Ï “Bakja şasynyň” hormatyna baýramçylyk
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

“Bakja şasynyň” hormatyna baýramçylyk

view-icon 1145
Her ýylyň awgust aýynyň ikinji ýekşenbesinde Türkmen gawunynyň güni ählihalk baýramçylygy hökmünde bellenilýär. Bu sene köp asyrlaryň dowamynda seçgi ýoly bilen gaýtalanmajak tagamly gawuny ýetişdirýän ekerançylaryň zehinine we ussatlygyna goýulýan hormat sarpadyr. “Bakja şasy” hemişe türkmen halkynyň aýratyn buýsanjy hem-de medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolup durýar.

Şeker ýaly tagamly gawun diňe bir tomsuna däl-de, eýsem gyşyna hem milli aşpezligiň çalşyp bolmajak tagamlarynyň biridir, gyş gawunlary wagtyň geçmegi bilen has-da üýtgeşik tagama eýe bolýar. Biz öz saçaklarymyzda tagamly gawunyň hemişe bolmagyna şeýle öwrenişipdiris, ol ýurdumyzyň däp-dessurlarynyň çuňňur kökleri bolan aýrylmaz bölegine öwrüldi. Orta asyrlaryň köpsanly taryhy çeşmeleri we XVIII-XIX asyrlaryň syýahatçylarynyň ýazgylary, türkmen gawunynyň gadymlardan bäri ýerli bazarlaryň önümleriniň aýrylmaz bölegi bolup durýandygyna we uly möçberlerde Gündogar ýurtlaryna äkidilendigine şaýatlyk edýär.

Orta asyrlarda Köneürgenje gelip gören arap syýahatçysy Ibn Battuta bu ýerde ýetişdirilýän gawunlara haýran galdy. Onuň ýazgylarynda “... gündogarda-da, musulman dünýäsiniň günbatar sebitlerinde hem şunuň ýaly gawunlara gabat gelmedim. Gawunyň paçagy gök, içiniň eti gyzyl bolup örän süýjüdir we gataňsyrakdyr. Ony böleklere kesip, günüň astynda guradýarlar we sebetlere salyp Hindistanyň hem-de Hytaýyň alyslarda ýerleşýän şäherlerine äkidipdirler. Guradylan ähli miweleriň içinde şeýle süýji tagamly iýmit ýokdur” diýen sözleri okamak bolýar. Ibn Battuta hindileriň Deli şäherinde bolan wagty, Köneürgençden täjirleriň gelenini eşidip, olardan gawun satyn almak üçin ýumuş oglanyny ugradypdyr. Hindistanyň hökümdarynyň hut özi bu syýahatçynyň şeýle miweleri gowy görýändigini bilip, oňa söwdagärleriň getiren gawunlaryndan peşgeş beripdir.


Ibn Battuta biziň ülkämizde ýetişdirilýän garpyzlaryň hem tagamyna mynasyp baha beripdir. Ol “Fewral aýydygyna garamazdan ähli ýerlerde garpyz satylýar. Nähili täsinlik! Diňe ony dadyp göreniňden soň gaýtalanmajak tagamyny duýýarsyň: garpyzy duzlaýarlar, soňra günüň astynda guradýarlar we uly tapgyrlar bilen Hindistana we Hytaýa iberýärler, ol ýurtlarda garpyzy tapylgysyz nygmat hasaplaýarlar” diýip ýazýar.

1881-nji ýylda Merwe baryp gören O.Donowan ýazýar: “Gawun we garpyz merwlileriň iýmitiniň esasy bölegini düzýär. Merwiň gawunlary üýtgeşik ysy we tagamy bilen tapawutlanýar, olary satmak we beýleki önümlere çalyşmak üçin hem peýdalanýarlar”. XIX asyrda türkmenleriň däp-dessurlaryny öwrenen M.D.Ýençewiç käbir hojalykçy adamlaryň öz ýetişdiren gawunlarynda ýörite alamat – tagma goýandyklaryny ýazýar.

Merwde gawunyň dürli görnüşleri: hoşboý ysly, tiz ýetişýän (zamça, çal mesek), örän süýji, ortaça bişen (waharman, ak-hytaý, gök torly), eti galyň, giç ýetişýän (peýendeki, garrygyz) gawunlary ýetişdirilipdir. Asyrlaryň dowamynda geçirilen seçgi işleri netijesinde ekerançylar aýratyn tagamly bakja ekinleriniň durnukly görnüşlerini ýetişdiripdirler. Mysal üçin, gawunyň sakar sorty (gyzyl gülaby), düme gawunlar şeýle sortlara degişlidir.

