V. Nebitgaz toplumy
Türkmenistan ýangyç-energetika toplumynyň giň gerim bilen ösdürilmegine hem-de onuň halkara energetika ulgamyna sazlaşykly goşulyşmagyna gönükdirilen energetika syýasatyny yzygiderli we ynamly ýagdaýda amala aşyrýar. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça şu ugra degişli uly möçberdäki maýa goýumly taslamalaryň birnäçesi öňe sürüldi, bularyň aglabasy türkmen döwletiniň nebitgaz pudagynyň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de ýüze çykarmakda möhüm ähmiýete eýe bolmak bilen çäklenmän, ählumumy energetiki howpsuzlygyň pugtalandyrylmagyna degerli ýardam berýär hem-de Türkmenistanyň halkara energetika bileleşiginiň öňdebaryjylarynyň biri hökmündäki derejesini has-de berkidýändigini görkezýär.
Tamamlanyp barýan ýylda ýangyç-energetika pudagynyň kärhanalary çig mal binýadyny pugtalandyrmak, nebitgaz çykaryjy ulgamyň esasy gaznalaryny tapgyrlaýyn täzelemek, soňky ylmy-tehniki işläp taýýarlamalary we has täze tehnologiýalary göz öňünde tutmak arkaly täze döwrebap senagat toplumlaryny gurmak hem-de nebitgaz ulgamynda belli kompaniýalaryň aglabasy bilen özara peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça giň gerimli işleri amala aşyrdylar.
Ýangyç serişdeleriniň, ilkinji nobatda bolsa, tebigy gazyň eksportuny diwersifikasiýa etmek, ozalkysy ýaly, Türkmenistanyň energetika boýunça strategiýasynyň esasy maksatlarynyň biri bolup durýar. Çünki ýurdumyzyň geografiki taýdan amatly ýerde ýerleşmegi hem-de gazyň uly möçberdäki gorlarynyň bolmagy Ýewraziýa yklymynda ähli ugurlar boýunça diýen ýaly “mawy ýangyjyň” uzak möhletleýin görnüşde iberilmegini guramak üçin oňaýly mümkinçilikleriň bolmagyny üpjün edýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň köp sanly başlangyçlary hut ýurdumyzyň öz mümkinçiliklerinden iş ýüzünde peýdalanmagyna gönükdirilendir, birinjiden, munuň özi Türkmenistanda eksport boýunça örän uly mümkinçilikleriň bar bolmagyna we beýleki tarapdan – iri halkara bazarlarynda energiýa serişdelerine uly isleg bildirilmegine esaslanýar.
8-nji maýda Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda örän uly “Galkynyş” gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň ikinji tapgyryna degişli desgalaryň toplumynyň düýbüniň tutulmagy 2014-nji ýylda şu ugurdaky möhüm ähmiýetli esasy wakalaryň birine öwrüldi.
Mälim bolşy ýaly, bu ýatak öz serişdeleriniň gorlary boýunça “mawy ýangyjyň” täsin galdyrýan ýatagy hasaplanýar. Galyberse-de, bu ýerde nebit ýataklary hem bar. Belli halkara konsalting kompaniýasy tarapyndan geçirilen garaşsyz auditiň netijeleri dünýä derejesinde uly gyzyklanma döretdi.
“Türkmengaz” döwlet konserniniň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde bu ýatagy senagat taýdan özleşdirmeginiň birinji tapgyrynyň çäklerinde bu ýerde ýylda 30 milliard kub metr harytlyk gazy öndürmäge mümkinçilik berýän desgalaryň toplumy guruldy.
Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan uly gaz geçirijisiniň taslamasy boýunça gurluşyga işjeň taýýarlyk görmegiň jemleýji tapgyrynyň amala aşyrylýandygyny göz öňünde tutup aýdanyňda, bu uly möçberli taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň ähmiýeti has-da artýar, çünki “Galkynyş” gaz käni şol gaz geçiriji üçin esasy çig mal çeşmesine öwrüler.
Bu ýatagy senagat taýdan özleşdirmegiň ikinji tapgyryny amala aşyrmagyň çäklerinde agramly böleginiň debiti her gije-gündizde 2 million kub metre barabar bolan guýularyň 70-sini burawlamak, her biriniň kuwwatlylygy harytlyk gazyň 15 milliard kub metrini arassalamaga we taýýarlamaga mümkinçilik berýän esasy desgalaryň ikisini, guýulardan gaz toplaýjy nokatlara çenli gaz geçirijileri, kuwwatlylygy ýylda 5 milliard kub metr çig gaza barabar bolan gaz toplaýjy nokatlaryň 6-syny, tebigy gazy guratmak we agyr elementlerden arassalamak; harytlyk kondensatyň 235 müň tonnasyny işläp çykarmak; jemi 2 million tonna kükürdi öndürmek we gaplamak boýunça birnäçe tehnologik liniýalary gurmak göz öňünde tutulýar.
