Ï Watan üçin buýsanjaňlygyň nyşany
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Watan üçin buýsanjaňlygyň nyşany

view-icon 6850
19-njy fewralda Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni bellenilip geçilýär. Döwlet baýdagy Watanyň ykbaly bilen baglanyşykly buýsanjaňlyk, ar-namys, taryhynyň, medeniýetiniň halk tarapyndan gazanylanlaryň we gymmatlyklaryň buýsanjy öz-özünden döremeýär, ol terbiýelenilýär. Bu bolsa öz ýurdunyň taryhyny, onuň ruhy we medeni mirasyny öwrenmek bilen terbiýelenmekden başlanýar.

Türkmenistanyň Döwlet baýdagy biziň garaşsyz bitarap döwletimiziň umumy keşbini, türkmen halkynyň geçmişini, häzirki döwrüni we geljege bolan ynamyny beýan edýär. Şu günler, haçan-da ýurt boýunça Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli baýramçylyk çäreleri geçirilýän günlerinde, ýurduň esasy nyşanlarynyň biriniň döreýiş taryna gysgaça nazar aýlamasak bärden gaýdar.

Türkmenistanyň Döwlet baýdagy 1992-nji ýylyň 19-njy fewralynda “Türkmenistanyň Döwlet baýdagy hakynda” Kanun bilen tassyklandy. Onda türkmen halylarynyň gölleriniň, bäş ýyldyzyň we aýyň şekillendirilmegi türkmen halkynyň taryhyň dürli döwürlerinde dowamatlylygyny, onuň bütewiligini we jebisligini beýan edýär, 1992-nji ýylyň 2-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy Türkmenistany BMG agzalygyna kabul etdi we şol gün hem BMG-niň Nýu-Ýorkdaky baş edarasynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň dabaraly galdyrylyşy bolup geçdi. 1995-nji ýylyň 19-njy fewralynda ilkinji sapar Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni bellenip geçildi. Ýurduň resmi nyşanynda bitaraplyk taglymatyny ebedileşdirmek maksady bilen, 1997-nji ýylyň 29-njy ýanwarynda “Türkmenistanyň Döwlet baýdagy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgeşmeler we goşmaçalar girizildi. Türkmenistanyň bitaraplyk derejesini alamatlandyrýan zeýtun şahajyklary biziň ýurdumyzyň Döwlet baýdagyny bezedi.

Türkmenistanyň Döwlet baýdagy biziň döwletimiziň özbaşdaklygynyň we garaşsyzlygynyň nyşanyna öwrüldi, türkmen halkynyň ahlak gymmatlyklarynyň taryhy dowamatlylygynyň, onuň bitewiligine, jebisliligine we döwlet syýasatynyň esasyny düzüji taglymatlaryna – ynsanperwerligiň we parahatçylygy söýüjiliginiň beýanyna öwrüldi.

Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli ýurtda dürli çäreler geçirilýär. Syýasy partiýalar we jemgyýetçilik guramalary dabaraly ýygnaklar we tematiki konferensiýalar geçirýärler, muzeýlerde we kitaphanalarda sergiler guralýar, döredijilik toparlary baýramçylyk konsertlerini taýýarlaýarlar.

Öz Watanyňa bolan söýgüni we bu duýga düşünmek öz ýurdunyň raýaty hökmünde şahsyýetiň durmuş, ruhy, ahlak we fiziki taýdan ösmeginde uly ähmiýeti bardyr. Bu taglymatlary türkmen poeziýasynyň ägirtleri Andalyp, Azady, Şabende, Seýdi we Zelili öz pikirleriniň güýji we baý milli dilleri bilen has aýdyň beýan etdiler. Olaryň arasynda beýik Magtymguly Pyragy parlak ýyldyz hökmünde şöhle saçdy. Türkmen şahyrlary we akyldarlary erkin we garaşsyz durmuşyň başlangyjy bolan watanperwerlikde we raýatlylykda biri-birinden aýrylmaz ruhy gymmatlyklary görüpdirler.

Häzirki wagtda biziň ýurdumyzda beýik ruhy gymmatlyklaryň – watanperwerligiň we raýatlylygyň öz döredijilikli başlangyçlaryna eýe bolmaklary üçin uly işler durmuşa geçirilýär. “Döwlet adam üçindir” diýen şygar astynda döwletiň durmuşy nazarlaýan taglymatlary iş ýüzünde amala aşyrylýar, jemgyýetçilik durmuşynyň esasy binýady bolan ýurduň Konstitusiýasy adamyny jemgyýetiň we döwletiň iň gymmatly baýlygy hökmünde berkitdi. Durmuş syýasaty derejesinde bu ykdysady kuwwatlylygy berkitmeklige, durmuş taýdan goraglylyga, bilim, ylym, saglygy goraýyş, medeniýet we sport ulgamlaryny ýokary dünýä derejesine çykarmaga gönükdirilen syýasatda öz beýanyny tapýar.