Ï 2014-nji ýylyň oktýabry: milli Liderimiziň daşary syýasat başlangyçlary ugruna eýerip
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

2014-nji ýylyň oktýabry: milli Liderimiziň daşary syýasat başlangyçlary ugruna eýerip

view-icon 8063
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 23 ýyllygynyň baýram edilmegi mynasybetli türkmen halkyna Gutlagynda jemgyýetimiziň ruhubelentliginiň, agzybirliginiň we jebisliginiň beýany bolan erkin hem-de kuwwatly ýurdumyzyň ägirt uly üstünliklerini nygtap, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarly syýasatynda dürli döwletler hem-de halkara guramalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegi ileri tutulýan ugur hökmünde kesgitlän döwlet hökmünde Türkmenistanyň dünýä derejesinde abraýynyň ýokarlanandygyny belledi.

Dünýä bileleşiginde Türkmenistanyň gazanan üstünlikleriniň we abraýynyň ýokary derejesi oktýabr aýynda bolan köpsanly maslahatlarda, seminarlarda, pudaklaýyn sergilerde, işewür duşuşyklarda mynasyp beýanyny tapdy, olar Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan durmuşa geçirilýän “açyk gapylar” we giň halkara gatnaşyklary syýasatynyň çäklerinde ýurdumyzyň ministrlikleri we pudak edaralary tarapyndan geçirilýän netijeli işiň aýdyň subutnamasy boldy.

2-nji oktýabrda Italiýa Respublikasynyň täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Marko Mançini bilen bolan duşuşygyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde deňhukuklylyk, özara ynanyşmak we hormat goýmak ýörelgelerinde guralýan döwletara gatnaşyklaryny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Diplomatyň belleýşi ýaly, oňyn özgertmeleriň ýoly bilen ynamly ösýän Bitarap Türkmenistan bilen uzakmöhletleýin giň möçberli hyzmatdaşlygy ösdürmek Italiýanyň daşary syýasat strategiýasyna hem-de tutuşlygyna alnanda, Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň bähbitlerine doly laýyk gelýär.

Oktýabr aýynyň başynda Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjan Respublikasyna sapar bilen bardy, şonda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň dördünji mejlisi geçirildi. Mejlisiň barşynda döwletara gatnaşyklaryny, hususan-da, söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag-üstaşyr geçirmek, ylym, bilim syýahatçylyk we beýleki ugurlarda mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Geçen aýda bolan iri işewür maslahaty--German ykdysadyýetiniň Türkmenistandaky güni Germaniýa Federatiw Respublikasynyň we ýurdumyzyň işewür toparlarynyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek ugruny durmuşa geçirmäge bagyşlandy. Aşgabatda eýýäm dördünji gezek geçirilýän çäräni Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy we German ykdysadyýetiniň Merkezi Aziýadaky wekilhanasy gurady.

Duşuşyga gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýöredilýän giň möçberli özgertmeler netijesinde Türkmen döwleti dünýäniň esasy kompaniýalary we önüm öndürijileri, şol sanda Germaniýa Federatiw Respublikasy bilen işewür hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek hem-de täze, geljegi uly bilelikdäki taslamalary işläp taýýarlamak üçin esasy döredip, ýylyň-ýylyna ykdysady ösüşiň ýokary netijelerini gazanýar.

Maslahata “PRAKLA Bohrteshnik”, “Wintershall Holding”, “RWE Dea AG”, “Thomas Domling Vertrieb GUS”, “Trox”, “Smiths Heimann”, “Kronotex”. “CLAAS”, “Lemken”, “Siemans AG”, “Knauf Gips”, “Wirtgen” ýaly kompaniýalara wekilçilik edýän işewürleriň 120-ä golaýy, bank ulgamynyň, logistika hem-de konsalting kompaniýalarynyň, iň täze ylmy-tehniki işläp taýýarlamalary netijesinde giňden mälim bolan Fraungof institutynyň hünärmenleri gatnaşdylar.

Türkmen paýtagtynda geçirilen bilelikdäki türkmen-german iş toparynyň 5-nji mejlisiniň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi şeýle-de ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişiniň barşy ara alnyp maslahatlaşyldy.

3-nji oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde German-türkmen forumynyň başlygy jenap Klaus Ýurgen Hedrih bilen geçirilen duşuşygyň çäklerinde söwda-ykdysady we medeni-gumanitar ulgamlarynda türkmen-german hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de işjeňleşdirmek hakynda pikir alşyldy.

