Düzüminde Bilim ministrliginiň, Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, Halkara Ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň we DIM Halkara gatnaşyklary institutynyň wekilleri bolan türkmen wekiliýeti Malaýziýanyň ýokary we orta ýöriteleşdirilen okuw mekdepleriniň birnäçesine baryp gördüler. Malaýziýanyň okuw mekdeplerinde türkmen talyplarynyň sanyny artdyrmak baradaky ylalaşyk öňünden gazanyldy.
Tanyşlyk saparynyň maksady ýokary bilimiň iki basgançak (baklawriat we magistratura) ulgamyny guramak boýunça öňdebaryjy tejribäni, dürli sapaklary, hususan-da iňlis dilini, okatmagyň häzirki zaman iş tejribesini öwrenmek bolup durýar
Duşuşyklaryň barşynda malaýziýanyň ýokary okuw mekdeplerinde türkmen mugallymlarynyň hünär kämilligini ýokarlandyrmagyň, talyplary okatmagyň, ylmy ulgamda aragatnaşygy ýola goýmagy guramagyň mümkinçiliklerine garalyp geçildi. Türkmen wekiliýetiniň agzalary Malaýziýanyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmen talyplary bilen birnäçe duşuşyklary geçirildi, olaryň okuw we ýaşaýyş durmuş şertleri bilen tanyşdylar.