Bulardan başga-da goşmaça desgalaryň birnäçesi, merkezi dolandyryş pulty, dolandyryş-durmuş maksatly toplum, gaz turbinaly elektrik stansiýa, eksport boýunça niýetlenen, uzynlygy 440 kilometre ýetýän, iki sany gaz gysyjy stansiýaly we geçirijilik ukyby ýylda 30 milliard kub metre barabar bolan gaz geçiriji gurlar. Şeýle hem bu ýerde 2 müň 400 adama niýetlenip ähli düzümi özünde jemleýän wahta şäherçesi gurlar.
Şonuň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda täze senagat desgalary – Hojambaz etrabynda gazy gaýtadan işlemek üçin gurlan “Bagtyýarlyk” zawody hem-de Serdarabat etrabynda gurlan we kuwwatlylygy 149,2 megawatta barabar bolan gaz turbinaly elektrik stansiýasynyň açylyş dabarasy boldy.
Hytaýyň “CNPC” milli nebitgaz korporasiýasy tarapyndan gurlan gazy gaýtadan işleýän “Bagtyýarlyk” zawody Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisine ýetirilýän harytlyk gazyň ýokary hilli bolmagyny üpjün etmek üçin meýilleşdirilen iki sany toplumyň ikinjisidir. Olaryň birinjisi 2009-njy ýylda “Samandepe” ýatagynda ulanmaga berildi.
Transaziýa gaz geçirijisi üçin niýetlenip, tebigy gazyň eksporty çig mal çeşmeleriniň birnäçesinden iberilýär. Bularyň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentligi bilen baglaşylan Önümi paýlaşmak hakyndaky şertnama laýyklykda “CNPC” tarapyndan işlenip taýýarlanýan “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn çäkde ýerleşýän ýataklar bar.
Bu zawod ýylda 8 milliard 670 million kub metr harytlyk gazy öndürmek üçin niýetlenendir. Onuň düzüminde tehnologik liniýalaryň 4-si, gazy toplamak boýunça stansiýa, kondensaty öndürmek boýunça desga we beýlekiler bar. “Altyn asyr” ýataklar toplumy onuň çig mal binýady bolup hyzmat edýär.
Görşümiz ýaly, şu wakalar Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilýändigini äşgär edýän subutnama bolup durýar. XXI asyryň uly taslamasynyň durmuşa geçirilmegi – dünýäde iň uzyn gaz geçirijileriň biri diýlip hasaplanýan Türkmenistan-Hytaý ýangyç geçirijisiniň gurulmagy türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň üstünlige getirýändigini aýdyň görkezýän mysaldyr. Şol gaz geçiriji arkaly Hytaýa her günde “mawy ýangyjyň” onlarça million kub metri iberilýär.
Gazanylan ylalaşyklara laýyklykda, şol transmilli gaz geçiriji arkaly, ýakyn geljekde Hytaý Halk Respublikasyna her ýylda türkmen tebigy gazynyň 65 milliard kub metri iberiler.
Ýeri gelende aýtsak, 27-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow deňizdäki “Magtymguly” ýatagyna baryp, bu ýerdäki platformanyň esasy iş bloklaryny synlady. Munuň özi guýulary burawlamak hem-de deňziň düýbünde ýerleşýän ýangyç çig malyny çykarmak üçin niýetlenen çylşyrymly inženerçilik toplumy bolup durýar.
Hazar deňziniň iri nebit we gaz ýataklarynyň dünýä boýunça sanawyna girizilen ýangyç gorlaryny özleşdirmek Türkmenistanyň ýangyç-energetiki toplumyny ösdürmegiň strategiki ugry bolup durýar. Hut şu ýerde, deňiz ýalpaklygynda we kenar ýaka zolagynda ýakyn onýyllyklarda “gara altynyň” we “mawy ýangyjyň” çykarylýan möçberlerini has-da artdyrmak göz öňünde tutulýar.
Häzirki wagtda bilermenler Hazaryň türkmen bölegindäki umumy gorlarynyň 18,2 milliard tonna şertli ýangyja barabardygyny belleýärler, bu ýerde Önümi paýlaşmak baradaky şertnama esasynda dünýäde belli kompaniýalaryň birnäçesi işleýär. Olaryň arasynda Malaýziýanyň “Petronas” döwlet kompaniýasy bar, ol “Toplum-1” şertnamalaýyn çäge girýän ýataklary işläp taýýarlaýar.
