Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow:
Türkmenistanyň oňe süren we Birleşen Milletler Guramasynyn Baş Assambleýasynyň kabul eden «Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny» atly Rezolýusiýasy dünýä bileleşiginiň bu ugurdaky möhüm ädimidir, şeýle hem oňe hereket etmek üçin badalgadyr.
IV. Ulag, aragatnaşyk
2014-nji ýyl ata Watanymyzyň ýyl ýyzgysyna ulag düzümlerini düýpli we toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak hem-de ösdürmek boýunça iri möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilen ýyly hökmünde girdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Türkmenistanyň çäginde yklymyň möhüm söwda ýollarynyň çatrygynda halkara üstaşyr-ulag geçelgesiniň kuwwatly binýadynyň döredilendigine eýýam gurlan, şeýle hem polat ýollaryň we awtomobil ýollarynyň giň ulgamynyň gurulmagyny alamatlandyrýan müňlerçe kilometrlik ýollaryň taslamalary, ozal bar bolan deňiz we howa menzilleriniň döwrebaplaşdyrylmagy hem-de täzeleriniň gurulmagy aýdyň şaýatlyk edýär.
Döwlet Baştutanymyzyň hemişe nygtaýşy ýaly, şol sanda BMG-niň Baş Assambleýasynyň belent münberinden ulag ulgamlarynyň köpugurly düzümlerini döretmek baradaky yglan eden başlangyçlary sebitiň ägirt uly ykdysady mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge ýardam etmek bilen, parahatçylygyň pugtalandyrylmagyny, durnuklylyga we howpsuzlyga, durnukly durmuş-ykdysady ösüşi üpjün etmäge uly goşant bolar.
Bu ulgamda Türkmenistanyň öňe sürýän oňyn teklipleri dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolýar. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 19-njy dekabrda kabul eden “Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny” atly Rezolýusiýanyň kabul edilmegi munuň nobatdaky subutnamasydyr. BMG-niň agza ýurtlarynyň 66-synyň awtordaş bolup, çykyş eden bu resminamanyň düzgünlerinde 2014-nji ýylyň sentýabr aýynda türkmen paýtagtynda geçirilen ýokary derejedäki Halkara maslahatyna jemleri boýunça kabul edilen Aşgabat jarnamasynyň ulag we üstaşyr düzümlerini ösdürmäge toplumlaýyn çemeleşmegi kemala getirmegi göz öňünde tutýan esasy ugurlary beýan edilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň 22-nji dekabrynda geçirilen wideoşekilli iş maslahatynda çykyş edip, şeýle diýdi:
“Bu Maslahat oňa ähli gatnaşanlaryň pikirine görä, ulag ulgamynda özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny berkitmäge uly ýardam berdi. Maslahata gatnaşanlaryň bu mesele boýunça düýpli pikir alyşmalary hem, biziň öňe süren garaýyşlarymyz hem makullanyp, dünýä bileleşigi tarapyndan giň goldaw tapdy. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde Aşgabat jarnamasy bu Gurama agza ähli döwletleriň ünsüni özüne çekdi. Şondan soň, biziň döwletimiziň başlangyjy bilen halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri boýunça ýörite resminama işlenip taýýarlandy”.
Döwlet Baştutanymyzyň öz çykyşynda nygtaýşy ýaly, rezolýusiýanyň esasy aýratynlygy bu taryhy resminamanyň “logistika merkezleri we guryýer portlary arkaly awtomobil, demir ýol, deňiz hem-de howa ýollarynyň utgaşýan ulag ulgamlarynyň binýadyny goýýandygyndan” ybaratdyr. Şeýlelikde, rezolýusiýa BMG-niň Baş Assambleýasynyň durnukly ulag boýunça ählumumy hyzmatdaşlygy döretmek hakynda halkara başlangyjyny resmi taýdan berkiden ilkinji resminamasy boldy.
Galyberse-de, halkara pul-maliýe edaralarynyň maliýe we tehniki serişdeleri gönükdirmegini hem göz öňünde tutýan bu resminamada BMG-niň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisine çenli ulag-üstaşyr ulgamy boýunça halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň ýollary barada çykyş taýýarlamak üçin çagyryş beýan edilýär.
Rezolýusiýanyň kabul edilmegi türkmen döwletiniň halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini kemala getirmek üçin şertleri döretmek boýunça amala aşyrýan uly işiniň dowamy bolmak bilen, sebitiň ýurtlarynyň ählumumy ykdysady ösüşe üstünlikli goşulyşmagyna kuwwatly itergi berer, maýa goýumlarynyň akymynyň gelmegini üpjün eder, çäksiz ýewraziýa giňişliginde yklymara ykdysady gatnaşyklary ösdürmek babatynda netijeli hyzmatdaşlyk üçin oňyn şertleri döreder.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow rezolýusiýanyň ägirt uly ähmiýetini nygtap: “Biz bu Rezolýusiýanyň kabul edilmegine awtomobil, demir ýol, deňiz we howa ýollaryny utgaşdyrýan ulag ulgamlaryny emele getirmek üçin halkara kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny döretmegiň ýolunda nobatdaky ädim hökmünde baha berýäris. Bu ulgam sebit hem-de halkara derejesinde ykdysady ösüşe hyzmat etjek logistika merkezleri we guryýer portlary arkaly dörediler” diýip belleýär.
Ulag-üstaşyr geçelgeleriň ygtybarly we durnukly işlemeginiň ählumumy ykdysadyýetiň durnukly ösüşine oňyn täsir etmek, dünýäniň maliýe ykdysady çökgünliginiň täsirini ep-esli peseltmek bilen çäklenmän, eýsem, Ýer ýüzünde emele gelen halkara ýagdaýyna oňyn täsir etjekdigi hem gürrüňsizdir. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, “sebitleriň arasyndaky ulag geçelgeleri halkara hyzmatdaşlygyny we söwdany ösdürmäge ýardam bermek bilen, umuman, halkara howpsuzlygyny berkitmäge hem goşant goşup biler”.
