Ï Türkmen talyplary nazary mehanika boýunça Halkara olimpiadasynyň baýraklaryna eýe boldular
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen talyplary nazary mehanika boýunça Halkara olimpiadasynyň baýraklaryna eýe boldular

view-icon 1467
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplarynyň ýakynda Minskide tamamlanan nazary mehanika boýunça IX Halkara olimpiadasynda üstünlikli çykyş etmekleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan bilim syýasatynyň ösüşine we öňdengörüjiligine nobatdaky gezek şaýatlyk etdi. Türkmen talyplary dürli ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň toparlarynyň 30-synyň içinde toparlaýyn ýaryşda ikinji orny eýelediler.

Dört günüň dowamynda - 2015-nji ýylyň 14-17-nji aprelinde Belarusuň, Russiýanyň, Hytaýyň, Polşanyň, Ukrainanyň, Türkmenistanyň we beýleki ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň 130-synyň gatnaşmagynda Belarus döwlet ulag uniwersitetinde geçirilen akyl-paýhas bäsleşiginiň barşynda talyplarymyz nazaryýet mehanikasy ýaly çylşyrymly ders boýunça taýýarlyklarynyň ýokary derejesini görkezdiler.

Olimpiadanyň netijeleri boýunça TDU-nyň fizika fakultetinde radiofizika we elektronika hünäri boýunça bilim alýan talyplar Muhammetgeldi Annaýew /5-nji ýyl talyby/ altyn medala mynasyp boldy, üçünji ýyl talyplar Meýlis Mälikow we Mekan Toýjanow kümüş medal gazandylar, Pälwan Seýidow /5-nji ýyl talyby/ bürünç medalyň eýesi boldy. Türkmen talyplary şu Halkara olimpiadasynyň çäklerinde geçirilen “Breýn-ring” bäsleşiginde hem üstünlikli çykyş edip, baýrakly üçünji orny eýelediler.

TDU-nyň talyplarynyň—häzirki olimpiadanyň baýrak eýeleriniň nygtaýşy ýaly, türkmen talyp ýaşlarynyň halkara derejesindäki şunuň ýaly köpsanly ynamly çykyşlarynyň mysallary milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň bilim ulgamyny düýpli özgertmek we depginli ýokarlandyrmak ugrundaky uly aladalary netijesinde mümkin boldy. Bilim ulgamy bolsa Watanymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmegi üpjün edýän esasy kesgitleýji alamat bolup durýar.

Türkmen döwletiniň baş aladasy ýaş nesilleriň bagtly, parahat we abadan durmuşy üçin hemme şertleri döretmekden, düýpli bilimlere eýe bolan hem-de jemgyýete peýda getirýän ýokary ahlakly adamlary terbiýelemekden ybaratdyr. Tutuş ýurdumyz boýunça Internet ulgamyna birleşdirilen iň täze kompýuterler, barlaghana enjamlary, interaktiw we multimediýa tehnologiýalary bilen doly enjamlaşdyrylan döwrebap orta we ýokary okuw meklepleriniň gurluşygy ýaýbaňlandyryldy. Bu bolsa Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bilim ulgamyndaky özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine aýdyň subutnama bolup durýar.