Ï Magtymguly adyndaky TDU-da Belarusyň ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin giriş synaglary geçiriler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Magtymguly adyndaky TDU-da Belarusyň ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin giriş synaglary geçiriler

view-icon 2434
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Belarus respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerine talyplary seçip almak boýunça nobatdaky möwsüm dowam edýär. Türkmenistanyň Bilim ministrliginde habar bermeklerine görä, bu dostlukly ýurduň dürli şäherlerinde ýerleşýän ýokary okuw mekdepleri türkmen ýaşlarynyň arasynda geljekki birinji ýyl talyplara otuz hünär ugry boýunça okamagy teklip edýär. Milli ykdysadyýetimiziň uly gyzyklanma bildirýän hünärleriniň sanawynda informatika we hasaplaýyş enjamlary; ykdysady metrika we statistika; elektron inženerçiligi; programmaçy-web-master; dag-magdan işi; oba hojalyk önümleriniň önümçiliginiň we gaýtadan işlemegiň tehnologiýasy hem-de beýlekiler bar.

Resminamalary kabul etmek 23-nji awgusta çenli dowam eder, 26-njy awgustda bolsa giriş synaglary başlanar, olaryň netijeleri boýunça iň goy dalaşgärler Belarusyň iri ýokary okuw mekdeplerinde okamak hukugyna eýe bolarlar.

Häzirki şertlere görä, birinji ýyl talyplary bolmak hukugyna ilkinji nobatda giriş ekzamenlerini ilkinji tabşyran ýaşlar, Türkmenistanyň ýygyndy toparlarynyň hatarynda döwlet ders bäsleşiklerinde ýeňiji bolanlar, umumy bilim häsiýetli dersler boýunça halkara derejesindäki aň-paýhas bäsleşiklerine gatnaşanlar eýe bolarlar.

Şu ýerde döwletara ylalaşyklarynyň çäklerinde şu gezekki giriş synaglary möwsüminde ozal Belarus Respublikasynyň ýokary okuw we orta hünär okuw mekdepleriniň birnäçesine birinji ýyl talyplarynyň seçilip alnandygyny ýatlamak ýerlikli bolar. Dostlukly ýurtda Lebap welaýatynda ýerleşýän Garlyk dag-magdan baýlaşdyryjy kombinaty üçin dürli ugurlar boýunça ýokary hünärli işgärler taýýarlanylar.

Hususanda, Türkmenabat şäherinde S.Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda Belarus döwlet tehnologiýa we Belarus milli tehniki uniwersitetlerinde okamaga isleg bildirýän geljekki birinji ýyl talyplary üçin geçirilen aň-paýhas bäsleşigine Lebap we Mary welaýatlarynyň ýaşlary gatnaşdylar. Şeýle hem ýurdumyzyň şu welaýatlarynyň ýaşlary Belarus Respublikasynyň Soligorsk döwlet dag-himiýa kollejinde okamak üçin bäsleşdiler, ol synaglar Türkmenabat şäherindäki “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň Orta tehniki hünär mekdebinde guraldy.