7-nji oktýabrda paýtagtymyzyň “Grand Türkmen” myhmanhanasynda geçirilen ýörite iki günlük seminar BMG-niň serhetüsti suw akymlaryny we halkara köllerini gorap saklamak hem-de peýdalanmak boýunça konwensiýasynyň düzgünleri babatda suwdan peýdalanmak hem-de saglygy goramak ulgamlarynda halkara gatnaşyklarynyň möhüm meselelerine bagyşlandy.

Türkmenistanyň Suw hojalyk ministrligi tarapyndan guralan seminar BMG-niň halkara guramalary—Ýewropa ykdysady topary (BMGÝYT), Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG), Ösüş maksatnamasy (BMGÖM) bilen ýurdumyzyň hyzmatdaşlyk etmeginiň çäklerinde geçirildi.

Ýewropa ykdysady toparynyň suw syýasaty boýunça milli gatnaşyklarynyň sebit utgaşdyryjysy jenap Peep Mardiste adam saglygyny we abadançylygyny goramak meselelerini çözmekde ýurdumyzyň toplan ägirt uly oňyn tejribesini belläp, bu seminaryň suw serişdelerini netijeli dolandyrmakda, suw ekologiýa ulgamlaryny goramakda halkara hyzmatdaşlygyna itergi berjekdigine, suw bilen baglanyşykly keselleriň öňüni almak, gözegçilik etmek hem-de olaryň töwekgelçiliklerini peseltmek işine hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.

8-nji oktýabrdan 11-nji oktýabr aralygynda Moskwada Bütinrussiýa sergi merkeziniň çäklerinde geçirilen “Altyn güýz-2014” atly obasenagat sergisinde ýurdumyzda öndürilen azyk önümleri üstünlik bilen görkezildi. Russiýa Federasiýasynyň sebitleriniň 55-sinden kärhanalaryň 2 müň 500-sinden gowragy we daşary ýurtlaryň sekizisiniň wekiliýetleri halk hojalygynyň gazananlarynyň sergisiniň (BSM) 75 ýyllygyna bagyşlanylan iri oba hojalyk sergisine gatnaşdylar.

Sergide ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň dürli önümleriniň ýokary hiline hem-de ekologiýa taýdan arassalygyna mynasyp baha berildi. Türkmen wekiliýetiniň agzalary hyzmatdaşlygyň we oba hojalygy, meliorasiýa, azyk senagaty we beýlekiler babatda döwletara taslamalaryny durmuşa geçirmegiň möhüm meselelerine bagyşlanylan mowzuklaýyn maslahatlara, seminarlara, “tegelek stoluň” başyndaky duşuşyklara hem gatnaşdylar.

Ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň hususy ulgamyna wekilçilik edýän türkmen oba hojalyk önüm öndürijileriniň “Altyn güýz--2014” atly sergiden üç altyn medaly getirendikleri guwançlydyr, munuň özi ýurdumyzda öndürilen önümlere örän ýokary baha berlendigine şaýatlyk edýär.

Hakykatda, şol günler--9-njy oktýabrdan 12-nji oktýabr aralygynda Türkmenistanyň önümleriniň sergi-ýarmarkasy Belarusuň paýtagtynda hem uly üstünlik bilen geçirildi.

Sergä gatnaşyjylaryň umumy pikirine görä, türkmen harytlarynyň sergisi Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň we durmuş-ykdysady ösüşiniň ajaýyp beýanyna öwrüldi, şolaryň hatarynda Belarus Respublikasynyň dürli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri, Minskiniň köpsanly ýaşaýjylary hem-de myhmanlary bar.

“Çižowka-Arena” köpugurly medeni-sport we dynç alyş toplumynyň çäklerinde guralan hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Belarus Respublikasyna resmi saparyna gabatlanylan sergi belarus kärdeşlerimizi türkmen ykdysadyýetiniň gazanan ýokary üstünlikleri bilen tanyşdyrdy hem-de soňky ýyllarda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin giň mümkinçilikleri açmak bilen göni aragatnaşyklary ýola goýmaga ýardam etdi.

Oktýabrda ýurdumyza gelen köpsanly daşary ýurtly wekiliýetler däp boýunça Garaşsyzlyk gününe bagyşlanyp geçirilen Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň uly sergisi bilen gyzyklanma bildirip tanyşdylar. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan paýtagtymyzyň Sergi köşgünde guralan pudagara gözden geçirilişine ykdysadyýetiň döwlete degişli ulgamynyň düzümleriniň, bilim we medeniýet, sport we syýahatçylyk ulgamlarynyň edaralarynyň, ýurdumyzyň telekeçilik kärhanalarynyň 100 töweregi gatnaşdy.

