Ýurduň demir ýol ulagynyň taryhynda täze sahypa açyldy. Golaýda Balkan welaýatynyň uzaklarda ýerleşýän sebitlerini, halkara ölçeglrinde bolsa Ýewropany we Aziýany birleşdirýän polat ýoly çekilip, ulanmaga berildi. Kontinentiň bir gyrasyndan beýleki gyrasyna çenli petiklenen öňki ulag ýoly bu günki gün ulag geçelgesine öwrüldi. Bu täze polat ýoly ykdysadyýetiň netijeliligini epesli ýokarlandyrmaga, giňişleýin sebitde ulag çykdajylaryny epesli azltmaga niýetlenendir.
Bu dabara şol mahal Türkmenistanda we Gazagystanda öndürilen önümler ýüklenen ilkinji ýük wagonlarynyň Eýranyň serhedinden geçen wagtyna gabat geldi. Bu dabaraly pursat köpleriň ýadynda galar. Şol pursat dabara gatnaşyjylaryň güýçli el çarpyşmalary asrynda, dürli ýurtlardan gelen habarçylaryň bu tarhy waka gatnaşyjylary, taryh üçin ýatdan çykmajak pursaty surata düşürýän enamlarynyň şyrkyldysy astynda bolup geçdi.
Bu wakanyň ähmiýeti örän ulydyr. Muny bu dabaraly waka gatnaşan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Brdimuhamedowyň, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhaniniň we Gazagystabtň Prezidenti Nursultan Nazarbaýýewiň gatnaşmaklary hem tassyklaýar. Bu üç döwletiň ýolbaşçylary bu täze polat ýolunyň altyn halkasynyň nurbatlaryny berkitdiler.
Häzirki wagta çenli millionlarça tonna ýükler günortadan demirgazyga çenli kontinentiň Hindi okeanynyň deňiz portlaryndan ýewropa böleginiň senagat merkezlerine deňiz, gury ýer, aýlanyp geçýän demir ýollary arkaly herket edipdi. Bu örän oňaýsyz bolup, öňki ugur köp harytlar üçin amatly bolmandyr. Indi bolsa üç döwlet Türkmenistan - we onuň goňşulary Eýran we Gazagystan tagallalaryny bir ýere jemläp, kontinentiň ulag ýolunyň bulaşan ýumagyny çöşlediler. Olar aýgytly hereketleri netijesinde, bu rtäze ýol öňki ugra garanyňda 600 kilometr gysgaldy. Gurulan Demirgazyk-Günorta ulag geçelgesiniň gysgalygy hut şeýledir. Türkmenistanyň geografiki taýdan oňaýly ýerleşmegi kontinentiň iri ulag geçelgeleriniň birine öwrülmegine ýardam berýär.
Elbetde, bu demir ýolunyň uzynlygynyň we çylşyrymlylygynyň inženerçilik çözgütleri boýunça Garagumyň merkezinden geçýän ýoly gurmakdan has çylşyrymly boldy. Ol müňlerçe adamlaryň birnäçe ýyllap çeken zähnetleriniň netijesi boldy.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bu iri göwrümli taslamany amala aşyrmak başlangyjy çykyş etdi we bu başlangyjyň dünýä beýan edilen wagty hem kontinentiň ulag ulgamynyň taryhynyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazyldy. Bu ýoly gurmak meselesi öňden ýüze çykypdy, özi hem örän zerurdy. Şonuň üçin hem Türkmenistan döwletiniň baştutanynyň bu başlangyjy goňşy döwletler tarapyndan uly goldanma tapdy hem-de uly höwes bilen garşylandy. Ulag ulgamyny ösdürmek üçin şeýle amatly taslama uzaga çekmedik gepleşiklerden soňra halkara derejesine eýe boldy. Täze ýoluň gurluşygyna dabaraly badalga 7 ýyl mundan ozal – 2007-nji ýylyň 1-nji dekabrynda berlipdi.
Baglaşylan şertnamalara ýaýyklykda Eýran we Gazagystan polat ýoluň öz ýurtlaryna degişli bolan böleklerini biziň ýurdumyzyň serhedine çenli çykardylar. Türkmenistana bolsa taslamany amala aşyrmakda aýgytly orun degişli boldy we şonuň bilen birlikde - özüniň geografiki taýdan oňaýly ýerleşişini ulanmak paýy düşdi. Gazagystanyň sähralarynyň içi bilen geçip, Türkmenistanyň çäklerinden Eýranyň daglyk Gülistan welaýatyna uzaýan bu polat ýoluň umumy uzynlygy 900 kilomemetrdir. Bu demir ýolunyň esay bölegi biziň ýurdumyzyň çäklerinden geçýär. Onuň gapdal ýollary bilen bilelikde alanyňda Türkmenistandan geçýän bölegi 825 kilometrdir. Şeýle uzynlykdaky we çylşyrymlylykdaky demir ýolunyň gurluşygy ýurduň garaşsyzlyk ýyllary içinde heniz bolmandy. Bu bolsa bu ugurda uly tejribäniň toplanandygyny görkezýär.
