Ï Şahyryň sözi – döwürleri we nesilleri baglanyşdyrýan setir
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Şahyryň sözi – döwürleri we nesilleri baglanyşdyrýan setir

view-icon 3185
Şu gün Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň dolandyryş merkezinde Magtymguly Pyragynyň medeni ýadygärlikler toplumynyň hem-de muzeýiniň açylyş dabarasy boldy.

Ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy we medeni durmuşynda bu wakanyň ähmiýeti hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň dabara gatnaşyjylara, Türkmenistanyň muzeý işgärlerine iberen Gutlag hatynda öz beýanyny tapýar.

Döwlet Baştutanymyz olary medeni ulgamyň täze desgasynyň açylmagy bilen gutlap, türkmen halkynyň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý we gymmatly edebi mirasyny, dünýewi garaýyşlaryny, 18-19 asyrlarda türkmen durmuşyna ýetiren täsirini ylmy esasda öwrenmekde, onuň döredijiliginiň halkymyzyň we tutuş Gündogaryň ylmy-medeni durmuşy bilen aýrylmaz baglanyşygyny açyp görkezmekde, onuň baý şahyrana dünýäsine halkara ylmy-edebi jemgyýetçiligiň ünsüni çekmekde bu ýadygärlikler toplumynyň we muzeýiň uly ähmiýetiniň boljakdygyna ynam bildirdi.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow muzeý toplumyny döretmek hakynda Karara geçen ýylyň maýynda gol çekdi. Şol ýyl ýurdumyzda we onuň çäklerinden alyslarda beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň 290 ýyllygy giňden bellenildi. Onuň döredijilik mirasy türkmen milletiniň, taryhynyň we medeniýetiniň beýany bolup durýar.

Merkezinde Magtymguly Pyragynyň muzeýiniň täze binasy ýerleşen medeni ýadygärlikler toplumynyň ýurdumyzyň baş baýramy bolan Garaşsyzlyk gününiň hem-de Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygynyň öňýanynda açylmagynyň özboluşly manysy bar. Çünki türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyrynyň ganatly setirleri türkmen halkynyň eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygy, mähriban halkymyzyň agzybirligi we jebisligi barada Garaşsyz, Bitarap türkmen döwletinde amala aşan arzuwlaryny beýan edýär.

Muzeý toplumyny döretmek – ömri we döredijiligi milletiň aň-düşünjesi, eýe bolan edebi dili, geljeginiň maksatlary, türkmen halkynyň uly sarpa goýýan hem-de onuň ruhy we ahlak gymmatlyklarynyň esasyny düzýän röwşen, paýhas, ajaýyp we ýagşy zatlary bilen bagly bolup durýar.

Milli Liderimiziň “Her bir halkyň beýikligi onuň öňe çykaran, dünýä beren şahsyýetleriniň beýikligine barabar bolýar. Köňülleriň we döwürleriň şahyry, adamzadyň iň gözel, iň tämiz duýgularynyň aýdymçysy Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň ruhy beýikligidir. Beýik şahyryň bize goýup giden mirasy özboluşly terbiýe mekdebidir” diýip aýdan sözleri etrap merkeziniň baş meýdançasynda geçirilen dabaranyň baş şygaryna öwrüldi. Bu ýerde welaýatyň medeni durmuşynyň täze ojagy bina edildi.

Dabaraly çärä Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, ýurdumyzyň hökümetiniň agzalary, medeniýet ulgamynyň, ministrlikleriň we pudak edaralaryň, welaýat we etrap, jemgyýetçilik guramalarynyň, Ylymlar akademiýasynyň we muzeýleriň, döredijilik intelligensiýasynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, hormatly ýaşulular we ýaşlar gatnaşdylar.

Täze muzeýiň binasynyň ýanynda guralan türkmen obasy, welaýatyň döredijilik toparlarynyň ýerine ýetirmeginde Magtymguly Pyragynyň ganatly setirlerine düzülen aýdymlar türkmen toýuna mahsus ýagdaýy döretdi, mälim bolşy ýaly, toýlarda şahyrlara hemişe hormatly orun degişli bolup durýar.

Bu ýerde ýaýbaňlandyrylan halk döredijildiginiň serigilerinde ussat halyçylar we tikinçiler, özboluşly milli ýadygärlik önümlerini taýýarlaýjylar, öz beýik ildeşiniň zehinini miras alan zergärler gazana üstünliklerini görkezdiler. Bu ýerde ýaş suratkeşler hem öz işleri bilen tanyşdyrdylar, olaryň suratlarynda Magtymgulynyň wasp eden dogduk mekanynyň gözel tebigaty, türkmen halkynyň özboluşly däpleri, goşgularyň gahrymanlary we akyldar şahyryň keşbi beýan edilýär.