2014-nji ýylyň 19-njy dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan durnukly ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek baradaky rezolýusiýanyň kabul edilmegi Türkmenistanyň ulag ulgamynyň işgärlerini has ýokary sepgitlere ýetmäge ruhlandyrdy, sebäbi häzirki wagtda ählumumy ösüşiň ulag we aragatnaşyklar ulgamy ýaly möhüm ugurlary boýunça halkara hyzmatdaşlygy hemme wagtdakydan hem örän möhümdir. Täze ulag-üstaşyr geçelgeleriniň geoykdysady geljegi örän uludyr, oňa uly giňişlikler, adam serişdeleri çekilýär, örän köp maýa serişdeleri ugrukdyrylýar. Bularyň ählisi ulag pudagyny dünýä ykdysadyýetiniň ösüş ýolunda möhüm düzüme öwürmäge mümkinçilik berer.
Türkmenistanyň ulag ulgamyndaky esasy ugry hökmünde täze geoykdysady giňişligiň arhitekturasynyň binýadyny döretmekde Merkezi Aziýany, Hazar, Gara deňiz we Baltika sebitlerini, Orta we Ýakyn Gündogary, Günorta we Günorta-gündogar Aziýany birleşdirýän ugur bolup durýar.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzda ulag pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga, ozal hereket edýän ulag-aragatnaşyk ulgamlaryny giňeltmäge we täzelerini döretmäge gönükdirilen uzakmöhletli milli maksatnamalar işlenip taýýarlanyldy we üstünlikli durmuşa geçirilýär, bu maksatnamalar halkara ykdysady we söwda hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä göterilmäge ýardam berer. Bu Türkmenistanyň ulag ulgamynyň halkara aragatnaşyk düzümlerine işjeň goşulyşmagyna, iri logistika merkezleriniň döredilmegine, sebit intermodal ýükleri daşamagyň utgaşdyrylmagyny üpjün etmäge hyzmat eder.
Soňky ýyllarda Türkmenistanda hemme ýerlerde iň öňdebaryjy tehnologiýalar boýunça bina edilýän demir ýol we awtoulag köprüleri ulanmaga berilýär, olar Demirgazyk-Günorta, Gündogar-Günbatar ugry boýunça ýurdumyzyň çäginden geçýän sebit we sebitara ulag ugurlarynyň emele gelmegine şert döreder. Munuň özi Beýik Ýüpek ýolunyň köpugurly ulgamyny dikeltmegiň ýolunda möhüm ähmiýetli ädimlerdir.
Milli Liderimiz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň ykrar edilen parahatçylyk döredijilikli we şonuň bilen bir wagtda sebitiň iri ykdysady, işewür we medeni merkezine öwrülendigini belleýär. Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek baradaky başlangyçlar ählumumy ösüşiň meýillerini we gadymy türkmen topragynyň özüniň taryhy wezipesini ýerine ýetirmegine – siwilizasiýalaryň birleşmegine, şol sanda ýurdumyzyň häzirki zaman ulag aragatnaşyk ulgamyny ösdürmek babatynda wezipelere laýyk gelýär.
Türkmenistanyň çäginde yklymyň möhüm söwda ýollarynyň çatrygynda kuwwatly üstaşyr geçelgesini döretmek işleri iş ýüzünde durmuşa geçirilýär. Olaryň hatarynda bu ulgamda durmuşa geçirilen has uly ähmiýetli taslamalaryň biri bolan Ýewropanyň we Aziýanyň arasyndaky “köpri” bolan “Demirgazyk-Günorta” ulag geçelgesiniň döredilmegini görkezmek bolar. 3-nji dekabrda tutuş sebit üçin taryhy waka bolup geçdi --Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhaniniň we Gazagystan Respublikaysnyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň gatnaşmagynda bu halkara polat ýolunyň türkmen-eýran bölegi dabaraly ýagdaýda ulanmaga berildi.
Gazagystanyň sähralyklaryndan Garagum çölüne we Eýranyň demirgazygyndaky Gülüstan daglyk welaýatyna çenli uzaýan bu demir ýoluň umumy uzynlygy 900 kilometre ýetirildi. Şunda täze ulag geçelgesiniň Gazagystan böleginiň uzynlygy 146 kilometr bolup, Mangistau oblastynyň Uzen stansiýasyndan Türkmenistanyň serhedindäki Bolaşak stansiýasyna çenli uzaýar. Bu ýerde demir ýoluň durmuş üpjünçilik ulgamy üçin ähli zerur zatlar döredildi, täze stansiýalar açyldy, demir ýol menzilleriniň utgaşyk tehnika we durmuş desgalary bina edildi.
Bu demir ýoluň iň uzyn bölegi Türkmenistanyň çäginde geçýär, ol gapdal ýollary bilen bilelikde 825 kilometre deňdir. Çylşyrymly tebigy we howa şertlerine garamazdan, türkmen demir ýolçulary Bereket demir ýol stansiýasyndan Gyzylgaýa ilatly nokadyň üstünden Gazagystanyň döwlet serhedine çenli 500 kilometr uzynlykdaky demir ýoly gysga wagtyň içinde gurdular, ol ýerde täze Serhetýaka şäherçesi peýda boldy. Täze demir ýollarynyň ugruny abadanlaşdyrmak boýunça ägirt uly işler geçirildi, onuň ugrunda inženerçilik desgalarynyň, demir ýol menzilleriniň, depolaryň, beketleriň we beýleki düzümleýin desgalaryň onlarçasy bina edildi.
Gönüden-göni ykdysady bähbitlerden başga-da, Gazagystan-Türkmenistan-Eýran trnasmilli demir ýoly hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagynyň netijeli guraly bolup hyzmat edýär. Ýurtlaryň halkara bazarlaryna päsgelçiliksiz we gysga ýollar bilen çykmagy, harytlaryň getirilmeginiň we hyzmatlaryň edilmeginiň ygtybarlylygy hem-de durnuklylygy häzirki döwürde dünýädäki umumy ýagdaýa, sebitleýin we halkara hyzmatdaşlygynyň häsiýetine we ugruna, ol ýa-da beýleki döwletleriň dünýä ösüşine gatnaşmagynyň derejesine barha güýçli täsir edýär.
Halkara we sebitleýin guramalarynyň derejesinde, şol sanda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly guramalaryň derejesinde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak babatynda hem bu taslamanyň geljegi uludyr.
Bu iri möçberli taslamanyň maksatlary Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň ýöriteleşdirilen düzümleriniň, Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň bu sebiti Ýewraziýanyň günorta guşaklygynda strategiki durnuklylygyň möhüm bölegi hökmünde, geljegi uly ykdysady hyzmatdaş, yklym ähmiýetli iri ulag-üstaşyr geçelgesi hökmünde göz öňünde tutýan uzakmöhletleýin strategiýasyna laýyk gelýär.
