Ï Ýurduň maldarçylygy- türkmenistanlylaryň azyk bolçulygynyň esasydyr
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurduň maldarçylygy- türkmenistanlylaryň azyk bolçulygynyň esasydyr

view-icon 7268
Bazardan azyk önümlerini satyn alyp başlanymyzda biziň köpümiz esasanda – sygyr, goýun ýa-da towuk etininden başlaýarys, soňra gök önümleri, süýt önümlerini alýarys, satyn almany çörek, dürli görnüşli süýji-köke önümleini satyn almak bilen tamamlaýarys. Eger-de iýmit önümleriniň esasy bolan ete we et önümlerine gaýdyp gelsek, soňky wagtlarda dükanaryň tekjeleriniň göle we goýun etinden, üwelen etden, sosiklardan, şöhlatlatdan, towuk etinden dolup durandygyny aýtmalydyrys, ýörüteleşdirilen deňiz önümleri satýan dükanlaryň hatary giňeldidi. Bazarlaryň et önümleriniň söwdasynyň hatarlarynyň doly bolmagyny hem hususy, hem döwlet maldarçylyk hojalyklary-önüm öndürijileri tarapyndan yzygiderli üpjün edilýär. Munuň üstüne huususy telekeçileriň öndürýän et we şöhlat önümlerini, sygr, geçi we düýe süýdünden taýýarlanylýan her hili önümlerini goşmak bolar.

Et adam bedeni üçin gerek bolan ýokumlary öz düzüminde saklaýan önüm bolup durýar. Şonuň üçin hem etiň hiline, ulanylanda onuň howsuzlygyna, oba hojalyk mallaryny ösdürip ýetişdirmegiň we mal önümlerini öndürmegiň ähli tapgyrynda uly üns berilýär, söwda nokatlarynda bolsa weterinar we sanitar gözegçiligi gulluklary işleýär. Bazarlaryň ammarlarynda saklanylýan we sarp edijilere satylýat iýmit önümleriniň ählisini, ilkinji nobatda et we ondan taýýarlanyýan önümleri her günde barlamak olaryň borjy bolup durýar.

Umuman ýurt boýunça şu ýyl esasy mal önümleri – şöhlat önümleri, süýt, ýumurtga köp öndürildi. Munda hususy önüm öndürijileriň paýy ýokary bolup durýar. Et önümçiligi, şol sanda gara mallaryň hem, artýar. Şeýlelikde, Döwlet maldarçylyk birleşiginiň maglumatlaryna görä, şu ýylyň 1-nji ýanwaryndan 30-njy noýabry aralygynda döwlet birleşiginiň maldarçylyk hojalyklarynyň düzüminde idedilýän mallardan diri agramda 6546 tonna möçberde et alyndy. Bu döwlet möçberinde köp däldir, ýöne sebitlerde öz önümlerini içerki söwdada ýöriteleşdirilen düýhan birleşikleriniň hususy önüm öndürijileriniň paýynyň has köpdügi göz öňünde tutulmalydyr. Ýagny, sebitler öz önüm öndürijileriniň mal önümlerini köp ulanýarlar, ýuýmurtgany, süýdi ýa-da aýrany uzaga äkidip durmaly däl. Şonuň üçin hem bu ýerde bäsdeşligiň, çaltlygyň ýüze çykmagy uly ähmiýete eýedir. Sebäbi Türkmenistanyň azykçylarynyň “et” söwdasyndaky teklipler talaplardan elmydama ýokary boýar.

Eger-de Döwlet birleşiginiň maglumatlaryna gaýdyp gelsek, onda gara we ownuk mallar şu ýyl köp öndürildi, guş önümçiligi bolsa iki esseden hem köp boldy. Ýurduň ähli sebiterini et bilen üpjün edýän Döwlet maldarçylyk birleşginden habar berişleri ýaly, bu birleigiň hojalyklary tarapyndan şu ýylyň 1-nji awgustyndan 14-nji dekabry aralygynda 17,3 tonna gara mallaryň, ownuk mallaryň etiniň – 217,9 tonnasy, 1,4 tonna öý guşlarynyň eti iberildi.

