Ï TOPH gaz geçirijisi: taslamadan gurluşyga çenli
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

TOPH gaz geçirijisi: taslamadan gurluşyga çenli

view-icon 6820
Tutuş XX asyryň dowamynda nebit esasy energetika serişdesi diýlip hasaplandy. Pes dünýä bahalary sebäpli az düşewüntli energiýa serişdesi hökmünde tebigy gaz energiýa önümlerini öndürijiler tarapyndan hem, işewür maýadarlar tarapyndan hem uly gyzyklanma döretmeýärdi. Şonuň üçin uglewodorod ýataklary işlenip taýýarlanylanda, nebiti gaýtadan işlemäge ugradýardylar, gaz bolsa ugurdaş önüm hökmünde uzak wagtlap peýdalanmaýardy.

Emma geçen asyryň soňky çärýeginde dünýäniň ykdysady ösüşi, nebit önümleriniň sarp edilmegine bolan durnukly meýiller, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri tarapyndan bolan gowşak bäsdeşlik hem-de nebitiň yzygiderli ýokarlanýan bahalary adamzady tebigy gaz ýaly energiýa serişdesine üns bermäge mejbur etdi. Onuň dünýä bazarlarynda eýeleýän orny günsaýyn berkeýärdi.

Ine, häzir hem tebigy gaz senagat taýdan ösen ähli döwletlerde öz täsirini durnukly artdyryp, dünýä bazarlarynda özboluşly “pul” bolmak bilen çäklenmän, eýsem möhüm syýasy ýagdaýa, käbir halatlarda bolsa syýasy täsiriň guralyna öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary ykdysady strategiýasy syýasy, ideologik we beýleki garaýyşlardan arany açyp, ähli daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanandyr. Bu barada milli Liderimiz döwlet Baştutanynyň wezipesine saýlananyndan soň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna amala aşyran saparynyň barşynda aýtdy. Şol ýerde hormatly Prezidentimzi “Ýewraziýa Gruppda” çykyş edip, “Türkmenistan diňe pragmatiki çemeleşmä eýermek bilen, täjirçilik taslamalarynyň syýasatlaşdyrylmagyndan daşda durýar” diýip belledi.

Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisini gurmagyň taslamasy energiýa geçirijileriň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça amala aşyrylan we durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýän taslamalaryň hatarynda möhüm orun eýeleýär. Bu taslama geçen ýyllarda hem ara alnyp maslahatlaşylan bolsa-da, TOPH transmilli gaz geçirijisniiň gurluşygyny iş ýüzünde amala aşyrmaga 2010-njy ýylyň dekabrynda Aşgabat şäherinde geçirilen “Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan” sammitiniň barşynda badalga berildi. Bu taryhy waka hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatynyň üstünlige eýe bolmagynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Dünýäniň ähli döwletleri bilen özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen energetika strategiýasy şol syýasatyň esasy ugry bolup durýar.

2010-njy ýylda Aşgabatda geçirilen sammite Türkmenstanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hamid Karzaý, Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardari, şeýle hem Hindistan Respbulikasynyň nebit we tebigy gaz ministri Murli Deora gatnaşdylar.

Ýokary derejedäki duşuşygyň çäklerinde Türkmenistanyň tebigy gazyň ägirt uly gorlaryna eýe bolup durýandygy barada umumylykda ykrar edilen, şol sanda abraýly halkara bilermenler tarapyndan ykrar edilen ýagdaý bu taslamanyň ykdysady taýdan esaslydygyny tassyklaýar. Bu bolsa biziň ýurdumyza “mawy ýangyjy” islendik ugur boýunça, şol sanda TOPH ugry boýunça uzakmöhletleýin iberilmegini kepillendirmäge mümkinçilik berýär.

“Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan” sammitiniň barşynda taslama gatnaşýan döwletleriň baştutanlary tarapyndan we ilkinji nobatda Owganystan tarapyndan transmilli gaz geçirijiniň howpsuzlygyna kepil geçildi, şeýle hem degişli Hökümetara ylalaşygyna gol çekildi.

Ozal habar berlişi ýaly, golaýda Aşgabatda ýatlanyp geçilen Ylalaşyga gatnaşyjy taraplaryň – tehniki Işçi toparynyň hem-de Aziýa ösüş bankynyň duşuşygy geçirildi. Onda TOPH taslamasy boýunça Tranzaksion geňeşçisiniň hasabaty diňlenildi. Bu geňeşçi hökmünde Aziýa ösüş banky çykyş edýär. Duşuşygyň barşynda taslamanyň tehniki-ykdysady esaslandyrmasy, “TOPH Ltd-ny” hasaba almak, paýdarlar ylalaşygy we Direktorlar geňeşiniň agzalarynyň borçlary baradaky mespeleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Mundan başga-da, konsorsiumda öňbaşçylyga dalaş edýän kompaniýalaryň sanawy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem düýn hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyna gatnaşyjy ýurtlaryň nebitgaz edaralarynyň ýolbaşçylary-Owganystanyň dag-magdan serişdeleri we nebit ministri Mohammad Akbar Barakzaý, Pakistanyň nebit we tebigy serişdeler döwlet ministri Jam Kamal Han, Hindistanyň nebit we gaz ministri Dharmendra Pradhan bilen duşuşdy. Olar TOPH gaz geçirijisiniň taslamasy boýunça Ýolbaşçy toparynyň mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada geldiler. Olaryň hemmesi ägirt uly energetika taslamasynyň tizden-tiz durmuşa geçirilmegine örän uly gyzyklanmalary barada aýdyp, her ýurduň ýakyn wagtda onuň gurluşygyna girişilmegine taýýardyklary babatda bir pikirdediklerini bildirdiler.

TOPH gaz geçirijisiniň umumy uzynlygy 1735 kilometrden ybarat bolar. Ol Türkmenistandan başy başlanyp, biziň ýurdumyzyň çäkleri boýunça 200 kilometr geçer, soňra 735 kilometr—Owganystanyň çäkleri boýunça, 800 kilometr—Pakistanyň çäkleri boýunça geçip, Hindistan bilen araçäkde Fazilka ilatly nokada baryp ýeter. Gaz geçirijisiniň ýyllyk kuwwaty ýylda 33 milliard kub metr gaza barabar bolar.

Ine, şu gün - 20-nji noýabrda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň - Aziýa sebitiniň geljegine tarap energiýa köprüsiniň taslamasy boýunça Ýolbaşçy toparynyň mejlisi geçiriler. Bu ägirt uly taslamanyň durmuşa geçirilmegi ykdysady wezipelerden başga-da, oňa gatnaşyjy ýurtlara möhüm durmuş we gumanitar meseleleri, şol sanda goşmaça iş orunlaryny döretmek, gaz geçirijisiniň bütin dowamynda ulag-aragatnaşyk we durmuş düzümleriniň kemala getirilmegi we ençeme beýlekiler bilen baglanyşykly meseleleri çözmäge mümkinçilik berer. Ýöne esasy zat – bütin sebitde syýasy we durmuş durnuklylygynyň saklanmagyna we berkemegine ýardam eder.