Türkmenistan –Owganystan-Täjigistan demir ýoly Aziýa sebitiniň döwletleriniň arasynda halkara ulag gatnawlarynyň möhüm bölegi bolup hyzmat eder, onuň gurluşygy geçen ýylyň iýun aýynda badalga aldy. Bu täze polat ýoly sebitiň dostluk we hyzmatdaşlyk ýoluna, ygtybarly ulag geçelgesine öwrüler. Şonuň üçin hem türkmen Lideriniň bu ýoly döretmek baradaky başlangyjynyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar tarapyndan dessine goldanylandygy geň däldir, sebäbi demir ýol gatnawy ykdysady bähbitden başga-da, olar üçin deňhukukly hyzmatdaşlyk şertinde dünýä ykdysady giňişligine üstünlikli goşulyşmagyna giň mümkinçilikleri üpjün eder. Üç döwletiň kommunikasiýa ulgamlaryny birleşdirýän ulag geçelgesi ýurtlaryň arasyndaky haryt dolanyşygyny birnäçe esse artdyrmaga mümkinçilik berer.
Şunuň bilen baglylykda, sentýabr aýynyň başynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Aşgabatda üstünlikli geçirilen, üstaşyr-ulag geçelgeleriniň halkara hyzmatdaşlygy, durnuklylygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde ornuna bagyşlanan ýokary derejeli Halkara maslahatyň möhümdigini nygtamak gerekdir.
Wekilçilikli maslahata gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna iri halkara guramalarynyň we düzümleriniň, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa Ykdysady komissiýasynyň, BMG-niň Aziýa-Ýuwaş ummany sebiti üçin Ykdysady we durmuş komissiýasynyň (ESKATO), Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň, Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň (IRU), Ýewropa-Kawkaz-Aziýa ulag geçelgesi boýunça Hökümetara toparynyň (TRASEKA) wekilleri, şeýle hem 30-dan gowrak ýurtdan gatnaşyjylar geldiler. Türkmen tarapyndan maslahatyň işine hökümet agzalary, käbir ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, beýleki degişli düzümleriň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.
Maslahatyň çäklerinde Owganystan-Türkmenistan –Azerbaýjan-Gruziýa ulag geçelgesini döretmek meselesi boýunça dört taraplaýyn duşuşyk geçirildi. Taslama gatnaşyjy ýurtlaryň we sebitiň beýleki döwletleriniň dünýä bazarlaryna çykmagy üçin täze mümkinçilikleri döretmäge gönükdirilen bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi şol bir wagtyň özünde Ýewraziýa giňişliginde söwda-ykdysady gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge ýardam berer. Bu taslama gürrüňsiz suratda Owganystanyň durmuş-ykdysady taýdan dikeldilmegine, onuň TRASEKA ýaly iri sebit we halkara düzümleýin taslamalara gatnaşmagyna, şeýle hem goňşy ýurduň dünýä hojalyk ulgamyna goşulyşmagyna ýardam eder.
Türkmenistan TRASEKA maksatnamalaryň çäklerinde düzümleýin taslamalaryň we tehniki ýardam bermek boýunça taslamalaryň tutuş toplumynyň durmuşa geçirilmeginiň başlangyçlary bilen çykyş eden ýurtdur we häzirki wagtda hem şeýle bolmagynda galýar. Ýurdumyz TRASEKA geçelgesi boýunça öz ulag düzümlerini ösdürmek we ýük akymlaryny artdyrmak üçin strategiki taýdan amatly ýerleşýär. Türkmenistanyň TRASEKA-nyň taslamalaryna gatnaşmagy sebitde özüniň möhüm üstaşyr ulag geçiriji hökmünde derejesini berkitmek maksady bilen, şeýle hem iň täze ulag tehnologiýalaryny ornaşdyrmak üçin Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek babatda yzygiderli we işjeň çäreleri durmuşa geçirmäge mümkinçilik berer.
Maslahatyň çäklerinde şeýle hem Özbegistan-Türkmenistan –Eýran-Oman ulag geçelgesiniň döretmek meseleleri boýunça dörttaraplaýyn duşuşyk geçirildi.
Şunuň bilen baglylykda, 2011-nji ýylyň 25-nji aprelinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Aşgabatda “Orta Aziýa-Ýakyn Gündogar” ulag-üstaşyr geçelgesini döretmek babatynda Hökümetara ylalaşygyna gol çekildi. Bu iri möçberli taslama Merkezi Aziýa, Ýakyn we Orta Gündogar ýurtlarynyň arasyndaky özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam bermek bilen çäklenmän, eýsem, sebit we halkara derejesinde durnukly ösüşi üpjün etmegi netijeli şertleriniň biri hökmünde çykyş edýär.
Şu ýylyň awgust aýynda Oman Soltanlygynyň paýtagty Maskat şäherinde daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň derejesinde geçirilen dörttaraplaýyn duşuşygyň gün tertibine bu taslamany durmuşa geçirmegiň meseleleri girizildi we Özbegistan-Türkmenistan –Eýran –Oman täze ulag geçelgesiniň döredilmegine bagyşlandy. Gepleşikleriň jemleri boýunça degişli Ähtnama ylalaşyldy we oňa gol çekildi.
Tutuş ykdysadyýetiň düýpli döwrebaplaşdyrylmagy amala aşyrylýan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň halk hojalygynyň her bir pudagy iri möçberli wezipeleri durmuşa geçirýär. Soňky ýyllarda demir ýol önümçilik düzümleri uly ösüşe eýe boldy—täze kärhanalary açyldy, häzirki zaman tehnologiýa ulgamlary satyn alyndy, häzirki hereket edýän düzümler tehnikanyň iň soňky gazananlary bilen enjamlaşdyryldy we olaryň kuwwatlyklary birnäçe esse artdy. Wagonlaryň we teplowozlaryň uly toplumy satyn alyndy, olar uzak ýyllaryň dowamynda okgunly ösýän milli ykdysadyýetiň pudaklarynda ulanylar.
Şu ýylyň aprel aýynda Hytaý Halk Respublikasynda öndürilen ýokary amatlykly ýolagçy wagonlarynyň uly tapgyry Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň ygtyýaryna gelip gowuşdy. Türkmenistan üçin ýörite taýýarlanylan ýolagçy wagonlary häzirki zaman bezegi bilen tapawutlanýar we howa çalşyjy ulgam bilen üpjün edilendir, bu bolsa olarda aýratyn amatly şertleri döredýär hem-de syýahatyň ýakymly geçmegine täsir edýär. Olarda şeýle hem işgärler üçin ähli şertler göz öňünde tutulandyr.
