Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 25-nji sentýabrda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisiniň çäklerinde 2015-nji ýyldan soňky döwür üçin ösüş meseleleri boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň merkezi edarasynda maslahatda çykyş edip, howanyň üýtgemeginiň we ekologiýanyň meselelerini çözmezden, Ýer ýüzüniň döwletleriniň we halklarynyň durmuş-ykdysady ösüşini gazanmagyň mümkin däldigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz dekabr aýynda Parižde geçiriljek maslahatda Türkmenistanyň howa bilen bagly meseleler boýunça halkara Ylalaşygyna gol çekilmegini goldamaga taýýardygyny beýan etdi.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň dürli maslahatlarda halkara ekologiýa hyzmatdaşlygyny berkitmek babatda birnäçe anyk teklipleri öňe sürendigini ýatlatdy. Olaryň biri Aşgabatda BMG-niň howandarlygynda howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek baradaky başlangyçdyr. Döwlet Baştutanymyz BMG-niň münberinden Türkmenistanyň dürli maslahatlarda beýan eden bu garaýşyna ygrarly bolup, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy bilen bilelikde 2016-njy ýylda Aşgabatda şeýle merkezi döretmek üçin zerur işleri geçirmäge taýýardygyny aýtdy.
Türkmenistan parahatçylygyň we adamzat ösüşiniň geljekki ykbaly bilen baglanyşykly bar bolan meseleleri çözmäge diňe bir öz goşandyny goşmaga ymtylýandygy barada yglan etmek bilen çäklenmän, eýsem, ägirt uly kuwwatyny ählumumy bähbitlerde peýdalanmagy, düýpli maksatlara garaýşyny hem-de olara ýetmekde mümkinçiliklerini teklip edýär.
Bu işler ýurdumyzda alnyp barylýan uly möçberli ekologiýa işleriniň dowamy, şol sanda 2012-nji ýylda tassyklanan hem-de önümçilik işleriniň hemme esasy pudaklarynyň ekologiýa howpsuzlygy ölçeglerine tapgyrlaýyn geçmegi göz öňünde tutýan howanyň üýtgemegi boýunça Türkmenistanyň milli strategiýasynyň çäklerinde dowam eden işlerdir. Bu strategiýa ýokary tehnologiýaly pudaklaryň ileri tutulmagyny, ýurduň durmuşyny üpjün edýän ähli düzümleriň dolandyrylmagynda binýatlyk ugur hökmünde “ýaşyl ykdysadyýeti” ösdürmek üçin şertleri döretmegi göz öňünde tutýar. Munuň özi dünýäniň öňdebaryjy nebitgaz döwleti, ýangyç çig malyny iri öndüriji we halkara eksport ediji hökmünde Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyna hem doly derejede degişlidir.
Bu jogapkärli çemeleşme zerur bolşuna görä, ekologiýa esasy ugurlaryň biri bolup çykyş edýän energiýa howpsuzlygy meselelerinde halkara ylalaşygyny işläp taýýarlamakda ýurdumyzyň eýeleýän ornuny şertlendirýär. Bu barada döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň durnukly ösüş boýunça “Rio+20” (Braziliýa, 2012-nji ýyl) maslahatynda beýan edipdi. Şonda türkmen Lideri Türkmenistanyň täze guraly—BMG-niň howandarlygynda Sebitara energetika dialogyny döretmek baradaky teklibini aýdypdy.
Biziň umumy wezipämiz ekologiýa sazlaşygyny saklamagyň zerurlygy bilen hakyky ykdysady bähbitleri, halkara hyzmatdaşlygynyň ýagdaýlaryny utgaşdyrmakdan ybaratdyr diýip, milli Liderimiz nygtaýar. Şu babatda Türkmenistan beýleki döwletler we halkara düzümleri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ýollaryny tapmakda, şol sanda energiýa serişdeleri gazylyp alnanda ekologiýa töwekgelçiliklerini has azaltmak, önümçilik işlerine netijeli goraýyş tehnologiýalaryny ornaşdyrmak maksady bilen, hemişe öz işjeňligini görkezip gelýär. Ýurdumyzda uglewodorod serişdelerini gazyp almak usullarynyň häzirki wagtda iň ýokary ekologiýa ölçeglerine laýyk gelýändigini, degişli kadalaşdyryjy-hukuk binýadynyň döredilendigini bellemek zerurdyr.