Hususan-da, seýsmiki-gözleg işleriniň toplumy geçirildi, gözleg, baha bermek we ulanyş boýunça guýularyň onlarçasy burawlanyldy, “Magtymguly”, “Diýarbekir” we “Garagol Deňiz” ýaly ýataklar synag-senagat taýdan ulanmaga bermek üçin taýýarlanyldy, bu ýerlerde ýangyç çig malynyň uly gorlarynyň bardygy ýüze çykaryldy. Hazar sebitinde döwrebap deňiz we ýerüsti düzüm, şol sanda deňiz ýalpaklygynda işleri amala aşyrmakda ulnalyýan metal gurluşlary ýygnamak boýunça bölüm guruldy. Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumy üçin ökde hünärmenleri taýýarlamak boýunça netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy.
10-njy aprelde döwlet Baştutanymyz nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary bilen ýörite maslahat geçirdi. Şonda milli Liderimiz ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça möhüm wezipeleri kesgitledi. Bularyň arasyndan nebitgaz pudagyny diwersifikasiýa etmek we uglewodorod serişdeleriniň çykarylýan möçberlerini ýylsaýyn köpeltmek, ýurdumyzda nebiti we gazy gaýtadan işlemek arkaly, uly isleg bildirilýän hem-de dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümleriň öndürilýän möçberlerini artdyrmak bilen bagly wezipeleri görkezmek bolar.
Häzirki wagtda Hazaryň türkmen bölegindäki ýataklary we dünýäde iri “Galkynyş” gaz känini çalt depgin bilen özleşdirmek, “Gündogar-Günbatar” gaz geçirijisiniň hem-de Türkmenistan-Hytaý transmilli ýangyç geçirijiniň dördünji şahasynyň gurluşygyny tamamlamak, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyny amala aşyrmak, geologiýa-gözleg we buraw işleriniň gerimini giňeltmek gün tertibinde durýan wezipeleridir.
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmek maksady bilen, gazyň gaýtadan işlenýän möçberleriniň artdyrylmagyna gönükdirilen işleriň depginini ýokarlandyrmagyň möhümdigini belledi. Hususan-da, tebigy we ugurdaş gazy gaýtadan işleýän – benzini, dizel ýangyjyny we awiasion kerosini, şeýle hem sintetiki nebiti, polietileni we polipropileni öndürmek boýunça desgalary gurmak göz öňünde tutulýar.
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyny we Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodyny mundan beýläk-de tehniki taýdan täzeden üpjün etmek boýunça anyk ädimler kesgitlenildi. Milli Liderimiz munuň çig nebitiň gaýtadan işlenýän möçberleriniň hem-de awtoulaglar üçin A-95 benziniň öndürilýän möçberiniň artdyrylmagyna, A-98 görnüşli benziniň, awtomobil ýollaryndaky işler üçin niýetlenen ýokary hilli bitumyň işlenip çykarylmagynyň ýola goýulmagyna degişlidigini belledi.
Gazhimiýa-türkmen ykdysadyýetiniň täze klasteri bolup durýar. Munuň özi düný- derejesinde örän düýpli we guljegine uly umyt baglanýan ugurdyr, çünki Türkmenistan tebigy gazy has köp möçberlerde öndüriji hasaplanýar. 22-nji aprelde Balkan welaýatynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda täze taslama badalga berlip, Gyýanly şäherçesinde polietilen we polipropilen öndürmek boýunça döwrebap gazhimiýa toplumynyň düýbüniň tutulmagyna bagyşlanan dabara boldy.
Gyýanlydaky dabarada çykyş eden mahalynda döwlet Baştutanymyz türkmen topragynda tebigy baýlyklaryň örän uly goralyrynyň bardygyny belledi. Ýurdumyz tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda Türkmenistan energiýa serişdelerini öndürmek ýa-da eksport etmek bilen çäklenmän, häzirki döwürdäki ýagdaýlara laýyklykda, innowasion tehnologiýalary ulanmak esasynda ýokary öndürijilikli pudagy döredýär.
Bahasy ABŞ-nyň 3 milliard 432 million dollaryndan gowrak bolan bu taslama “TOYO Engineering” (Ýaponiýa) kompaniýasy hem-de “LG International Corporation” we “Hyundai Engineering Corp. Ltd” (Koreýa Respublikasy) kompaniýalarynyň konsorsumy bilen bilelikde amala aşyrylar. 2013-nji ýylyň sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýa resmi saparynyň çäklerinde “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan degişli şertnama gol çekildi. Döwrebap enjamlar bilen üpjün ediljek toplumyň önümçilik kuwwatlylygy ýylda 386 müň tonna polietilene, 81 müň tonna polipropilene barabar bolar.