Şeýlelikde, ýurdumyzda demir ýol pudagyny kämilleşdirmek maksady bilen ýaýbaňlandyrylan iri möçberli işler adam hakyndaky, halkyň abadançylygyny ýokarlandyrmak hakyndaky aladanyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe amala aşyrylýan durmuş ugurly syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýandygynyň ýene bir aýdyň subutnamasydyr.
Awtoulag ýollary düzümini ösdürmek barada aýdylanda bolsa, ýurdumyzyň tutuş taryhynda awtomobil ýollaryny gurmak boýunça täze taslamalaryň hiç wagt şeýle giň derejede amala aşyrylmandygyny ynamly aýtmak bolar. 2014-nji ýylda Türkmenistanda awtoulag ýollarynyň tutuş ulgamynyň durky täzelendi, täze ähli zerur ýol düzümleri bolan ýokary tizlikli gara ýollar çekildi. Olaryň umumy uzynlygy geljekde 1700 kilometre golaý bolar.
Häzirki wagtda “Türkmenbaşy-Farap” we “Aşgabat-Daşoguz” awtoulag ýollarynyň gurluşygy alnyp barylýar, olar ýol hereketiniň hilini ýokarlandyrmagy üpjün eder. Pudaklaýyn ösüş maksatnamasyna laýyklykda, “Türkmenbaşy-Farap” we “Aşgabat-Daşoguz”, “Türkmenbaşy-Gazagystanyň serhedi”, “Türkmenabat-Daşoguz” we “Mary-Serhetabat” awtoulag ýollaryny gurmak göz öňünde tutulýar. Ýurdumyzyň dürli sebitlerini birleşdirýän awtoulag ýollaryny gurmak bilen bir wagtda halkara ülňülerine laýyk gelýän ýokary tizlikli awtoulag ýollaryny 3 tapgyrda gurmak göz öňünde tutulýar. Hususan-da, birinji tapgyrda “Aşgabat-Türkmenbaşy”, ikinji tapgyrda “Aşgabat-Farap”, üçünji tapgyrda bolsa “Aşgabat-Daşoguz” ýollary gurlar.
Ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin bu babatda degişli tejribesi bolan daşary ýurt kompaniýalaryny çekmek göz öňünde tutulýar. Aşgabat-Türkmenbaşy ýokary tizlikli täze awtomobil ýoly “Aşgabat-Daşoguz” ýolunyň 24-nji kilometrinden başlanýar. Ol Ahal welaýatynyň Derweze etrabynyň çäginde bolup, ýol Türkmenbaşy şäherine çenli uzar.
Onuň umumy uzynlygy 564 kilometre barabardyr we ulag ýoly ikitarpaly bolup, onuň her biriniň iki 15 metrdir. Ýoluň tutuş dowamynda 9 sany barlag geçiriji bölümleriniň, 9 sany tehniki hyzmat duralgalary, 7 ýangyç guýujy beketleri gurmak meýilleşdirilýär. Şeýle hem ulanyş gullugynyň edara jaýlarynyň 5-si, 3 ýol myhmanhanalary, 20 awtomobile niýetlenen duralga, jemgyýetçilik iýmiti edaralary göz öňünde tutulýar. Şeýle hem ýoluň ugrunda ugurdaş ýollaryň 12-si, 217 demir beton köprüleri gurlar. Onuň düşeginiň beýikligi 1 metr 22 santimetre barabar bolar.
Ýoluň dowamynda girelgeleriň we çykalgalaryň 9-sy gurlar. Ýoluň başlanýan ýerinde köpugurly köpri bolup, aralyk girelgelerde we çykalgalarda şunuň ýaly köprüleriň 7-si bolar. Ýoluň ahyrky künjeginde halkalaýyn köçe bolar. Onuň tutuş dowamynda yşyklandyryş sütünleri oturdylar. Bu ýoluň bir artykçmak tarapy onuň beýleki köçeler bilen kesişmeýänligidir. Mundan başga-da, bu ýoluň üstünden pyýada geçelgeleri göz öňünde tutulmady. Çünki onuň ugry bilen ýokary tizlikli hereket amala aşyrylar.
Täze ýol boýunç wilesipedleriň, mopedleriň, oba hojalyk tehnikalarynyň, ýük awtoulaglarynyň hereketi gadagan ediler. Ýola mallaryň geçip bilmezligi üçin onuň tutuş dowamynda demir germewler oturdylar. “Aşgabat-Türkmenbaşy” ýokary tizlikli ulag ýolunyň gurluşygyna bu babatda tejribe toplan ussat hünärmenler çekiler.
“2012-2016-njy ýyllarda Türkmenistanyň ulag we aragatnaşyk pudagyny ösdürmegiň maksatnamasynyň” çäklerinde ulag ulgamyny halkara ülňülerine laýyk getirmek boýunça giň möçberli işler alnyp barylýar. Täze awtoterminallar gurulýar. Şeýlelikde, şu ýylyň sentýabr aýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda gije-gündiziň dowamynda 2 müň ýolagça hyzmat etmäge ukyply Halkara awtoterminalyň açylyş dabarasy boldy.
Şunuň bilen bir hatarda pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça giň möçberli çäreler durmuşa geçirilýär. Ulag gulluklarynyň işine iň kämil tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Häzirki döwürde ulag ulgamy “Hyundai Universe Luхuri”, “Hyundai Universe Noble”, “Hyundai Super Aero Сity”, “Iran Khodro”, “Ýutong ZK 6129H”, “PAZ-32054” ýaly dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň ulag serişdeleri bilen üpjün edildi. Olar ýurdumyzyň içerki we halkara gatnawlaryny amala aşyrýarlar. Täze ugurlar işlenip taýýarlanylýar we olar yzygiderdi döredilýär.
Bu ulgamda maksatnamalaýyn işleri durmuşa geçirmek bilen Türkmenistan innowasion tehnologiýalara we öňdebaryjy tejribelere daýanýar. Şu ýylyň ýanwar aýynda Aşgabatda A.Nyýazow şaýolunyň durky täzelen böleginiň açylyşyş dabarasy boldy. Häzirki döwürde paýtagtymyzyň bu ýoly beýleki ýollar ýaly ulag düzüminiň ösdürilmegini hasaba almak bilen giň möçberli şähergurluşyk maksatnaasynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde keşbini düýpli özgerden ýurdumyzyň baş şäheriniň gözelligini artdyrdy.
