köpetdagyň ajaýyp dag eteklerinde gadym döwürlerden belli bolan mineral çeşmede “Berzeňňi” şypahanasy ýerleşýär. Ol 2012-nji ýylda ikinji ömrüne eýe boldy. Bu ýerde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahanasynyň ylmy-şypahana bölüminiň täze binasy guruldy. Ol iň döwrebap, ýokary tehnologiýa lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrylandyr.
Köpetdagyň etekleriniň arassa howasy we jana şypaly bejeriji suw bu ýerde saglygyňy dikeltmek hem-de adamyň birnäça nähoşluklardan saplanmagy üçin örän amatly şertleri döredýär. Şypahana taryhyny 1967-nji ýyldan alyp gaýdýar. Şonda geologlar tarapyndan gözleg-barlag işleriniň alnyp barylmagy netijesinde dik guýudan düzümi boýunça bejeriş häsiýetine eýe bolan mineral suwunyň akymy alyndy.
Guýudan sekundda 7 litr tebigy mineral suw çykýar. Onuň düzüminde 24 sany mikroelement bar. “Berzeňňi ” mineral suwy giň mümkinçiliklere eýedir--aşgazan-içege, ýürek-damar ulgamlarynyň, dem alyş ýollarynyň merkezi we daşky nerw ulgamlarynyň, daýanç-hereket ediş synalarynyň, deri keselleri we ýanyklar bejerilende üstünlikli ulanylýar. Ol adam bedeniniň çalt dikelmegine, ýokanç kesellere garşylygynyň ýokarlanmagyna ýardam edýär. Alymlar “Berzeňňi ” mineral suwunyň düzümini we dürli kesellere täsirini ylmy taýdan öwrenmegi dowam edýärler.
Baýramalynyň böwrek şypahanasy öz täsinligi we aýratynlygy bilen özüne çekýär. Murgap derýasynyň sag kenarynda ýerleşýän şypahana Merkezi Aziýada we Ýewropada şunuň ýaly ýeke-täk şypahana bolup durýar. Şypahana giň ugurly saglygy dikeldiş häsiýetlidir—bu ýerde böwrek, ýürek we ýürek damar-ulgamlarynyň, aşgazan-içege, nerw ulgamlarynyň keselleri bejerilýär.
Halkara ülňüleriniň derejesinde adamlary bejermek we olaryň dynç almagy üçin ýokary şertler döredilen ýene-de bir ajaýyp türkmen şypahanasy--“Farap” şypahanasy Lebap welaýatynda guruldy. Gyzgynlygy mydama 39 gradus bolan bejeriş suwy, guragyry, nerw keselleri, daýanç-hereket ediş synalarynyň keselleri, deri keselleri, aşgazan-içege, bagyr we öt çykaryjy ýollaryň, ýürek-damar we ginekologiýa keselleri bejerilende giňden ulanylýar.
Şu ýylyň iýun aýynda Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje etrabynda döwrebap “Daşoguz” şypahana-saglyk merkezi açyldy.
Şypahananyň täze binasy Türkmenistanyň Prezidentiniň “Daşoguz” şypahanasynyň täze binasyny gurmak hakyndaky” kararyna laýyklykda guruldy. Milli Liderimiziň bu çözgüdi “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny” üstünlikli durmuşa geçirmek, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe saglygy goraýyş ulgamynyň şypahana-dynç alyş binýadyny pugtalandyrmak, bu şypahanany halkara ölçeglerine laýyklykda döwrebaplaşdyrmak hem-de ýurdumyzyň ilatyna ýokary hilli dikeldiş hyzmatlaryny üpjün etmek maksady bilen kabul edildi.
Mälim bolşy ýaly, şypahananyň çäklerinde tebigy suwuň çeşmesi Günorta Garagum gidrogeologiýa toparynyň buraw işlerini geçirmegi netijesinde ýüze çykaryldy. Bejeriş suwunyň ýatagynyň çuňlugy 1200 metre we gyzgynlygy 54 gradusa barabardyr. “Daşoguz” şypahanasynyň bejeriş suwy ýerasty suwlarynyň bölünişi boýunça himiki düzüminiň esasy aýratynlyklaryna laýyklykda ýodly we bromly mineral suw hasaplanýar.
Bu şypahananyň dürli himiki elementlere baý tebigy mineral suwy bogun bil agyry, daşky nerw we endokrin ulgamlarynyň keselleri, şeýle hem polinewropatiýa, monanewropatiýa we beýlekiler bejerilende giňden ulanylýar. Suwuň ýokary minerallylygy sebäpli, ony adaty agyz suw bilen garyp, bedeniň ýüz tarapyna peýdalanmak maslahat berilýär.
Türkmen topragynda başga-da bejeriş ähmiýetli ýerler az däl. Olaryň käbiri indi açylmaly, beýlekilerinde bolsa keselleri bejermek üçin netijeliligini ýüze çykarmak maksady bilen ylmy-barlaglar we tejribeler geçirilmeli. Olar Köýtendagyň goýnundaky, Sünt-Hasardagyň jülgelerindäki, Garagumuň yssy giňişliklerindäki, Batgyz sähralaryndaky we beýleki ýerlerdäki köp dürli mineral çeşmelerdir.
Daglaryň, derýalaryň, kölleriň, çölleriň we deňizleriň, köp dürli ýyly we mineral çeşmeleriň, palçykly patlawuklaryň, köp ýerlerde döwürleriň täsiri etmedik tebigy güller we haýwanat dünýäsiniň bolmagy ekologiýa syýahatçylygyny ösdürmek üçin uly mümkinçilikleri döredýär.
Türkmenistanda döredilýän şypahana-dynç alyş bejerişiniň täze ulgamy ilatyň netijeli sagalmagynyň umumy gurluşynyň bir bölegi bolmak bilen, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň tejribelerinden iň gowusyny özünde jemleýär. Täze taryhy eýýamda türkmen şypahanalary lukmançylyk hyzmatlarynyň, hünärmenleriň umumy ykrar eden pikirlerine görä, ýurdumyzyň täsin bejeriş serişdeleriniň köpüsiniň eksport gymmatlygyny ýokarlandyrmak bilen dünýä derejesine çykýar.
Ýurdumyzyň sagaldyş-dikeldiş serişdeleriniň doly herekete getirilmegi, türkmen şypahanalarynyň täze keşpde galkynmagy umumymilli möhüm wezipedir. Umuman, Watanymyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň ýagdaýynyň we netijeliliginiň derejesi, diýmek, halkymyzyň saglygy şol wezipäniň çözülmegine baglydyr.
Mahlasy, ýurdumyzda dynç alşyň we syýahatçylygyň, şypahana-bejeriş mümkinçiliginiň döwrebap düzümini depginli kemala getirmek, ekologiýa howpsuzlygy, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň wagyz edilmegi—döwlet syýasatynyň bu düzüm böleklerini hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow umumymilli möhüm wezipeler hökmünde kesgitledi. Olar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen halkynyň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.