Ï Türkmenistanyň döredijilikli syýasaty – ýurduň we sebitiň bähbidine
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň döredijilikli syýasaty – ýurduň we sebitiň bähbidine

view-icon 6136
Geçen hepdäniň esasy wakalarynyň biri bolan, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gruziýa döwlet sapary ýurdumyzyň daşary syýasy gatnaşyklarynyň gerimini has giňeltdi we Türkmenistanyň hem-de milli Liderimiziň halkara derejesindäki belent abraýynyň ýene bir aýdyň subutnamasy boldy. Tbiliside gazanylan ylalaşyklar ikitaraplaýyn türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň taryhynda täze sahypany açdy we gürrüňsiz suratda ähli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine kuwwatly itergi berer.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Giorgiý Margwelaşwiliniň 2-nji iýulda özara düşünişmek we birek-birege çuňňur hormat goýmak ýagdaýynda bolan duşuşygy türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň özara bähbitlilik, deňhukuklylyk we hoşniýetli erk-isleg ýörelgelerinden ugur alýan hyzmatdaşlygyna iki tarapyň hem strategiki häsiýet bermäge ymtylýandyklaryny aýdyň görkezdi.

Gepleşikleriň çäklerinde halkara syýasatynyň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşmalar boldy, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähli ugurlary ara alyp maslahatlaşyldy, ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişine seljerme berildi, şeýle hem geljek üçin hyzmatdaşlygyň anyk ugurlary kesgitlenildi.

Ýewropa – Kawkaz –Aziýa ulag geçelgesiniň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak boýunça mümkinçilikleri taraplaryň gyzyklanma bildirip ara alnyp maslahatlaşan meselesi boldy, Türkmenistan bilen Gruziýa Türkmenbaşy, Batumi we Poti portlarynyň kuwwatyny netijeli peýdalanmak bilen, bu ulag geçelgesiniň aýrylmaz bölegi bolup durýarlar. Şeýle hem Türkmenistanyň öňdengörüjilikli energetika syýasatynyň dünýä bazarlaryna energiýa serişdelerini ibermegiň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga gönükdirilendigi bellenildi.

Günorta Kawkaz Hazar-Gara deňiz ulag-üstaşyr geçelgesiniň bölegi bolup durýar. Bu geçelgäniň ulanylmagy Ýewropa, Ýakyn we Orta Gündogar döwletleri bilen giň gerimli sebitara goşulyşmagy üpjün etmäge ýardam berer. Milli Liderimiz bu ugurda taraplaryň umumy bähbitlerini bellemek bilen, şu meselede Türkmenistanyň Gruziýany örän möhüm geljegi uly hyzmatdaş hasaplaýandygyny nygtady.

Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň sentýabr aýynda Aşgabatda Owganystan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa ulag geçelgesini döretmek meselesi boýunça dörttaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Bu taslama oňa gatnaşýan ýurtlar we sebitiň beýleki döwletleri üçin dünýä bazarlaryna çykmaga täze mümkinçilikleri döretmäge gönükdirilendir. Onuň durmuşa geçirilmegi yklymara söwda-ykdysady gatnaşyklary has-da işjeňleşirmäge ýardam berer. Türkiýe hem bu üstaşyr geçelgä goşulmaga gyzyklanma bildirýändigini beýan etdi diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Köpugurly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlykda möhüm orny eýeleýän söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek meselelerine aýratyn üns berildi, şunuň bilen baglylykda häzirki döwriň ýagdaýlaryny nazara almak bilen Türkmenistanyň bilen Gruziýanyň gatnaşmagynda iri möçberli halkara taslamalarynyň meýilnamasyny işläp düzmek hem-de durmuşa geçirmek ilkinji nobatdaky wezipe hökmünde bellenildi. Şunda gürrüň ilki bilen energetika we ulag ulgamlary barada barýar.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, soňky döwürde energetika pudagynda türkmen-gruzin özara hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirilýär. Ikitaraplaýyn derejede hem, beýleki gyzyklanma bildirýän döwletleriň gatnaşmagynda hem köptaraplaýyn derejede geňeşmeler yzygiderli geçirilýär. Mälim boşy ýaly, şu ýylyň maý aýynda Aşgabatda Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Türkiýäniň we Ýewropa Bileleşiginiň wekilleriniň gatnaşmagynda enegetika pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça dörttaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Bu duduşykda günbatar ugurda Hazar sebitinden energiýa serişdelerini ibermek boýunça turbageçiriji üpjünçilik ulgamlaryny döretmegiň meýilnamalaryna gatnaşmagy Gruziýa teklip etmek barada ylalaşylan garaýyşlar beýan edildi.

