Ï Dekabr-2014: milli Liderimiziň daşary syýasata degişli başlangyçlarynyň ugruna eýermek arkaly
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Dekabr-2014: milli Liderimiziň daşary syýasata degişli başlangyçlarynyň ugruna eýermek arkaly

view-icon 6349
Geçen dekabr Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe oňyn özgertmeleriň ugry bilen ynamly gadam urýan döwrebap türkmen döwletiniň täze taryhynda, hakykatdan-da, möhüm ähmiýetet eýe bolan 2014-nji ýyly özboluşly görnüşde jemledi. Netijeli işjeň duşuşyklaryň onlarçasynyň geçirilmegi, köpsanly daşary ýurt wekiliýetleriniň saparlary, iri halkara forumlarynyň we sergileriň guralmagy – bularyň ählisi ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň milli Liderimiziň başlangyjy boýunça “açyk gapylar” syýasatyny hem-de deňhukuklylyga we özara bähbitlilige mahsus ýörelgeler esasynda guralýan giň döwletara hyzmatdaşlygyny durmuşa geçirmek boýunça netijeli işleýändigini aýdyň görkezýän subutnama öwrüldi.

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň Türkmenistana resmi saparynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy hem-de Gazagystan Respublikasynyň eksport we maýa goýumlary boýunça “Kazneks Inwest” Milli agentligi tarapyndan guralan türkmen-gazak işewürlik forumynyň netijeli bolandygyny aýtmak gerek. 1-nji dekabrda paýtagtymyzdaky “Mizan” işewürlik merkezinde geçirilen foruma gatnaşmak üçin Aşgabada dostlukly ýurduň hökümetiniň düzümleriniň, pudak edaralarynyň, orta we kiçi telekeçiligiň wekillerinden ybarat bolan uly wekiliýeti geldi.

Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanda gazak maýa goýumynyň gatnaşmagynda kärhanalaryň 30-dan gowragy hereket edýär. Taraplar köp ugurlar, hususan-da, ýangyç-energetika toplumy, ulag-aragatnaşyk ulgamy, maşyn gurluşygy, gurluşyk serişdelerini öndürmek, himiýa we dokma senagaty boýunça hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmegi dowam edýärler.

Şunuň bilen birlikde, bilim, ylym hem-de medeniýet, syýahatçylyk we sport, şeýle hem doganlyk iki halkyň bähbitlerine kybap gelýän beýleki ugurlar boýunça gumanitar gatnaşyklary has-da pugtalandyrmagyň möhümdigi bellenildi.

Gazagystanly myhmanlaryň Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri, telekeçiler bilen ikitaraplaýyn duşuşyklarynyň barşynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň hem-de bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagyň geljegi has anyk ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şol günler taryhy waka -- sebitdäki ýurtlaryň ykdysady ösüşine we birek-birege has-da ýakynlaşmagyna ýardam berjek “Türkmenistan-Gazagystan-Eýran” halkara demir ýolunyň ulanmaga berilmegi mynasybetli, Türkmenistanyň Merkezi banky täze gymmatlyklary – hümmeti 50 manatlyk altyn we kümüş şaýy pullaryny, şeýle hem bu ýadygärlik şaýy pullaryndan ybarat bolan toplumy çykardy.

2-3-nji dekabrda türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan guralan “Energiýanyň dikeldilýän çeşmelerini ulanýan innowasion tehnologiýalar” atly halkara ylmy maslahat üstünlikli geçirildi. Ýurdumyzyň paýtagtynda guralan bu iri foruma gatnaşmak üçin dünýäniň 14 sany ýurdundan köpsanly wekiliýetler, şol sanda Russiýanyň, Ýaponiýanyň, Koreýanyň, Fransiýanyň, Bolgariýanyň, Latwiýanyň, Eýranyň we beýlekileriň ylmy toparlarynyň wekilleri geldiler.

Türkmen alymlarynyň awtoulag kärhanalarynda gün energiýasyny ulanmagyň mümkiçnilikleriniň, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerinden peýdalanmagyň ykdysady netijeliligine, energiýanyň alternatiw çeşmeleri üçin özbaşdak ulgamlaryň işlenip taýýarlanmagyna hem-de möhüm ylmy meselelere bagyşlanan çykyşlary aýratyn täsir döretdi.

