"Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda suwa düşmek möwsümi dowam edýär. Şu günler bu ýerde ýurdumyzyň ähli künjeklerinden müňlerçe adam dynç alýar. Tomusky zähmet rugsatlary hem-de mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş döwri bu ajaýyp künjek hemişe köp adamly boýar – hemmeler iň bolmanynda hepdäniň dynç alyş günleri gadymy Hazaryň kenaryna, arassa çägeli suwa düşülýän ýerlere dynç almaga howlukýarlar, bu ýerde günüň nurunyň astynda, tämiz howada deňziň mylaýym suwy göwnejaý dynç almaga we saglygy berkitmäge ýardam berýär.
Awaza myhmanlary mähir bilen kabul edýär, olara kaşaň myhmanhanalarda, maşgala bolup dynç almaga niýetlenene kottejlerde, hyzmatlaryň ähli görnüşleri ýola goýlan çagalar we ulular üçin amatly dynç alyş merkezlerinde saglygyny berkitmäge hödürleýär.
Gün özüniň ilkinji şöhlelerini saçyp, çäksiz deňiz giňişliklerine altynsow-mämişi öwüşgin çaýanda deňziň suwa düşülýän kenary saýawanlardan we ýeňiljek kürsülerden dolýar. Tiz wagtdan bu ýerde dynç alýanlar peýda bolýar we deňziň kenary suwa düşýänleriň şlýapalaryndan, ýel berilen ýüzmek üçin niýetlenilen enjamlardan we suwda ýüzmegiň beýleki esbaplaryndan aýratyn görnüş emele gelýär. Günüň has ýiti şöhle saçýan wagtynda kenar ýakasynyň adamlary azalýar, az wagtdan soňra bolsa ýene-de tä gün ýaşýança adamlar suwa düşüp, işjeň dynç alýarlar.
Şu aýyň başynda Awazada üç sany seýilgäh-dynç alyş toplumlarynyň döredilmegi bilen kenar ýakasynda dynç alýanlaryň durmuşy has-da joşgunly häsiýete eýe boldy. “Älemgoşar”, “Deňiz merjeni” we “Jadyly kenar” seýilgäh dynç alyş toplumlary deňiz ýakasynyň özboluşly bezegine öwrülip, häzirki wagtda dynç alýanlaryň iň köp gelýän ýerine, çagalaryň we ulularyň gyzykly dynç alýan künjegine öwrüldi.
Gün şöhlesini jokrama yssysyny gowşadyp başlanyndan attraksionlarda çagalar ýygnanyp şadyýan oýunlara gümra bolýarlar. Bu ýerde tä garaňky düşýänçä çaga gülküleri eşidilýär, olar suw dagjagazlaryny döredýän akwaparklarda we howuzlarda ýüzmegi has-da halaýarlar.
Agşamlaryna bolsa bu ajaýyp künjek dürli reňkli çyralaryň öwüşginleri bilen aýratyn görnüşe girýär, aýdym-saz ýaňlanýar, “tans edýän” çüwdürimleriň reňkli saz tomaşasy ýaýbaňlanýar, konsert meýdançalarynda çykyşlar guralýar. Mysal üçin, “Deňiz merjeni” seýilgähine gelýänler üçin bagşylaryň, sazandalaryň we beýleki artistleriň çykyşlary, “Seýrana” myhmanhanasynyň amfiteatrynda bolsa sirk artistleri ... çykyş edýärler.
Hazaryň şypahana zolagynda ýokary derejeli ýahta düzüminiň kemala gelmegi sagaldyş hereketiniň giňelmegine, ýaşlaryň peýdaly we netijeli dynç almagy üçin oňat mümkinçilikleriň döredilmegine ýardam etdi.
Medeni we sport çäreleri Sport baradaky döwlet komiteti hem-de Syýahatçylyk baradaky döwlet komiteti tarapyndan guralýar. Bu ýerde futbol, woleýbol, basketbol, şaşka, tennis we sportuň beýleki görnüşleri boýunça ýaryşlar geçirilýär.
Mundan başga-da, dynç alýanlaryň islegleri boýunça welosipetli ýörişleriň we gezelençleriň dürli görnüşleri hödürlenýär. “Balkansyýahat” döwlet syýahatçylyk kärhanasynyň işgärleri “Çarlak” gämisinde deňiz boýunça tanyşdyryş gezelenjini guradylar, gäminiň üstünde Awazanyň barha ösýän keşbini doly synlap bolýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özüniň howandarlygynda we döwlet tarapyndan işjeň goldaw berilmeginde dünýä derejeli deňiz şypahana zolagynyň giň möçberli taslamalary barha rowaçlanýar. Onuň depginleri gowşamaýar. Şu döwrüň içinde “Awazada” diňe bir iri möçberli gurluşyk işleri geçirilmän, eýsem, bu ýerde işjeň, döredijilikli şypahana durmuşy kemala geldi, ýylyň-ýylyna bu ýere dynç almaga gelýänleriň sany barha köpelýär.
Häzirki wagtda şypahana zolagy kadaly dynç almak we saglygyňy dikeltmek üçin ähli zerur şertler hem-de serişdeler – ulag we beýleki düzümler, arassa agyz suwy, elektrik energiýasy we beýlekiler bilen üpjün edilendir, özi-de üpjünçilik gereginden has artyk derejede hem-de geljekki ösüşleriň talabyna laýyklykda ýerine ýetirilýär.
Şypahana zolagy ösüşini dowam etdirmek bilen, häzirki wagtda bir möwsümiň çäginden çykyp, ýylyň dowamynda ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy, medeni we halkara durmuşynyň merkezine öwrüldi. Sentýabr aýynda bu ýerde geçiriljek Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahaty uly ähmiýetli wakalaryň biri bolar.
Ekologiýa degişli wezipelere özboluşly çemeleşmek – aýratyn meseledir. "Awaza" milli syýahatçylyk zolagy diňe bir tebigy gurşawyň gözelligini saklamak üçin bina edilmän, eýsem, onuň ekologiýa ýagdaýyna oňyn täsir etmek üçin gurulýar. Şu maksat bilen bu ýerde gök zolaklar döredilýär.
Hazaryň kenarynda innowasiýa häsiýetli syýahatçylyk toplumy kemala gelýär, adamlar bu ýere tomsuna-da, gyşyna-da gelerler we ekologiýa taýdan arassa deňiz bilen tebigy landşaftlaryň hem-de binagärlik görnüşleriniň, ýokary derejede guralan hyzmatlaryň, däp bolan türkmen myhmansöýerliginiň toplumyndan lezzet alyp bilerler. Mundan başga-da, “Awazanyň” myhmanlary dürli halkara sport ýaryşlaryna tomaşa edip bilerler, halkara döredijilik festiwallarynyň hem-de özboluşly öwüşginli milli baýramçylyklaryň geçirilişini synlap, beýleki köpsanly täsirli çärelere gatnaşyp bilerler, şeýle çäreler sebitiň we dünýäniň täze syýahatçylyk merkezine öwrülýän awazada geçiriler.