Häzirki wagta çenli türkmen demirýolçulary eýýäm ýurduň polat ýollaryny epesli giňelden Tejen-Sarahs, Türkmenabat-Atamyrat we meşhur Aşgabat-Garagum-Daşoguz demir ýollaryny çekdiler we ulanmaga berdiler. Ynha indi bolsa ýurduň demir ýoluny ösdürmekde – olaryň halkara ulag ulgamyna netijeli goşulyşmagyň nobatdaky tapgyrlaýyn ädimini ätlemeggiň wagty geldi.
Taslamany amala aşyrmak tapgyrlaýyn ýerine ýetirildi. Ilkinji nobatda ýoluň iň kyn demirgazyk böleginden – dürli çylşyrymlykdaky köpri geçelgelerini we beýiklikleri tekizlemek işleri bilen baglanyşykly bolan giden bir inženerçilik çözgürtlerini talap edýän ýerinden başladylar. Ýoluň geçýän Bereketden demirgazyga uzaýan ýeriň özi tebigy owadanlyk babatda owadan bolup, geologiki gurluş taýdan çylşyrymly hem-de adamsyz diýen ýaly boş ýatan ýer. Demirgazyk tarapa kuwwatly ýol çekiji tehnika ýola düşdi we geljekki ýoluň düýbüni tutulyp başlandy, beton şpallara berkidilen polat ýollary yzly-yzyna goýlup başlandy.
Bu ugur öňünden ýurduň hünärmenleri tarapyndan barlandy. Ýol Garagumyň demirgazyk böleginiň beýik gum alaňlarynyň we takyrlarynyň, haçan-da bir wagtlar güýçli bolan, ýöne bir wagt gurap giden gadymy Uzboýuň hanasynyň, jisimleri planetada iň gadymylarynyň biri bolan Tüwergyr belentliginiň üsti bilen geçýärdi. Ahyry-da bu ýol Garabogaz kölüniň hanasyny aýlanyp geçip, Gazagystan bilen serhetläşýän Serhetýaka diýen ýere çykdy.
Bu ýoluň gurulmagy türkmen demirýolçularynyň golaýdaky durmuşdan daşda, tomsuň jöwzasynda, gyşyň aňzagynda işeňňir çeken zähmetleriniň ajaýyp miwesidir. Mundan hem başga, bu ýerlerde käbir çopan obajyklary bolaýmasa, başga zatlaryň duş gelmeýän ýerlerine bu ýoluň özi ýaşaýşy bu ýerlere getirdi. Polat ýoly çekildi, owadan demir ýol menzilleri guruldy. Olar bolsa häzirki zaman gurluşly şäherçelere öwrüldi, täze iş orunlary döredi, öňler uzaklarda ýerleşýän, barmasy kyn bolan ýerler ulagly barmaga mümkinçilige eýe boldy. Bu ýerler täzeden döredildi diýip atlandyraýmasaň, başgaça atlandyryp hem bolmaz.
Demirýolçulat taslamaçylaryň meýilnasyny ädimme-ädim durmuşa geçirdiler, netijede gapdal ýollary bilen bilelikde 500 kilometrden gowrak polat ýoly demirgazyk tarapa çekildi. Ahyryn-da taryhda ilkinji gezek 2013-nji ýylda Türkmenistanyň we Gazagystanyň demir ýol ulgamy gönüden-göni birikdirildi. Bu waka mynasibetli türkmen-gazak serhedinde geçirilen dabara Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Nursultan Nazarbaýew gatnaşdylar.
Şol wagta taslamany amala aşyrmak üçin ýene-de bir, ýöne öňki ýaly uly ädim ätmelidi. Bu polat ýoly günorta Berketden eýran serhedine çenli çekmelidi. Bu ädim öňkä garanyňda epesli gysgady – 325 kilometrden (gapdal ýollary bilen bilelikde) sähel gowrakdy. Demir ýoluň geşjek ýerlerinde ýaşalýan ýerler köpdi we täze ýol özüniň mundan beýläk hem ösdürilmegine garaşýardy. Günbatar Köpetdagyň eteklerinden geýjek ýoluň gurluşyk işleriniň şertleri hem has oňaýlydy.
Topanan tejribäni göz öňünde tutmak bilen, gurluşyk işleri çalt depginler bilen alnyp barylýardy, bu ugra esasy güýçler toplandy. Ýakynda türkmen-eýran serhedinde bütewi halkara ugruny kontinentiň ulag ulgamyna birikdirilip, ulanylmaga berilmegi bu uly işiň netijesi boldy.