BMG-niň Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetleri boýunça ýörite maksatnamasynyň “Kommunikasiýa mümkinçiliklerini gowulandyrmak: “Owganystany özgertmegiň onýyllyklarynyň” üstünligine SPEKA-nyň möhüm goşandy” atly ykdysady forumyň geçirilmegi dekabr aýyndaky möhüm wakalaryň birine öwrüldi. Duşuşyga BMG-niň dürli düzümleriniň, Ýewropa Bileleşiginiň, ÝHHG-niň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň, Ýewraziýanyň Ösüş bankynyň, ABŞ-nyň halkara ösüş boýunça agentliginiň (ÝUSAID) , sebit we halkara guramalarynyň birnäçesiniň, şeýle hem Azerbaýjan Respublikasynyň, Owganystan Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň we beýlekileriň wekiliýetleri gatnaşdylar.

Forumyň çäklerinde geçirilen mejlisleriň barşynda BMG-niň Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetleri boýunça ýörite maksatnamasynyň sebitde kommunikasion mümkinçiliklerini gowulandyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany boýunça Ykdysady we Durmuş toparlarynyň barlaglary baradaky çykyşlar diňlenildi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça gurlan Gazagystan-Türkmenistan-Eýran transmilli demir ýolunyň ähmiýetine aýratyn üns berildi, bu demir ýol Merkezi Aziýadaky ýurtlaryň we goňşy sebitleriň arasyndaky ykdysady hem-de söwda hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä ýetirmäge ýardam berer.

Soňra Türkmenistanda BMG-niň Ýewropa ykdysady toparynyň hem-de BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany boýunça Ykdysady we Durmuş toparlarynyň guramaçylyk taýdan we olaryň bilermenleriniň ýardam bermeginde, BMG-niň Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetleri boýunça ýörite maksatnamasynyň Ýolbaşçy geňeşiniň IX mejlisi geçirildi.

Şonda maksatnamanyň suw-energiýa serişdelerini rejeli ulanmak, daşary söwdany giňeltmek we gümrükdäki amallary ýönekeýleşdirmek, ulag düzümini kämilleşdirmek, ekologiýany ileri tutýan ykdysadyýeti ösdürmek ýaly möhüm ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň wajyp usuly bolup durýandygy bellenildi.

Dekabryň birinji ongünlüginde Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahanada ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek boýunça Aşgabat Jarnamasynda 2014-2020-nji ýyllar üçin kesgitlenen wezipeleri ýerine ýektirmek boýunça Milli strategiýany amala aşyrmak meselelerine bagyşlanyp amaly maslahat geçirildi. BMG-niň abraýly halkara düzümleriniň – Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň, UNISEF-iň, BMG-niň Ilat gaznasynyň (UNFPA), Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, şeýle hem jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda guralan bu forum 2013-nji ýylyň dekabrynda “Saglyk-2020” syýasatynyň kadalary bilen baglylykda, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek boýunça Ýewropanyň ministrleriniň türkmen paýtagtynda maslahatyň geçirilmegine bagyşlandy, şunda Ýewropa sebitindäki ýurtlaryň, şol sanda Türkmenistanyň tagallalaryny birikdirmek arkaly, adamlaryň saglygynyň goralmagyna degişli ählumumy meseleleriň çözülmegi boýunça möhüm ädim ädildi.

Şu maslahatyň çäklerinde ýurdumyzda kabul edilen Milli strategiýanyň çäklerinde ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek boýunça geçirilýän köpugurly işiň netijelerine garaldy hem-de öňde durýan wezipeleri berjaý etmek üçin geljekki bilelikdäki hereketler ara alnyp maslahatlaşyldy.

5-nji dekabrda Moskwadaky Gündogaryň döwlet muzeýinde Türkmenistanyň Döwlet şekillendiriş sungaty muzeýinde saklanýan eserleriň “Türkmen kalbynyň owazlary” atly sergisiniň açylyş dabarasy boldy. Munuň özi iki ýurduň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň işjeň häsiýete eýedigini aýdyň görkezýän mysala öwrüldi.