Taraplar parahatçylyk döredijilik işlerine hemmetaraplaýyn ýardam bermäge taýýardyklaryny beýan etmek bilen, iki ýurduň hem ähli halkara we içki gapma-garşylyklaryň çözgüdine çemeleşmeleriniň meňzeşdigini hem-de olaryň diňe parahatçylykly ýol bilen gepleşikler geçirmek arkaly çözülmelidigini tassykladylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dünýä derejesinde, abraýly halkara düzümleriniň, ilkinji nobatda, hyzmatdaşlygyň baý tejribesine eýe bolan BMG-niň we ÝHHG-niň çäklerinde türkmen-gruzin özara hyzmatdaşlygy meselesine degip geçmek bilen, Gruziýanyň Türkmenistanyň başlangyçlaryny, hususan-da energetika howpsuzlygy, ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk, durnukly ösüş we beýleki ugurlarda hemişe goldaýandygyny belledi.

Iki döwletiň işewürlik düzümleriniň arasyndaky göni işewür gatnaşyklaryny ösdürmek meselesine hem uly üns berilýär. Döwlet Baştutanlary Türkmenistanyň we Gruziýanyň telekeçileriniň öňden gelýän netijeli hyzmatdaşlygyny doly derejede netijeli herekete girizmegiň zerurdygyny bellemek bilen, hususy eýeçiligiň wekillerini döwletara meýilnamaryna hem-de maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge gatnaşdyrmagyň, iki ýurtda hem ýöriteleşdirilen sergileriň, bilelikdäki işewürlik maslahatlarynyň geçirilmegini ýola goýmagyň maksadalaýyk boljakdygy baradaky pikiri aýtdylar.

Prezidentler medeni-ynsanperwer ulgamda gatnaşyklar barada aýtmak bilen, köpasyrlyk milli mirasa hormat goýmak, onuň baýlaşdyrylmagy we häzirki döwür bilen sazlaşykly utgaşdyrylmagy boýunça meselelerde taraplaryň garaýyşlarynyň meňzeşdigini bellediler. Nygtalyşy ýaly, döredijilik işgärleri üçin zerur şertleriň döredilmegi, halkara festiwallarynyň, simpoziumlaryň, döredijilik alyşmalarynyň, iki ýurtda hem Medeniýet günleriniň geçirilmegi Türkmenistanyň hem-de Gruziýanyň halklarynyň arasynda özara düşünişmegi we dostluk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge we pugtalandyrmaga ýardam berer.

Türkmenistanyň hem-de Gruziýanyň Baştutanlarynyň türkmen-gruzin dostluk we hazmatdaşlyk gatnaşyklaryny hemmetaraplaýn çuňlaşdyrmak baradaky Bilelikdäki beýannamasy netijeli hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna möhüm itergi berer hem-de uzakmöhletli geljek üçin gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi, bu beýannama hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Gruziýanyň Prezidenti Giorgiý Margwelaşwili öz gollaryny goýdular.

