Dünýä möçberindäki strategik oýlanma hem-de sebit we dünýä ösüşiniň netijeli, gapma-garşy däl nusgasyna mäkäm ygrarlylyk hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisiniň çäklerinde geçirilen 2015-nji ýyldan soňky döwür üçin durnukly ösüş meseleleri boýunça duşuşyga gatnaşmagynyň hem-de çykyş etmeginiň uly üstünlige eýe bolmagyny kesgitledi we uly syýasy seslenme döretdi.
Müňýyllygyň global maksatlaryny amala aşyrmak babatda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň döredijilikli başlangyçlary hem-de nobatdaky anyk teklipleri BMG tarapyndan giň goldawa eýe boldy. Munuň özi türkmen Lideriniň dünýä ýüzünde uly abraý gazanandygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Milli Liderimiziň BMG-niň belent münberinden her bir çykyşy Milletler Bileleşigi tarapyndan tutuş adamzadyň durnukly ösüşi üçin oňyn itergi hökmünde kabul edilýär.
Belli syýasatşynaslar bu ýagdaýy BMG-niň ýokary derejeli duşuşygynda abraýly dünýä Liderleriniň arasynda ilkinji bolup türkmen döwletiniň Baştutanyna söz berilmegi bilen düşündirdiler. Türkmenistan täze döwrüň Lideriniň ýolbaşçylygy astynda günsaýyn ýokarlanýan halkara abraýyna eýe bolýar.
Duşuşyga ilkibaşdan işewürlik we netijeli häsiýeti çaýmak zerurlygy oňa gatnaşyjylaryň şu gezek geçirilýän global forumyň barşynda döwletleriň we hökümetleriň baştutanlarynyň 2015-nji ýyldan soňky döwür üçin ösüş ulgamynda täze dünýä Gün tertibini kabul etmegi bilen şertlenendir. “Täze Gün tertibi – munuň özi liderleriň tutuş dünýäde ýaşaýan adamlara beren sözleridir” diýip, BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Mun Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisiniň çäklerinde geçen ösüş meseleleri boýunça Sammitiň açylyşynda eden çykyşynda aýtdy.
“Bu Gün tertibi - munuň özi adamlar, dünýä we gülläp ösüş üçin hereketiň meýilnamasydyr. Şeýle hem ol erkinlik şertlerinde ählumumy parahatçylygyň berkidilmegine gönükdirilendir. Garyplygyň ähli görnüşleriniň we ýüze çykmalarynyň, şol sanda has garyplygyň aradan aýrylmagyny durnukly ösüşiň möhüm şertleriniň biri we wajyp ählumumy wezipe hökmünde görýäris”. “Dünýämizi özgertmek: 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ulgamynyň Gün tertibi” atly resminama hut şu sözlerden başlanýar.
BMG-niň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasynda geçirilen Sammitde çykyş etmek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze Gün tertibi doly goldaýangdygyny aýtdy we halkara gatnaşyklarynyň esasy ugurlary boýunça Türkmenistanyň garaýşyny hem-de ornuny mälim edip, birnäçe teklipleri öňe sürdi.
Milli Liderimiziň çykyşy BMG-niň Täzelikler merkezi saýtynda getirildi. Onda döwlet Baştutanymyzyň Sammite girizilen maksatlara we wezipelere ýokary baha berýändigi hem-de olaryň durmuş ulgamyna gönükdirilendigi barada aýdanlary getirilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilim, sagdyn durmuş ýörelgeleri we gender deňeçerligini gazanmak ýaly meselelere aýratyn ähmiýet berdi. Mundan başga-da, milli Liderimiz Gün tertibiň ykdysady meseleleri babatda halkara bileleşiginiň sazlaşykly işiniň zerurdygyny nygtady.
Şeýle hem saýt milli Liderimiziň “Bu bolsa, gymmat bolmadyk we ygtybarly häzirki zaman energiýa serişdeleriniň hemmelere elýeterli bolmagyny üpjün eder. Şeýle hem, durnukly ykdysady ösüşi we iş bilen doly üpjünçiligi gazanmaga ýardam berer” diýip aýdanlaryny beýan edýär.