Oktýabryň ortasynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň VI Halkara maýa goýum forumy geçirildi. Ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralan bu forum 20 töweregi ýurtdan döwlet we hususy düzümlere, şeýle hem abraýly halkara maliýe düzümlerine wekilçilik edýän adamlaryň 150 töweregini ýygnady.

Daşary ýurt hyzmatdaşlary tarapyndan ýurdumyza bildirilýän ägirt uly gyzyklanma foruma wekilçilik eden ýurtlar şaýatlyk etdi. Olaryň hatarynda Russiýa, ABŞ, Hytaý, Ýaponiýa, Beýik Britaniýa, Fransiýa, Germaniýa, Türkiýe, Bolgariýa, Polşa, Sloweniýa, BAE, Belorus, Ukarina, Özbegistan, Gazagystan, Azerbaýjan we beýlekiler bar.

Ara alyp maslahatlaşmalaryň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan "Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynyň" ileri tutulýan ugurlaryna aýratyn üns berildi. Bu maksatnama milli ykdysadyýetimiziň depginli ösüşiň uzakmöhletli geljegine eýe bolan, ilatyň durmuş hal-ýagdaýynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagyny, önümçilik toplumynyň netijeli işlemegini we döwrebaplaşdyrylmagyny, ýurdumyzyň bäsdeşlige ukyplylygynyň we howpsuzlygynyň pugtalandyrylmagyny, iň täze tehnologiýalar esasynda ösýän häzirki zaman diwersifikasiýalaşdyrylan ykdysady düzümiň döredilmegini üpjün edýän nusgasynyň kemala getirilmegini göz öňünde tutýar.

Geçen aýyň wakalaryna syn bermegimizi dowam edip, oktýabrda ýurdumyzda Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Rajeh Saber Abdud Al-Musawiniň, Meksikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Marta Ýelena Federika Barsena Kokiniň resmi taýdan bellenendigini nygtamak gerek.

Mejlisde we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geçirilen duşuşyklaryň barşynda diplomatlar garaşsyz ösüş eýýamynda gadymy türkmen topragynda bolup geçýän ösüşlere beslenen özgertmelere uly gyzyklanmalaryny beýan edip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan parahatçylyk we netijeli hyzmatdaşlyk syýasaty netijesinde Türkmenistanyň uly halkara abraýyny gazanandygyny belledider.

15-nji oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygynyň—Ýerine ýetiriji sekretarynyň birinji orunbasary Wladimir Garkunyň ýolbaşçylygyndaky GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň hökümet Baştutanlarynyň Aşgabatda geçiriljek Geňeşiniň mejlisiniň maksatnamasy we guramaçylyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şol gün hem Aşgabatda ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdan daşary mejlisi geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna Gazagystan Rkspublikasynyň energetika ministri Wladimir Şkolnigiň ýolbaşçylygyndaky uly wekiliýet geldi. Ikitaraplaýyn duşuşygyň gün tertibine döwletara ylalaşyklarynyň ýerine ýetirilişine, Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndak ileri tutulýan ugurlaryň birnäçesinde, şol sanda gaz we ulag pudagynda netijeli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge degişli meseleleriň giň toplumy girizildi.

17-nji oktýabrda Türkmenistanyň DIM-nde Hytaýyň syýasy maslahat beriş Halk geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň başlygynyň orunbasary Çen Ýuanyň ýolbaşçylyk edýän Hytaý Halk Respublikasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Onuň barşynda türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň ýagdaýy we geljegi, ýokary derejedäki özara saparlaryň barşynda gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişi boýunça öňde duran ileri tutulýan wezipeler barada pikir alşyldy.

22-nji oktýabrdy Türkmenistanyň DIM-nde Özbegistan Respublikasynyň daşary ykdysady aragatnaşyklar, maýa goýum we söwda ministri jenap Elýor Ganiýew bilen gepleşikler geçirildi. Ol söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň özbek tarapyndan başlygy bolup durýar. Gepleşiklerde ýangyç-energetika toplumynda, senagatda, oba hojalygynda we ulag pudagynda özara gatnaşyklar barada pikir alyşmalar geçirildi.