Muňa ýurdumyzyň BMG-niň biologik köpdürlülik hakyndaky, çölleşmäge garşy göreş boýunça, howanyň üýtgemegi baradaky, ozon gatlagyny goramak hakynda, serhetüsti suw akymlaryny we halkara köllerini goramak we peýdalanmak baradaky tebigaty goraýyş konwensiýalaryna goşulmagy aýdyň şaýatlyk edýär. BMG-niň Ösüş maksatnamasy, BMG-niň daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, Ählumumy ekologiýa gaznasy ýaly abraýly halkara düzümleri hem-de beýleki halkara guramalary bilen bilelikde Türkmenistan milli we sebit derejelerinde ekologiýa maksatnamalarynyň we taslamalarynyň onlarçasyny durmuşa geçirýär.
Milli çygyrdan çykýan wajyp meseleleriň hatarynda Hazar sebitiniň uglewodorod serişdelerini gazyp almagyň we üstaşyr ugratmagyň dünýäde iri merkezleriniň birine barha okgunly öwrülýändigini nazarda tutup, Hazar deňziniň bioköpdürlüligini we ekologiýa sazlaşygyny saklamak meselesi durýar.
Mälim bolşy ýaly, Hazar deňziniň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň bioköpdürlüligi iki ýarym müňden gowrak görnüşlere deň bolup, olaryň üçden bir bölegi deňziň türkmen bölegine degişlidir. Türkmenistanyň Hazar deňziniň ekologiýa goraglylygynyň ygtybarly ulgamyny döretmäge uly ähmiýet bermegi, ilkinji nobatda, iň iri içki, dünýä ummanyndan aýratyn, Ýer ýüzüniň suw giňişligi, örän köp dürli ösümlik we haýwanat dünýäsi bolan tebigatyň hakyky merjeni--Hazaryň derejesi bilen şertlenendir. Häzirki wagtda ýurdumyzyň hünärmenleriniň baha bermegine hem-de abraýly halkara bilermenleriniň gelýän netijelerine görä, Hazar deňziniň türkmen bölegi ekologiýa taýdan örän arassa bolup durýar. Munuň özi bu ugurda alnyp barylýan maksada gönükdirilen we göwnejaý işler bilen düşündirilýär.
Bu ugurda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Hazaryň meseleleri baradaky Pudagara topar döredildi we ol netijeli işleýär. Onuň düzümine Daşary işler ministrliginiň, Nebitgaz senagaty we mineral serişdeler ministrliginiň, Tebigaty goramak ministrliginiň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasynyň, Balyk hojalygy döwlet komitetiniň, Döwlet serhet gullugynyň, birnäçe pudaklaýyn ylmy-barlag institutlaryň we beýlekileriň wekilleri girýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli öňe sürýän hem-de täsin tebigy suw howdanynyň baý serişdelerini aýawly saklamaga, artdyrmaga we rejeli peýdalanmaga gönükdirilen halkara başlangyçlaryny amala aşyrmak boýunça teklipleri işläp düzmek degişli düzümiň öňünde goýlan möhüm wezipeleriň biridir.
Mundan başga-da, biziň sebitimizde tebigy we ekologiýa betbagtçylyklary bilen baglanyşykly bilelikde çözülmegini talap edýän beýleki meseleler hem bar.
Olaryň hatarynda Aral deňziniň guramak meselesi bar. Türkmenistan Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň işine uly goşant goşýar, şeýle ekologiýa howpunyň agyr netijelerini azaltmagyň ýollaryny gözlemäge örän işjeň gatnaşýar hem-de BMG-niň Aral boýunça Ýörite maksatnamasyny döretmegi teklip edýär.
Şu ýylyň 12-nji aprelinde hormatly Prezidentimiz Koreýa Respublikasynda VII Bütindünýä suw maslahatynyň münberinden çykyş edip, BMG-niň suw meseleleri boýunça uzakmöhletleýin Ýöriteleşdirilen Maksatnamasyny hem-de BMG-niň Suw Strategiýasyny işläp düzmegi teklip etdi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ulgamda, şol sanda Aral deňziniň ýakasyndaky ýurtlara kömek bermek boýunça başlangyjyny goldap, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Pan Gi Mun BMG-niň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisinde ýurtlary we halklary tagallalaryny gaýgyrman, bu ekologiýa heläkçiliginiň öňüni almaga has işjeň gatnaşmaga çagyrdy. Sebäbi hut dünýä derejesindäki, sebit we milli derejelerdäki gurallaryň sazlaşygy Ýer ýüzüniň durnukly ösüşiniň esasy şertine öwrülýär.