Munuň özi önümçiligiň we sarp edişiň durnukly usullaryny ýola goýmaga, şeýle hem ýurtlaryň içinde we olaryň arasynda deňsizligiň azaldylmagyna mümkinçilik berer diýip, döwlet Baştutanymyzyň aýdan pikiri neşiriň sahypalaryny dowam edýär.
Hormatly Prezidentimiz daşky gurşaw barada degerli alada etmezden, dünýäniň döwletleriniň we halklarynyň durmuş-ykdysady ösüşini ýola goýmaga mümkin däldigini aýtdy. Milli Liderimiz Türkmenistanyň şu ýylyň dekabrynda Parižde howanyň üýtgemegi boýunça geçiriljek Sammitde gazanyljak halkara ylalaşyga gol çekilmegine goldaw bermäge taýýardygyny mälim etdi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň birnäçe ekologiýa başlangyçlaryny öňe sürendigini ýatlady. Olaryň biri Aşgabatda Merkezi Aziýa üçin howanyň üýtgemegi boýunça sebit merkeziniň döredilmegidir.
Şeýle hem saýtda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň dünýä Liderleriniň öňünde çykyş etmek bilen, olary Türkmenistanyň Bitaraplygy hakyndaky Kararnamanyň kabul edilmeginiň 20 ýyllygy mynasybetli geçiriljek baýramçylyk çärelerine gatnaşmaga çagyrandygy barada aýdylýar.
Halkara habarlar agentlikleriniň birnäçesi milli Liderimiziň çykyşyndan jümleleri getirýärler. Olaryň bölümlerinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň çäklerinde guralan wakalara aýratyn orun berilýär. Şeýle hem agentlikler döwlet Baştutanymyzyň Sammite gatnaşmagy bilen baglanyşykly maglumaty onuň başlanmazynyň öňüsyrasynda berdiler.
Hususan-da, Hytaýyň “Sinhua” agentligi hem-de “Trend” halkara habarlar agentligi hormatly Prezidentimiziň BMG-niň howandarlygynda howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek hakyndaky teklibi barada belleýärler. Teklipde suw meselesine bu işiň esasy ugry hökmünde baha berilýär. Dürli derejede geçirilen forumlarda öňe sürlen ýörelgelere ygrarly bolmak bilen, Türkmenistan 2016-njy ýylda BMGÖM bilen bilelikde Aşgabatda şunuň ýaly merkeziň döredilmegi babatda zerur çäreleri durmuşa geçirer diýip, döwlet Baştutanymyz BMG-niň belent münberinden aýtdy.
“RIA Nowosti” agentligi okyjylaryň ünsüni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň ählumumy ösüş boýunça Sammitinde gender syýasaty barada aýdanlaryna çekýär. Milli Liderimiziň öz çykyşynda belleýşi ýaly, gender deňligi -- munuň özi ählumumy ösüş strategiýasynyň möhüm ýagdaýydyr.
“Bu maksat ähli aýal-gyzlaryň doly gender deňligini gazanmakdan we olaryň hukuklaryny hem-de mümkinçiliklerini giňeltmekden ybaratdyr. Bu wezipäni ýerine ýetirmek biziň umumy borjumyz we bilelikdäki jogapkärçiligimiz bolup durýar” diýip, hormatly Prezidentimiziň aýdanlaryny “RIA Nowosti” öz sahypalarynda getirýär.
