Ï Ilaty iş bilen üpjün etmek we täze iş orunlaryny döretmek boýunça bäş ýyllyk maksatnama amala aşyrylýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ilaty iş bilen üpjün etmek we täze iş orunlaryny döretmek boýunça bäş ýyllyk maksatnama amala aşyrylýar

view-icon 9271
2015-nji ýylyň maý aýynda Türkmenistanda 2015-2020-nji ýyllarda Ilaty iş bilen üpjün etmek we täze iş orunlaryny döretmek ulgamyny kämilleşdirmek we ony amala aşyrmagyň Maksatnamasy kabul edildi.

Işlilik ulgamyny ösdürmegiň gelejegi barada Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň işlilik we hünär bilimi bölüminiň müdiri L.Berdigylyjowa şeýle gürrüň berýär:

- Ilatyň iş bilen üpjünçiligi durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegi bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Häzirki wagtda Türkmenistanda ykdysady ösüşiň durnukly depginini gazanmaga we ilatyň durmuş-hal ýagdaýyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň göwrümli maksatnamalar we halkara ähmiýetli taslamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Dünýä bazarlarynda önümi bäsdeşlige ukyply bolup biljek senagat-innowasiýa önümçiligini döretmek esasy ugurlaryň biri hökmünde kesgitlendi. Durmuş taýdan ösdürmek ulgamynda zähmete ukyby bolan ilatyň iş bilen aňrybaş üpjünçiliginiň hasabyna türkmenistanlylaryň hakyky girdejisini ýokarlandyrmak wezipesi dur.

Şu mynasybetli bar bolan zähmet serişdelerini netijeli ulanmak, bütewiligi döretmek we ýokary hünärli işgärler bilen ykdysadyýetiň bölümlerini we durmuş ulgamyny üpjün etmegiň häzirki zaman ulgamyny üpjün etmek, her bir adamyň zähmete bolan konstitusion hukugyny we hünäri erkin saýlamaga bolan hukugyny berjaý etmek bilen, zähmet bazarynyň netijeli işlemegini ýokarlandyrmagyň aktuallygy ösýär.

Türkmenistanda 2015-2020-nji ýyllarda Ilaty iş bilen üpjün etmek we täze iş orunlaryny döretmek ulgamyny kämilleşdirmek Maksatnamasy zähmet bazarynyň häzirki ýagdaýy we Türkmenistanyň ykdysadyýetini ösdürmegiň, hem döwlet derejesinde, hem welaýatlary, Aşgabat şäherini, ykdysadyýetiň pudaklarynyň ösdürmegiň gelejegini nazara almak bilen milli maksatnamalara laýyklykda işlenilip taýýarlanyldy.

Zähmet serişdeleriniň balansyndan ugur almak bilen, ýagny olaryň iş, eýeçiligiň görnüşleri we beýleki ölçegleri boýunça olaryň bölünşigini beýan edýän görkezijilerden, biz zähmet bazarynyň we işçi güýjüniň ýagdaýyny seljerdik. Mundan hem başga sebitleriň, aýry-aýry ulgamlaryň we pudaklaryň strategiýasyny nazara almak bilen zähmet serişdelerinde ykdysadyýetiň pudaklarynyň zerurlyklary we iş bilen üpjünçiligi kämilleşdirmegiň mundan beýläk hem gelejegi uly bolan ugurlary ýüze çykaryldy. Geçirilen iri göwrümli işleriň netijesinde, işçi güýjüniň zerurlyklaryna baha bermäge mümkinçilik berýän maglumatlar binýady toplandy, ony ykdysadyýetde gurluş özgertmeleri bilen bilelikde bölmäge mümkinçilik döredi. Bu bolsa zähmet bazarynda ýüze çykan meseleleri çözmekde öňünden hereket etmäge şert döretdi.