“Durnukly ösüş” diýen düşünjäniň özi daşky gurşaw we ösüş boýunça halkara topary tarapyndan 1987-nji ýylda giňden ulanyşa girizildi. Ol häzirki döwrüň isleglerini kanagatlandyrýan ösüşi göz öňünde tutýar, ýöne geljekki nesilleriň öz isleglerini kanagatlandyryp bilmek ukybyna howp salmaýar. Ýagny bu düşünje ekologiýa meselesi bilen ysnyşykly baglanyşyklydyr, çünki şu babatda daşky gurşawyň adamzadyň diňe bir häzirki däl, eýsem, geljekki isleglerini kanagatlandyrmak ukyby baradaky meselesi ýüze çykýar.
Ösüş meseleleri boýunça Maslahatda kabul edilen täze Gün tertibi - 2030-yň 17 maksadynyň hatarynda howanyň üýtgemegine we onuň netijelerine garşy göreşmek boýunça gyssagly çäreleri kabul etmek, ummanlary, deňizleri we deňiz serişdelerini goramak hem-de oýlanyşykly peýdalanmak, ekoulgamyň gury ýerlerini dikeltmek, tokaýlardan oýlanyşykly peýdalanmak, çölleşmäge, topragyň ýaramazlaşmagyna garşy göreşmek hem-de bioköpdürlüligiň ýitmegini saklamak ýaly maksatlar gönüden-göni tebigaty goramak işleri bilen baglanyşyklydyr.
Ýöne ekologiýa düşünjesi örän giňdir hem-de adamyň we onuň daşky gurşawynyň özara baglanyşygynyň toplumyny göz öňünde tutýar. Şu babatda ekologiýa ýagdaýy beýleki maksatlaryň ählisinde olara ýetmegiň aýrylmaz şerti hökmünde bardyr. Bu hem dünýäde garyplygy aradan aýyrmak, açlyga garşy göreş alyp barmak, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek we adamlaryň iýmitlenmek ýagdaýyny gowulandyrmak, oba hojalygyny durnukly ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgesiniň berkarar bolmagy, suw serişdeleriniň, arassaçylygyň bolmagyny we oýlanyşykly peýdalanylmagy üpjün etmekdir.
Şunuň bilen baglylykda, gymmat bolmadyk, ygtybarly, durnukly we öz wagtynda energiýa üpjünçiligine, umumylykda, yzygiderli, toplumlaýyn we durnukly ykdysady ösüşiň wezipelerine, doly we netijeli iş bilen üpjünçilige hem-de hemmeler üçin mynasyp işlere ählumumy elýeterliligi üpjün etmäge garamak gerek.
Ekologik sazlaşyklylygyna Maksatlarda kesgitlenen çeýe düzümleriň döredilmegi, mundan beýläk-de senagatlaşdyrmak, şeýle hem ýurtlaryň içinde we olaryň arasynda deňsizligiň azaldylmagy baglydyr. “Şäherleri we ilatly nokatlary açyk, howpsuz, ýaşaýşa ukyply we durnukly etmek” -- maksatlaryň biri şeýle kesgitlenendir. Ol hem amatly ekologiýa gurşawyny saklamagy nazarda tutýar. Sarp etmegiň we önümçiligiň hem-de beýlekileriň durnukly nusgasyny üpjün etmek maksady hem tebigata aýawly garamak bilen baglanyşyklydyr.
Şeýlelikde, ydysadyýetiň we ekologiýanyň özara baglanyşygy kesgitleýji ähmiýete eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň ştab-kwartirasynda eden çykyşynda bu meselä aýratyn ünçi sekdi. Bu konsepsiýa senagatyň ösdürilmeginiň daşky gurşawa hojalygy dolandyrmagyň akylly-başly usullaryna, önümçilikleriň ylmy taýdan guralyşyna hem-de ekologiýa oňaýsyz täsir etmelerden gaça durmaga mümkinçilik berýän öňdebaryjy tehnologiýalary peýdalanmaga ýaramaz täsiriniň gutulgysyzlygy baradaky pikire garşy durýar.