8-nji dekabrda Daşary işler ministrliginde Latwiýa Respublikasynyň Ykdysadyýet ministrliginiň döwlet sekretary, Ykdysady, senagat, ylmy we tehniki hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-latyş toparynyň Latwiýa tarapyndan başlygy jenap Martinş Lazdowskis tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän wekiliýet bilen duşuşyk boldy. Duşuşugyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň möhüm meselelerini, hususan-da, 2018-nji ýylda Latwiýanyň Ýewropa Bileleşiginde başlyklyk etmegi bilen baglylykda, Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň özara arkalaşykly hereketini işjeňleşdirmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şol gün daşary syýasat edarasynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistandaky täze Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Halid Bin Faýsal Al-Sahli bilen duşuşyk boldy. Taraplar Türkmenistanyň we Saud Arabystany Patyşalygynyň arasyndaky syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň ýokary derejä ýetirilendigini hem-de şertnamalaýyn-hukuk binýadyny we iki ýurduň işewür toparlarynyň hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň möhümdigini belläp, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda halkara guramalarynyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmegine özara gyzyklanma bildirilýändigini nygtadylar.

8-nji dekabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Bütindünýä bankynyň Aşgabada gelen wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi, bu wekiliýete bankyň Ýewropa we Merkezi Aziýa sebiti boýunça wise-prezidenti hanym Lora Tak ýolbaşçylyk etdi. Myhman Türkmenistanda bolup geçýän ykdysady özgertmelere oňyn baha berip, Bütindünýä bankynyň hususy telekeçilige goldaw berilmegine gönükdirilip amala aşyrylýan taslamalaryň we maksatnamalaryň çäklerinde bilelikde işlemäge taýýardygyny belledi.

9-njy dekabrda türkmen paýtagtynda Energetiki Hartiýanyň “Energiýa serişdelerini üstaşyr geçirmek: meseleler we peýdalar” atly forumy üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça geçirilen forumyň işine gatnaşmak üçin Energetiki Hartiýa, Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasy, BMG-niň Ýewropa ykdysady topary , Bütindünýä söwda guramasy, Täzeden dikeldilýän energiýa boýunça halkara agentligi, Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasy, Bütindünýä banky ýaly iri halkara guramalarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylary we bilermenleri, dünýäniň 30-dan gowrak ýurdundan energetiki kompaniýalaryň, döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri çagyryldy.

Foruma gatnaşyjylar energiýa serişdeleriniň üstaşyr geçirilmeginiň ýagdaýyny we ösüşiň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşyp, energetiki howpsuzlyga degişli möhüm meseleler boýunça pikir alyşdylar hem-de energiýa serişdeleriniň üstaşyr geçirilmeginiň ygtybarlylygynyň we durnuklylygynyň pugtalandyrylmagyna ýardam berilmeginiň maksat edinilýändigini tassykladylar. Şunuň bilen baglylykda, energiýany öndürýän, üstaşyr geçirýän we sarp edýän ýurtlaryň, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasy we Energetiki Hartiýa ýaly halkara guramalarynyň tagallalaryny utgaşdyrmagyň hem-de özara arkalaşykly hereket edilmeginiň möhümdigi nygtaldy.

Energetiki Hartiýanyň baş sekretary Urban Rusnak Energetiki Hartiýany esaslandyran taraplaryň biri bolan Türkmenistanyň bu ugurdaky işlere önjeýli goşant goşýandygyny belläp, ministrleriň derejesinde ozal geçirilen mejlisiň barşynda 2017-nji ýylda Energetiki Hartiýanyň Başlygynyň ygtyýarlyklaryny Türkmenistana bermek barada çözgüdiň kabul edilendigini aýtdy.

Forumyň çäklerinde pikir alyşmalar guraldy. Ertesi gün Aşgabatda energetika boýunça ählumumy hyzmatdaşlygyň dürli ugurlaryny özünde jemleýän täze halkara-hukuk resminamasyny işläp taýýarlamak boýunça halkara bilermenler toparynyň birinji mejlisi açyldy. Iki günlük duşuşyga halkara guramalarynyň hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy boýunça 2013-näi ýylyň 17-nji maýynda BMG-niň Baş Assambleýasynda kabul edilen "Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we ählumumy hyzmatdaşlygy üpjün etmekde onuň hyzmaty" hakynda Rezolýusiýanyň awtordaşlary bolup çykyş eden döwletleriň wekilleri gatnaşdylar.

Halkara bilermenler toparlarynyň agzalary Jarnamany kabul edip, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň howandarlyk etmeginde köptaraplaýyn we toplumlaýyn resminamany işläp taýýarlamak boýunça başlangyjynyň mundan beýläk-de amala aşyrylmalydygyny bellediler, bu resminama häzirki döwürde halkara hukugyna degişli ählumumy ykrar edilen kadalar hem-de döwletler we halkara guramalary tarapyndan şu ugurda toplanan tejribe göz öňünde tutulyp, energiýa serişdelerini öndürijileriň, üstaşyr geçirijileriň we sarp edijileriň hukuklarynyň we borçnamalarynyň takyk düzgünleşdirilmegini üpjün eder.