Bitarap Türkmenistan we Görogly şaýollarynyň arasynda 2 kilometre golaý uzynlygy bolan bu ýoluň ugrunda häzirki zaman hereket sazlaýjy enjamlar, energiýa tygşytlaýjy tehnologiýa bilen işleýän yşyklandyryjylar, maglumat tablolary bar. Olar döwrüň ösen talabyna laýyk derejede ulanylýar. Bu ýerde ýoluň we ýanýodalaryň üstki örtügini çalşyrmak boýunça ägirt uly işler ýerine ýetirildi. Ýol ýakasyndaky beton raýyşlara granit plitalary oturdyldy. Ýoluň iki tarapynda saýaly we bezeg agaçlary ekildi.
Onuň umumy ini 30 metre barabar bolup, her ugrunda dört hatarly hereket amala aşyrylýar. Ähli ugurdaş desgalar bilen hasaba alnayňda ýoluň umumy ini 50 metre golaýdyr. Ýeri gelende aýtsak, goşmaça ýollar esasy köçäniň hereketini ýeňilleşdirýär we ulaglaryň ýaşaýyş toplumlaryna, söwda merkezlerine, çaýhanalara we ýoluň ýakasynda ýerleşen beýleki desgalar bökdençsiz baryp bilmegini şertlendirýär.
Ýoluň dowamynda ýerasty pyýada geçelgeleriniň 6-sy we ýerasty ulag geçelgesi guruldy. Ýoluň ugrundaky awtobus duralgalary döwrüň talabyna laýyk derejede ähli zerur enjamlar, şol sanda howany salkynladyjy we gyzdyryjy tehnikalar bilen üpjün edildi. Onda ýylyň ähli paslynda ýolagçylar üçin amatly şertler ýola goýuldy.
Şu ýylyň aprel aýynda S.Türkmenbaşy şaýoly bilen Aşgabat-Gämi ulag ýolunyň aralygynda köpugurly halkalaýyn ýoluň açylyş dabarasy boldy. Umumy uzynlygy 9 kilometre barabar bolan halkalaýyn ýoluň ulanmaga berilmegi paýtagtymyzyň ulag ulgamynyň häzirki zaman düzüminiň üstüni ýetrdi. Onuň gurluşygynda häzirkizaman öňdebaryjy tehnologik çözgütler bilen bir hatarda diňe bir ýüke garşy durmaga ukyply däl, eýsem seýsmiki taýdan berk gurluşyk serişdeleri peýdalanyldy.
Ýokary tizlikli häzirkizaman ulag ýolunyň bu böleginiň gurluşygy özüniň tehniki derejesi boýunça ýokary ülňülere laýyk gelýär. Onuň umumy ini bölüji zolagy hasaba alanyňda 26,5 metre barabardyr. Ýoluň her tarapynda üç hatarly hereket amala aşyrylýar.
Şeýle hem Arçabil şaýolunyň umumy uzynlygy 25 kilometre barabar bolan iki bölegi gurlup ulanylmaga berildi. Onuň ugrunda ugurdaş desgalar bilen bir hatarda goşmaça ýerasty geçelgeler guruldy we ozal bar boanlarynyň durky täzelenildi. Ýoluň bir böleginde uzynlygy 147 metr bolan köpri guruldy. Onuň astyndan sil suw akabasy geçýär.
Arçabil şaýoly şäher gurşawynda möhü ähmiýetli düzüm bolmak bilen, onuň ugrunda häzirkizaman binagärlik desgalary gurulýar. Ýoluň bu böleginiň gurluşygy we onuň durkunyň täzelenmegi boýunça toplanan tejribäniň ýurdumyzyň beýleki şäherlerinde şunuň ýaly desgalaryň gurluşygynda peýdaly bolup biljekdigi gürrüňsizdir. Şunda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen gurluşykçylaryndan talap edişi ýaly, ýurdumyzda gurulýan transmilli ulag ýollarynda halkara ülňüleriniň berjaý edilmegi esasy görkeziji bolup durýar.
Türkmenistan deňiz ulaglary boýunça ýolagçy gatnatmak we ýük daşamak bilen baglanyşykly işleriň ösdürilmegine ýurdumyzyň Merkezi Aziýa we Hazar bassýeninde halkara ykdysady gatnaşyklar ulgamyna goşulmagynyň esasy şerti hökmünde garaýar. Häzirki döwürde Türmenbaşynyň halkara deňiz menzili sebitiň iri üstaşyr geçelgesiniň wezipesini alyp barýar. Ýakyn ýyllarda Hazaryň kenarynda diňe bir Türkmenistanyň däl, eýsem tutuş Merkezi Aziýanyň esasy “deňiz derwezesi” derejesine laýyk gelýän täze deňiz menzili peýda bolar.
Türkmenbaşydaky täze Halkara deňiz menziliniň taslamasy özünde gämi, ýük we ýolagçy terminallaryň bina edilmegini öz öňünde tutýar. Şunda, gürrüň Merkezi Aziýany Hazar basseýniniň ýurtlaryny Zakawkazýe we Gara deňiz sebitleri bilen birleşdirýän we Türkiýä hem-de Ýewropa ýurtlaryna çykalgasy bolan täze geoykdysady giňişligiň binýadyny tutmak barada barýar. Bu taslama Günorta we Gündogar ugurlar boýunça Hytaý, Hindistan, Pakistan, Aziaý-Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary ýaly, iri ykdysady merkezlere çykalganyň üpjün edilmegini nazarlaýar. Munuň özi has giň möçberli hyzmatdaşlygyň döreýändigini alamatlandyrýar. Bu taslama ählumumy geoykdysadyýetde täzeçil çemeleşme bolmak bilen onuň ösüşiniň uly geljeginiň bardygyny tassyk edýär.
Şeýle hem täze deňiz menziliniň düzümine ýük terminaly, guryýükler terminaly, şeýle hem gämi gurluşygy we gämi abatlaýjy zawodlar girer. Täze deňiz menziliniň tehniki ýagdaýy barada aýdylanda bolsa, ol iň häzirkizaman maksatnama-enjamlaýyn toplumlar, netijeli hem-de howpsuz aragatnaşyk, ýük gatnawlary, şeýle hem daşky gurşawy goramagy üpjün edýän zerur tehnikalar bilen enjamlaşdyrylar. Menziliň çäginde gämileriň hereketine, ähli ulgamlardaky ýük ýüklemek we düşürmek işlerine gözegçilik hemra enjamy arkaly amala aşyrylar. Ol awtomatlaşdyrylan ulgamdan we elektron tehnologiýalaryndan ybarat bolar.
