Ï Aç-açanlyk, aýanlyk we netijelilik ýörelgelerinde
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aç-açanlyk, aýanlyk we netijelilik ýörelgelerinde

view-icon 6734
Ýakynda Türkmenistanda “Harytlary getirmek, işleri ýerine ýetirmek, döwlet zerurlyklary üçin hyzmatlary ýerine ýetirmek hakynda” Kanun kabul edildi. Munuň kabul edilmegi bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegi we döwlet häkimiýetiniň gurluşynyň işini özgertmek bilen şertlendirilendir. Türkmenistan bäsleşik esasynda üpjün edijini (potratçyny), harytlary, döwlet zerurlyklary üçin hyzmatlaryň has netijeliligini saýlap almak usulynda bäsleşigi guramak usulyň eýerýär.

Bu döwlet zerurlyklary üçin üpjün edijini has aýan etmäge, ýagny korrupsiýanyň öňüne hukuk böwedini goýmaga mümkinçilik berýär. Kabul edilen Kanun döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek we şunlukda ýüze çykýan hukuk gatnaşyklary boýunça işleriň guralyşyny we bäsleşikleri guramagy sazlaşdyrmaga gönükdirilendir.

Kanun döwlet serişdeleriniň netijeliligini üpjün etmäge; üpjün edijileriň (potratçylaryň) arasynda sagdyn bäsleşigiň ösdürilmegine; bäsleşik işleriniň aýanlygynyň üpjün edilmegine; harytlary getirmek we hyzmatlaryň edilmeginiň yzygiderliligi boýunça üpjün edijileriň (potratçylaryň) borçnamanyň ýerine ýetirilişi üçin jogapkärçiligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Kanun üpjün edijilere (potratçylara) berk talaplary bildirýär. Olar degişli ygtyýarnama, sertifikat ýa-da işi amala aşyrmak üçin beýleki rugsatnamalara eýe bolmalydyrlar. Üpjün edijiler (potratçylar) professional we tehniki ugurdan baş çykarmaga, tejribä we abraýa, maliýe serişdelerine, enjamlara we beýleki maddy mümkinçiliklere, şeýle hem hünärmenleriň hünär düzümine eýe bolmalydyrlar. Şeýle hem kanun - üpjün edijileriň (potratçylaryň) töleýiş ukybynyň bolmalydygyna talap bildirýär. Mundan hem başga, olar ofşor zolaklarda hasaba alynmadyk bolmalydyrlar, ofşor kompaniýasy bolmaly däldirler. Şeýle hem olaryň özleriniň bähbitleri babatda dawalary bolmaly däldir. Kanun şular ýaly taraplary döwlet gullukçylary hökmünde ykrar edýär. Bäsleşigi guraýjynyň üpjün ediji bilen ýakyn garyndaşlyk gatnaşygy bolmaly däldir.

Üpjün etmekde ýurduň telekeçileriniň we Türkmenistanyň maýyplar jemgyýetçilik guramalarynyň gatmaşmaklaryny giňeltmek maksady bilen kanun olara belli bir derejede ýeňillikler berýär. Üpjün edilmeleriň Türkmenistanda öndürilen harytlary, işleri, hyzmatlary bolan ýagdaýynda, bäsleşigi guraýjynyň diňe Türkmenistanyň kiçi we orta telekeçiliginiň üpjün edijileriniň (potratçylaryň) sanawyny çäklendirmäge we (ýa-da) ýerli zähmet serişdelerini we (ýa-da) çig mallary we materiallary peýdalanmak şertlerini goýmaga hukugy bardyr.

Bäsleşik işleriniň aç-açanlygy we aýanlygy kanunyň ähli namalarynyň içinden eriş-argaş bolup geçýär. Şeýlelikde, bäsleşigi guraýjy bäsleşigiň geçirilýändigi barada açyk beýan edýär, üpjün edijileri (potratçylary) bäsleşigiň resminamalary bilen tanyşdyrýar. Bäsleşigiň topary öňünden berlen talaplary hasaba alýar, üpjün edijileriň haýyşlary boýunça bäsleşik işlerini geçirmegiň we üpjün etmegiň şertleri barada doly maglumatlary berýär. Öňünden geçirilen işler barada her bir üpjün edijä (potratça) habar berýär.

Bäsleşige gatnaşmaga bildirilen arzalaryň bukjasyny açmak bäsleşigi guraýjynyň kesgitlenen möhletinde geçirilýär. Muňa üpjün edijileriň ýa-da wekilleriň ählisi gatnaşýar. Her bir gatnaşyja teklip edilýän düýpli şertleriň ählisi gatnaşyjylaryň ählisine açyk beýan edilýär. Saýlap almagyň ähli şertleri boýunça ykdysady taýdan amatly bolan bäsleşige berlen arza ýeňiji diýlip ykrar edilýär. Muňa baha, iş we töleg grafigi, beriljek harytlaryň (hyzmatlaryň) hili girýär. Eger-de ýeňiji bilen gürrüňdeşlikler şertnama baglaşmaga getirmese, onda bäsleşigi guraýjylar bähbitliligi bilen ikinji orunda duran beýleki arza berijini ýeňiji diýip ykrar edýärler.Şunlukda aýratyn möhüm döwlet desgalary babatda bäsleşik geçirilende kanun bäsleşik işlerine garaşsyz maýa goýum maslahatçylaryny ýa-da bilermenleri çekmegi göz öňünde tutýar.

Taraplaryň bäsleşigi geçirmek işleriniň kanuna laýyk geçirilmegi üçin jogapkärdigi kanunda bellenýär. Bäsleşik işleri amala aşyrylanda ýüze çykýan jedeller kazyýet kadalaryna laýyklykda çözülýär.

Umuman, kabul edilen kanunyň bäsleşikleri guramagyň we geçirmegiň aç-açanlygynyň we netijeliliginiň dünýä standartlaryna laýyk gelýändigini aýtmak bolar.