10-njy dekabrda Türkmenistanyň Mejlisinde Litwa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Waldas Lastauskasdan hem-de Kipr Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Georgios Kasulidisden ynanç hatlary kabul edildi.

10-njy dekabrda Aşgabatda Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Dostlukly ýurduň wekiliýetine Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa we Kawkaz boýunça ýörite wekili, Ýewropadaky işler boýunça býuronyň baş direktorynyň orunbasary jenap Akira Muto ýolbaşçylyk etdi.

Ikitaraplaýyn geňeşmeleriň barşynda “Merkezi Aziýa+Ýaponiýa” gatnaşyklarynyň meýilnamasynyň çäklerinde özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň we pugtalandyrmagyň geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň başlyklyk edýändigi göz öňünde tutulyp, bu meýilnamany türkmen tarapy işläp taýýarlady.

Şol gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde türkmen-german syýasy geňeşmeleri geçirildi, oňa gatnaşmak üçin Aşgabada Germaniýanyň daşary işler ministrliniň Gündogar Ýewropada, Kawkazda we Merkezi Aziýada ýurtlary boýunça ygtyýarly wekili jenap Kord Maýer-Klodt tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän wekiliýet geldi.

Mejlisiň barşynda ikitaraplaýyn, şol sanda Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň çäklerindäki gatnaşyklaryň ýagdaýy we geljegi halkara guramalarynyň çäklerinde özara arkalaşykly hereket etmegiň meseleleri, ählumumy we sebit derejesindäki meseleler, Owganystandaky ýagdaý hem-de özara gyzyklanma bildirilýän beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

11-nji dekabrda ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň maslahatlar zalynda “Türkmenistanyň Bitaraplygy: parahatçylygyň, durnuklylygyň we ösüşiň bähbidine döredijilik we hyzmatdaşlyk” ady bilen halkara ylmy maslahat geçirildi. Ol türkmen döwletiniň Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 19 ýyllygyna bagyşlandy. Bu wekilçilikli forumy Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Türkmenistanyň Mejlisi we Türkmenistanyň Demokratik partiýasy bilelikde guradylar.

Maslahatyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilen “Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan” atly kitabynyň tanyşdyryş dabarasy boldy. Ol milli Liderimiziň mähriban Watanymyzyň Garaşsyzlygyna we Bitaraplygyna bagyşlanan çykyşlarynyň ýygyndysydyr.

13-nji dekabrda paýtagtymyzda Magtymguly ýylynyň jemlerini jemlemek dabarasy boldy. “Magtymguly –kalplaryň nury” atly halkara ylmy maslahaty bu çärä bagyşlandy. Oňa gatnaşyjylar Magtymguly Ýylyny yglan etmek başlangyjyny öňe sürendigi we Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň dünýäde giňden öwrenilmegine hem-de wagyz edilmegine gönükdirilen şahsy goşandy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýtdylar. Türkmen halkynyň medeni mirasy tutuş adamzadyň ruhy hazynasynyň möhüm bölegi bolup durýar.

Dabaranyň barşynda daşary ýurtly raýatlara türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyrynyň döredijilik mirasyny öwrenmekde, ýaýratmakda we wagyz etmekde bitiren hyzmatlary üçin “Magtymguly Pyragy” medaly gowşuryldy. Olar Türkmenistan bilen dürli döwletleriň hem-de halkara guramalarynyň arasynda ylym, bilim, medeni we gumanitar ugurlardaky dostluk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine önjeýli goşant goşdular.

Dekabr aýy türkmen-belarus gatnaşyklarynyň taryhynda möhüm wakalara baý boldy. Paýtagtymyzdaky “Çandybil” söwda-merkezinde Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň sergi-ýarmarkasy guraldy. Ol iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ägirt uly kuwwatyny äşgär etdi we iki ýurduň telekeçilik düzümleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň giňeldilmegine, birnäçe ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň özara bähbitli ugurlarynyň hem-de mümkinçilikleriniň öwrenilmegine kuwwatly itergi berdi.