Şu ýylyň dekabr aýynda Halkara deňiz menzilinde onuň nobatdaky düzümleýin desgasynyň—ýolagçylar deňiz menziliniň açylyş dabarasy boldy. Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň buýurmasy boýunça bu ýolagçy menzilini ýerli “Hazar Kenary” hojalyk jemgyýetiniň gurluşykçylary amala aşyrdylar. Binanyň umumy meýdany 800 inedördül metrden gowrakdyr. Onda petek satylýan otaglary bolan garaşylýan zal, sorag-jogap bölümi, pul alyş-çalşy, goşlary saklaýan bölüm, çaýhana, sowgatlyk dükanlar ýolagçylaryň hyzmatynda boar. Mundan başga-da, çagaly ýolagçylaryň dynç almagy üçin ýörite künjek we lukmançylyk otagy göz öňünde tutulypdyr. Binanyň edara ediş we tehiki otaglary ähli zerur tehnikalar bilen enjamlaşdyrylypdyr. 51 metrlik uzanlygy bolan awtomatik basgançak ýolagçylaryň gämä oňaýly münmegini we düşmegini üpjün eder. Menziliň ýanaşyk ýerleri göwnejaý abadanlaşdyrylypdyr.
Giň möçberli maýa goýum taslamasynyň ýerine ýetirilmegi bilen Türkmenbaşy şäherinde täze halkara deňiz menzilinde myhmanhanasy, söwda we güýmenje merkezleri bolan häzirkizaman ýolagçy terminalyny gurmak meýilleşdirilýär. Mundan başga-da. häzirki döwürde adybir adada ýerleşýän Gyzylsuw şäherçesinde we Hazar şäherinde täze menzilleriň gurluşygy alnyp barylýar.
Türkmenbaşynyň deňiz menzilinde türkmen hünärmenleriniň gatnaşmagynda “Çarlak” atly ilkinji ýolagçy gämisiniň gurulmagy ilatymyz üçin buýsanly waka bolup durýar. Häzir 320 ýolagça niýetlenen “Çarlak” gämisi Türkmenbaşy-Gyzylsuw adasy we Türkmenbaşy-Hazar ugurlary boýunça hereket edýär. Şeýle hem bu gämi Türkmenbaşy şäherinden "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyna çenli aralykda syýahatçylar üçin gämili gezelenji amala aşyrýar.
Mundan başga-da, şu ýylda durky täzelenýän deňiz menzili hojalygynyň üsti “Älem”, “Jahan”, “Seýil”, “Gudrat” ýaly tirkeg gämileri bilen ýetirildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we biziň ýurdumyza iş sapary bilen gelen Horwatiýa Respublikasynyň premýer-ministri Zoran Melanowiçiň 5-nji dekabrda ýolagçy gatnatmak, ýük ulaglaryny we beýleki ulag serişdelerini daşamak üçin niýetlenen “RO-PAХ” derejeli “Berkarar” gämisiniň, Horwatiýanyň Pula şäheriniň “ULJANIK” kärhanasynda Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň buýurmasy esasynda gurlan beýleki ulag serişdeleriniň kabul ediş dabarasynyň bolmagy hakykatdan-da taryhy waka öwrüldi. Bu ýurt bilen baglaşylan şertnama laýyklykda Türkmenistan üçin iki gämi gurulmaly, olaryň birinjisi “Berkaradyr”.
“Berkararyň” göwrümi görenleri haýran goýýar. Onuň uzynlygy 155,8 metre, ini 17,5 metre, beýikligi bolsa 12,2 metre barabardyr. Gäminiň birinji we ikinji gatlary ýük ulaglaryna niýetlenendir. Onda uly göwrümli ulaglaryň 53-si ýerleşýär. Bu ýerde ulaglary daşamak üçin ähli amatly şertler döredilipdir.
Täze gäminiň tizligi, öwrülmek ukby ýokary bolup, ol kämil derejede enjamlaşdyrylypdyr. “Berkarar” deňizde uzak wagtlaýyn ýüzüşi amala aşyryp bilýär. Gämide her biriniň kuwwaty 3060 kWt bolan dört derejeli iki sany hereketlendiriji bar. Munuň özi gäminiň tizligini 17,6 uzele ýetirmäge mümkinçilik berýär. “Berkararyň” ýangyç gabynyň mukdary 150 kub metre barabardyr. Bu bolsa 1800 deňiz milini geçmäge mümkinçilik berýär. Gäminiň suwa çöküjiligi 4,35 metrdir. Onuň doly ýük göterijiligi 2400 tonna barabardyr.
“Berkararyň” Türkmenbaşynyň Halkara deňiz menzilinden Azerbaýjan Respublikasynyň Baku portuna, Russiýa Federasiýasynyň Olýa portuna, Eýran Yslam Respublikasynyň Enzeli we Amirabad portlaryna ýük we ýolagçy gatnawlaryny amala aşyrmagy meýilleşdirilýär.
Bu we beýleki ugurlaryň herekete girizilmegi Ýewropa ýurtlaryndan Merkezi Aziýa, Orta we Uzak Gündogara ýük daşaýan ulaglaryň ulanylmagynyň wagtyny düýpli tygşytlamaga, şeýle hem haryt dolanyşygynyň möçberlerini has-da artdyrmaga mümkinçilik berer. Şeýle hem munuň özi deňiz ýoly bilen ýolagçy gatnatmagyň artdyrylmagyny şertlendirer. Bu bolsa Hazarýaka ýurtlaryndan gelýän syýahatçylaryň sanynyň artmagynyň hasabyna "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň ösdürilmegini üpjün eder. Gämi menzillerinde ýokary hilli hyzmatyň ýola goýulmagy ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösmegi, halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlanmagy üçin has-da möhümdir.
2015-nji ýylda Türkmenistanyň buýurmasy esasynda Horwatiýanyň Pula şäherinde gurulýan “RO-PAХ” derejeli “Bagtyýar” gämisiniň Türkmenbaşy şäheriniň deňiz menziline gelmegi meýilleşdirilýär. Munuň özi soňky bäş ýylyň dowamynda Türkmenistana gelen häzirkizaman gämileriniň 16-njysy bolar.
