Şu ýylky giriş synaglary möwsüminde Türkmenabat şäherinde ýerleşýän S.Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty okuwa kabul edilýän talyplaryň sany boýunça ýurdumyzyň ýokary mekdepleriniň arasynda öňdäkileriň biri boldy. Käbir hünär ugurlary boýunça bir talyplyk orny üçin bäşden ýedi dalaşgäre çenli bäsleşik boldy. Olaryň 400-si bu institutyň birinji ýyl talyplary boldular.
Bu ýerde on bir hünär boýunça okuw geçilýär. Şu okuw ýylynda iňlis dili, taryh we geografiýa hünärleri dalaşgärleriň arasynda aýratyn meşhurlyga eýe boldy.
Bu ýokary okuw mekdebiniň talyby bolmak ugrundaky bäsleşklere Döwlet ders bäsleşikleriniň ýeňijileriniň hem gatnaşandygy institutda okamaga höwes bildirýän ýaşlaryň barha artýandygyna şaýatlyk edýär. Okuwa girenleriň bäşisi her ýyl geçirilýän ders bäsleşikleriniň ýeňijileridir. Olaryň on bäşisi bolsa welaýat boýunça geçirilen ders bäsleşikleriniň, ýigrimiden gowragy etrap derejesinde geçirilen bäsleşiklerde baýrakly orunlary eýelediler. Birinji ýyl talyplarynyň arasynda beýleki akyl-paýhas bäsleşikleriniň, şeýle hem döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileri bar.
Mugallymçylyk institutynyň ýaşlaryň arasynda uly abraýdan peýdalanýandygynyň ýene bir sebäbi yzygiderli ýagdaýda geçirilen hünäre gözükdiriş çäreleridir, onuň çäklerinde “Açyk gapylar” güni hem bar. Her ýyl geçirilýän bu çäräniň barşynda geljekki talyplar okuw otaglaryna, ylmy, lingafon we kompýuter merkezlerine, ders barlaghanalaryna baryp görýärler, olar iň täze multimediýa tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylandyr.
Bu institutda daşary ýurt talyplary hem, Hytaýdan, Täjigistandan we Owganystandan ýaşlar bilim alýarlar.