Dünýä bazarlarynda granulirlenen polipropilene uly isleg bildirilýär. Ol polimer plýonkasyny, emeli süýümi, list görnüşindäki örän berk termoplastlary we degişlilikde dürli görnüşdäki polimer önümlerini – turbalary, ýüpi, örän berk tanaplary, awtomobiller üçin filtrleri, şeýle hem dürli geýimleri we mebeli, gaplaýjy materiallary hem-de azyk önümleri üçin gaplary öndürmek üçin ulanylýar. Toplumyň beýleki önüminiň – polietileniň hem eksport babatdaky mümkinçilikleri örän oňat diýlip hasaplanýar. Şonuň esasynda dürli turbalaryň we köpçülikleýin isleg bildirilýän harytlaryň işlenip çykarylmagyny ýola goýmak bolar.
Şeýlelikde, Türkmenistan tebigy gazyň has çuňňur we toplumlaýyn görnüşde gaýtadan işlenmegini, eksport boýunça gazy gaýtadan işlemek arkaly taýýarlanan önümleriň paýynyň artdyrylmagyny ugur edinip, tebigy gaz we çig nebit ýaly ilkinji energiýa serişdeleriniň bazaryndaky ornuny pugtalandyrmak bilen çäklenmän, gymmatly polimer önümleriniň has girdejili bazarynda mynasyp orny eýelär.
Maý aýynyň ahyrynda bolsa, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynda umumy bahasy ABŞ-nyň 2,5 milliard dollaryndan geçýän karz barada Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk banky, Koreýanyň eksport-import banky hem-de Ýaponiýanyň, Germaniýanyň, Fransiýanyň, Koreýanyň, Hytaýyň, Italiýanyň, Awstriýanyň we Şweýsariýanyň Gyýanly şäherçesinde polietilen we polipropilen öndürmek boýunça täze gazhimiýa topluimynyň gurluşygyny maliýeleşdirmäge gatnaşýan maliýe institutlarynyň Sindikaty bilen ylalaşyklara gol çekilmegine bagyşlanan dabara boldy.
Maýyň soňky ongünlüginde "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen V Halkara gaz kongresinde we muňa gabatlanan pudaklaýyn nebitgaz sergisinde Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmekde gazanylan netijeler we ýagdaýlar äşgär edildi. Foruma dünýäniň 40-a golaý ýurdundan wekiller – ministrlikleriň we ugurdaş pudak edaralarynyň, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň, abraýly halkara guramalarynyň ýolbaşçylary, alymlar we bilermenler, Amerikada, Ýewropada we Aziýada ýerleşýän ýurtlaryň öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalarynyň 125-siniň, daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Kongresde gaz pudagyndaky halkara hyzmatdaşlygy, ýangyç ýataklarynyň özleşdirilmegine, gaz ibermek boýunça düzümiň we gazy gaýtadan işleýän senagatyň ösdürilmegine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek ýaly, häzirki wagtda möhüm ähmiýete eýe bolan meseleler giňden ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şonda ýangyç-energetika toplumynda amala aşyrylýan taslamalaryň ekologmýa degişli ugruna, şeýle hem energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna iberilmeginiň ygtybarlylygynyň we durnuklylygynyň üpjün edilmegine degişli meselelere aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ählumumy energetika howpsuzlygynyň döwrebap gurluşynyň döredilmegine gönükdirilen halkara başlangyçlarynyň möhüm ähmiýete eýedigi nygtaldy.
Forum Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda amala aşyrylýan taslamalara uly gyzyklanma bildirilýändigini hem-de dünýäniň belli kompaniýalarynyň şol taslamalaryň amala aşyrylmagyna gatnaşmak isleýändigini äşgär etdi. Hususan-da, dünýäde iri “Galkynyş” gaz ýatagyny abadanlaşdyrmak, Hazar deňzindäki ýataklary özleşdirmek, Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň dördünji şahasyny hem-de diňe bir Aziýa sebitinde däl-de, tutuş dünýäde ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine güýçli itergi berip biljek Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisini gurmak bilen bagly bolan giň gerimli taslamalar barada gürrüň gidýär.
Şeýle hem forumyň işiniň çäklerinde ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylarynyň beýleki ýurtlaryň energetika boýunça edaralarynyň ýokary wezipeli wekilleri we daşary ýurtly telekeçiler bilen işjeň duşuşyklarynyň barşynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Gepleşikleriň barşynda özara peýdaly hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça bellenilen täze üümkinçilikler ýurdumyzyň gaz senagatynyň kuwwatly mümkinçiliklerinden türkmen döwletiniň, şeýle hem tutuş halkara bileleşiginiň bähbitleri üçin sazlaşykly peýdalanylmagyna ýardam berer.