Kitap sergisinde dürli mazmundaky suratlar bilen bezelen, ýurdumyzyň medeniýetine we sungatyna, Magtymgulynyň goşgularyna bagyşlanan neşirler bilen tanyşdyryldy. Olaryň arasynda mähriban halkymyzyň medeni mirasy, onuň taryhy we görnükli wekilleri hakynda mazmunly eserleri döreden milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplaryna aýratyn orun berildi.

Welaýatyň döredijilik toparlary ýurdumyzyň Günbatar sebitinden gözbaş alýan gadymy küştdepdi tansyny uly joşgun bilşen ýerine ýetirdiler.

Elbetde, bu gün beýik söz ussadynyň şahyrana eserleri we oňa bagyşlanan goşgy setirleri joşgunly ýaňlandy. Döredijiligiň gözbaşy barada ýatladýan hem-de şunda emele gelýän ylham-joşgunyň gymmatlygyna akyl ýetirmäge ýardam edýän döwürleriň arabaglanyşygy öz beýanyny tapdy.

Milletiň mizemez agzybirligi, nesilleriň we döwürleriň arabaglanyşygy, müňýyllyklaryň jümmüşinden geçen belent ruhy medeniýetiň yzygiderliligi Balkan welaýatynda—şahyryň dogduk mekanynda Magtymguly Pyragynyň ýadýgärlikler toplumyny we täze muzeýini döretmek pikiriniň esasyny düzýär. Medeni ýadygärlikler toplumynyň we muzeýiň binasynyň toý bagyny kesmek däp bolşy ýaly, hormatly ýaşululara ynanyldy. Olaryň ak pata bermegi bilen ýurdumyzda ähli möhüm işlere badalga berilýär.

Muzeýiň binasynyň öňünde ýerleşdirilen heýkeller özboluşly şahyrana akymyny döredýär. Eli goşgy ýazylan sahypaly şekillendirilen Magtymgulynyň heýkeli onuň merkezi bolup durýar. Ol geljegi nazarlap, mahlasy, Ýer üstünde howalanyp duran ýaly. Şahyryň döredijilik pikirini şöhlelendirip, öz eserlerinde umumadamzat maksatlaryny we ebedi gymmatlyklary beýan edip, daş-töweregimizi gurşap alýan dünýäni ynsanperwer gurşawa öwrüp, olarda galkynyş baradaky arzuwy oýarmaga çalyşýar.

Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň her tarapynda döredijilik mirasy bahasyna ýetip bolmajak milli baýlyk hasaplanýan görnükli türkmen şahyrlarynyň keşbini döredýän heýkeller oturdyldy.

Heýkelleriň her biri keşpleriň häsiýetli aýratynlyklaryny şöhlelendirip, olaryň düzüm bölekleri şahyryň ömrüniň we döredijiliginiň aýratynlyklaryny açyp görkezýär. Esger şahyr Magrupynyň ajaýyp ahalteke bedewine atlanan pursaty, ýomakçy şahyr Mämmetweli Keminäniň uzak ülkelere syýahat edişi şekillendirilýär. Yşk mülküniň şasy Mollanepes şahyrana döredijiliginiň kemala gelýän döwründe şekillendirilýär. Medeni ýadygärlikler toplumynyň beýleki tarapynda söýginiň we gözelligiň aýdymçysy Mätäji we arasyndan gyl geçmeýän dostlar Zeliliniň we Seýdiniň heýkelleri oturdylypdyr. Bu ýerde oturdylan heýkeller bizi şahyrana ýylýazgysynyň asyrlaryň jümmüşine alyp gidýän ýollaryna eltýär. Suw çüwdürimleri bu ajaýyp künjegiň gözelligine gözellik goşup, oňa aýratyn öwüşgün çaýýar.

Halkyň oý-pikirleriniň, umyt-arzuwlarynyň waspçylary bolan türkmen şahyrlary taryhy hakydany nesilden-nesle geçirip, ýokary ahlak ýörelgelerini berkarar edýän şahslar hökmünde adamlaryň dünýägaraýşyna we jemgyýetiň asylly taglymlarynyň kemala gelmegine ägirt uly goşant goşupdyrlar. Türkmen halky söz ussatlarynyň döredijiligine belent sarpa goýmak bilen olaryň şöhratly atlaryny taryh üçin, geljekki nesiller üçin aýawly gorap saklaýarlar, bu bolsa täze heýkeller toplumynda öz aýdyň beýanyny tapýar, onuň etegine dabara gatnaşyjylar güýz gülleriniň ajaýyp çemenlerini goýýarlar.

Muzeýiň täze binasynda taryha syýahat dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, Balkan welaýat häkimliginiň buýurmasy boýunça bu toplum ýurdumyzyň “Hilal Mermer” kompaniýasynyň gurluşykçylary tarapyndan bina edildi.

