Geçen fewral aýyndaky wakalar Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy ugurda ileri tutýan möhüm ugurlaryny hem-de garaşsyz ösüşiň ýolunda gazanýan uly üstünliklerini ýene-de bir gezek äşgär etdi.
Syn berilýän aýda sergileriň, maslahatlaryň, okuw maslahatlarynyň, giň gerimli medeni çäreleriň, şeýle hem dünýäniň syýasy we işewür toparlarynyň wekilleri bilen köpsanly duşuşyklaryň geçirilmegi “açyk gapylar” syýasatynyň ýöredilmegi we halkara hyzmatdaşlygynyň barha giňelmegi bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kesgitlenen möhüm wezipeleri berjaý etmek boýunça minsitrlikleriň we pudak edaralarynyň sazlaşykly işiniň görkezijisine öwrüldi.
3-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Russiýa Fedarasiýasynyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen gepleşikler geçirildi.
Duşuşygyň barşynda möhüm ugurlar boýunça döwletara hyzmatdaşlygyň ýagdaýy we ony ösdürmegiň geljekki mümkinçilikleri, şeýle hem sebit we halkara derejesindäki syýasat boýunça özara gyzyklanma bildirilýän käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, taraplar Hazara degişli meseleler boýunça goňşy iki döwletiň özara hyzmatdaşlygy, şeýle hem Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň Sammitlerinde kabul edilen çözgütleri amala aşyrmagyň barşy barada pikir alyşdylar.
Gepleşikleriň netijeleri boýunça 2015-nji ýylda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we Russiýa Federasiýasyngyň Daşary işler ministrliginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň Maksatnamasyna gol çekildi.
Şol gün daşary syýasat edarasynda Türkmenistanyň we Horwatiýa Respublikasynyň syýasy geňeşmeleri bolup geçdi. Taraplar özara hormat goýulmagyna we deňhukukly hyzmatdaşlyga mahsus ýörelgelere esaslanýan döwletara gepleşiginiň ösdürilmegine ygrarlydygyny tassyklap, ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn esasda, şol sanda Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gepleşigiň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümdigini bellediler. Şunda ikitaraplaýyn syýasy, söwda-ykdysady we medeni-gumanitar hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň meselelerine içgin üns berildi.
4-5-nji fewralda türkmen paýtagtynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-horwat toparynyň ikinji mejlisi boldy, bu mejlisiň barşynda ozal baglaşylan ylalaşyklary iş ýüzünde amala aşyrmagyň meselelerine garaldy hem-de ikitaraplaýyn gatnaşyklardaky örän uly mümkinçiliklerden peýdalanmak boýunça bilelikdäki tagallalary güýçlendirmek ugrundaky anyk ädimler kesgitlendi.
Bu meseleler şol günlerde geçirilen türkmen-horwat işewürlik forumynyň gün tertibine hem goşuldy, oňa Horwatiýanyň gämi gurluşygy, nebitgaz senagaty, ulag, gurluşyk we beýleki ulgamlar boýunça ýöriteleşdirilen esasy kompaniýalary gatnaşdylar. Türkmen we horwat wekiliýetleriniň tanyşdyryş çärelerinde milli ykdysadyýetleriň ýagdaýyna syn berlip, iki ýurduň we dostlukly halklarynyň bähbitlerine laýyk gelýän mümkinçilikler bilen tanyşdyryldy.
Mälim bolşy ýaly, daşary ýurtlaryň işewür toparlary bilen işjeň gatnaşyklary ösdürmek, ykdysady kuwwatyny artdyrylmagyna we özara peýdaly hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna alyp barýan özara mümkinçilikler bilen tanyşdyrmak ählumumy bähbitler üçin amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.
