Ï Türkmenistan ýangyç-energetika toplumy: diwersifikasiýalaşdyrmagyň täze tapgyry
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan ýangyç-energetika toplumy: diwersifikasiýalaşdyrmagyň täze tapgyry

view-icon 5699
Ozal habar berlişi ýaly, 16-njy sentýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Derweze etrabynda gurulýan, tebigy gazdan benzin öndürýän täze zawodyň gurluşyk meýdançasyna baryp görende ýene-de bir täze iri zawodyň—tebigy gazdan suwuk ýangyç öndürýän önümçiligiň ýerleşjek ýerini tassyklady. Döwlet Baştutanymyz şunuň ýaly kärhanalaryň döredilmeginiň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny mundan beýläk-de diwersifikasiýalaşdyrmagyň esasy ugrudygyny belledi. Gazhimiýa pudagynyň ösdürilmegi gazy gaýtadan işlemekden alynýan ýokary hilli önümleriň çykarylýan möçberini ýokarlandyrmaga, dünýä bazarlaryna iberilýän önümlerde olaryň paýyny artdyrmaga gönükdirilendir.

Täze zawodyň taslama kuwwatlylygy—bir ýylda “mawy ýangyjyň” 3,5 milliard kubmetrini gaýtadan işlemek we 1,691 million tonna önüm öndürmek bolup durýar.

Dünýäniň ykdysady giňişligine giňden goşulyşmaga tarap ugur alan Türkmenistan bu gün sazlaşykly ösýän döwletleriň hatarynda ymykly orun aldy. Soňky döwrüň wakalary ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmäge, halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen möhüm çözgütlere beslendi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 10-njy sentýabrda geçirilen Ýaşulularyň maslahatynda eden çykyşynda Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyny amala aşyrmak bilen bagly meseleleriň üstünde durup geçdi. Bu maksatnama ýurdumyzyň çig-mal serişdelerini netijeli peýdalanmaga, döwrebap senagat düzümini, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümleri çykarýan ýokary tehnologik kärhanalary döretmegiň hasabyna milli ykdysadyýetimiziň eksport mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilendir.

Döwlet Baştutanymyz öz çykyşynda ýangyç-energetika toplumyny-ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň esasy pudagyny mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi uly bolan ugurlaryny kesgitledi. Häzir bu pudaga ýurdumyzyň jemi içerki önümini öndürmekde hem-de eksport düzüminde esasy orun degişli bolup durýar.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, döwletimizde tebigy gazyň ägirt uly gorlarynyň bardygyna garamazdan, «Türkmenistan – Owganystan–Päkistan–Hindistan» gaz geçirijisiniň taslamasy we türkmen tebigy gazyny ýewropa ýurtlaryna ibermek bilen bagly taslamalar durmuşa geçirilenden soň, uglewodorod serişdelerini daşary ýurtlara diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek boýunça alnyp barylýan işler tamamlanar.

Şunuň bilen birlikde, nebitgaz senagatyny diwersifikasiýalaşdyrmak, tebigy gazy gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen, şol sanda gazhimiýa we himiýa pudaklaryna, elektroenergetika degişli bolan iri senagat desgalaryny gurmak, boýunça anyk çäreler görler.

“Biz ýurdumyzyň tebigy baýlyklarynyň gorlaryny gözlemek, bu serişdeleri çykarmak, gaýtadan işlemek we döwletimiziň energetika howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça alyp barýan işlerimizi dowam ederis” diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň energetika strategiýasy üçin indi çig maly däl-de, eýsem, ylmy-tehniki ösüşiň soňky gazananlary, nebithimiýa pudagynyň kärhanalaryny tehniki taýdan enjamlaşdyrmagyň, täze gazy we nebiti gaýtadan işleýän önümçilikleri gurmagyň esasynda gaýtadan işlenen taýýar önümleri daşary ýurtlara ibermek ileri tutulýan ugur bolar.

Düýpli abatlanylmagy hem-de döwrebaplaşdyrylmagy Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy Merkezi Aziýada ýokary oktanly awtomobil binzinini, awiasiýa kerosinini, suw bilen arassalanan dizel ýangyjyny, nebit koksuny, tehniki ýaglary, suwuklandyrylan gazy iri öndürjä öwrüldi.

