2014-nji ýylda daşary söwda dolanşygynyň möçberi 33 milliard amerikan dollaryna ýetdi. Bu 2013-nji ýyl bilen deňeşdirilende 103,6 göterim ýerine ýetirildi. Daşary söwda dolanşygynyň umumy möçberinde eksportyň paýy 54% boldy.
Senagat önümçiliginiň eksport mümkinçiliginiň ösdürilmegi senagat önümleriniň gaýtadan işleýiş derejesiniň artmagy bilen şertlendirilendir. Gazylyp alynýan we gaýtadan işlenilýän senagatyň esasy pudaklary boýunça önümçiligiň möçberi natural aňlatmada artdyrylýar. Mineral dökünleri, farmasewtiki önümler, gurluşyk önümleri, nah mata önümleri, gök-miwe önümleri, şeýle hem eksporta gönükdirilen: nebit bitumy, çalgy ýaglary, nah mata, nah mata ýüplügi, elektrik önümleri, gaz ýaly import harytlarynyň ornuny tutýan önümçiligiň möçberleriniň artdyrylmagy geljekde eksporty kämilleşdirmäge we importy rasionalizirlemäge mümkinçilik berýär.
Daşary söwda dolanyşygynda Hytaýyň paýy ep-esli artdy. Azerbaýjana, Ermenistana, Eýrana, Özbegistana, Türkiýä, Owganystana we Hindistana eksportyň möçberi artdyryldy.
Türkmenistanyň eksporty 2013-nji ýyldaka garanyňda, 2014-nji ýylda 4% artdy. Ýurduň haryt eksport gurluşynda 90 % gowragy ýangyç-energetiki önümler bolup durýar. Meselem, “mawy ýangyjyň” daşary ýurtlara eksportyň möçberi geçen ýylda 111,2% boldy. Şeýle hem polipropileniň, tehniki uglerodyň, kükürt kislotasynyň, bugdaýyň, bugdaý ununyň, pagta süýmüniň, dokma geýimleriniň iberilişi artdy. Hytaý, Russiýa, Eýran, Italiýa, Azerbaýjan we Owganystan import boýunça esasy hyzmatdaşlar bolup durýar. Eksportyň haryt görnüşlerinde üýtgeşmeler bolup geçdi. 2013-nji ýyl bilen deňeşdirilende nebitiň we nebit önümleriniň möçberleriniň artmagynyň hasabyna Azerbaýjana importyň möçberi 22 esse artdy. Nebit önümleriniň we himiýa senagatynyň önümleriniň, şeýle hem nah matalarynyň eksportynyň artmagynyň hasabyna Hindistana eksport 3 essä golaý artdy. Pagta süýmüniň eksporty artýar. Şeýlelikde, Belarusa, Ukraina, Russiýa we beýleki ýurtlara pagta süýmüniň iberilişi artdyryldy. Eýrana 7 esseden hem gowrak iberilmeginiň hasabyna bugdaýyň eksporty artdy. Eýran we Owganystan türkmen bugdaýyny esasy sarp edijiler bolup durýarlar.
2014-nji ýylda import 3,2% ösdi. Importyň haryt gurluşynda önümçilik-tehniki ähmiýetli önümleriň köp paýy bardyr. Onuň paýynyň ep-esli derejede artmagy çig malyň we önümleriň importynyň hasaby bilen şertlendirilendir. Aralyk harytlaryň we senagat ähmiýetli harytlaryň importynyň giňeldilmegi we artdyrylmagy importuň ornuny tutýan pudaklaryň ösdürilmegine şert döredýär. Türkmenistan dünýäniň 85 ýurdundan import harytlaryny alýar. Olaryň esaslary bolsa Türkiýe, BAE, Hytaý we Russiýa bolup durýar. Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary bolan Beýik Britaniýadan, Fransiýadan, Awstriýadan, Daniýadan, Estoniýadan, Portugaliýadan, Sloweniýadan import ep-esli artdyrylýar.
Ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmakda we bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlandyrmakda kiçi we orta telekeçilige uly orun degişlidir. Mundan beýläk hem daşary söwda işiniň gurluşlarynyň arasynda özara gatnaşyklaryň we utgaşdyrmalaryň ýola goýulmagy eksporty nazarlaýan we importyň ornuny tutýan milli önüm öndürijilerine administratiw päsgelçilikleri azaltmaga mümkinçilik berer.
Eksport harytlaryna we hyzmatlaryna ýeňilleşdirilen karz pul berilmegi, has netijeli taslamalary saýlap almak ulgamyna laýyklykda maýa goýum taslamalaryna ýeňilleşdirilen karz pul berilmegi, ýeňilleşdirilen salgyt salynmagy, eksport karz pullarynyň kepilleşdirilmegi – bularyň ählisi döwlet tarapyndan eksporta berilýän goldawlarynyň has giňden ýaýran görnüşleri we usullarydyr. Şeýle hem daşary bazarlarda harytlary we hyzmatlary çaltlandyrmak boýunça gurluşlary emele getirmekdir we daşary ykdysady işi ulgamynda guramaçylyk-tehniki we maglumatlar hyzmatyny bermekden ybaratdyr.