Ýurdumyzda senagatyň depginli ösdürilýändigine garamazdan, Türkmenistandaky durnukly ekologik ýagdaý şol maksada ýetmegiň nusgasy bolup hyzmat edýär. Daşky gurşaw babatda hereketleriň oýlanyşyklylygy bilen oba hojalyk önümleriniň, ýurdumyzyň azyk önümçiliginiň derejesiniň arasyndaky özara baglanyşyk hem aýdyňdyr. Şeýle hem Türkmenistan öz üstüne alan halkara borçnamalaryna üýtgewsiz eýerýär. Ýurdumyzda howa aralaşýan bugarma gazlarynyň hasaby ýöredilýär, howanyň üýtgemegi hasaba alynýar, beýleki barlag işleri geçirilýär. Ýurdumyzyň ylmy-tehniki kuwwatynyň ýokarlanmagy, şol sanda ýangyç-energetika toplumynyň, awtoulag we gurluşyk, himiýa senagatlarynyň, jemagat hojalygynyň kärhanalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça ýurtda geçirilýän giň gerimli işler hem daşky gurşawa ýaramaz tehnogen täsiri kemeltmäge ýardam edýär.
Ykdysadyýetiň pudaklarynda döwrebap, ekologik nukdaýnazardan has kämil tehnologiýalar ornaşdyrylýar, şeýle hem howanyň arassalygyna hem-de daşky gurşawyň ýagdaýyna gözegçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmak, ekologik standartlar hem-de gurulýan zawodlara, fabriklere, kärhanalara, ýaşaýyş-raýat desgalarynyň gurluşygyna bildirilýän talaplary kämilleşdirmek maksadynda çäreler görülýär.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ekologik syýasatynyň many-mazmuny onuň netijeliliginiň ykdysady ulgamyň özgermeginde jemlenip, önümçilik ulgamynyň tebigatyň bäsdeşi däl-de, tarapdary we daýanjy bolmagyndan ybaratdyr.
Beýleki tarapdan, ýurdumyzda yzygiderli geçirilýän ekologik çäreler milli ykdysadyýetimiziň ösmeginiň täze şertine, halk hojalygynyň geriminde tebigatdan peýdalanmagyň düýbünden täze nusgasyna geçmek üçin binýada öwrülýär.
Emma Türkmenistanyň ekologiýa syýasaty diňe tehnokratik çeseleşme bilen çäklenmeýär, eýsem-de, jemgyýetiň sazlaşyklylygyny, onuň ruhy-ahlak terbiýesini hem-de raýatlylygyň, ýokary medeniýetiň we tebigata paýhasly-jogapkärçilikli garamagyň berkarar bolmagyny özünde jemleýär.
Ekologiýa meseleleriniň çözgüdini gözlemek dünýä ösüşi üçin birleşdiriji başlangyja öwrüldi. Şunda durmuş gymmatlyklaryna gaýtadan seretmek, şahsyýet özüni ýeke-täk dünýä jemgyýetçiliginiň agzasy hökmünde akyl ýetirýän ählumumy, köpugurly aňyýetiň kemala gelmegi baradaky mesele orta çykýar. Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ileri tutulýan meseleleriniň biri hökmünde ekologiýa diplomatiýasyny tassyklap, döwlet Baştutanymyz halkara gatnaşyklar ulgamynyň ynsanperwerleşdirilmeginiň we ekologiýalaşdyrylmagynyň, olaryň ahlak gymmatlyklary bilen galkynmagynyň wajypdygyna aýratyn üns berip, hut ynsan ömrüniň gymmatlylygyny ilkinji orna çykarýar.
Türkmen döwletiniň täze döwründe bolup geçýän şöhratly wakalaryň hatarynda ýurdumyzyň ajaýyp tebigatynyň köp dürlüligini we gözelligini saklamaga, onuň baýlyklaryny netijeli peýdalanmaga gönükdürilen taslamalar aýratyn orun eýeleýär. Garagumda täsin Türkmen kölüniň döredilmegi şol wakalaryň biri bolup, ol eýýäm daşky gurşawa, şol sanda bioköpdürliligiň artmagyna oňaýly täsirini ýetirýär, onuň akabalarynda balyklaň dürli görnüşleri peýda boldy, olaryň kenarlarynda ösýän gamyşlar we tokaýlyklar bolsa guşlaryň mesgen tutan ýerine öwrülen kölüň suw ulgamy çölüň howasynyň ýumşamagyna hem oňaýly täsir edýär. Häzir bu kölüň ikinji nobatdakysynyň gurluşygy dowam edýär.