Hususy telekeçiligi ösdürmäge döwlet derejesinde aýratyn üns berilýär. Bu babatda türkmen jemgyýetiniň bu synpyny godamakda maksatlaýyn döwlet maksatnamalary uly ähmiýete eýedir. “Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi maliýe taýdan godamak hakynda” Kararyň çäklerinde telekeçiler ýyllyk bir göterim bilen bank karz pu serişdelerini alyp bilýärler. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi telekeçileriň bähbitlerini gorap çykyş edýär, mundan başga hem “Rysgal” paýdarlar täjirçilik banky hem işeýär. Gara mallary ösdürilmegini höweslendirmek maksady bilen, döwlet baştutany şu ýylyň ýanwar aýynda Karara gol çekdi. Bu resminama laýyklykda Lebap we Mary welaýatlarynda öň daýhan birleşiklerinde we paýdarlar jemgyýetlerinde kärendesine tabşyrylan, häzirki wagtada Döwlet maldarçylyk birleşigine degişli bolan, gara mallaryň 39 müň 127 baş sany hususy eýeçilige berildi.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýurtda gara mallary ösdürip ýetişdirmäge aýratyn üns berilýär. Önümçiligiň ot-iými ösdürip ýetişdirmekden, tohum göleleri ýetişdirmekden başlap, taýýar maldarçylyk önümlerini işläp taýýarlamaga çeni bolan önümçiliki iri maldarçylyk toplumlary guruldy we gurulýar. Toplumlaryň ýanynda ýag we gaýmak, tworog we süzme öndürýän kiçi sehler işleýär. Diňe şu ýylyň özünde guşçulygy we gara mallary ösdürmek üçin Türkmenistanyň ähli sebtinde diýen ýaly şular ýaly topumlaryň bir-näçesi ulanmaga berildi.

Şu ýerde Ahal welaýatynyň “Abadan” daýhan birleşiginiň çäklerinde 500 sany gara mallary saklamaga niýetlenip gurlan we ulanmaga berlen iri madarçylyk toplumyny ýatlap geçeliň. Onuň önümçilik kuwwaty ýylda 2 müň tonna süýdi we süýt önümlerini we 30 tonna et öndürmäge mümkinçiligi bardyr. Bu desgany gurmak üçin maldarçylyk fermasy üçin 9 gektar ýer we 400 gektar öt-iým ösdürip ýetişdirmek üçin ýer bölünip berildi. Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynda 500 sany tohum mallary saklamaga we ýylda 2000 tonna süýdi gaýtadan işlemäge hem-de 120 tonna et öndürmäge niýetlenen täze maldarçylyk toplumy açyldy. Toplumyň bölümleri türkiýäniň, şweýsariýanyň we germaniýanyň enjamlary bilen üpjün edilendir. Olaryň biri bolsa – ýylda 120 tonna eti gaýtadan işlemäge niýetlenendir. Häzirki wagtda bu ýerde şöhlat ömümleriniň dürli görnüşleri öndürilýär. Süýt tehnologiki liniýasynyň günde 7500 litr süýdi kabul etmäge mümkinçiligi bardyr. Onda pasrezirleşdirilen süýt, gatyk, eýran, ýogurt, gaýmak, mesge ýagy, tworog, brynza ýaly önümlriň 20 görnüşi öndüruýär. Gara mallary ösdürip ýetişdirýän toplumlaryň ikisi hem Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň buýurmasy esasynda guruldy.

Döwet maldarçylyk birleşiginiň düzüminiň üsti şu ýyyň dowamynda guşçulyk topumlarynyň ikisi bilen ýetirildi. Onuň biri Bakan welaýatynyň Berket etrabynda, beýlekiisi Mary welaýatynyň Baýramay etrabynda gurlandyr. Olryň kuwwatlylygy degişlilikde ýumurtga berýän 50 müň sany ene towugy saklamaga we ýylda 8 million ýumutga we 1000 tonna guş etini öndürmäge niýetlenendir.