Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 2015-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen bolan duşuşykda eden maksatnamalaýyn çykyşynda Türkmenistan ýakyn ýyllarda eksporty nazarlaýan önümçiligi ösdürmek boýunça uly göwrümli işleri amala aşyrar diýip belledi. Öndürilýän önümiň eksportynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasyna (TSSE) möhüm orun degişlidir. Onuň işi bilen baglanyşykly kanuna gaýtadan seredilmelidigi bellenildi.
Gelip çykýan bu wezipelerden ugur alnyp, milli parlamentde degişli kanunyň taslamasyny işläp taýýarlamaga girişildi. Iş toprynyň düzümine degişli ministrlikleriň we edaralaryň, şol sanda TSSE wekilleri hem, girdi. Halkara tejribesi öwrenildi, hereket edýän kanunyň kadalary seljerildi, olaryň häzirki zaman ykdysady ýagdaýlaryna we akymlaryna laýyk gelmegi öwrenildi. Onuň esasynda bolsa, täze kanunyň maksatlaýyn ugurlary kesgitlendi.
Türkmenistanyň “Söwda-senagat edarasy hakyndaky” Türkmenistanyň Kanuny Türkmenistanyň Mejlisiniň bäşinji çagyrylyşynyň ýedinji mejlisinde kabul edildi. Ol Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasyny döretmegiň hukuk we ykdysady esaslaryny, onuň işiniň guramaçylyk-hukuk görnüşlerini belleýär we döwlet tarapyndan goldamagyň çärelerini belleýär.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy ýuridik şahs bolup, eýeçiligiň görnüşlerine garamazdan kärhanalary, guramalary we ýuridik şahsy döretmezden öz işini amala aşyrýan telekeçileri meýletin esasda birleşdirýän, olaryň bähbitlerini goldamagy we goramagy maksat edinýän täjirçilik däl jemgyýetçilik guramasydyr. TSSE ýurduň ykdysadyýetiniň mundan beýläk-de berkidilmegine, onuň dünýä hojalyk ulgamyna birikdirmegiň has-da çuňlaşdyrylmagyna, häzirki zaman senagat, maliýe we söwda infrastrukturasynyň kämilleşdirilmegine, telekeçilik işiniň ähli görnüşleri üçin amatly şertleriň döredilmegine, döwlet edaralary bilen bilelikde hereket etmegiň guralmagyna, söwda-ykdysady, maýa goýum we ylmy-tehniki hyzmatdaşlygynyň hemme taraplaýyn ösdürilmegine ýardam bermek maksady bilen döredilýär.
Kanun Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň üstüne möhüm we jogapkärli wezipeleri ýükläp, şol sanda aýry-aýry pudaklaryň, sebitleriň we kärhanalaryň ykdysady bähbitlerini göz öňünde tutup, telekeçilik işiniň ösmegine ýardam bermäge borçly edýär.
Kanunda Halkara täjirçilik arbitražynyň aýratyn bap bilen bellenmegi bellärlikli ýagdaýdyr. Ol taraplaryň ylalaşygy boýunça daşary söwda we halkara ykdysady aragatnaşyklaryň beýleki görnüşleri amala aşyrylanda ýüze çykýan şertnamalaýyn we beýleki raýat-hukuk gatnaşyklaryndan gelip çykýan jedellere seredýär.
Bu ýerde 2014-nji ýylyň 16-njy awgustynda kabul edilen we 2016-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girýän “Halkara täjirçilik arbitražy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üns beresimiz gelýär. Onda bu institusional guramany döretmegiň we işi barada esasy kadalar ýazylypdyr. “Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy hakynda” Kanunyň kabul edilmegi bolsa öňde goýlan maksatlaryň we wezipeleriň ýerine ýetirilmeginde nobatdaky möhüm tapgyr boldy, şeýle hem olaryň çözülmegine toplumlaýyn çemeleşmegiň şaýady boldy. Şeýlelik bilen, Türkmenistanda Halkara täjirçilik arbitražynyň işi üçin degişli kanunçylyk binýady döredildi. Ýöne bu iş häzirlikçe tamamlananok. Öňde Halkara täjirçilik arbitražynyň işini anyk reglamentirlemek boýunça indiki ädimleri kabul etmek wezipesi durýar. Bu möhüm we wajyp meseleler bilen Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň hünärmenleri meşgullanarlar.
Döwlet baştutanynyň milli parlamentiň öňünde goýan wezipelerine ýetmek üçin deputatlar eýeçilik ulgamynda gatnaşyklary sazlaşdyrýan kanunçylygy mundan beýläk hem kämilleşdirmek we önüm öndürijileri hem-de hyzmatlary etmek boýunça ulgamy goldamaga gönükdirilen işleri dowam etdirerler.