Türkmenistan parahatçylygyň we adalatyň beýik ýörelgeleriniň tassyk edilmeginiň, Birleşen Milletler Guramasynyň maksatlarynyň hem-de wezipeleriniň durmuşa geçirilmeginiň bähbidine halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek babatda nobatdaky möhüm ädimi ätdi. Bu pikir hormatly Prezidentimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisinde eden çykyşyna dünýä metbugatynyň beren bahasynyň esasyny düzdi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň diňe bir biziň ýurdumyz üçin taryhy ähmiýetli bolman, eýsem, tutuş adamzadyň ösüşiniň geljegi üçin möhüm bolan bu çykyşy Bitarap Türkmenistanyň parahatçylygyň, howpsuzlygyň, ählumumy abadançylygyň we ösüşiň berkidilmeginiň bähbidine halkara hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegine, çuňlaşdyrylmagyna gönükdirilen işjeň daşary syýasatynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.
Bu syýasatyň artykmaçlygy onuň 20 ýyl mundan ozal BMG-niň ýörite kararnamasy bilen tassyk edilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine laýyklykda durmuşa geçirilýänligidir we Merkezi Aziýada hem-de Hazar zolagynda, şeýle hem ählumumy möçberde durnukly durmuş-ykdysady ösüşe ýardam bermäge, ynanyşmagyň we özara düşünişmegiň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen anyk çäreler bilen berkidilýänligidir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Nýu-Ýorkda bolmagynyň resmi maglumaty muny doly tassyklady. Şol ýerde bolmagynyň barşynda döwlet Baştutanymyz birnäçe möhüm ikitaraplaýyn duşuşyklary, gepleşikleri geçirdi. Şeýle hem milli Liderimiz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary we ýokary wezipeli wekilleri, döwletleriň, hökümetleriň Baştutanlary bilen duşuşdy.
Bu duşuşyklaryň barşynda türkmen Lideriniň söhbetdeşleri döwlet Baştutanymyzyň BMG-niň belent münberinden eden çykyşyna dünýä bileleşiginiň uly gyzyklanma bildirmeginiň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe sürýän başlangyçlarynyň hem-de teklipleriniň diňe bir sebitiň däl, eýsem, tutuş dünýäniň ýurtlarynyň we halklarynyň ösüşiniň geljegi bilen baglanyşykly ählumumy hem-de möhüm meseleleriniň çözgüdine gönükdirilmeginiň aýratyn ähmiýetiniň bardygyny bellediler.
“Geçen döwür biziň Garaşsyz döwletimiziň alyp barýan bitarap daşary syýasatynyň netijelidigini, onuň halkara bileleşiginiň uzakmöhletleýin bähbitlerine laýyk gelýändigini aýdyň görkezdi. Bu aýdylanlar Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyna bagyşlanyp, Baş Assambleýanyň 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda täze Rezolýusiýany kabul etmegi bilen hem tassyklandy” diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Türkmenistanyň häzirki zamanyň meselelerine bolan çemeleşmeleriniň esasynda halkara bileleşiginiň olary çözmäge bolan anyk ýoly tapmak, kynçylyklary ýeňip geçmek, meňzeş pikirlerden saplanmak we ählumumy gatnaşyklaryň geljeginiň täze ugruna çykmak ýaly ukyba bolan ynamy bardyr.
Birleşen Milletler Guramasynyň münberinde Türkmenistan tarapyndan aýdylan başlangyçlar we işjeň teklipler gün tertibiniň möhüm halkara meselelerini, hususan-da, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň meselelerini, hemmetaraplaýyn, adalatly we ýokary hilli bilim bermegi üpjün etmek, düýpli ekologiýa howpuny aradan aýyrmak üçin täsirli çäreleri gözlemek, gender deňligi ýaly durmuş ulgamyna degişli teklipler häzirki zaman syýasy pikirlenmegiň, öňdengörüjiligiň ýüze çykmasy boldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu hem-de beýleki meseleleriň çözgüdini tapmak üçin Birleşen Milletler Guramasy we onuň ugurdaş düzümleri bilen aç-açan gepleşikleriň geçirilmeginiň zerurdygyny nygtady hem-de Türkmenistanyň ähli ugurlar boýunça işjeň we önjeýli özara hyzmatdaşlyga taýýardygyny mälim etdi.