Şu synymyzy dowam edip, 26-njy awgustda Türkmenistanyň ykdysady strategiýasyny üstünlikli amala aşyrmagyň ýolunda nobatdaky möhüm ädimiň ädilendigini hem-de ýurdumyzyň baý uglewodorod serişdelerinden doly möçberde peýdalanmak şol strategiýanyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belläsimiz gelýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Ahal welaýatynda tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň düýbüniň tutulmagyna bagyşlanan dabara boldy, bu zawod Owadandepede gurlar.
Türkmen döwletiniň Baştutany dabarada çykyş edende, biziň esasy maksadymyzyň Bitarap Türkmenistany dünýäniň senagat taýdan ösen döwletleriniň birine öwürmekden ybaratdygyny hem-de şunda milli ykdysadyýetiň difersifikasiýa edilmegine aýratyn üns berilýändigini belledi.
Dünýäniň işewürlik toparlarynyň belli wekilleri hasaplanýan “Kawasaki” ýapon kompaniýasy we “Rönesans Holding” türk kompaniýasy bilen bilelikde amala aşyrylýan täze maýa goýumly taslama muňa aýdyň mysal bolup biler. Daniýanyň “Haldor Topsoe” kompaniýasynyň täze tehnologiýalary bilen üpjün ediljek kärhana her ýylda tebigy gazyň 1 milliard 785 million kub metrini gaýtadan işlär hem-de Euro-5 standarty boýunça ekologiýa babatda bildirilýän ýokary talaplara laýyk gelýän A-92 görnüşli benziniň 600 müň tonnasyny işläp çykarar. Taslamanyň umumy bahasy ABŞ-nyň 1 milliard 700 million dollaryna barabardyr. Bu taslama ýapon tarapynyň maýa goýumlarynyň we “Türkmengaz” Döwlet konserniniň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylar. Zawod 2018-nji ýylda ulanmaga berler, munuň özi täze iş orunlarynyň müňe golaýyny döretmäge mümkinçilik berer.
Döwlet Baştutanymyz bu iri senagat desgasynyň dünýäde tebigy gazy gaýtadan işlemek esasynda ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa benzini öndürýän ilkinji gazhimiýa toplumy boljakdygyny belledi.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň ekologiýa degişli meselä aýratyn üns berýändigini bellemek gerek. Çünki daşky gurşawy goramak, ýurdumyzda tebigy serişdeleri aýawly ulanmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Ykdysady we durmuş ulgamlaryndaky giň gerimli milli özgertmeler maksatnamalarynyň ählisi adamlaryň ýaşaýşynyň oňaýly bolmagynyň möhüm şerti hökmünde ekologiýa bilen örän içgin baglydyr.
9-njy sentýabrda Aşgabatda “tegelek stoluň” başynda geçirilen türkmen-rus duşuşygy ýangyç-energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki mümkinçiliklerine bagyşlandy. Foruma Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň ugurdaş institutlarynyň, ”Sokolkowo” innowasion önümçilik gaznasynyň wekilleri, şeýle hem birnäçe kompaniýalaryň we kärhanalaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyna pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary we hünärmenleri wekilçilik etdiler.
Duşuşyga gatnaşyjylar “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyny” durmuşa geçirmegiň barşyna, düzüme degişli täze desgalaryň gurluşygyna, nebite we gaza baý täze, önümli gatlaklary ýüze çykarmak boýunça gözleg-agtaryş işleriniň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna degişli meselelere aýratyn üns berdiler. Daşarky bazarlarda şu segmente degişli önüm babatda bildirilýän islegiň artýandygy göz öňünde tutulyp, dünýäniň we türkmen nebit we gaz himiýasyna mahsus ýagdaýlar, nebitgaz önümçiliginiň dürli ugurlarynda innowasiýalary ulanmagyň ykdysady netijeliligi seljerildi hem-de bilelikde işlemek boýunça has möhüm ugurlar, tejribä degişli maksatlaýyn ylmy barlaglar we tehnologik taslamalar kesgitlenildi.
