Ï Döwlet energetika instituty täze hünär boýunça seçip almaga girişdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Döwlet energetika instituty täze hünär boýunça seçip almaga girişdi

view-icon 1651
Milli ykdysadyýetimiziň energetika ulgamyny döwrebaplaşdyrmak ulgamyň işgärleriniň hünär derejesine täze talaplary bildirýär. Türkmenistanyň döwlet energetika instituty şeýle hünärmenleri taýýarlamak ugrunda işleýär.

Häzirki wagtda bu ýokary okuw mekdebi talyplara 13 sany hünär boýunça bilim berýär. Olar ýokary okuw mekdebiniň dört ugry – energetika, ykdysadyýet we pudak edaralaryny dolandyrmak, tehnologik enjamlar, kompýuter tehnologiýasy ugurlary boýunça hereket edýär. Şu günler institutda gyzgalaňly döwür -- giriş synaglary dowam edýär. Synaglar ýokary okuw mekdebiniň ýerleşýän ýeri bolan Mary şäherinde geçirilýär.

Iýun aýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Mary welaýatyna iş sapary boldy. Şonda döwlet Baştutanymyz elektroenergetika pudagynda täze uly maýa goýumly taslama – ýurdumyzda ilkinji bug- gaz elektrik stansiýasynyň gurluşygy bilen tanyş boldy. Bu desgany “Türkmenistanda 2013-2020-nji ýyllar aralygynda elektroenergetika pudagynyň ösüş konsepsiýasyna” laýyklykda ýurdumyzyň elekroenergetika pudagynyň iň ilkinji kärhanalarynyň bolan Mary DES-iň çäklerinde bina ediler.

Bug-gaz elektrostansiýalary ykdysady taýdan hem, ekologik nukdaýnazardan hem bähbitli bolup durýar, çünki, ýönekeý gurluşly elektrostansiýalardan tapawutlylykda bug bilen gazyň goşulyp işlenilişinde herekediň peýdalylygy birnäçe esse artýar. Onuň üstesine-de, ýanan önümleriň daşky gurşawa düşmegi 2-3 esse peselýär. Bu wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi geljekki ýokary derejeli hünärmenleriň – Türkmenistanyň döwlet energetika institutynyň häzirki talyplarynyň hünär taýýarlyk derejesine bagly bolup durýar.

Şu okuw ýylynda institutyň talyplarynyň hataryna, ýokary okuw mekdebiniň täze ugry boýunça – “Elektrik we ýylylyk energiýasyny öndürmegiň tehnologiýasy” hünäri boýunça taýýarlanylmaly talyplar goşular. Olar ýakyn geljekde, hünärmenler hökmünde bug-gaz elektrik stansiýasyny, şeýle hem şuňa meňzeş beýleki desgalary netijeli peýdalanmaga girişerler.