Şu ýylyň 10-njy fewralynda Türkiýe Respublikasynyň eksport edilýän harytlarynyň paýtagtymyzdaky Sergi köşgünde nobatdaky sergisiniň guralmagy munuň subutnamasyna öwrüldi. Däp bolşy ýaly, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň we “Meridýen Uluslararasi Fuarçilik” türk kompaniýasynyň bilelikdäki tagallalary arkaly guralan bu uly möçberli sergä kompaniýalaryň we firmalaryň 160-dan gowragy gatnaşdy. Olaryň arasynda sergä ilkinji gezek gatnaşýanlar hem-de şäher we ýol gurluşygy, ulag-kommunikasiýa ulgamy we elektroenergetika boýunça bilelikde işlemek arkaly uly tejribe toplan hyzmatdaşlar bar.
Ýeri gelende aýtsak, altynjy gezek guralýan ýöriteleşdirilen sergi gurşap alýan ugurlary hem-de gatnaşýanlaryň sany boýunça ozalkylardan tapawutlanyp, dostlukly ýurduň senagat we eksport babatdaky mümkinçilikleriniň görkezilýän uly meýdançasyna öwrüldi.
Üç günlük forumyň çäklerinde sergä gatnaşýan kompaniýalaryň tanyşydyryş çäreleri, halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň wekilleriniň we hünärmenleriniň duşuşyklary guraldy, bularyň barşynda dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek baradaky teklipler işjeň ýagdaýda ara alnyp maslahatlaşyldy.
Aziýagyň Olimpiýa geňeşiniň utgaşdyryjy toparynyň 11-nji fewralda geçirilen birinji mejlisi fewral aýyndaky möhüm waka öwrüldi, şonda 2017-nji ýylda Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça geçiriljek V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň nobatdaky tapgyrlary barada pikir alşyldy.
Duşuşyga gatnaşyjylar Olimpiýa şäherjigindäki sport desgalaryny ulanmak we olary abat saklamak, meýletinleriň yzygiderli okuwyny guramak, göwnejaý hilli Internet-hyzmatlaryny hödürlemek, türkmen türgenlerini geçiriljek toplumlaýyn ýaryşlara taýýarlamak bilen bagly meselelere garadylar.
11-nji fewralda “2016-2020-nji ýyllarda ösüş ugrunda Türkmenistanyň we Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasyny” ara alyp maslahatlaşmak üçin Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň BMG-niň guramalarynyň we agentlikleriniň wekilleri bilen duşuşygy guraldy.
12-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ukrainanyň daşary işler ministriniň geňeşçisi Wiktor Maýko bilen duşuşyk geçirildi. Taraplar dostlukly iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň derejesine ýokary baha berip, mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk edilmegine, şol sanda iri halkara guramalarynyň çäklerinde gatnaşyklaryň ösdürilmegine özara gyzyklanma bildirilýändigini tassykladylar.
Şol gün Aşgabadyň we Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpur şäheriniň arasynda göni awia gatnaw açyldy. Täze awia gatnawyň ilkinji ýolagçylarynyň ýurdumyzyň syýahatçylyk ulgamynyň wekilleriniň bolmagy ýöne ýerden däldir, olar dünýäde toplanan iň oňat tejribe babatda içgin gyzyklanma bildirýärler.
Iki ýurduň turoperatorlarynyň arasynda gol çekilen ylalaşyklaryň we şertnamalaryň toplumy türkmen wekiliýetiniň Malaýziýa iş saparynyň anyk netijesine öwrüldi. Şonuň öňüsyrasynda Malaýziýanyň syýahatçylyk boýunça işewürlik merkezinde guralan işewürlik forumyndan başlap, köp sanly duşuşyklar, gepleşikler we geňeşmeler geçirildi. Bu ýerde iki ýurduň syýahatçylyk babatdaky mümkinçilikleri bilen tanyşdyrylyp, özara peýdaly hyzmatdaşlygyň ýollary, bilelikde syýahatlary guramagyň mümkinçilikleri we beýleki ikitaraplaýyn taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy.