16-20-nji oktýabrynda Italiýanyň Latina şäherinde geçirilen sirk sungatynyň XVI Halkara festiwaly Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň türkmen atlylarynyň hakykatdan-da, örän uly ýeňşi bilen tamamlandy. Italiýada her ýyl geçirilýän bu sirk festiwaly dünýäde iň abraýly festiwallaryň biridir. Şu ýyl oňa 20 ýurtdan sirk sungatynyň dürli görnüşleriniň artistleri gatnaşdylar.

Örän üstünlik bilen çykyş eden, türkmen atlylary iň gowular diýlip ykrar edildi—jemleýji uly konsert mahalynda tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda olara bäsleşigiň baş baýragy – “Latina-2014” altyn kubogy, şeýle hem “Di Albacete”, “Consegina il Premo”, “Comune Di Latina” festiwalynyň baýraklary hem-de Italiýanyň Ahalteke assosiasiýasynyň diplomy gowşuryldy.

Öz çykyşlary bilen uly täsir galdyrýan atlylarymyzyň nobatdaky beýik üstünligi Türkmenistanyň atçylygyň we atçylyk sportunyň iri halkara merkezi hökmünde ykrar edilmegi ugrundaky ýene-de bir ähmiýetli ädimdir.

Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 23 ýyllyk baýramçylygynyň öň ýanynda Aşgabatda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XVII maslahaty geçirildi. Ýurdumyzyň baş baýramçylygynyň öňüsyrasynda onuň geçirilmegi asylly däbe öwrüldi.

“Garaşsyzlyk ähli türkmenleriň ykbaly üçin aýratyn ähmiýete eýe bolan bagtdyr. Çünki Türkmenistanyň Garaşsyzlygy dünýä türkmenlerini bir Watanyň, bir supranyň başynda jemledi” diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagynda belledi we bu ugurda dünýä döwletleri, şol sanda türkmenleriň kowçum bolup ýaşaýan döwletleri bilen syýasy, ykdysady, medeni, ylym-bilim we beýleki ugurlarda giň we doly möçberli hyzmatdaşlygyň ýola goýulýandygyny nygtady.

Dünýä türkmenleri bilen köpugurly gatnaşyklary giňeltmek özygtyýarly türkmen döwletiniň alyp barýan syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolmagynda galýar. Şol syýasat dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýar hem-de howpsuzlygyň we abadançylygyň global maksatlaryna laýyk gelýär. Häzir dünýäniň 14 ýurdunda DTYB-niň bölümleriniň 27-si hereket edýär. Birleşigiň düzümine toparlaýyn agzalaryň üç ýüzden gowragy we şahsy agzalaryň ýüzlerçesi, şol sanda daşary ýurt döwletlerinden dört ýüze golaýy girýär. Daşary ýurtlarda kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleri öz çykyşlarynda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşigine ýolbaşçyldyk edýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa geçirýän oňyn özgertmeler syýasaty, parahatçylygy, ösüşi we rowaçlygy maksat edinýän netijeli halkara başlangyçlary üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Daşary ýurtly ildeşlerimiz Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 23 ýyllygynyň hormatyna geçirilen baýramçylyk çärelerine gatnaşmak bilen çäklenmän, paýtagtymyzyň ýaşlary, jemgyýetçiligi bilen köpsanly duşuşyklar geçirdiler, Diýarymyzyň gözel ýerleri bilen tanyşdylar.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň öňüsyrasynda meşhur daşary ýurt neşirleriniň birnäçesiniň ýurdumyza aýry-aýry makalalary we hatda ýörite goýberişleri bagyşlandygyny belläp geçmeli.

“LOOKWE” (Hytaý Halk Respublikasy), “Business Central Asia” (Hindistan Respublikasy), “The Korea times” (Koreýa Respublikasy), “Ogni Mangistau” (Gazagystan), “Halk gazeti” (Täjigistan) ýaly meşhur žurnallaryň sahypalarynda, şeýle hem Türkiýe Respublikasynyň “TRT Haber”, “Bugün”, “Haber-3”, “Finans.Haber.com”, “Son Dakiýa.соm” ýaly internet –saýtlarda köpsanly habarlar ýerleşdirildi.

Metbugatda ozal habar berlişi ýaly, oktýabr aýynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň işleriniň täze daşary ýurtly neşirleri Ukrainada we Azerbaýjan Respublikasynda hem çapdan çykdy. Bular ukrain diline terjime edilen “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly düýpli ylmy işiň V jilti hem-de haýran galdyrýan türkmen halyçylyk sungaty baradaky azerbaýjan dilinde neşir edilen “Janly rowaýat” atly kitaplardyr.