Ýoluň bu günorta bölegi nämelerden ybarat? Onuň ugrunda halkara demir ýol menzili gurulan Berketden başlap, Däneata, Döwletýar, Bugdaýly, Madaw we Etrek demir ýol beketleri ýerleşýär. Bu beketleriň her biri – häzirki zaman bir tipli iki gatly menzillerdir. Mundan hem başga ýolugra Köpetdagdan gaýdan suw akymlarynyň geçýän ýerleriniň üstünden gurulan onlarça köprülerden ybaratdyr. Edil serhetde bolsa – otlularyň jübüt ýaýbaň tekerlerini dar tekerlere çalyşýan ammar gurlandyr.
Bu demir ýoly Günorta-günbatar Türkmenistanyň iri nebitgazly ýatagynyň ýanyndan geçip gidýär. Oňa mundan öň Balkanabat-Esenguly awtoulag ýoly bilen baryp bolýardy. Indi bolsa bu ýere gelmek has ýeňil boldy, esasan hem bu ýatagay özleşdirmek üçin gerek bolan enjamlary getrimegiň ýeňilleşmegi aýratyn ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda mundan öň ýitip giden Garagumyň merkezinde ýerleşýän Zäkli-Derweze ýatagy ýadyňa düşýär. Garagumyň üstünden geçýän polat ýoluň gurulmagy bilen bu ýatak işjeň özleşdirilip başlandy. Indi Günorta-günbatar Türkmenistanyň ýerasty baýlyklaryny çalt depginler bilen özleşdirilmegine garaşylýar.
Bu polat ýoly gadymy Dehistanyň topragynyň üstünden hem geçýär. Ol bu ýoldan uzak bolmadyk ýerde ýerleşensoň hem öwrenijilere, hem syýahatçylara onuň ýadigärliklerine barmak üçin ýeňil bolar. Mundan hem başga bu ýoluň haçan-da bir wagtlar gülläp ösen bu ýerlere täzeden jan bermäge mümkinçiligi bardyr.
Iň günortada bolsa subtropiki çäkler ýerleşýär. Ýumşakdan maýyl howa bu ýerlerde türkmen subtropikçilerine gymmat bahaly miweleri, şol sanda zeýtuny ösdürip ýetişdirmäge we oba hojalyk mümükinçiligini has netijeli paýdalanmaga mümkinçilik berýär.
Bu ýerleriniň ähli owadanlyklary ahli dabaralar tamamlanandan soňra ýolagçy gatnadýan otlynyň ýola düşmegi yzda galdy. Şol gün bir wagtyň özünde ulanmaga berlen täze beketleriň owadan menzilleri, şeýle hem bu ýerlelrde demirýolçular üçin tertipli gurlan täze ýaşaýyş jaýlarynyň ýaşyl reňkli üçekleri biri-birini çalşyp, yzda galýardy.
Bu täze demir ýoly türkmen harytlaryny daşary ýurtlara ibermegi ýeňilleşdirýär. Uglewodorod çig mallaryny we dürli görnüşli önümleri öňki wagtda ýa-ha deňiz arkaly gçnbatara, ýa-da Türkmenbaşy-Aşgabat demir ýoly arkaly , ýa-da awtoulag arkaly gündogara ibermeli bolýardy. Muňa bolsa mümkinçilikler örän azdy. Indi bolsa dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän bu harytlary eksport etmek üçin demirgazyk we günorta ugurlar boýunça giň demir ýol geçelgesi açyldy. Bu demir ýolunyň geçýän ýerleriniň ýakyn ýerlerinde öndürilýän himiýa senagatynyň, ýod zawodlarynyň önümleri, Garabogaz kölüniň baýlyklary bolan sulfat we mineral duzlary babatda hem şeýledir.
Täze ýol bilen pagtany, pagta süýümi, ýüplügi we matany, taýýar dokma ňnümlerini daşary ýurtlara ibermek hem ýeňil, hem oňaýly bolar. Bu ýerde gürrüň işjeň ösdürülýän türkmen oba senagat toplumynda öndürilýän beýleki harytlar barada gidýär. Bu bolsa harytlary ýerlemekde täze bazarlary tapmaga mümkinçilik berer. Türkmenistan özüniň Bitaraplyk derejesini doly işjeň ulanmak bilen, ykdysady gatnaşyklaryň ýurtlary we halkalary nähili ýakynlaşdyrýandygyny nobatdaky gezek görkezdi. Bu täze demir ýoly kontinentiň döwletleriniň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklary berkitmäge ýardam bermek bilen, dostlugyň we hyzmatdaşlygyň ýoluna öwrüler.