Dünýädäki ýurtlara awia gatnawlaryň geografiýasyny giňeltmek Türkmenistanyň ulag toplumynyň strategiki ugurlarynyň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýewraziýa yklymyndaky ýurtlaryň ykdysadyýetlerine goşulyşmakda bu topluma möhüm ornuň degişlidigini belleýär.
Türkmenistanyň we Latwiýanyň paýtagtlary – Aşgabady we Rigany baglanyşdyran ýene-de bir täze Halkara ugrunyň açylmagy munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar.
Ikitaraplaýyn duşuşyklaryň barşynda-da, şol sanda Halkara awtoulag birleşiginiň Ýewraziýadaky hemişelik wekilhanasynyň ýolbaşçysy Dmitriý Çelsow bilen duşuşykda –da ulag ulgamy boýunça hyzmatdaşlyk etmek meselesi öz beýanyny tapdy.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligindäki duşuşugyň çäklerinde Merkezi Aziýa sebitinden Ýewropa ulag arkaly gatnawlary we geçelgeleri ösdürmegiň anyk wezipelerini berjaý etmek boýunça gyzykly pikir alşyldy. Şeýle hem taraplar 2014-nji ýylyň 19-njy dekabrynda türkmen döwletiniň başlangyjy boýunça kabul edilen BMG-niň "Durnukly ösüş ugrunda halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag we üstaşyr geçelgeleriň orny" hakyndaky Rezolýusiýasyny amala aşyrmagyň çäklerinde Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan bellenilen çäreleriň meýilnamasyny berjaý etmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
16-17-nji fewralda Aşgabatda konsullyk, serhet we gümrük meseleleri boýunça Hökümetara türkmen-eýran toparynyň 11-nji mejlisi geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna Eýran Yslam Respublikasynyň wekiliýeti geldi, oňa daşary işler ministriniň konsullyk we parlament meseleleri boýunça orunbasary Hasan Gaşgary ýolbaşçylyk etdi.
Taraplar konsullyk meseleleriniň hukuk jähetlerini kämilleşdirmek boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek, serhet gözegçiligine degişli meseleler boýunça özara arkalaşykly hereket etmek, gümrük nokatlarynyň netijeli dolandyrylmagyny ýola goýmak bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar, bular boýunça degişli çözgütleriň birnäçesi kabul edildi.
18-nji fewralda ýurdumyzyň diplomatik işgärleriniň gününe - hünär baýramçylygynyň döredilmeginiň 6 ýyllygyna bagyşlanyp, Türkmenistanyň Daşary işler minisorliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygy, hoşniýetli goňşuçylygy, özara peýdaly hyzmatdaşlygyň kepili” atly maslahat geçirildi.
Çykyş edenler häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň netijeli daşary syýasaty ýöretmegi bilen, biziň Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň halkara gatnaşyklarynyň ulgamynda öňdäki hatara çykyp, ählumumy ýagdaýlara möhüm strategiki derejede gatnaşyjy hökmünde özüni tanadandygyny bellediler.
Şeýle hem bu baýramçylyk mynasybetli ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň arasynda sport ýaryşlary, şeýle hem paýtagtymyzdaky ýokary okuw mekdepleriniň döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda konsert geçirildi.
21-nji fewralda ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda Türkmenistanyň we Polşa Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky syýasy-ykdysady geňeşmeler geçirildi. Geçirilen gepleşikleriň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny giňeltmek hem-de syýasy, söwda-ykdysady we medeni gepleşigiň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek barada pikir alyşdylar.
Geňeşmeleriň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we Polşa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi.
Birnäçe günden soň – 23-nji fewralda – Ankarada Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň arasynda ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeler geçirildi, şol geňeşmeleriň barşynda syýasy, söwda-ykdysady, energetika, ulag-aragatnaşyk, medeni we gumanitar we beýleki ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meseleleriniň uly toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şol gün Daşary işler ministrliginde BMG-niň Ilat gaznasynyň Ýurtlar boýunça direktor jenap Karlo Gustaf Kulessiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti kabul edildi, şonda ilat we ösüş boýunça bilelikdäki taslamalaryň we maksatnamalaryň çäklerinde özara arkalyşykly hereket etmegiň geljekki mümkinçilikleri barada pikir alşyldy.