Bu çäreler “2020-nji ýyla çenli Türkmenbaşynyň halkara deňiz menzilini we Türkmen deňiz flotuny ösdürmegiň Baş meýilnamasynyň” yzygiderli durmuşa geçirilýändigini alamatlandyrýar.
Ulag ulgamynda tapgyrlaýyn amala aşyrylýan giň möçberli meýilnamalar ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň düzüminiň döwrebaplaşdyrylmagyny, onuň tehniki taýdan enjamlaşdyrylmagyny üpjün edýär. Ýurdumyzyň içerki we halkara howa ugurlarynda ýolagçy we ýük gatnadylmagyna möhüm orun degişlidir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen işlenip taýýarlanylan “2012-2030-njy ýyllarda Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň milli maksatnamasy” innowasion tehnologiýalaryň, öňdebaryjy tehniki çözgütleriň we dünýäniň oňyn tejribeleriniň ulanylmagyna gönükdirilendir.
Onda täze howa menzilleriniň, terminallaryň, inžener-tehniki desgalaryň gurluşygy göz öňünde tutulýar. Ozal bar bolanlarynyň durkuny täzelemek meýilleşdirilýär Şeýle hem ýokary hünärli işgärleriň taýýarlygy, häzirkizaman uçarlaryň we beýleki tehnikalaryň satyn alynmagy içerki we ykdysady taýdan peýdaly halkara howa gatnawlarynyň açylmagy göz öňünde tutulýar.
Şu maksatnamanyň çäklerinde Aşgabat şäherinde täze halkara howa menziliniň gurluşygy alnyp barylýar. Ol Türkmenistanyň esasy “howa derwezesi”, iri yklymara üstaşyr geçelgesine öwrüler.
2014-nji ýylyň 26-njy martynda milli Liderimiziň gatnaşmagynda türkmen paýtagtynda Halkara howa menziliniň täze toplumynyň ikinji ýolagçy terminalynyň açylyş dabarasy boldy. Ol ýerli ugurlaryň ulgamlarynyň üç bölüminden СIP we halkara ugurlar ulgamlaryndan ybaradyr. Täze terminalyň ähli zallary maglumat tablolary, ýörite görkezijiler bilen üpjün edildi. Ol ýolagçylaryň menziliň içindäki hereketini ýeňilleşdirýär. Şeýle hem olarda mümkinçiligi çäkli bolan adamlar üçin aňrybaş şertler döredildi.
Aşgabat şäheriniň Halkara howa menziliniň ikinji terminalynyň açylan güni türkmen tarapynyň buýurmasy esasynda gurulýan iki uçaryň birinjisi, täze “Boeing 777-200LR” uçary gelip gowuşdy. Onuň ikinjisi 2014-nji ýylyň aprel aýynda geldi. Şu görnüşli howa gämileri 300 we ondan gowrak ýolagça niýetlenendir. Uçuşyň dowamlylygy 15 müň 500 kilometre barabardyr. “Boeing 777-200LR” görnüşli uçarlar dünýäde iň uzak uçuşy ýerine ýetirip bilýär. Onuň uçuş uzynlygynyň 21 müň 601 kilometre baran halaty bar.
Şu ýylyň sentýabr aýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda “Türkmenhowaýollary” Döwlet milli gullugynyň täze halkara howa menziliniň toplumynyň çäginde ýerleşýän edara binasynyň açylyş dabarasy boldy.
Bäş gatly binada merkezi önümçilik-distpeçer gullugy, tehniki bölüm we howa giňişliginde uçarlaryň ornunyň üýtgemegine gözegçilik etmäge niýetlenen ADS-B Flight Radar ulgamy, meýilnamalaşdyryş topary, awia heläkçiligini seljermek üçin enjamlar toplumyny saklamaga niýetlenen desgasy bolan uçuşlaryň howpsuzlygynyň Baş inspeksiýasy, raýat awiasiýasynyň halkara guramasynyň goýberýän neşirleri üçin kitaphana, maslahatlar zaly, “Türkmenhowaýollary” Döwlet milli gullugynyň ýolbaşçylarynyň otaglary we beýlekiler ýerleşdirildi.
Munuň özi häzirkizaman ulag-aragatnaşyk ulgamyny kemala getirmekdäki nobatdaky ädimdir. Ol Türkmenistanyň ykdysady strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Merkezi Aziýanyň üstünden geçýän sebitleýin we sebitara ýollaryň çatrygynda geografik taýdan amatly ýerleşmek bilen, ýurdumyz ägirt uly ykdysady mümkinçiligine eýedir we ony doly durmuşa geçirmäge çalyşýar.
Welaýatlarda ýerüsti düzüm ösdürilýär. Türkmenbatda, Daşoguzda ähli zerur düzümi bolan täze howa menzilleri halkara ülňülerine laýyk derejede gurulýar. Mary şäherinde täze howa menziliniň täze ýolagçy terminaly bina edilýär. Lebap welaýatynyň Atamyrat we Balkan welaýatynyň Garaboguz şäherleriniň howa menzillerini döwrebaplaşdyrmak boýunça giň möçberli işler alnyp barylýar. Howa ulaglary tehnikalaryna seljerme geçirildi. Oňa laýyklykda ýerli ugurlar boýunça 50-den 100 adama çenli ýolagçylara niýetlenen häzirkizaman uçarlary satyn almak meýilleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, “Türkmenhowaýyollary” Döwlet milli gullugy tarapyndan “2012-2030-njy ýyllarda Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň milli maksatnamasy işlenip taýýarlanyldy. Ol 2012-2015-nji ýyllar, 2016-2020-njy ýyllar we 2021-2030-njy ýyllar aralygy boýunça tapgyrlara bölündi.
Ýurdumyzda polat ýollarynyň, halkara ähmiýetli awtoulag ýollarynyň müňlerçe kilometri çekilýär. Täze deňiz we howa menzilleri gurulýar we ozal bar bolanlarynyň durky täzelenilýär. Munuň özi eýýäm durmuşa geçirilen meýilnamalaryň diňe bir bölegidir. Türkmenistanyň tutuş çägini möhüm yklymüsti ulag geçelgesine öwürmek baradaky başlangyç ýurdumyzyň aragatnaşyk düzümini häzirkizaman dünýä ülňülerine çykarmak wezipesini öňe sürýär. Bu işler iň soňky ylmy-tehniki gazananlary ulanmak arkaly amala aşyrylar.