13-nji dekabrda ýurdumyzyň Mejlisinde, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde hem-de saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparda ÝHHG-nyň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili jenap Tiýerri Marianiniň ýolbaşçylygyndaky Parlament assambleýasynyň wekiliýeti bilen duşuşyklar geçirildi. ÝHHG-niň wekiliýetiniň baştutany giň halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna ähmiýet berýän we demokratik özgertmeleri ugur edinýän türkmen döwletiniň açyklyk esasdaky gatnaşyklaryna ýokary baha bermek bilen, wekilçilik edýän guramasynyň türkmen hyzmatdaşlaryna saýlaw ulgamyny has-da kämilleşdirmekde hemmetaraplaýyn goldaw bermäge taýýardygyny mälim etdi.

16-njy dekabrda “Ýyldyz” myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň guramagynda “2014-nji ýylda dünýäniň ilaty. 1,8 milliardlyk kuwwat: ýetginjekler, ýaşlar we geljekki özgertme” ady bilen ählumumy hasabat bilen tanyşdyryş çäresi boldy. Oňa gatnaşmak üçin BMG-niň Ilat gaznasynyň ýurtlaýyn direktory jenap Karl Kuless Aşgabada ýörite iş sapary bilen geldi.

Myhmanyň belleýşi ýaly, bu çäräniň geçirilmeginiň Türkmenistanyň hemmeler üçin netijeli hem-de durnukly parahatçylygy üpjün etmek, şu ugurdaky netijeli hyzmatdaşlyga degişi ählumumy wezipeleri berjaý etmek boýunça BMG-niň we ilkinji nobatda, BMG-niň Ilat gaznasy bilen iş ýüzünde bilelikde hereket etmäge taýýardygy has-da ähmiýetlidir. Ýurtda Ilat gaznasy bilen hyzmatdaşlyk etmek arkaly saglyk, gender deňeçerligi, ýaşlar syýasaty boýunça maksatnamalaryň amala aşyrylýandygy bellenildi.

Jenap Karl Kuless Türkmenistanda bolmagynyň çäklerinde ýurdumyzyň Mejlisinde, Daşary işler ministrliginde we başga-da birnäçe ministrliklerde hem-de pudak edaralarynda duşuşyklary geçirdi. Olarda Türkmenistanda 2015-nji ýylyň Bitaraplyk we Parahatçylyk ýyly diýlip yglan edilmegi bilen baglylykda, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň geljekki ugurlary ara alyp maslahatlaşyldy.

17-nji dekabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Birleşen Arap Eimrlikleriniň daşary işler ministriniň orunbasary jenap Ahmed Abdulrahman Ahmed Al-Jarman arap tarapynyň wekiliýetine ýolbaşçylyk etdi. BAE-niň wekiliýeti Türkmenistanyň maýa goýum ýagdaýyna umumy baha bermek bilen, bu ýerde maýa goýumlary çekmek üçin oňyn mümkinçilikleriň döredilendigini belledi we türkmen tarapy bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge bolan gyzyklanmalaryny aýan etdi.

22-nji dekabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen öňe sürlen we BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde kabul edilen “Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny” atly Rezolýusiýasyna bagyşlanan maslahat geçirildi.

Wekilçilikli forumyň gün tertibine dünýä ykdysadyýetiniň möhüm ugurlarynyň we dünýä hojalyk gatnaşyklaryny durnuklaşdyrmaga, deňeçer ýagdaýda ösdürmäge täsiri bolan ählumumy durnukly ösüşiň aýrylmaz bölegi bolup durýan ulag-üstaşyr ulgamda hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri girizildi.

Çykyşlarda bellenilişi ýaly, şu ýylyň 19-njy dekabrynda kabul edilen bu Rezolýusiýa deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlar üçin, şeýle hem Owganystanyň ulag geçelgelerini ösdürmegiň hasabyna durmuş-ykdysady taýdan giňeldilmegine goşmaça kömek ulgamynda has-da ähmiýetlidir.

Ozal habar berlişi ýaly, BMG agza döwletleriň hemmesiniň goldamagynda kabul edilen bu Rezolýusiýa dünýäniň ýurtlarynyň 66-sy, şol sanda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hemmesi, Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlarynyň köpüsi, şeýle hem Ýewropa, Latyn Amerikasy we Afrika ýurtlary awtordaş bolup çykyş etdiler.

