Ï Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde giriş ekzamenleri başlandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde giriş ekzamenleri başlandy

view-icon 2029
Ýokary okuw mekdeplerinde we orta hünär okuw mekdepleriniň aglabasynda giriş ekzamenleri başlandy, bu çäre awgust aýynyň aýagyna çenli dowam eder.

Döredijilik ugurly ýokary okuw mekdepleri – diplomatiýa boýunça ýokary okuw mekdebi, mugallymçylyk we oba hojalyk institutlary, halkara türkmen-türk uniwersiteti şeýle hem orta hünär okuw mekdepleriniň birrnäçesi ilkinjiler bolup talyplary kabul ederler.

Ýurdumyzyň Bilim ministrliginde habar bermeklerine görä, ýokary okuw mekdepleriň birnäçesinde talyplyga dalaşgärleriň arasyndaky bäsleşik uly bolar. 2015-2016-njy okuw ýyly üçin täze girizilen hünärleriň sekizisine gyzyklanma aýratyn uludyr. Gürrüň “arassaçylyk epidemiologiýa işi”, “peýdaly ýerasty känleri işläp taýýarlamak”, “aýnanyň we sitallaryk (aýnakristal serişdeleriniň) himiki tehnologiýasy”, “ykdysady kibernetika”, “gämi gurluşygy we umman tehnikasy”, “radioelektronika ulgamlary we toplumlary”, “elektrik we ýylylyk energiýasy önümçiliginiň tehnologiýasy”, “opera sungaty” ýaly hünärler barada barýar.

Täze hünärleriň biri – “ýerasty känleri özleşdirmek” Nebit we gaz halkara uniwersitetiniň dersleriniň üstüni ýetirdi. Bu uniwersitete okuwa girmek isleýänleriň sany däp boýunça ýurdumyzda iň köp möçberlidir.

Uniwersitetde habar berişleri ýaly, ýokary okuw mekdebiniň alty fakultetine – biologiýa; nebit we gaz; himiýa tehnologiýasy we ekologiýa; ykdysadyýet we dolandyryş; energetika we inžener desgalary; nebit senagaty (uniwersitetiň Balkanabat şahamçasynda) girmek üçin bäsleşik has ýokary bolar. Umuman, bu ýokary okuw mekdebinde 23 hünär boýunça hünärmenler taýýarlanylýar.

Ýerasty känleri özleşdirmek boýunça hünärmenlere ýokary isleg bildirilmegi Lebap welaýatynda gurulýan Garlyk dag-baýlaşdyryjy kombinatyny işgärler bilen üpjün etmekden ybaratdyr.

Bu ugur boýunça ýokary hünärli işgärleri taýýarlamagyň aýratyn möhüm ähmiýete eýedigini ýakynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň howandarlygynda türkmen ýaşlarynyň Belarus Respublikasynyň ýokary we orta hünärm okuw mekdeplerine maksatlaýyn seçilip alynmagynyň netijeleri hem şaýatlyk edýär. Hususan-da, bu dostlukly ýurduň Döwlet tehnologiýa we Milli tehniki uniwersitetlerinde, şeýle hem Soligorsk döwlet dag-himiýa kollejinde türkmen talyplary Garlyk dag – baýlaşdyryjy kombinatynda işlemek üçin zerur bolan hünärleri ele alarlar. Ol hünärleriň hatarynda ýerasty känleri özleşdirmek (ýerasty dag işleri); dag maşynlary we enjamlary; gazylyp alynýan peýdaly serişdeleri baýlaşdyrmak; organiki däl maddalaryň, serişdeleriň we enjamlaryň himiki tehnologiýasy; tehnologiýa işleriniň we önümçilikleriň awtomatlaşdyrylmagy hem-de beýlekiler bar.

Türkmenistanyň Nebit we gaz Halkara uniwersiteti geçen okuw ýylynda başlanylan okatmak möhleti 5 ýyl bolan bakalawrlary taýýarlamagy dowam etdirer. Bu hünär iňlis dilinde okadylýar – bir okuw ýyly dil öwrenmäge, dört okuw ýyly bolsa iki ugur – geologiýa, ýerasty känleri gözlemek we özleşdirmek (nebit we gaz ýataklaryny özleşdirmek we ulanmak hünäri); menejment (nebit gaz pudagynda logistika hünäri) boýunça bilim bermäge niýetlenendir.