Hormatly Prezidentimiz, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk we ykdysady ylymlaryň doktory, professor, gadymy milli däp-dessurlara uly hormat goýýan we olardan oňat baş çykarýan Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylmy we edebi işleri dünýä halklarynyň dillerine edilen köpsanly terjimeleri netijesinde eýýäm daşary ýurtlarda giňden meşhurlyga eýe boldy we häzirki wagtda bütin dünýäniň alymlary hünärmenler tarapyndan isleg bildirilýär bildirilýär.

25-nji oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde wise-premýer ministr jenap Waleriý Diliň baştutanlygynda Aşgabada gelen Gyrgyz Respublikasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk boldy, şonda iki ýurduň ýola goýlan oňyn gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge tarap ulnan ugra ygrarlydygy nygtalyp geçildi hem-de möhüm ugurlarda özara gatnaşyklary ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Aýyň ahyrynda ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda Türkmenistanda resmi taýdan bellenen daşary ýurtly diplomatlaryň birnäçesi bilen, şol sanda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň güni mynasybetli baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin ýörite gelen Finlýandiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Niklosos Lindkwist, Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Paskal Abişer, Belgiýa Patyşalygynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Karin Peti bilen duşuşyklar geçirildi.

29-njy oktýabrda şol ýerde NATO-nyň Merkezi Aziýanyň ýurtlary bilen aragatnaşyklar we özara gatnaşyklar boýunça işgäri jenap Aleksandr Winnikow bilen duşuşyk boldy. Gepleşikleriň barşynda Türkmenistanyň we NATO-nyň “Parahatçylygyň hatyrasyna hyzmatdaşlyk” we “Parahatçylygyň we howpsuzlygyň hatyrasyna ylym” atly Maksatnamalaryň çäklerinde amala aşyrylýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri, şeýle hem özara gyzyklanma döredýän sebitleýin howpsuzlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

30-31-nji oktýabrda Pekinde sapar bilen bolan Türkmenistanyň wekiliýeti Owganystan boýunça Stambul prosessiniň daşary işler ministrleriniň dördünji maslahatyna gatnaşdy.

Maslahatyň işine Stambul prosessiniň ýurtlaryndan daşary işler ministrleri we ýokary wezipeli wekiller, şeýle hem halkara we sebit guramalarynyň 12-sinden ýokary wezipeli wekiller gatnaşdylar.

Türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Owganystanyň parahat we durnukly durmuşa ymtylmagyna hemmetaraplaýyn ýardam etmek boýunça ýöredýän syýasatynyň oňyndygyny aýratyn nygtap, diňe öňüni alyş diplomatiýasynyň usullary bilen raýat parahatçylygyny hem-de ylalaşygyny ýola goýmagyň düýpli tarapdary bolup çykyş edip häzirki wagtda halkara bileleşiginiň öňünde durýan esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň bu ugurda çäreleri görmäge hem-de zerurlyk ýüze çykan mahaly Owganystanyň ähli oňyn we jogapkär güýçleriniň arasynda parahatçylykly gepleşikleri geçirmek üçin Türkmenistanyň syýasy giňişligi bermäge taýýardygy aýdyldy. Şeýle hem ykdysady we durmuş ulgamyny dikeltmegiň hem-de ösdürmegiň ýene-de bir möhüm mesele bolup durýandygyny nygtalyp geçioldi. Şol meseläni çözmezden goňşy döwletde durnukly ýagdaý hakynda söz açmak kyn bolar.

Maslahatyň jemleri boýunça Pekin Jarnamasy kabul edildi. Gazanylan ylalaşyga laýyklykda indiki mejlis 2015-nji ýylda Pakistanda geçiriler.

Oktýabryň wakalaryna syn bermegi dowam etmek bilen, ýurdumyzyň baş baýramynyň sport babatda hem ýokary üstünliklere beslenendigini bellemek gerek.