Ertesi gün bolsa, Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň Ylmy-barlag institutynda Bütindünýä bankynyň howandarlyk etmeginde Ýewropa we Orta Aziýa boýunça ugurdaş nebit gazynyň ýakylýan möçberlerini azaltmak babatda hususy we döwlete degişli bölekleriniň arasyndaky Ählumumy hyzmatdaşlygyň V Maslahaty (GGFR) geçirildi. Oňa daşary ýurtlaryň köp sanly wekiliýetleri -- Russiýanyň, Beýik Britaniýanyň, Kanadanyň, Norwegiýanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Azerbaýjanyň, Bütindünýä bankynyň, esasy ylmy-barlag institutlarynyň birnçäseiniň, şeýle hem ýurdumyzda işleri amala aşyrýan daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Foruma gatnaşyjylaryň çykyşldarynda dürli ýurtlarda ugurdaş nebit gazyndan rejeli peýdalanmagyň strategiýasy, fakel gazlaryny gaýtadan ulanmak we olary oňaýly görnüşde täzeden işläp taýýarlamak boýunça taslamalary amala aşyrmak arkaly toplanan tejribe, nebit kompaniýalarynyň işiniň daşky gurşawa ýetirýän täsirini azaltmak, ugurdaş gazy ýakmak, uglewodord gazlaryny gaýtadan işlemek boýunça geljegine uly umyt baglanýan ugurlar ýaly meseleler orta atyldy. Şu meseläniň ekologiýa degişli ugruny ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda hünärmenler Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tebigaty goramak boýunça milli, şeýle hem sebit we ählumumy derejedäki meseleleriň çözülmegine gönükdirip ýöredýän syýasatyna ýokary baha berdiler.
18-20-nji noýabrda “Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2014” atly halkara sergi we “Türkmenistanyň nebitgaz senagatynda halkara hyzmatdaşlyk: ösüşiň täze belentlikleri, mümkinçilikleri we geljege nazar” atly 19-njy halkara maslahat geçirildi. Şu ýylda pudaklaýyn foruma gatnaşmak üçin Aşgabatda esasy daşary ýurt nebitgaz we serwis kompaniýalarynyň, iri halkara guramalarynyň, 49 ýurtdan dürli döwlet düzümleriniň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň wekilleri ýygnandy.
Sergi köşgüniň zallarynda önümler hem-de uglewodorod çig malyny gözlemek, işläp çykarmak we ibermek, çuň burawlamak, deňizde gözleg işlerini geçirmek we Hazardaky taslamalary amala aşyrmak üçin kenarda zerur düzümi gurmak, hereket edýän ýangyç geçirijileri döwrebaplaşdyrmak we täze ýangyç geçirijileri gurmak, nebiti we gazy gaýtadan işlemek boýunça kuwwatlyklary ösdürmek, nebit we gaz çykarylýan guýularyň önümliligini artdyrmak boýunça hyzmatlar bilen giňişleýin tanyşdyryldy. Halkara maslahatynda, hususan-da, türkmen energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna iberilmegini mundan beýläk-de diwersifikasiýa etmek, Türkmenistanyň nebitgaz spenagatynyň ösdürilmegine maýa goýumlaryny gönükdirmek, ýangyç-energetika toplumynda ulanylýan innowasion tehnologiýalar barada pikir alşyldy.
Şu forumy häsiýetlendirmek bilen, şol günlerde türkmen paýtagtynyň halkara derejesinede giň gerimli gepleşikleriň geçirilýän ýerine öwrülendigini aýtmak gerek, şunda energiýa serişdeleriniň ählumumy bazarynyň ösdürilmegine, energetika boýunça goşulyşylmagyna we howpsuzlyga degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Forumyň çäklerinde geçirilen netijeli duşuşyklaryň, türkmen ýangyç-energetika toplumynyň we dünýäniň nebitgaz boýunça işewür toparlarynyň wekilleri tarapyndan beýan edilen täze taslamalaryň we teklipleriň eýýäm ýakyn wagtda täze şertnamalara öwrülip, düzüme degişli desgalaryň gurulmagyna hem-de özara peýdaly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýardam berjekdigi şübhesizdir.