23-24-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler boldy. Duşuşygyň barşynda deňhukuklylyk, özara bähbitlilik esasynda guralýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi.
Şeýle hem taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki Hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň mejlisini guramak bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar, şol mejlisi şu ýylyň biriniji çärýeginde geçirmek göz öňünde tutulýar.
23-24-nji fewralda Aşgabatda ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bileliikdäki Hökümetara türkmen-rumyn toparynyň 5-nji mejlisi geçirildi. Şunda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dürli ugurlaryna degişli meseleleriň uly toplumy hem-de döwletara gatnaşyklaryny diwersifikasiýa etmek boýunça ilkinji nobatdaky çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy.
24-nji fewralda bilelikdäki Türkmen-Awstriýa toparynyň Aşgabatda geçirilen nobatdaky mejlisiniň çäklerinde-de ýola goýlan hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemek boýunça pikir alşyldy.
Şol günüň ertesi iki ýurduň döwlet we telekeçilik düzümleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen türkmen-awstriýa işewürlik forumynyň barşynda däbe öwrülen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça has anyk ädimler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Awstriýanyň kompaniýalarynyň wekilleri türkmen tarapynyň öňe süren giň gerimli taslamalarynyň amala aşyrylmagyna işjeň gatnaşmaga taýýardyklaryny aýdyp, dürli ugurlar boýunça özara peýdaly hyzmatdaşlygy geljekde-de pugtalandyrmak boýunça anyk teklipleri beýan etdiler. Biznes forumyň çäklerinde Türkmenistanyň ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleriniň hem-de Awstriýa Respublikasynyň wekiliýetiniň agzalarynyň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.
25-nji fewralda Gruziýanyň paýtagty Tbilisi şäherinde türkmen-gruzin syýasy geňeşmeler geçirildi, onuň gün tertibine syýasy, söwda-ykdysady, energetika we medeni –gumanitar ugurlar, hususan-da, saglygy goraýyş, ylym we bilim, sport we syýahatçylyk boýunça hyzmatdaşlyk etmegiň meseleleri goşuldy.
Geňeşmeleriň barşynda taraplar energetika we ulag ulgamlarynda bilelikdäki tagallalary güýçlendirmegiň, şol sanda Owganystan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe ulag geçelgesini döretmek boýunça işleri dowam etmegiň möhümdigini bellediler.
25-27-nji fewralda Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatda guralan X ýöriteleşdirilen sergisi söwda-ykdysady gatnaşyklaryň mundane beýläk-de ösdürilmegine hem-de özara peýdaly hyzmatdaşlygyň täze ugurlarynyň kesgitlenmegine gönükdirilip, şonda goňşy döwletiň ylym we senagat babatdaky örän uly mümkinçilikleri bilen tanyşdyryldy.
Däbe öwrülen bu sergi Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy hem-de Eýranyň sergi boýunça “Pars Pegah Tejarat” kompaniýasy tarapyndan guraldy, oňa goňşy döwletden 120-ä golaý kompaniýalar gatnaşdy. Sergi köşgünde guralan bu köpugurly sergide Eýranyň senagat önümçiligi, dünýäniň köp ýurtlaryna eksport edilýän önümleriň we ýokary hilli harytlaryň giň toplumy görkezildi.
Serginiň guralan günlerinde geçirilen türkmen-eýran işewürlik maslahaty Eýran Yslam Respublikasynyň işewür toparlarynyň biziň ýurdumyz bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryň diwersifikasiýa edilmegini maksat edinýändigini ýene-de bir gezek äşgär etdi.
Bu çäreler iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky özara peýdaly gatnaşyklaryň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýän eýran kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň täze derejä ýetirilmegine degerli ýardam berdi.