Milli Liderimiz “Gutarylman galan işleri tamamlamak hem möhümdir diýip, Sammitde bu hyzmatdaşlykda ýetilen sepgitleri belledi. Şunuň bilen baglylykda, dünýä bileleşigine häzirki döwrüň hakyky ýagdaýlaryna esaslanýan we uzakmöhletleýin geljege gönükdirilen hyzmatdaşlygyň ählumumy strategiýasy zerurdyr. 2015-nji ýyldan soňky döwür üçin ösüş baradaky Gün tertibi şeýle strategiýa bolup durýar”.
Türkmen döwletiniň Baştutanynyň pikiri boýunça durnukly ösüşiň ykdysady esaslaryny peýdalanmakda halkara bileleşiginiň aýdyň hem-de sazlaşykly işlemegi gymmat bolmadyk, ynamly we häzirki zaman energiýasyna ählumumy elýeterliligi, iş bilen doly üpjün edilmegini, çeýe düzümiň döredilmegini, durnukly senagatlaşdyrylmagy hem-de maýa goýumlaryny goldamagy gazanmaga ýardam berer.
Türkmenistanyň işjeň daşary syýasy başlangyçlary dünýä metbugatynda oňyn makullamalara eýe boldy. Bu başlangyçlara syn berýän daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde olaryň, iň esasy, ählumumy öňegidişligi we gülläp ösüşi gazanmaga gönükdirilendigini, bütin düýnäde howpsuzlygy, ählumumy durnukly ykdysady ösüşi we syýasy durnuklylygy üpjün etmegiň möhüm şertidigi bellenilýär. Bu ýerde esasy wezipe Birleşen Milletler Guramasyna degişlidir.
Bu gün Türkmenistan hem-de Birleşen Milletler Guramasy hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine özara gyzyklanma bildirilýän döwürde hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna gadam basdylar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Pan Gi Mun bilen duşuşygynda şu hakynda aýdyldy.
Birleşen Milletler Guramasynyň ýolbaşçysy söhbetdeşligiň barşynda Merkezi Aziýada hem-de dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak üçin möhüm esas bolup durýan Türkmenistanyň açyk we parahatçylyk söýüji syýasatyna ýokary baha berdi.
Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň soňky ýyllarda has işjeň häsiýete eýe bolan hyzmatdaşlygy netijesinde, birnäçe bilelikdäki taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilen we häzirki wagtda amala aşyrylýan döwründe ileri tutulýan meseleler we geljekde ýerine ýetirilmeli işler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň ýolbaşçysy we administratory hanym Helen Klark bilen bolan duşuşygynyň barşynda ara alnyp maslahatlaşyldy. Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň ýolbaşçysy dünýäde migrasiýa kynçylyklarynyň ýiti häsiýete eýe bolan häzirki döwründe migrasiýa meselelerini çözmek boýunça Türkmenistanyň oňyn tejribeleriniň adamkärçilik we ynsanperwerlik ýörelgeleriniň dünýä üçin görelde alarlyk möhüm ähmiýetiniň bardygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisine gatnaşmak üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna bu saparynyň netijelerini jemläp, öňki ýyllardaky ýaly, döwlet Baştutanymyzyň Nýu-Ýorkda bolan döwrüni Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky netijeli gatnaşyklary, Ýewropa we Aziýa döwletleri bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin netijeli peýdalandygyny aýtmak bolar.
Ikitaraplaýyn duşuşyklarda Türkmenistanyň Müsür, Rumyniýa, Mongoliýa, Latwiýa, Horwatiýa, Wiýetnam we Malaýziýa bilen hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň esasy ugurlaryna garaldy.
Bitaraplyk, ylalaşdyryjylyk hem-de giň halkara hyzmatdaşlygynyň netijeli syýasaty, baý tebigy serişdeler, ösen we bäsdeşlige ukyply ykdysadyýeti, durnuklylyk hem-de täze mümkinçilikler – bularyň hemmesi, döwletleriň we hökümetleriň ýolbaşçylarynyň pikirine görä, Türkmenistan bilen uzakmöhletleýin syýasy we ykdysady hyzmatdaşlyk etmegiň ynamly binýady bolup durýar.
Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň köpüsi milli Liderimiziň BMG-niň belent münberinden türkmen Bitaraplygynyň 20 ýyllygy mynasybetli dekabr aýynda Aşgabatda ýokary derejeli halkara maslahatynyň geçiriljekdigi barada aýdandygyny habar berýärler, bu maslahata dünýäniň belli syýasy işgärleri, abraýly halkara we sebit guramalarynyň wekilleri, döwlet işgärleri, diplomatlar, alymlar we žurnalistler gatnaşarlar.
Şunuň bilen baglylykda, bilermenleriň belleýişleri ýaly, Türkmenistan Bitaraplyk derejesine eýe bolanda, bu çözgüt dünýä bileleşigi tarapyndan makullanmak bilen kabul edildi. Emma ýurdumyzyň halkara bileleşiginden üzňe ýagdaýa düşäýmeginiň mümkindigi baradaky pikirler hem aýdylýardy, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda oňyn Bitaraplygyň çäklerinde durmuşa geçirilýän daşary syýasat ugry ösüşiň döredijilikli hereketlendiriji güýjüdigini, ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, medeni taýdan ägirt uly üstünliklere eýe bolandygyny görkezdi.
Mundan başga-da, häzirki döwrüň möhüm ähmiýetli wezipelerini çözmek boýunça Türkmenistanyň umumy ykrar edilen gepleşikler merkezine öwrülendigini ynam bilen aýtmak bolar. Aşgabatda hereket edýän BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatýasynyň Sebit merkezini mysal hökmünde görkezmek bolar.
Türkmenistanyň geografiki we geosyýasy ýagdaýy, hemişelik Bitarap, parahatçylyk söýüji döwlet hökmündäki orny ýurdumyzy Gündogar bilen Günbatary baglanyşdyryjy köpri hökmünde öňe çykardy. Synçylar häzirki wagtda Türkmenistanyň syýasy, ynsanperwer we ykdysady hyzmatdaşlyk, terrorçylyga garşy göreş meseleleri boýunça köptaraplaýyn gepleşikleri alyp barýandygyny, halkara düzümleriniň çäklerinde hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýändigini belleýärler.
Ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk ýörelgeleriniň halkara abraýynyň yzygiderli artmagynyň türkmen Bitaraplygyna taryhy nukdaýnazardan garalanda, şeýle hem hyzmatdaşlygyň täze açylýan giň mümkinçiliklerini nazara almak bilen, bilermenler bitaraplygyň hakykat ýüzünde Türkmenistanyň içerki ösüşiniň hem-de dünýä derejesindäki ornunyň üstünlige beslenmeginiň jedelsiz we möhüm şertleriniň biridigini aýratyn nygtadylar. Halkara gatnaşyklar ulgamynda ýüze çykýan çylşyrymly meseleleriň çözgüdini tapmagyň köptaraplaýyn guraly bolan bitaraplygyň kemala gelmegi dünýä gatnaşyklarynyň bütinleý täze binýadynyň hem-de üçünji müňýyllygyň başynda adamzadyň öňünde örboýuna galan möhüm meseleleriň has kämil çözgüdini tapmakda başgaça çemeleşmeleriň döredilmegine ýardam berdi.
Bularyň ählisi ýurdumyzy Merkezi Aziýa sebitindäki halkara gatnaşyklarynyň örän täsirli merkezine öwürýär we bu giňişlikde durnuklaşdyryjy, utgaşdyryjy hereketiň özboluşly merkezine öwürýär. Şeýle hem bitaraplyk derejesinden gelip çykýan ýörelgeler tutuş dünýäde parahatçylygy we ýokary taglymatlary iş ýüzünde kemala getirmekde pikirdeşleri öz tarapyna çekmegi başarýan öňdebaryjy döwlete öwürdi. Muny hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisine gatnaşmagynyň netijeleri hem doly subut edýär.