Şol günlerde Aşgabatda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasy boýunça Ýolbaşçy komitetiň, “TAPI Ltd.” direktorlar geňeşiniň, Tehniki iş toparynyň mejlisiniň hem-de Tranzaksion geňeşiniň hyzmatlary baradaky Ylalaşyga goşulýan taraplaryň duşuşygy boldy, bulara gatnaşanlar bilelikdäki işe badalga berilmegine gönükdirilip, ozal baglaşylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilmegine degitşli meseleleriň birnäçesini ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, TOPH taslamasyny amala aşyrmak boýunça taýýarlyk işleriniň dolulygyna tamamlanandygy göz öňünde tutulyp, 2015-nji ýylyň fewralynyň başyna çenli hyzmatdaşlara baha bermek we saýlap almak boýunça goşmaça geňeşmeleri geçirmek barada çözgüt kabul edildi. Şondan soňra, Ýolbaşçy komitet “TAPI Ltd.” konsorsiumynyň liderini kesgitlemek boýunça halkara bäsleşigini yglan eder.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň energetika we ykdysady taýdan özara peýdaly taslama bolmak bilen çäklenmän, syýasy taýdan uly ähmiýete eýe bolup durýan jebisleşdiriji ýagdaýdygyny hem-de onuň halkara energetika giňişliginde, diýmek, uly geosyýasatda döwletleriň bähbitleriniň utgaşdyrylyp we bir-birine laýyk getirilip bilinjekdigini tassyklaýandygyny belledi. Şu taslama oýlanyşykly çemeleşilen ýagdaýynda, esasy maksada ýetip bolýandygyny – önüm öndürijileriň, energiýa serişdelerini üstaşyr geçirijileriň we sarp edijileriň bähbitleriniň deňeçerligini üpjün etmegiň başardýandygyny aýdyň görkezýän subutnamadyr. Eýýäm häzirki wagtda onuň geljekde Merkezi we Günorta Aziýadaky hem-de ýanaşyk sebitlerdäki umumy ýagdaýa hem-de yklymda hojalyk gatnaşyklarynyň tutuş ulgamynyň durnuklylygynyň saklanmagyna oňyn täsirini ýetirmäge ukyplydygyny ynamly aýtsa bolar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Owganystanyň, Hindistanyň we Pakistanyň nebitgaz edaralarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklarynyň barşynda gurluşyga girişmek üçin eýýäm taýýar edilen TOPH gaz geçirijisiniň taslamasynyň çalt durmuşa geçirilmegine uly gyzyklanma bildirilýändigi tassykdanyldy. Bulardan başga-da türkmen döwletiniň Baştutanynyň Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet nebit kompaniýasynyň (SOCAR) we “Itera” (Russiýa) halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklarynyň barşynda ýangyç-energetika toplumy boýunça hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň energiýa serişdelerini örän köp möçberlerde iberiji hökmünde halkara energetika howpsuzlygynyň üpjün edilmegine gatnaşmagy türkmen diplomatiýasynyň möhüm ähmiýet berýän ugry bolup durýar. 9-njy dekabrda Aşgabatda Energetiki Hartiýanyň “Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi” atly halkara maslahatynyň geçirilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Oňa abraýly halkara guramalarynyň, hususan-da, Energetiki Hartiýanyň, Ýewropada howpsuzllyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň, BMG-niň Ýewropa Ykdysady Toparynyň, Bütindünýä söwda guramasynyň, Ykdysady hyzmatlaşlyk guramasynyň wekilleri, ugurdaş pudaklaryň ministrleri, energetika kompaniýalarynyň, döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri gatnaşdylar.
Türkmen döwletiniň Baştutanynyň başlangyjy boýunça ýokary derejede guralan bu duşuşyk energetika boýunça halkara derejesindäki hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine we pugtalandyrylmagyna, dünýä energetikasyny ösdürmegiň, ählumumy yzygiderli ösüşiň möhüm ähmiýetli ýagdaýy hökmünde ählumumy energetiki howpsuzlygy üpjün etmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin hil taýdan täze usulyň döredilmegine gönükdirilendir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow forumda çykyş edip, energetika pudagynda giňden we gyzyklanma bildirip hyzmatdaşlyk etmegiň XXI asyrda dünýädäki işleri durnukly we depginli alyp barmagyň esasy şerti bolup durýandygyny belledi. Bu işleriň geljekde nähili boljakdygy, energetika giňişliginiň haýsy ýörelgeler esasynda dörediljekdigi, onuň howpsuzlygy we durnukly ýagdaýy köp babatda uzak geljege niýetlenen ählumumy ösüşiň umumy ugurlaryny kesgitlär.
Milli Liderimiz Türkmenistanyň energetika strategiýasynyň energiýa serişdeleririni köpugurlar boýunça ibermegiň, bularyň geografiýasynyň giňeldilmeginiň, energetika boýunça halkara derejesindäki ýagdaýlara gatnaşamaga gyzyklanma bildirýän has köp ýurtlaryň çekilmeginiň ýörelgesine esaslanýandygyny belledi . Soňky ýyllarda Türkmenistandan Hytaýa gaz geçirijileriň üçüsi guruldy. Eýrana ikinji gaz geçirijiniň taslamasy üstünlikli durmuşa geçirildi. Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyna taýýarlyk işleri tamamlandy we esasy görkezijileri ylalaşyldy. Türkmen energiýa serişdelerini Günbatar ugry boýunça ibermegiň mümkinçiliklerine hem jikme-jik we gyzyklanma bildirilip seredilýär. Şunda biziň ýurdumyz energiýa serişdeleriniň netijeli ulanylmagyna we bu serişdeleriň tygşytlanmagyna, energiýanyň täzeden dikeldilýän çeşmeleriniň ulanylmagyna, şeýle hem ekologiýanyň deňeçerliginiň saklanmagyna degişli meselelere aýratyn üns berilýär.