26-njy fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şäher gurlyşygy ministri hem-de söwda-ykdysady hyzmatldaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-eýran toparyna başlyklyk ediji Abbas Ahmad Ahundi bilen gepleşikler geçirildi. Eýranyň kompaniýalarynyň we işewür toparlarynyň Türkmenistanda amala aşyrylýan dürli taslamalara çekilmeginiň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy.
Ýeri gelende aýtsak, häzirki döwürde Türkmenistanyň gazananlaryna dünýä metbugatynda içgin üns berilýär. Türkiýede neşir edilýän “Turcomoneu” atly halkara maliýe-ykdysady žurnalyň nobatdaky sanynyň sahypalarynda “Türkmenistan-Orta Aziýanyň parlak ýyldyzy” atly umumy sözbaşy bilen makalalaryň uly toplumy ýerleşdirildi.
Paksitan Yslam Respublikasynda neşir edilýän “Diplomatic Focus” atly ýene-de bir žurnalda ýerleşdirilen birnäçe gyzykly makalalar Türkmenistana we beýik türkmen nusgawy şahyry Magtymguly Pyraga bagyşlanypdyr, bularda ýurdumyzyň ykdysady gazananlary hem-de Gündogaryň zehinli akyldarynyň baý döredijilik mirasy barada gürürň berilýär.
Şol aýyň ahyrynda Azerbaýjan Respublikasynyň paýtagty Baku şäherinde Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň (TDH) we daşary ýurtly hyzmatdaşlar – Azerbaýjanyň Döwlet habarlar agentliginiň (AzerTAj) hem-de Trend atly belli halkara habarlar agentliginiň arasynda maglumatlary alyşmak baradaky Ylalaşyklara gol çekilmegi maglumatlar ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly gyzyklanma bildirilýändigini äşgär etdi.
Baglaşylan ylalaşyklara laýyklykda, taraplar irki döwürlerden bäri dostlukly gatnaşyklara we netijeli hyzmatdaşlyga eýerýän goňşy iki ýurduň syýasy, ykdysady, durmuş we medeni-gumanitar ulgamlar baradaky gyssagly habarlary, syn berýän makalalary yzygiderli alşarlar.
Ýeri gelende aýtsak, sazlaşykly ösýän Türkmenistanyň jemgyýetçilik-syýasy, ykdysady, medeni durmuşyna bagyşlanan milli Internet-saýtlary işläp taýýarlamak we amala aşyrmak Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň işiniň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Internet-giňişlige türkmen, iňlis we rus dillerinde çykarylmagyna taýyn edilen nobatdaky täze önüm – saýt Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna hem-de 2015-nji ýylyň Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýlip yglan edimegine bagyşlandy.
Bu şanly senä bagyşlanyp, şu ýylda ýurdumyzda, şeýle hem daşary döwletlerde ençeme çäreleriň geçirilýändigini bellemeli. 27-nji fewralda Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherindäki Milletler Köşgüniň Türkmen zalynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanyp, duşuşyk geçirildi, oňa Şweýsariýadaky diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, şeýle hem abraýly halkara guramalarynyň wekilleri çagyryldy.
Duşuşykda döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan daşary syýasatda ileri tutulýan esasy ugurlar bilen tanyşdyrylyp, Türkmenistanyň eýe bolan özboluşly halkara-hukuk derejesiniň möhüm ähmiýetlidigi hem-de onuň giň gerimli döwlet maksatnamalaryny we durmuş-ykdysady özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmegiň, ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmagyň, ähli ýurtlar we abraýly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň düýp esasyna öwrülendigi aýratyn bellenildi.
Şu synyň halkara derejesindäki wakalara baý bolmagynyň özi Türkmenistanyň abraýynyň barha beýgelýändigine, türkmen halkynyň we ýer ýüzündäki halklaryň bagtyýarlygy we abadançylygy ugrunda yzygiderli we üstünlikli amala aşyrylýan köp sanly möhüm başlangyçlary öňe süren milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary syýasy strategiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine şaýatlyk edýär.