Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýlip yglan edilen 2015-nji ýyl özygtyýarly Türkmenistanyň iň täze taryhy üçin, hakykatdan-da, ähmiýetli ýyl boldy. Türkmenistanyň hemişelik oňyn Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 20 ýyllygynyň şanyna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan tassyklanan toý dabaralarynyň maksatnamasynyň çäklerinde Ýer ýüzünüň ähli künjeginde dürli baýramçylyk çäreleri geçirilýär. Olaryň möçberi häzirki günde onlarça däl-de, ýüzlerçe sanlar bilen ölçelýär. Olaryň hatarynda iri halkara maslahatlar, “tegelek stollar”, metbugat hem-de köpsanly medeni we sport çäreleri bar.
Toplanan örän uly köptaraplaýyn diplomatiýanyň tejribeleriniň netijesinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, ilçihanalar, konsullyk edaralary hem-de ýurdumyzyň iri halkara guramalarynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanalary halkara syýasatynyň görnükli ugry, parahatçylyk döredijiligiň we özara düşünişmegiň netijeli guraly, döwrüň ähli möhüm meselelerini parahatçylykly, syýasy-diplomatik ýollar arkaly çözmegiň tarapdary hökmünde türkmen Bitaraplygynyň aýratyn ähmetini bütin dünýä görkezýärler.
Döredilen ýörite web-saýt hem-de Bitaraplyk derejesine eýe bolmagyň taryhyna, Garaşsyz Türkmenistanyň gazananlaryna we ösüşiniň geljegine bagyşlanan ýylyň başyndan bäri geçirilýän birnäçe maslahatlar ýörelgeleri halkara syýasatynyň aýrylmaz bölegine we esas düzüji şertlerine öwrülýän ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň ähmiýetiniň giňden wagyz edilmegine gönükdirilendir. Russiýa Federasiýasynda, Hytaýda, Ýaponiýada, Birleşen Arap Emirliklerinde, Türkiýede, Belgiýada, Niderlandlarda, Ukrainada, Gazagystanda, Azerbaýjanda, Özbegistanda, Täjigistanda hem-de ençeme beýleki daşary ýurtlarda ylmy-amaly maslahatlar we dabaraly duşuşyklar guraldy.
Şol maslahatlara gatnaşanlar täze garaýyşly Lider hökmünde dünýä jemgyýetçiligi bilen adamzat ösüşiniň ählumumy ösüş ýagdaýlaryna doly laýyk gelýän özara gatnaşyk etmegiň köptaraply usulyny işläp düzen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary syýasat ýörelgesiniň oýlanyşyklydygyny yzygiderli nygtaýarlar.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesini berkiden taryhy Kararnama 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda bütin halkara jemgyýetçiliginiň biragyzdan goldamagynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 50-nji, ýubileý mejlisinde kabul edildi. Biziň ýurdumyz dünýäniň iň täze taryhynda Milletler Bileleşigi tarapyndan ykrar edilen ilkinji Bitarap döwlet diýlip yglan edildi! Munuň özi uly jemgyýetçilik seslenmesini döreden ýokary taryhy wajyplygy bolan üýtgeşik waka bolup, garaşsyzlygynyň ilkinji günlerinden hoşniýetliligiň, ynsanperwerligiň we döredijiligiň belent maksatlaryny ileri tutan häzirki zaman türkmen döwletiniň ösüşinde täze tapgyry alamatlandyrdy.
20 ýyl mundan ozal ýurdumyzyň saýlap alan ýoly, hakykatdan-da, ykbal çözüji boldy. Bitaraplyk derejesi halkymyzyň jemgyýetçilik aňynda diňe bir pugta ornaşman, eýsem-de, Türkmenistan bilen bütin dünýäniň ýakyndan tanyşmagyna ýardam etdi hem-de onuň Ýer ýüzüniň ähli döwletleri bilen gyzyklanma bildirilýän gepleşiklere açykdygyny görkezdi.
Ýeri gelende aýtsak, şu ýylyň 3-nji iýunynda, Birleşen Milletler Guramasynyň 69-njy mejlisinde BMG-a agza döwletleriň 193-si tarapyndan ýene-de bir adybir Kararnama biragyzdan kabul edildi. Bu gezek onuň awtordaşlary bolup 47 ýurt çykyş etdi. 20 ýylyň içinde Bitaraplygyň toplanan oňyn tejribesini özünde jemläp, möhüm köptaraplaýyn resminamanyň kabul edilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ählumumy howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen parahatçsylyk söýüji daşary syýasatynyň ählumumy ykrar edilmeginiň ýene-de bir ajaýyp tassyknamasyna öwrüldi.