Zähmet bazarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak döwlet tarapyndan sazlaşdyrmagyň täze usullaryny ornaşdyrmak arkaly amala aşyrylar. Olar iş bilen üpjün bolmadyk ilaty iş bilen üpjün etmegiň bar bolan serişdeleriniň ählisini işjeňleşdirmäge gönükdirilendir. Şeýlelikde, okuw ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, gaýtadan okatmak, işgärleri taýýarlamak hünärini ýokarlandyrmak arkaly işgärleriň mümkinçilikerini hil taýdan ýokarlandyrmak göz öňünde tutulýar. Işe ýerleşmäge ýardam bermek ilkinji nobatda orta hünär okuw mekdeplerini tamamlan ýaşlara ýardam bermek göz öňünde tutulýar. Ilatyň telekeçilik işjeňligini, şol sanda kiçi we orta telekeçilik ulgamynda goşmaça iş orunlaryny döretmek arkaly höweslendirmek göz öňünde tutulýar. Zähmet bazarynda bäsdeşlige pes ukyby bolan raýatlar üçin gerek bolan ähli şertler bilen üpjün etmek meýilleşdirilýär. Boş iş orunlary barada raýatlary habardar etmek, degişli gulluklara iş bilen üpjün etmek boýunça hyzmatlary etmek boýunça işler dowam etdiriler.

Işlilik boýunça hyzmatlary etmegi kämilleşdirmek esasy ugur bolup durýar. Bu ýerde gürrüň dürli eýeçilikdäki kärhanalar bilen olaryň boş iş orunlaryny doldurmak barada işleri gowulandyrmak, şonuň esasynda hem ilaty işe ýerleşdirmek barada barýar. Bu nukdaýnazardan heniz edilmeli işler köp. Olaryň hatarynda – durmuş kömegine mätäç bolan adamlar üçin hem-de kim-de zähmet bazarynda bäsleşip bilmese iş berijileriň kwotyny kesgitlemek boýunça düzgüni işläp taýýarlamagy görkezmek bolar. Bu ýerde çagalaryna seretmek üçin birnäçe ýyllap işlemeýän eneler; hünäri bolmadyk adamlar we beýlekiler göz öňünde tutulýar. Maýyp adamlary işe ýerleşdirmek meselesi hem aktuallygynda galýar. Bu topardaky adamlaryň işliligi goşmaça çäreleriň görülmelidigini we işe ýerleşdirmek gullugy tarapyndan berilýän hyzmatlary hem-de durmuş kepillikleriniň güýçlendirilmegini talap edýär. Şular ýaly raýatlar üçin olaryň uýgunlaşmaklary üçin ýörite çäreler meýilleşdirildi.

Ilaty zähmet bazaryndaky ýagdaý barada habardar etmekligi kämilleşdirmek boýunça işler dowam etdirilýär. Eýýäm birnäçe ýyllaryň dowamynda biz bu maksatlar üçin köpçülikleýin habar beriş serişdelerini giňden peýdalanýarys, her aýda welaýatlaryň gazetleriniň ählisinde we paýtagtyň “Aşgabat” gazetinde boş iş orunlary barada maglumatlar çap edilýär. Mundan hem başga, boş iş orunlarynyň ýarmarkasy geçirilýär. Işe ýerleşmekde distansion goldaw bermek meselesi hem gün tertibinde durýar.

Okuw ulgamyny kämilleşdirmek, hünär ussatlygyny ýokarlandyrmak we ykdysadyýetiň pudaklarynyň talapalaryna laýyklykda işgärleri gaýtadan taýýarlamak – esasy çäreleriň hatarynda durýar. Bu ýerde hem ilkinji nobatda, gerek bolan hünärmenleri taýýarlamakda iş berijileriň özleriniň gyzyklandyrma bildirmeklerini ýokarlandyrmak möhüm bolup durýar.

Şeýle hem meýilnamada ýerlerde, şol sanda aýry-aýry sebitlerde hem, ýaş hünärmenleriň işleri üçin degerli şertler bilen üpjün etmäge gönükdirilen höweslendirmek häsiýetli çäreleri ösdürmek göz öňünde tutulandyr. Hünärleri kesgitlemek we ussat hünärmenleri taýýarlamak üçin daşary ýurtlara ibermegiň düzgünini kämilleşdirmeli. Bu işleriň ählisine gözegçiligi Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi amala aşyrýar.

Maksatnamany we Çäreleri amala aşyrmagyň meýilnamasyny amala aşyrmak ýurduň zähmet bazarynda meýilleşdirilýän döwürde durnuklylygy, çaklanylýan we dolandyrylýan ýagdaýda bolmagynda galmagyna şert döredýär.