Däp bolan dostluk gatnaşyklaryny türkmen we gruzin halklarynyň bähbidine laýyk hil taýdan täze derejä çykarmaga bolan ikitaraplaýyn meýilleri tassyklan resminamalar toplumyna gol çekilmegi ýurtlarymyzyň arasyndaky netijeli gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Gruziýanyň premýer-ministri Irakli Garibaşwili bilen günortanlyk naharynyň başynda döwlet ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar. Şeýle hem söwda-ykdysady ulgamda bolşy ýaly, medeni-gumanitar ugurdaky netijeli gatnaşyklary ösdürmek üçin amatly şertleriň bardygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň we olaryň netijesi boýunça gol çekilen resminamalaryň, tutuşlygyna alnanda bolsa, taraplaryň gatnaşyklaryň köp ugurly kuwwatyny durmuşa geçirmäge gönükdirilen ylalaşyklaryň wajypdygy aýdyldy. Şunda hyzmatdaşlygyň täze möhüm görnüşleriniň işlenip taýýarlanylmagyny üpjün etmäge, uzakmöhletleýin esasdaky özara peýdaly işewür gatnaşyklaryň ösdürilmegine, bilelikdäki işewürlik maslahatlarynyň geçirilmegine oňyn täsiri bolan Hökümetara türkmen-gruzin toparynyň işiniň möhüm ähmiýetiniň bardygy nygtaldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gruziýanyň parlamentiniň başlygy Dawid Usupaşwili bilen duşuşygynyň barşynda taraplar parlamentara dostluk toparlarynyň döredilmegine, iki ýurduň Parlamentleriniň deputatlarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine goldaw bermegiň zerurdygyny aýdyp, bu gatnaşyklaryň özara düşünişmegiň oňyn guralyna öwrüljekdigine, kanunçykaryjylyk işinde tejribe alyşmalaryň üpjün ediljekdigine, döwletlerimiz we halklarymyz üçin ýakynlaşygyň, birek-birege ynanyşmagyň ýola goýuljakdygyna ynam bildirdiler.

Döwlet Baştutanymyz saparyň ikinji gününde Gruziýanyň Milli kitaphanasyna bardy. Ol ýerde hormatly Prezidentimize Gruziýanyň Milli ylymlar akademiýasynyň alymlyk derejesi bolan “Hormatly akademik” derejesini bermek dabarasy boldy. Munuň özi milli Liderimiziň ýokary halkara abraýynyň, hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Baştutany wezipesinde alyp barýan köpugurly işiniň hem-de ylmyň, bilimiň ösdürilmegine ägirt uly şahsy goşandynyň, bu möhüm ulgamdaky halkara hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýete eýe bolmagy ugrundaky tagallasynyň, Merkezi Aziýanyň we Günorta Kawkazyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň berkidilmegine, türkmen we gruzin halkalyrynyň arasyndaky dostluk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna goşýan şahsy goşandynyň ykrarnamasyna öwrüldi.

Soňra Gruziýanyň Prezidenti Giorgiý Margwelaşwiliniň ugratmagynda döwlet Baştutanymyz mukaddes Troisi Kafedral ybadathanasyna baryp gördi. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ybadathananyň taryhy we binagärlik aýratynlyklary bilen tanyşdyryldy.

Hormatly Prezidentimiziň Tbilisä bolan döwlet sapary döwletara gatnaşyklarynyň ägirt uly kuwwatynyň bardygyny äşgär etdi hem-de halkara durmuşynyň möhüm meseleleri boýunça taraplaryň garaýyşlarynyň ýakyndygyny, ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň berkidilmeginiň bähbidine bilelikde işlemäge bolan ikitaraplaýyn taýýarlygyny tassyklady. Şunda gol çekilen resminamalaryň Türkmenistanyň hem-de Gruziýanyň hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny özleşdirmek arkaly iki ýurduň halklarynyň uzakmöhletleýin bähbitlerine laýyk gelýän we öňe hereket etmäge bolan meýilleriniň aýdyň subutnamasyna öwrülendigi bellenildi.