Tiz wagtdan TNGIZT hil taýdan täze önümçilik sepgidine çykar. Bu ýerde nebiti gaýtadan işlemegiň möçberi ýylda 10,5 million tonna çenli artar, uglewodorod çig malyň gaýtadan işlenişi bolsa 95 göterime barabar bolar. Munuň özi iň ýokary dünýä ölçeglerine laýyk gelýär. Hususan-da, ýurdumyzyň nebithimiýa pudagynyň bu ägirt uly kärhanasynda nebiti ilkinji gaýtadan işlemegiň ELDAD-HT-7 täze enjamyň, şeýle hem awtomobil benzininiň ýokary oktanly görnüşleriniň öndürmek üçin niýetlenilen enjamyň, polipropilen plýonkalarynyň önümçiligi boýunça zawodyň gurluşygy tamamlanyp barýar. Durmuşa geçirmek meýilleşdirlen täze taslamalaryň arasynda wodorodyň kömegi bilen dizel ýangyjyny arassalaýan hem-de wodorodyň kömegi bilen benzinden kükürdi bölüp aýyrýan enjamyň, wodorodyň we beýlekileri öndürýän haýal kokslaýan hem-de katalitik kreking enjamlarynyň gurluşyk taslamalary bar.

Tebigy gazy gaýtadan işlemek boýunça senagat önümçilikleriň döredilmegi bilen milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynyň öňünde giň mümkinçilikler açylýar. Geçen ýyl Hazaryň kenarynda ýerleşen Gyýanly şäherçesinde ýylda 386 müň tonna polietilen hem-de 81 müň tonna polipropilen öndürmäge niýetlenen gazhimiýa toplumynyň gurluşygyna başlanandy. Bu taslama 2014-nji ýylda eksport-karz beriş agentlikleri tarapynda maliýeleşdirilýän Ýewropanyň we Ýewraziýanyň iň gowy on taslamalarynyň biri hökmünde “TXF” (Beýik Britaniýa) guramasynyň ýörite baýragyna mynasyp boldy.

Polietilen we polipropilen önümçiligi iň döwrebap tehnologiýalaryň esasynda amala aşyrylar. Täsin ulgamlar arkaly başlangyç çig malyň mümkin bolan hemme garyndylardan düýpli arassalanylmagy olaryň tapawutly aýratynlygy bolup durýar. Netijede, iň ýokary halkara ölçeglerine laýyk gelýän ekologiýa taýdan arassa önüm çykarylýar. Granulirlenen polipropilene dünýä bazarlarynda ýokary baha kesilýär. Ol polimer plýonkasy, emeli süýüm, ýokary derejede berk bolan ýuka termoplastlar we degişlilikde, geçirijiler, örän berk tanaplar, awtoulaglar üçin süzgüçler, dürli eşikler we mebeller, gaplaýjy serişdeler, azyk önümler üçin gaplar we beýlekiler ýaly polimer önümleri taýýarlanylanda ulanylýar. Toplumyň beýleki bir önümi bolan polietileniň hem örän ajaýyp eksport mümkinçiligi bar. Onuň esasynda dürli görnüşli geçirijileri hem-de köpçülikleýin isleg bildirilýän harytlary çykarmagy ýola goýmak bolýar.

Ahal welaýatynda, Owadandepede tebigy gazdan benzin öndürjek zawodyň gurluşygy alnyp barylýar. İň täze tehnologiýalar bilen enjamlaşdyryljak kärhana her ýylda tebigy gazyň 1 milliard 782 million kub metrini gaýtadan işlär we Ýewro-5 ölçegleri boýunça iň ýokary ekologiýa talaplaryna laýyk gelýän A-92 görnüşli benziniň 600 müň tonnasyny çykarar.

Bu senagat desgasy tebigy gazy gaýtadan işlemegiň esasynda ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa benzin öndürýän dünýäde ilkinji gazhimiýa toplumy bolar. Ony 2018-nji ýylda ulanmaga tabşyrmak meýilleşdirilýär. Bu bolsa 800 töweregi täze iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berer.