Resminamalary bermek we pasport gözegçiligini geçirmek boýunça Türkmenistanyň howa menzilleriniň we awiasion howpsuzlyk gulluklarynyň wekilleriniň 20-den gowragy Aşgabatda ÝHHG-niň guramagynda geçirilen identifikasiýany we biometriýany dolandyrmak boýunça iki günlük maslahata gatnaşdylar. Maslahaty Awtraliýadan, Fransiýadan, Niderlandlardan we Singapurdan gelen halkara bilermenleri geçirdi. Olar girişi we çykyşy guramak, howa menzillerinde üstaşyr gözegçilik we täze tehnologiýalary ulanmak boýunça dünýäniň öňdebaryjy tejribeleri hakynda giňişleýin çykyş etdiler.

Aşgabatdaky ÝHHG-niň merkezi ýylyň dowamynda pasport we şahsyýet gözegçiligini ýönekeýleşdirmek boýunça döwlet düzümleriniň mümkinçiliklerini we habardarlygyny ýokarlandyrmak, şeýle hem jahankeşdelere ýardam bermek, howa menzillerinde howpsuzlygy üpjün etmek üçin täze tehnologiýalary peýdalanmak bilen baglanyşykly birnäçe çäreleri geçirdiler.

23-nji dekabrda Ýerewanda Ykydysady hyzmataşlyk boýunça türkmen-ermeni hökümetara toparynyň VI mejlisi geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin wekilçilikli türkmen topary Ermenistana geldi. Çäräniň gün tertibine ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dürli ugurlaryna degişli meseleler girizildi. Söwda-ykdysady ulgamy, ýangyç-energetika toplumy, oba hojalygy, dokma senagaty, ulag we beýlekiler hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugulary hökmünde görkezildi.

25-nji dekabrda ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde Katar Döwletiniň Türkmenistandaky täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Halif bin Ahmad bin Muhammad Al-Suwaidiniň duşuşygy boldy. Türkmenistan we Katar energetika, söwda-ykdysady, ulag ulgamlaryndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmek, sport, ylym we bilim ugurlary boýunça ykjam gatnaşyklary ýola goýmak üçin giň mümkinçiliklere eýedir. Şunuň bilen baglylykda, hökümet wekiliýetlerini yzygiderli alyşmagyň, iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda maslahatlary geçirmek bilen baglanyşykly meseleleriň möhümdigi bellenildi.

Tamamlanyp barýan ýylyň soňky aýy ýurdumyzyň sport hereketini ösdürmegiň taryhyna täze sahypany ýazdy. Aşgabatda sport tanslary boýunça Türkmenistanyň ilkinji açyk çempionaty geçirildi. Oňa 5 ýaşdan 26 ýaşa çenli türgenleriň 130-a golaýy gatnaşdy. Bu bäsleşikler 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna türgenlerimiziň taýýarlygynyň ilkinji tapgyry boldy. Onyň maksatnamasyna sport tanslarynyň birnäçe ugurlary girizildi.

Ýaryşlary ýurdumyzyň Sport baradaky döwlet komiteti we Aşgabadyň sport komiteti, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi, Türkmenistanyň Sport tanslary federasiýasy bileikde gurady. Ýeri gelende aýtsak, bu federasiýa milli bäsleşikleriň öňüsyrasynda döredildi.

Belarus Respublikasynyň paýtagty Minsk şäherinde geiçrilen ITF derejesi boýunça taekwondo boýunça dünýäniň kubogy ugrundaky bäsleşiklerde üstünlikli çykyş eden ýurdumyzyň ussat türgenleri gazanan ýeňişlerini Türkmenistanyň Bitaraplygynyň baýramçylygyna bagyşladylar. Bu ýaryşda bäş medala, şol sanda altyn medala eýe bolmak ýokary netije hasaplanýar. Dünýäniň kubogy ugrundaky ýaryşlara dünýäniň onlarça ýurdundan 1100-e golaý taekwondoçylaryň gatnaşandygyny hasaba alanyňda, munuň özi has-da ýokary netijedir.

2014-nji ýylyň soňky aýy şunuň ýaly halkara derejsindäki wakalara baý bolup taryha girdi. Onuň dowamynda Türkmenistanyň ministrlikleri hem-de pudak edaralary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe sürýän we ýurdumyzyň ähli gyzyklanma bildirýän döwletler, abraýly dünýä guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmäge gönükdirilen daşary syýasat ugruny durmuşa geçirmek boýunça maksatnamalaýyn çäreleri yzygiderli durmuşa geçirýändiginiň hem-de ýurdumyzyň ählumumy bagtyýarlygyň we abadançylygyň bähbidine netijeli gatnaşyklary ýola goýmaga taýýardygynyň aýdyň subutnamasydyr.