Möçberleri boýunça deňsiz-taýsyz bolan bu taslama Türkmenistan üçin, şeýle hem tutuş Merkezi Aziýa üçin uly ähmiýete eýedir. Onuň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň oba hojalygyny ösdürmek üçin diňe bir hil taýdan täze mümkinçilikleri we gözýetimleri açman, eýsem, tutuş sebitiň ekologiýasyna hem oňyn täsir eder.
Köpetdagyň dag eteklerinden başlap gojaman Hazaryň kenaryna çenli tutuş ýurdumyzy gurşap alan bag ekmek maksatnamasy hem gerimi boýunça örän uludyr. Alternatiw energetikasy ulgamynda ylmyň gazananlarynyň ornaşdyrylmagy bilen aýratyn mümkinçilikler baglanyşdyrylýar. Soňky döwürde, geçen ýylyň iýun aýynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň açylmagy bilen ýerli çig malyň-Garagum çägesiniň esasynda gün batareýleri üçin kremniý öndürmek babatda ylmy-barlag işleri işjeňleşdi.
"Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň döredilmegi bolsa türkmen tebigatynyň täsin künjegini döwrebap we daşky gurşaw üçin howpsuz tehnologiýalary peýdalanmak bilen adamyň bähbidine aýawly özgertmegiň mysalyny äşgär etdi. Bularyň hemmesi ahyrky netijede adamlaryň durmuş derejesiniň ýokarlanmagynda öz beýanyny tapýar. Olaryň tutanýerli zähmeti bilen öz nesillerimize miras goýjak gadymy türkmen topragymyz günsaýyn gözelleşýär.
Ertir - 3-nji oktýabrda ýurdumyzda-ählihalk ýowary bilen nobatdaky bag ekmek möwsümi badalga alýar. Ol her bir şäheriň, ilatly ýeriň daş--töweregindäki, dag eteklerindäki, akabalaryň we derýalaryň, deňziň kenarlaryndaky tokaýlaryň çäklerini giňelder. Biz tebigat hakda alada edip, geljek nesilleriň abadançylygy barada alada edýäris.
Munuň özi adamyň bag ekmekden alýan peýdasynyň diňe ykdysady görkezijilerde jemlenmeýändigine oňat düşünýän jemgyýetde ekologik medeniýetiň ýokary derejesini görkezýär. Aşgabadyň töwereginde hem-de ýurdumyzyň beýleki sebitlerinde ösüp-örňän jeňňellikler haýwanat dünýäsiniň ençeme wekilleri üçin mesgene öwrülýär, olar topragyň zaýalanmagynyň öňüni alýar, onuň düzümindäki suwlary saklap, howany gowlandyrýar. Çölüň we güneşiň ýurdunda köp ýyllyk işiň netijelerini görýärler, tokaýlygy döretmegıň döwrebap tehnologiýalary bolsa bu ýerde täze ugra eýe bolýar.
“Gök ösüşiň strategiýasy” hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýurdumyzyň durnukly ykdysady we durmuş taýdan ösüşiniň usullarynyň biri hökmünde düýbi tutuldy. Ol öňdebaryjy tejribä, innowasion tehnologiýalara we köp asyrlyk milli däplere daýanýar. Ekologik maksatnamasy ahyrky netijede adamlaryň durmuş derejesini ajaýyp türkmen tebigaty bilen sazlaşykda ýokarlandyrmaga, daşky gurşawyň sagdynlaşmagyna hem-de ýurdumyzyň gülläp ösmegine gönükdirilendir. Türkmen döwletiniň ekologik meselelerini çözmekdäki tejribesi beýleki ýurtlara-da, ilkinji nobatda, senagat taýdan ösen ýurtlara hem peýda bolup bilerdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ekologik başlangyçlaryny dünýä derejesinde öňe ilerletmek bilen, Türkmenistan halkara gatnaşyklary üçin ygtybarly binýat döredip, global meseleleriň çözülmegine goşant boljak tejribäni toplaýar.