Himiýa senagaty hem tebigy gazy gaýtadan işlemegiň geljegi uly pudaklaryň biri bolup durýar. 2014-nji ýylyň oktýabrynda Mary şäherinde ammiak we karbamid öndürýän zawodlar toplumy ulanmaga tabşyryldy. Bahasy ABŞ-nyň bir milliard dollaryndan gowrak bolan bu döwrebap kärhana “Renaissance” türk kompaniýasy tarapyndan bina edildi. “Kawasaki Plant Systems Ltd” we “Sojitz Corporation” ýapon kompaniýalary onuň taslamasyny düzüp, enjamlaryny getirdiler hem-de tehniki maslahatlary berdiler. Toplumyň kuwwaty ýylda ammiagyň 400 müň tonnasyny hem-de karbamidiň 640 müň tonnasyny öndürmäge barabardyr.

Mundan başga-da, Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherinde karbamid öndürjek zawodyň gurluşygy alnyp barylýar. Kärhananyň kuwwaty ýylda 1 million 155 müň tonna önüme barabar bolar.

Şeýlelik bilen, tebigy gazy has düýpli we toplumlaýyn gaýtadan işlemäge, ondan gaýtadan işlenip alnan önümleriň eksportdaky paýyny artdyrmaga aýratyn ähmiýet berip, Türkmenistan tebigy gaz we çig nebit ýaly diňe bir ilkinji energiýa serişdeleri bazarynda öz ornuny görnetin giňeltmän, eýsem, gazhimiýa önümçiliginiň has girdejili bazarynda mynasyp orun eýelär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynda belleýşi ýaly, 2016-njy ýylda umumy bahasy ABŞ-nyň 9 milliard 700 million dollaryndan gowrak bolan iri desgalaryň 428-siniň ulanmaga tabşyrylmagy göz öňünde tutulýar. İri möçberli maýa goýum maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde umumy bahasy ABŞ-nyň 18 milliard dollary töweregi bolan ýene-de 220-den gowrak desgalaryň gurluşygyna başlanylar. Olaryň hatarynda 467 müň tonna polietilen we polipropilen öndürjek gazhimiýa toplumy, tebigy gazy gaýtadan işlemek arkaly 600 müň tonna benzin öndürjek zawod we beýlekiler bar.

Türkmenistanda amala aşyrylýan uly möçberli senagat maksatnamasy daşky gurşawy goramak meseleleri bilen ysnyşykly baglanyşyklydyr. Halkara bileleşiginiň zyýanly gazlaryň bölünip çykmagyny azaltmak boýunça tagallalaryny goldap, ýurdumyz maksadalaýyklyk bilen “ýaşyl” ykdysadyýete, senagatda, şol sanda nebitgaz, elektroenergetika we ulag pudaklarynda ekologiýa taýdan howpsuz hem-de serişde tygşytlaýjy döwrebap tehnologiýalary peýdalanmaga geçýär.

Hormatly Prezidentimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň durnukly ösüş baradaky “Rio+20” maslahatynyň, şeýle hem şu ýyl Ýaponiýada geçirilen tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak baradaky BMG-niň III Bütindünýä maslahatynyň hem-de Koreýa Respublikasynda geçirilen VII Bütindünýä suw maslahatynyň mejlislerinde öňe süren başlangyçlary şu pudagyň öňünde goýlan wezipeleriň çözülmegine gönükdirilendir. Şol başlangyçlaryň hatarynda Aşgabatda Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça Sebit merkezini açmak BMG-niň Arary halas etmek boýunça ýörite maksatnamasyny, BMG-niň Suw strategiýasyny işläp düzmek, täsin biologiýa toplumy bütün adamzadyň gymmatlygy bolan Hazar deňzinde ekologiýa we tehnogen howpsuzlygyny üpjün etmek üçin hyzmatdaşlygyň köptaraplaýyn netijeli guralyny döretmek hakynda teklipler bar.

Döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynda belleýşi ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisinde hem daşky gurşawy goramak babatda degişli başlangyçlar öňe sürler.

Umuman, ýurdumyzyň örän baý nebitgaz we beýleki tebigy serişdeleriniň netijeli hem-de oýlanyşykly peýdalanylmagy milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe rowaçlyklar we gülläp ösüş ýoly bilen öňe barýan Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga hyzmat edýär.