Türkmen döwletiniň Bitaraplyk syýasaty onuň köptaraply daşary syýasat strategiýasynyň esas goýujy baş ugry bolmak bilen, üçünji müňýyllygyň ählumumy maksatlaryna doly gabat gelýär. Şol möhüm maksatlaryň hatarynda ählumumy parahatçylygy, durmuş rowaçlygyny hem-de ykdysady gülläp ösüşi gazanmak durýar. Şulary ykrar edip Milletler Bileleşigi Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesini nobatdaky gezek goldaýandygyny tassyklady hem-de BMG-a agza döwletleri sebitiň we dünýäniň beýleki döwletleri bilen parahatçylyk, dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekde oňyn orun tutýan ýurdumyzyň özygtyýarlylygyna hem-de çäk bütewiligine hormat goýmaga çagyrdy.
Bitaraplyk we parahatçsylyk ýylyna bagyşlanyp geçirilýän çäreler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 25-nji sentýabrda Birleşen Milletler Guramasynyň 2015-nji ýyldan soňky döwür üçin ösüş meseleleri boýunça Sammitinde belent münberden eden üstünlikli çykyşynyň uly syýasy seslenme döretmegi bilen baglylykda hem aýratyn möhüm häsiýete eýe boldy. Oňa türkmen döwletiniň Baştutany netijeli pikirleri öňe sürýän we täze döwrüň görnükli syýasatçysy hökmünde çagyryldy.
Milli Liderimiz öz çykyşynda halkara gatnaşyklarynyň esasy ugurlary boýunça Türkmenistanyň garaýşyny, eýeleýän ornuny mälim etdi we täze ählumumy Gün tetibinde öňde goýlan 169 wezipäni, şeýle hem durnukly ösüş ulgamynda 17 maksady ýerine ýetirmekde hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilen birnäçe teklipleri öňe sürdi. Onuň esasy ugry ykdysady, durmuş we ekologiýa ýaly durnukly ösüşiň üç ugrunda halkara bileleşiginiň deňeçer we toplumlaýyn çözgüdini emele getirmekden ybaratdyr diýip, milli Liderimiz belledi.
Hormatly Prezidentimiz gymmat bolmadyk, ygtybarly we döwrebap energiýa üpjünçiliginiň ählumumy üpjün ediljekdigine, ykdysady ösüşe hem-de iş üpjünçiligine ýardam beriljekdigine, çeýe düzümiň ösdüriljekdigine, senagatlaşdyrylmagyna goldaw beriljekdigine we täzeçil usullaryň höweslendiriljekdigine ynam bildirdi hem-de munuň önümçiligiň we sarp edişiň durnukly usulyny döretmäge, ýurduň içinde we olaryň arasynda deňsizligiň azaldylmagyna mümkinçilik berjekdigini aýtdy. Bu bolsa özara gatnaşyklaryň usullarynyň kämilleşdirilmegini talap edýär.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň ýakyndaky mejlisleriniň birinde durnukly ösüş Maksatlaryny ýerine ýetirmegi utgaşdyrmagyň täze ählumumy guralynyň döredilmegi hakyndaky meselä seredilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi hem-de Türkmenistanyň bu babatda degişli anyk teklipleri öňe sürmäge taýýardygyny nygtady.
Dünýäde garyplygy aradan aýyrmak, açlyga garşy göreşmek meselelerini pugtalandyrmagyň zerurdygyny barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz ýokary derejedäki Azyk forumyny geçirmegi teklip etdi we ýurdumyzyň bu ugurda ähli gyzyklanma bildirýän taraplar bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmäge ymtylýandygyny belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz döwletiň we dünýäniň halklarynyň durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmegiň, howanyň üýtgemegi hem-de ekologiýa meseleleri bilen baglanyşykly wezipeleri çözmezden mümkin däldigini nygtady. Milli Liderimiz Türkmenistanyň Merkezi Aziýa ýurtlary üçin howanyň üýtgemegi boýunça Sebit merkezini döretmek teklibini öňe sürýändigini aýdyp, ýurdumyzyň bu ýörelgä ygrarly bolup, 2016-njy ýylda BMGÖM bilen bilelikde Aşgabatda şunuň ýaly Merkezi döretmäge girişjekdigini aýtdy.
Türkmen Lideri sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmak, bilim, gender syýasaty hem-de parahatçylygyň, adalatyň beýik ýörelgeleriniň, Birleşen Milletler Guramasynyň maksatlarynyň we wezipeleriniň üstünlikl durmuşa geçirilmeginiň bähbidine beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlygy giňeltmek barada aýtdy.
Nýu-Ýorkda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Mun bilen bolan duşuşygynyň barşynda BMG-niň ýolbaşçysy türkmen döwletiniň Baştutanyny bütindünýä forumynyň işine gatnaşandygy, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlykda Bitarap Türkmenistanyň işjeň orny eýeleýändigi üçin hoşallyk bildirdi. Sammitiň barşynda türkmen tarapynyň beýan eden täze başlangyçlary hem-de oňyn teklipleri munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Şol başlangyçlar bolsa 2016-2030-njy ýyllar üçin umumydünýä ösüşiniň möhüm meselelerini çözmekde deňagramly çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga ýardam etmäge gönükdirilendir.