Minisitrler Kabinetiniň şu ýylyň 1-nji iýulynda geçirilen mejlisiniň gün tertibine girizilen döwlet durmuşyna degişli meseleleriň arasynda ýurdumyzyň hormatly Prezidentimiziň ýolbşçylygyndaky wekiliýetiň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 70-nji ýubileý mejlisine gatnaşmak üçin iş saparyna görülýän taýýarlyk meselesi has-da möhüm boldy. Şu ýylyň sentýabr aýynda açylýan bütindünýä maslahatynyň gün tertibine dürli häsiýetdäki möhüm meseleleriň giň toplumy giriziler.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň ýurdumyzyň esasy daşary syýasat ugrundan gelip çykýan we onuň möhüm ugurlaryny hem-de başlangyçlaryny aýan edýän teklipleri BMG-niň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisinde öňe sürler. Türkmen tarapynyň Milletler Bileleşiginiň garamagyna hödürleýän teklipleri sebit hem-de ählumumy möçberde parahatçylygyň, hopwsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine laýyk gelýän netijeli halkara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge gönükdirilendir.

Galla oragynyň barşy bilen baglanyşykly gürrüň mejlisiň möhüm meseleleriniň birine öwrüldi. Häzirki döwürde tutuş ýurt boýunça 1 million 284 müň tonnadan gowrak däne ýygnaldy. Ýygnalan hasyl kabul ediş bölümlerine we dänäni saklamak üçin ähli zerur şertler döredilen elewatorlara gyssagly ugradylýar. Şeýle hem hasyldan boşan ýerlerde şüdügär sürümi geçirilýär. Bu ýerlerde aralyk ekin ekilýär.

Ýurdumyzyň pagtaçylary hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak işlerini toplumlaýyn esasda alyp barýarlar. Şeýle hem gök we bakja ekinleriniň öndürilýän möçberini artdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada aýdyldy.

Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň senagat – önümçilik kuwwatyny mundan beýläk-de artdyrmak, iýul aýynda meýilleşdirilen desgalaryň açylyş dabarasyny guramak we düýbini tutmak işlerine taýýarlyk, Galla baýramy, Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni, “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň 20 ýyllygy ýaly şanly seneler mynasybetli guraljak medeni çäreler bilen baglanyşykly meselelere deglip geçildi.

Şeýle hem geçen hepdede Türkmenistanyň Prezidenti, ýurudumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Beýik Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň birinji ýarymynda ýerine ýetirilen işleriniň netijelerine bagyşlanan mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň goranyş ukybynyň pugtalandyrylmagyna, Ýaragly Güýçleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň hasabyna milli goşunyň kuwwatynyň artdyrylmagyna we ýokary hünärli harby gullukçylaryň taýýarlanylmagyna gönükdirilen Harby doktrinanyň durmuşa geçirilişi bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow doglan güni bolan 29-njy iýunda öz egindeşlerinden – Mejlisiň Başlygyndan, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryndan, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryndan gutlaglary kabul etdi. Olar ähli türkmenistanlylaryň adyndan milli Liderimize berk jan saglyk, uzak ömür we köpugurly döwlet işinde täze üstünlikler arzuw etdiler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň hem-de Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Serž Sargsýanyň arasynda bolan telefon arkaly söhbetdeşlikleriň barşynda döwletara hyzmatdaşlygynyň dürli ugurlaryna degişli meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hormatly Prezidentimiziň “Thales Alenia Space” kompaniýasynyň baş direktory jenap Žan - Loik Gallýa, Fransiýanyň belli “Sifal” kompaniýasynyň baştutany jenap Žil Remi, Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky hormatly konsuly jenap Kun Minne hem-de Ýewropanyň belli “Cargolux Airlines International S.A.” kompaniýasynyň ýolbaşçysy jenap Dirk Raýh bilen bolan duşuşyklarynyň barşynda ykdysady, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk we tehnologiýalar pudagyndaky gatnaşyklaryň ägirt uly kuwwatynyň bardygy bellenildi.

