Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň başlangyjy bilen geçirilýän we her ýyl ýurdumyzyň ähli künjeklerinden müňlerçe okuwçyny çekýän ders bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna orta we ýöriteleşdirilen mekdepleriň 10-11-nji synp okuwçylarynyň 700 golaýy gatnaşdy.
Paýtagtymyzda we welaýatlarda rus, iňlis, türkmen dilleri we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy, fizika, matematika, informatika, himiýa we biologiýa boýunça intellektual bäsleşik gurnaldy. Olar iki günüň dowamynda, ilkinjisi amaly we soňkysy tejribe bölümleri boýunça geçirildi.
Bilim ministrliginde belleýişleri ýaly , bu bäsleşik okuwçylaryň bilim derejesiniň ýokarlanýanynyň aýdyň subutnamasy boldy diýip bellediler. Bu bolsa ýurdumyzda okuw – terbiýeçilik işleriniň dünýä derejesindäki tejribesinden ugur alyp, bilim özgertmeleriň iş ýüzünde amala aşýandygynyň aýdyň şöhlelenmesi bolup durýar.
Orun boýunça toparlaýyn sanawda ilkinjileriň hatarynda Aşgabat şäheriniň, Lebap we Mary welaýatlarynyň okuwçylary mynasyp boldular. Ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan wekilleri bolan, paýtagtymyzdaky Aýratyn zehinli çagalaryň döwlet mekdep-internatyň okuwçylary hem Ilkinjiligi elden bermediler.
Ýeňijiler, birinji, ikinji we üçünji derejeli Diplomlara we gymmat bahaly sowgatlara mynasyp boldular. Ýeňiji bolmaklyga sähelçe galan gatnaşyjylara hormat hatlary we höweslendiriji baýraklar gowşuryldy.
Bäsleşigiň çäklerinde ýerlerde gezelençler gurnaldy.