Döwlet Baştutanymyz: “Häzirki döwürde dünýä ykdysadyýetiniň yzygiderli ösüşi energetika pudagynyň durnukly bolmagyna baglydyr. Bu bolsa, şol pudakda döwletleriň alyp barýan işlerinde täsirli, halkara hukugynyň ýörelgeleri esasynda berkidilen usullaryň möhümdigini aňladýar” diýip belledi.
Forumdaky çykyşlarynda, şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen geçirilen ikitaraplaýyn duşuşyklaryň barşynda Energetiki Hartiýanyň Baş sekretary jenap Urban Rusnak, Horwatiýa Respublikasynyň ykdysadyýet ministri jenap Iwan Wrdolýak, Ermenistan Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministri Erwand Zaharýan, ÝHHG-niň ykdysady we ekologiýa işleriniň meseleleri boýunça utgaşdyryjysy jenap Ýurdakul Ýigitguden, Bütindünýä bankynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça wise-prezidenti hanym Lora Tak Türkmenistanyň ählumumy ösüşe degişli meseleler boýunça eýerýän netijeli garaýşyna ýokary baha berdiler.
Foruma energetika pudagyny ösdürmegiň derwaýys meseleleriniň tutuş toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy we şonuň bilen baglylykda Türkmenistana sebitde we yklymda energiýa babatda möhüm ähmiýetli ýurt hökmünde garaldy.
Şol günler Aşgabatda halkara bilermenler toparynyň birinji duşuşygy geçirilip, onuň gün tertibine ählumumy energetiki hyzmatdaşlygynyň dürli ugurlaryna degişli toplumlaýyn halkara-hukuk resminamasynyň işlenip taýýarlanmagy bilen bagly meseleler goşuldy. Şu duşuşyk Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 67-nji mejlisinde kabul edilen "Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň hyzmaty hakyndaky” Rezolýusiýa bilen baglylykda geçirildi.
Bilermenleriň toparynyň işine BMG-niň Türkmenistandaky wekilleri, Energetiki Hartiýanyň Sekretariatynyň, halkara guramalarynyň we agentlikleriň, daşary ýurtlaryň we Türkmenistanyň hökümet edaralarynyň işgärleri, halkara bilermenler gatnaşdylar. Maslahatyň barşynda energetika ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygy boýunça ulanylýan mehanizmleri kämilleşdirmegiň mümkinçiliklerine, döwletleriň energiýa serişdeleriniň halkara bazarlaryndaky işleriň anyk we aýdyň ýörelgeleriniň kesgitlenmegine aýratyn üns berildi.
Halkara bilermenler toparyna goşulýanlar bu duşuşygyň netijelerini jemläp, Jarnama kabul etdiler hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň BMG-niň howandarlyk etmeginde köptaraplaýyn we toplumlaýyn resminamany işläp taýýarlamak baradaky başlangyjynyň mundan beýläk-de amala aşyrylmalydygyny hem-de şol resminamanyň häzirki döwürde halkara hukugy boýunça ählumumy ykrar edilden kadalary hem-de döwletleriň we halkara guramalarynyň şu ugurda toplan tejribesini göz öňünde tutmak arkaly, energiýa serişdelerini öndürijileriň, üstaşyr geçirijileriň we sarp edijileriň hukuklarynyň we borçlarynyň tutuşlygyna dürs düzgünleşdirilmegini üpjün etjekdigini bellediler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň energetika babatda özüniň örän uly mümkinçiliklerinden diňe bir milli bähbitler üçin ulanylmagyna gyzyklanma bildirmek bilen çäklenmän, ony ýer ýüzündäki halklaryň ösüşiniň we abadançylygynyň, ählumumy durnuklylygyň we howpsuzlygyň pugtalandyrylmagynyň hatyrasyna ulanmaga taýýardygyny belledi. Türkmen Lideriniň energiýa serişdeleriniň eksportunyň diwersifikasiýa edilmegine hem-de şol serişdeleri dünýä bazarlaryna köp ugurlar boýunça ýetirilmegine degişli taslamalaryň amala aşyrylmagyna gönükdirilen çuuňňur oýlanyşykly energetika syýasaty hut şol maksada ýetirilmegine gönükdirilendir.
Şeýlelikde, taryha gadam goýýan 2014-nji ýyl Türkmenistanyň uglewodorod serişdeleriniň örän uly gorlaryna eýe bolup durýan ýurtlaryň biri bolmak bilen, ekologiýa taýdan has arassa tebigy gazy ygtybarly iberýän ýurt hökmünde dünýä derejesindäki ornuny ynamly pugtalandyrmak arkaly, ählumumy energetika howpsuzlygy üpjün etmek boýunça halkara bileleşigini jebisleşdirýän merkeze öwrülýändigini äşgär etdi.