Halkara ülňüleriniň ýokary derejesine laýyk gelýän we ýokary hilli maglumat gatnaşyklaryny üpjün edýän aragatnaşygyň kämil telekommunikasiýa ulgamynyň döredilmegi ýurdumyzyň dünýä bileleşigindäki abraýynyň pugtalanmagyny şertlendirýär. Şeýle hem ol döwletimiziň Merkezi Aziýa sebitinde möhüm baglanyşdyryjy bölüm hökmünde däl, eýsem Gündogaryň we Günbataryň arasynda wajyp maglumat-aragatnaşyk köprüsiniň döredilmegini kesgitleýär.
Häzirki döwürde pudaklaýyn düzümleriň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagy we olaryň köpugurly esasda ösdürilmegi, kämil enjamlaryň we täze işläp taýýarlamalaryň ulanylmagy ýurdumyzda aragatnaşygyň, tele we radio gatnaşyklarynyň, öýjükli ulgamyň köpugurly şahasynyň üstünlikli hereket etmegini şertlendirýär. Resminamalaryň elektron dolanyşygy ulgamy ornaşdyrylýar. Telefon beketleriniň sanly ulgamlarynyň üpjün edilmegi bilen ulgamyň ösdürilmegi aragatnaşygyň ýokary hilli hyzmatlaryny üpjün edýär we giň ugurly internete hem-de maglumatlaryň alşylmagy üçin ýokary tizlikli kanallaryň hereketini ýola goýýar. “Altyn asyr” milli öýjükli aragatnaşyk ulgamy sazlaşykly ösýän abonent ulgamyna öwrüldi. Döwletara telefon gatnaşygyny giňeltmek maksady bilen transmilli optiki-süýümli ulgamlar çekilýär.
Ýokary tizlikli Internete geçmek, LTE tehnologiýasynyň binýadynda ykjam aragatnaşygyň iň soňky 4G ulgamyna birikdirmk işleri alnyp barylýar. Türkmen paýtagtynda we Türkmenbaşy şäherinde, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda aragatnaşygyň simsiz Wi-Fi ulgamy ornaşdyrylýar. Okuw-bilim edaralarynyň internet ulgamyna birikdirilmegi, olaryň multimediýa we okatmagyň interaktiw serişdeleri bilen üpjün edilmegi batly depginlerde dowam edýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýratyn nygtaýşy ýaly, aragatnaşygyň häzirkizaman ulgamynyň, esasan-da aerokosmiki tehnologiýalaryň ulanylmagy ykdysadyýetiň, ylmyň, bilimiň, saglygy goraýşyň we döwlet durmuşynyň beýleki pudaklarynyň innowasion esasda ösdürlmegini nazarlaýan Türkmenistan üçin has-da möhümdir. Milli emele hemranyň älem giňişligine çykarylmagy bu babatda ägirt uly mümkinçilikleri şertlendirer.
26-njy noýabrda Ahal welaýatynda gurlan Türkmenistanyň milli hemra ulgamynyň dolandyryş merkezinde bolanynda milli Liderimiz hemranyň ulanylmagy ilkinji nobatda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde okary tizlikli Internetiň üpjün edilmegini, şeýle hem sanly telegepleşikleriň kämil hilini şertlendirer. Has çetdäki obalary öz içine almak bilen, hemra ulgamy täze aragatnaşyk we dolandyryş ulgamy üçin möhüm şerti emele getirer.
Elektron ulgamynyň hereket etmeginiň anyk mümkinçilikleri milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda ulanylar. Bu wezipäniň çözülmegi ilkinji nobatda Türkmenistanyň ähli künjeklerinde ýaýbaňlandyrylan we döwletimiziň, jemgyýetimziň ähli ugurlaryny öz içine alýan özgertmeleriň çäklerindäki ägirt uly meýilnamalaryň durmuşa geçirilmegini şertlendirer. Aragatnaşyk ulgamy bolsa ykdysadyýetimiziň möhüm ugry bolup durýar.
Biziň ýurdumyzyň ähli künjeklerini iň häzirkizaman optiki-süýüm ulgamlary gurşap aldy. Ýerli telefon belgileriniň artmagy halkara we şäherara aragatnaşyk ugurlarynyň sanynyň ýokarlanmagyny üpjün etdi. Türkmenistanyň çäginden Trans-Aziýa-Ýewropa optiki-süýmli aragatnaşyk ulgamynyň 708 kilometrlik böleginiň geçýändigi has-da möhümdir. Onuň umumy uzynlygy Hytaýyň Urumçi şäherinden Germaniýanyň Frankfurt şäherine çenli bolan aralykda 27 müň kilometre barabardyr. Şeýle hem häzirkizaman optiki-süýümli ulgam ýurdumyzyň ähli sebitlerini paýtagtymyz bilen baglanyşdyrýar.
Milli Liderimiz ýokary tehnologiýalaryň ulanylmagynyň aýratyn möhümdigini bellemek bilen, halk hojalygynyň ähli pudaklaryna resminamalaryň häzirkizaman elektron dolanyşygynyň ornaşdyrylmagyny tabşyrdy. Munuň özi döwlet dolandyryş ulgamyndaky işleriň netijeliliginiň ýokarlanmagyna gönükdirilendir. Maglumatlaryň elektron binýadynyň döredilmegi bilen bir hatarda resminamalaryň dürli ugurlar boýunça hereketini üpjün edýär. Olaryň hatarynda göni monitorda resminamalara elektron esasda gol goýmaga, tabşyryk bermäge ýa-da olary ykjam telefonyň üsti bilen ugratmaga mümkinçilik berýär.
Häzirki döwür—ylmyň we tehnikanyň okgunly ösýän döwri. Häzir jemgyýetiň durmuşyny telearagatnaşyksyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Ýigrimi birinji asyr-- ýokary tizlikleriň we maglumatlaryň ägirt uly akymynyň asyry. Hut şonuň üçinem telekommunikasiýa ulgamlary häzirkizaman maglumat giňişliginde ornuny barha pugtalandyrýar.
Şeýlelikde, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady ösüşiň giň möçberli maksatnamasyna we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan daşary syýasatyna laýyklykda, Türkmenistan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Ýewraziýa giňişliginde ulag-kommunikasiýa ýollaryny, bütin dünýäde bolsa parahatçylyk, dostluk we ylalaşyk köprülerini gurup, dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň häzirkizaman ulgamyna işjeň goşulýar.