44 ýurtdan türgenleriň on müňden gowragynyň gatnaşmagynda Koreýanyň Inçhon şäherinde geçirilen XVII Aziýa oýunlary güýzüň esasy sport wakasy boldy. Türkmen türgenleri Aziadadan alty medaly – 1 kümüş we 5 bürünç medaly getirdiler. Türkmenistanyň topary ilkinji gezek Aziýanyň esasy sport forumynda sylaglaryň şeýle sanyna mynasyp boldy. Şeýlelikde, şol ýaryşlar, hakykatda, 2017-nji ýylda Aşgabatda boljak Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna güýçli taýýarlyk görýän ýurdumyzyň türgenleriniň ussatlygynyň ýokary derejesiniň aýdyň beýany boldy.

Aziýa oýunlarynyň ilkinji gününde türkmen toparynyň düzüminde dzýudo boýunça ýaryşlarda kümüş medala mynasyp bolan Gülbadam Babamyradowa tapawutlandy. Şondan soň uşu söweş sungatynyň ussatlary Salaheddin Baýramow we Jennet Aýnazarowa bürünç medallary Türkmenistanyň sport üstünliklerine goşdy. Şermet Permanow grek-rim göreşi boýunça ýaryşda hormat sekisiniň üçünji basgançagyna çykdy. Aziýa oýunlarynyň tamamlanmagynyň öňüsyrasynda boksçular Aziz Bebitow we Serdar Hudaýberdiýew bürünç medallara mynasyp boldular.

Biziň agyr atletikaçylarymyz hem Inçhonda tapawutlandylar, olar baýraga mynasyp bolanlaryň üçlügine düşmeseler hem, garaz, bada-bat birnäçe täze milli rekordlary gazanyp, oňat netijeleri görkezdiler. Toplan ballarynyň jemi boýunça türkmen ştangaçylary umumy toparlaýyn bäsleşikde ikinji orny eýelediler. Şu ýylyň ahyrynda Gazagystanyň Almaty şäherinde agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň boljakdygyny nazara alsaň, munuň özi örän ähmiýetli netijedir. Şol çempionatda 2016-njy ýylda Braziliýada geçiriljek Olimpiada ilkinji ýollamalar ugrunda bäsleşiler.

Inçhonda geçirilen XVII Aziýa paralimpiýa oýunlarynda hem Türkmenistanyň ýygyndy topary uly üstünlik gazandy, şol oýunlar Aziýadanyň nusgawy oýunlary ýaly dört ýylda bir gezek geçirilýär.

“Göwher kubok” ady bilen halkara ýaryşlarynyň dartgynly tutluşyklarynda dürli derejedäki medallary gazanan türkmen kikboksçulary hem dünýäniň sport ýaryşlarynda ýokary netijeleri görkezýärler. Şol ýaryşlar dünýäniň onlarça ýurdundan türgenleriň 1200-e golaýynyň gatnaşmagy bilen Russiýanyň Anapa şäherinde geçirildi.

Dünýäniň, Aziýanyň çempionatlary we beýlekiler ýaly iri ýaryşlarda Türkmenistanyň sport üstünliklerine yzygiderli goşant goşýan küştçülerimiz hem aýratyn guwançly üstünlikleri gazandylar.

Günorta Afrika Respublikasynyň Durban şäherinde geçirilen küşt boýunça dünýä çempionatynda ýaş küştçüleriň arasynda ildeşimiz Bägül Ezizowa 8 ýaşa çenli ýaş toparynda hormat sekisiniň üçünji basgançagyna çykdy. Ýaryşlara 88 ýurtdan bir müňe golaý küştçi gatnaşdy, şonuň üçin hem Aşgabat şäher sport komitetiniň küşt sport mekdebinde tälim alýan gyzjagazyň bürünç medala mynasyp bolmagyna uly üstünlik hökmünde baha berilýär.

Söweş sungatynyň türkmen ussatlary Garaşsyzlygymyzyň 23 ýyllygyna guwançly sowgat bagyşladylar, olar iri halkara ýaryşlarynda, şol sanda däp bolan karate boýunça Ženewada (Şweýsariýa) geçirilen dünýäniň 17-nji çempionatynda we Stambulda (Türkiýe) geçirilen söweş sungatynyň Bütindünýä oýunlarynda medallary gazandylar.

Ýurdumyzyň dünýäniň hojalyk aragatnaşyklary ulgamyna işjeň goşulyşmagyny, ösen döwletleriň hatarynda mynasyp orun eýelemegi maksat edinýän milli Liderimiziň daşary syýasat başlangyçlarynyň döredijilik kuwwatynyň aýdyň beýany bolan wakalara beslenen oktýabr aýy türkmen döwletiniň mundan beýläk-de okgunly ösüşine täze kuwwatly itergi berdi.