29-njy iýunda “Cargolýux” awiakompaniýasy Lýuksemburg-Türkmenbaşy-Baku ugry boýunça görkezme uçuşy ýerine ýetirdi. 30-njy iýundan başlap bolsa hepdede dört gezek Türkmenbaşy şäherine yzygiderli ýük gatnawy ýerine ýetirilip başlandy. Türkmenistan bilen bu awiakompaniýanyň arasyndaky gatnaşyklar 2009-njy ýylda ýola goýuldy. Şu döwürde Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menziliniň üstaşyr kuwwatyna hemmetaraplaýyn baha berildi. Kompaniýanyň wekilleriniň belleýişleri ýaly, geografiki hem-de ykdysady nukdaýnazardan Türkmenbaşynyň Halkara howa menzili üstaşyr we täjirçilik gatnawlaryny amala aşyrmak, ýangyç guýmak üçin tehniki duralgany ýerine ýetirmek hem-de Merkezi Aziýada iri ýük hem-de logistik merkez hökmünde ulanmak üçin örän amatly ýerleşendir.

Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan halkara demir ýolunyň türkmen böleginiň 45 kilometri guruldy. Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň düzümleýin bölümleri Atamyrat-Ymamnazar künjeginde polat ýoluň gurluşygyny dowam edýärler. Häzir ýoluň 23-nji kilometrinde ýerüsti düzümleýin desgalaryň gurluşygy, 36-njy kilometrinde çagyl-daş düşemek we 46-njy kilometrinde ýoluň toprak esaslaryny taýýarlamak işleri alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň bazarlaryny dürli görnüşli, ekologiýa taýdan arassa azyk önümleri bilen üpjün etmek boýunça öňde goýýan wezipeleriniň çözülmegine netijeli goşant goşýan türkmen telekeçileriniň işjeňligini alamatlandyrýan birnäçe täze desgalar, şol sanda Ahal welaýatynda we Aşgabat şäherinde azyk önümlerini öndürýän önümçilik binalary açyldy. Olaryň hatarynda konserw kärhanasy we alkogolsyz içgileri, arassa agyz suwuny öndürýän zawodlar, döwrebap sowadyjy ammar bar.

Paýtagtymyzyň gözel künjekleriniň biri bolan Bitaraplyk hem-de Atamyrat Nyýazow şaýollarynyň çatrygynda Aşgabat şäheriniň giň jemgyýetçilik guramalarynyň we ilatynyň köp sanly haýyşy boýunça hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hormatyna “Arkadag” diýlip atlandyrylýan täze medeni-dynç alyş seýilgähiniň açylyş dabarasy boldy. Durmuş-medeni ähmiýetli täze desganyň meýdany 7 gektara barabar bolup, kaşaň “Oguzkent” myhmanhanasy, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hem-de Türkmenistanyň Döwlet ösüş bankynyň edara binalary bilen binagärlik sazlaşygy emele getirdi.

4-nji iýulda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda şypahana düzüminiň täze desgalarynyň açylyş dabaralary boldy. Bu ýerde “Älemgoşar”, “Deňiz merjeni”, “Jadyly kenar” oýun attraksionly seýilgäh merkezleriniň we köpgatly awtoduralganyň açylyşy boldy. Olar deňiz ýakasynyň tebigy-binagärlik keşbi bilen bitewülikde utgaşdy.

Ýurudumyzyň türgenleri adaty karate boýunça geçirilen halkara ýaryşynda nobatdaky üstünlikleri gazandylar. Bu gezek ildeşlerimiz Praganyň açyk kubogynyň bäsleşiginde tapawutlanmagy başardy. Ýakynda Çehiýanyň paýtagtynda geçirilen bu bäsleşikde türkmen türgenleri jemi 27 medala, şol sanda 11 altyn, 8 kümüş we şonça hem bürünç medala eýe boldy.

Mahlasy, geçen hepdäniň dowamynda bolan wakalaryň Türkmenistanyň ägirt uly ykdysady we ruhy kuwwatyny durmuşa geçirmegiň ýolunda möhüm ädimi alamatlandyrandygyny nygtamak gerek. Bu wakalar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň ösüşleriň belentliklerine tarap okgunly hereketiniň bir pursat hem gowşamaýandygyny butin aýdyňlygy bilen görkezdi.