Jenap Pan Gi Mun hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän, Merkezi Aziýada we bütin dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy hem-de howpsuzlygy pugtalandyrmagyň möhüm şerti hökmünde çykyş edýän açyk we parahatçylyk söýüjilikli syýasatyna ýokary baha berip, Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesiniň ähmiýetini nytgady. Şu ýyl ýurdumyz bu derejä eýe bolmagynyň 20 ýyllygyny belleýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2015-nji ýylyň iýun aýynda geçirilen nobatdaky 69-njy mejlisinde BMG-niň “Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy” Rezolýusiýasynyň gaýtadan kabul edilmegi hem türkmen Bitaraplygynyň oňyn häsiýete eýedigini tassyklaýar.
Bu gün halkara jemgyýetçiligi tarapyndan berlen Bitaraplygyň halkara-hukuk derejesi diňe bir milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan möhüm özgertmeleri hem-de durmuş-ykdysady ösüşiniň örän uly döwlet maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmek üçin däl-de, eýsem, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda, abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde hemme ýurtlar bilen netijeli özara hereketleri giňeltmek üçin ygtybarly esas döredýär.
Şeýlelik bilen, syýasy, ykdysady, medeni, ylym-bilim we beýleki pudaklarda giň hem-de ýokary derejede netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmakda ähmiýetli orna eýe bolan Bitaraplyk diňe bir iň beýik umumymilli gymmatlyk däl-de, eýsem, tutuş adamzadyň beýik gymmatlygy diýlip ykrar edildi. Sekiz ýyl mundan ozal Birleşen Milletler Guramasynyň iri sebit düzüminiň – Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça BMG-niň sebit merkeziniň baş edarasynyň Aşgabatda açylmagy hem Türkmenistana bildirilýän belent ynamyň subutnamasyna öwrüldi. Bu merkez Sebitiň ýurtlarynyň umumy bähbitleriniň hatyrasyna netijeli gatnaşyk etmegi üçin möhüm meýdança öwrüldi.
Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan dünýäde resmi taýdan ykrar edilen ilkinji Bitarap döwlet hökmünde ýurdumyz öz üstüne alan borçnamalaryna , hususan-da, güýç ulanmakdan ýüz öwürmek, umumadamzat gymmatlyklaryna ygrarly bolmak, beýleki ýurtlaryň içerki işlerine goşulyşmazlyk, sebit we dünýä möçberinde dostluk, parahatçylyk hem-de özara bähbitli, deňhukukly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge hemmetaraplaýyn ýardam bermek borçnamalaryna yzygiderli eýerýär. Halkara harby we harby-syýasy toparlanyşyklara gatnaşmakdan doly ýüz öwürmegi Türkmenistana sebitde we dünýäde islendik görnüşli güýç ulanmak arkaly gapma-garşylyklara dahylly bolmazlyga mümkinçilik berip, öz howpsuzlygynyň kepilligini gorady.
Çensiz-çaksyz ynama eýe bolan Türkmenistan täsir etmegiň ähli syýasy-diplomatik we ykdysady çäreleriniň serişdelerini peýdalanyp, baryp 20 ýyl mundan ozal öz ägirt uly parahatçylyk döredijilik mümkinçiligini doly güýjünde durmuşa geçirip başlady. Biz ýurdumyzyň sebitdäki çylşyrymly ýagdaýlary durnuklaşdyrmaga, hususan-da, goňşy ýurtlardaky—Täjigistandaky we Owganystandaky ýagdaýlary kadalaşdyrmaga, şeýle hem tutuş Merkezi Aziýa sebitiniň durnukly ykdysady ösüşine özüniň mynasyp goşandyny goşup, ählumumy durnukly ösüşi we rowaçlygy gazanmak maksatlarynda halkara ähmiýetli iri birnäçe wajyp taslamalaryň başyny başlandygyny buýsanç bilen nygtap bileris.
Türkmen Bitaraplygy mowzugyna meşhur daşary ýurt neşirleriniň ýygy-ýygydan ýüzlenýändigi ýöne ýerden däldir. Ine, Türkmenistandaky Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly Hindistanda neşir edilýän “Business Central Asia” diýen meşhur žurnalynyň, iňlis dilindäki aýda bir gezek çap edilýän “Korea Post” /Koreýa Respublikasy/ žurnalynyň, owgan türkmenleriniň “Güneş” žurnalynyň ýörite sany hem-de Hytaý Halk Respublikasynda çykarylan “Türkmenistanyň diplomatiýasy: ýurduň we halkara hyzmatdaşlygynyň bähbitleriniň gullugynda” diýen aýratyn neşiriň baş mowzugy boldy. Şeýle hem Pekinde Türkmenistanyň HHR-daky ilçihanasynyň ýardam bermeginde “Vitwo” syýasy-habarlar žurnalynyň redaksiýasy bilen bilelikde “Türkmenistan 2015—Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly” diýen at bilen ýörite sany çap edildi.
Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasyndaky ilçihanasy nemes dilindäki “WOSTOK” atly žurnalynyň redaksiýasy bilen bilelikde “Türkmenistan – hemişelik Bitaraplygyň 20 ýyllygy. Syýasat. Jemgyýet. Medeniýet” at bilen ýörite sany taýýarlandy we çap edildi. Onda ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanan daşary syýasatynyň mazmunyna hem-de esasy wezipelerine içgin düşündiriş berilýär.
Ýylyň başyndan bäri daşary ýurtlaryň elektron we neşir görnüşli esasy köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň sahypalarynda çap edilen aýry-aýry mowzuklaýn makalalaryň birnäçesi hem Türkmenistanyň Bitaraplygy kabul etmeginiň 20 ýyllygyna bagyşlanyldy. “THE DIPLOMATIC INSIGHT” /Pakistan/ žurnalynyň, Ukrainanyň Söwda-senagat edarasynyň her aýda çykarylýan “Delowoý westnik” atly syn beriş-habarlar žurnalynyň, “Industrialnyý Gyrgyzystan” we “Megapolis” /Gyrgyz Respublikasy/ gazetleriniň, “Biznes&politika” /Täjigistan/ diýen garaşsyz jemgyýetçilik-syýasy we ykdysady gazetiniň we ençeme beýlekileriň sahypalarynda häzirki zaman Türkmenistanyň üstünlikleri we gazananlary barada gürrüň berýän gyzykly makalalar ýerleşdirildi.
Ýurdumyzyň ilçileriniň—diplomatik wekilhanalarymyzyň ýolbaşçylarynyň interwýulary okyjylarda aýratyn gyzyklanma döredýär. Olar ýurdumyza dünýädäki geosyýasy hem-de geoykdysady ýagdaýlara işjeň goşulyşmaga mümkinçilik berýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan yzygiderli alnyp barylýan parahatçylyk we netijeli halkara hyzmatdaşlyk syýasatynyň ähmiýetini açyp görkezýärler.
“Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesi—parahatçylyk we netijeli hyzmatdaşlygyň alamaty” diýen mowzukda daşary ýurtly žurnalistleriň gatnaşmagynda brifingleriň geçirilmegi hem Türkmenistanyň ilçihanalary tarapyndan alnyp barylýan işleriň uly bölegi boldy.
Öňde boljak dabaranyň hormatyna daşary ýurtlarda kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleri hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplar bilen guralýan duşuşyklara hem uly ähmiýet berilýär. Ýeri gelende aýtsak, daşary döwletleriň hut ýokary okuw mekdepleri köplenç dabaraly çäreleri – maslahatlary, sapaklary, okuw maslahatlaryny, “tegelek stollary” geçirmek üçin meýdança bolup hyzmat edýär. Ýaşlarymyz, şeýle hem häzirki zaman Türkmenistana, Garaşsyzlyk eýýamynyň beýik gazananlaryna hem-de halkymyzyň köpasyrlyk ruhy-ahlak we medeni däplerine bolan ägirt uly gyzyklanmany artdyrýan köpsanly bäsleşikleri, konsertleri, sport ýaryşlaryny we medeni çjäreleri geçirmek başlangyjy bilen çykyş edýär.
Türkmen suratkeşleriniň işleriniň daşary ýurtlarda guralýan sergileri, döredijilik duşuşyklary we bäsleşikleri, şol sanda çagalaryň çeken suratlarynyň bäsleşikleri hem şoňa gönükdirilendir. Şeýle çäreler şu ýyl Koreýa Respublikasynda, Ermenistanda, Gruziýada, Gyrgyzystanda, Pakistanda we beýleki ýerlerde uly üstünlik bilen geçirildi.
Ýakynlaşyp geýlän şöhratly senäniň—Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygynyň hormatyna baýramçylyk çärelerine synymyzy tamamlap, esasy dabaralaryň heniz öňdedigini nygtamak gerek. Olaryň esasysy, gürrüňsiz suratda “Bitaraplyk syýasaty: parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň bähbidine halkara hyzmatdaşlyk” atly ýokary derejedäki Halkara maslahaty bolar. Oňa gatnaşmaga döwletleriň baştutanlary, BMG-niň hem-de onuň ýöriteleşdirilen düzümleriniň ýolbaşçylary, şeýle hem beýleki abraýly halkara guramalarynyň ýokary wezipeli wekilleri çagyrylýar.