Hünärmenler häzirki wagtda dünýä boýunça gawunlaryň 1600 sortuny hasaba alypdyrlar, olaryň 400-si türkmen gawunlarydyr. Ýurdumyzyň ekerançy alymlary köp ýyllyk tejribeler arkaly gawunlary we garpyzlary çägelik ýerde ýetişdirmegi öwrenipdirler. Alyhanow – Awarskiý “Ägirt uly giňişlikdäki ýerlere gawun we garpyz ekýärler, sebäbi olar çägelik ýerde-de oňat hasyl berýär; gawun-garpyz ýylyň üçden iki böleginde ilata iýmit bolup hyzmat edýär” diýip, habar berýär.


XIX asyryň ahyrynda Garagumyň üstünden geçen P.Gladyşew çarwa – türkmenleriň çöllük ýerde ekerançylar barada ýazypdyr. Ol türkmenler kiçijik bölek ýerlere tomusky düşelgelerde ekerançylyk bilen meşgullanýarlar. Bakja ekinlerini suwarmak üçin saklanyp galan sil ýa-da guýy suwlary ulanylypdyr.

Merkezi Garagumyň ýaşaýjylary gum gerişleriniň arasyndaky pesliklerde bakja ekinlerini ekipdirler, ol ýerlerde çygly toprak golaýda bolupdyr. Gawun-garpyzlary çişlemek usulynda: ilki piliň ýa-da ujy ýiteldilen taýagyň kömegi bilen topragy deşipdirler, soňra oňa tohum taşlapdyrlar. Tohumlary gemrijilerden, gämikleri çäge basmakdan goramak üçin selinden agyl ýasapdyrlar.

Merkezi Garagumyň çarwalary heniz geçmişde tohumy ýandagyň köküne sapyp, bakja ekinlerini adaty däl usul boýunça ýetişdirmegi başarypdyrlar. Munuň üçin ýandagyň köküni dilip, oňa gawunyň ýa-da garpyzyň çigidini goýupdyrlar. Gämik ýandagyň köki arkaly çiglylyk we iýmit alypdyr. Şeýlelik-de bol hasyl kemala gelipdir. Şeýle usulda hasyl almak Merkezi Garagumda häzirki wagtda hem ulanylýar.

Gawunyň çigitleriniň peýnir ýasamakda ulanylyşy hem gyzyklydyr. Çarwalar gatap ugran owuz süýdini kiçijek küýzä atypdyrlar, soňra oňa az-owlak duz, gawun çigidiniň bir gysymyny atypdyrlar we üstüne turşy süýt guýupdyrlar. Süýt uýan wagtynda onda suwuklyk mümkin boldugyça azalar ýaly gawun çigitlerini goşupdyrlar.


Türkmen halkynyň köp däp-dessurlary bakja ekinleri bilen baglanyşyklydyr, mysal üçin, bol we tagamly hasyl alnanda “Hydyr gören gawun” diýipdirler. Eger-de kimiň ekin ýerinde goşa gawun ýetişen bolsa, eýesi ony we ýene-de dokuz sany iň gowy gawuny alyp, gurply obadaşlarynyň birine eltip bermeli eken. Gawuny alan adam bolsa, däbe görä jogap hökmünde bir ýaşan toklyny sowgat beripdir, ondan bol hasylyň howandary – Babadaýhanyň hormatyna hödür-kerem edipdirler. Goşa gawuny alan kişi, onuň üstüne ýene-de dokuz gawuny goşup başga bir baý adama eltip bermegi hem däbe laýyk gelipdir. Şeýlelikde ol has gymmat sowgat almagy umyt edipdir. Goşa gawuny almakdan ýüz öwürmek bolmaýar eken. Goşa gawuny öýüň görnükli ýerinde asyp goýupdyrlar.

Türkmen gawunynyň gününiň öňüsyrasynda tutuş ýurdumyz boýunça ekerançylaryň arasynda iň uly we süýji tagamly gawun-garpyzy ýetişdirmek boýunça bäsleşikler geçirilýär. Türkmen gawunynyň köp taraplaýyn tagamyna doly baha bermek üçin, hakykatdan hem bu hydyr gören ekine bagyşlanyp geçirilýän aýdyň öwüşgünli, süýji baýramçylyga baryp görmek gerek.