Ï Maslahatda geografiki maglumat ulgamynyň ulanylyşy babatda durlup geçildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Maslahatda geografiki maglumat ulgamynyň ulanylyşy babatda durlup geçildi

view-icon 1411
Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Tehnologiýalar Merkezinde ulag infrastrukturasynda geografiki maglumat ulgamynyň ulanylyşy barada maslahat geçirildi.

Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Tehnologiýalar Merkeziniň hünärmenleri, aspirantlary, Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň mugallymlary we talyplary deňiz we ulag ýükleri daşamakda, raýat awiasiýasynyň ýolagçylaryna hyzmatlary amala aşyrmakda GIS-tehnologiýalaryň ulanylyşyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Hususan-da Türkmenistanyň awtoulag ministrligine hödürlenjek awtoulag ulgamynyň müşderileriniň hyzmatlaryny gowulandyrmak boýunça maksatnamalaýyn resminamalary taýýarlamagyň barşy barada tanyşdyryldy.

Maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Tehnologiýalar Merkeziniň geografiki maglumatlaýyn ulgamy barlaghanasynyň milli awtoulag ulgamynyň nawigasiýa kartasyny döretmekde alyp barýan işleri bilen tanyşdyryldy. Türkmenbaşy şäheriniň kartasyny döretmek boýunça işler başlandy. Bu işi şu ýylyň ahyryna tamamlamak göz öňünde tutulýar.