Umumy meýdany 5 393 inedördül metr bolan iki gatly binada hemişelik hereket edýän zallaryň bäşisi özara birleşdirilendir, olarda uly ähmiýetli taryhy gymmatlyklary saklamak, öwrenmek we görkezmek üçin ähli şertler döredilendir, şeýle hem toplumda 300 orunlyk mejlisler zaly, kitaphana we edara binasy ýerleşýär. Birinji gatda “Garaşsyzlyk”, Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyna bagyşlanan, şeýle hem şahyryň dogduk mekanynyň tebigatynyň ajaýyp gözelliklerine bagyşlanan “Tebigat zallary” ýerleşdirilipdir.

Tutuşlygyna sergi Magtymguly ýaly umumadamzat derejeli şahyry we akyldary kemala getiren şol döwrüň medeni--aň-paýhas gurşawynyň şol döwürdäki ruhy derejesi, beýik şahyryň döredijiligine taryhy-terjimehal we medeni etnografiki nukdaýnazardan garamaga, onuň milli medeniýetimizi kemala getirmäge hem-de onuň bütindünýä medeni-gumanitar ulgamynda öz ornuny eýelemegine goşan goşandyna düşünmäge mümkinçilik berýär.

Muzeýde serginiň guramaçylary şahyryň döredijiligine, onuň pelsepeçilik pähimini we milli medeniýeti ösdürmekdäki ornuna aýratyn ähmiýet berdiler. Sergini Magtymgulynyň döredijilik şerejesi diýip atlandyrmak bolar. Şundan ugur alnyp, sergi zalynda Magtymgulyndan öň döredip geçen hem-de onuň döredijiligine eýeren şahyrlaryň mirasyna uly üns berlipdir, bu ýerde görkezilýän şekiller akyldar şahyryň döredijiliginiň aýry-aýry tapgyrlaryny şählelendirýär.

Magtymgulynyň Şirgazy han medresesinde okan döwürleri baradaky maglumatlar şu ýere gelýänleriň uly ünsüne eýe bolýar. Ol türkmen halkynyň gadymy döwürlerden bäri bilimleri özleşdirmäge bolan höwesini alamatlandyrýar. Mälim bolşy ýaly, türkmenler tarapyndan döredilen köpsanly döwletlerde bilim, edebiýat we sungat aýratyn sarpa eýedir.

Ikinji görnüş ýaş şahyryň şol döwürde Gündogarda meşhur bolan çynaryň astyndaky döredijilik bäsleşigini beýan edýär. Bu ýerde görkezilýän keşplerde Magtymgulynyň atasy – meşhur şahyr we filosof Döwletmämmet Azadynyň we Durdy şahyryň şahsyýetleri örboýuna galýar. Çowdur han we beýleki belli taryhy şahslar we halk gazalçy- dessançylar hem şekillendirilýär. “Magtymguly--zergär” atly şekilde Magtymguly belli zergär, ussat hökmünde görkezilýär.

Sergi zalynda Magtymgulynyň eserleri, ondan öňki döwürlerde döreden şahyrlaryň we beýik akyldaryň döredijiligini dowam etdiren türkmen edebiýatynyň nusgawy wekilleriniň keşpleri janlandyrylýar, olar özüni Pyragynyň şägirtleri hasaplapdyrlar we ol eserler dürli dillerde we dürli asyrlarda neşir edilipdir. Döwürleriň täsiri bilen saralyp giden sahypalarda arap ýazgysy, latyn harplary, slawýan elipbiňi şekillendirilýär. Iň gadymy golýazma aýratyn tolgunma döredýär. Olar dünýäniň ähli künjeklerinde okalýan hem-de türkmen ynsanperwer we akyldar şahyrynyň öçmez-ýitmez umumadamzat ähmiýetli, dürli milletleriň ruhyna ýakyn bolan çeper gymmatlyklardyr. Bu ýerde, şeýle hem şahyryň ömrüne we döredijilik ýoluna bagyşlanan ylmy edebiýat we meşhur neşirler, şol sanda Magtymgulynyň eserleri we onuň döredijiligi hakyndaky köpsanly kitaplar görkezilýär, olar beýik söz ussadynyň 290 ýyllygyna gabatlanyp neşir edildi.

Sergide görkezilýän gymmatlyklaryň hatarynda Magtymgula bagyşlanylan poçta nyşanlary, ýubileý şaýlyklary, senenamalar, sahna eserleriniň ýazgylary, şahyryň goşgularyna düzülen aýdym-sazlaryň ýazgylary, türkmen şahyrana sungatynyň meşhur wekiliniň döredijiligi hakyndaky dokumental we çeper filmler we beýlekiler bar.

Muzeýiň täze binasynyň häzirki zaman tehniki serişdeleri bilen ýokary derejede enjamlaşdyrylandygyny bellemek gerek. Sergi zallarynyň ählisinde filmleri görkezmek üçin monitorlar gurnalypdyr. Interaktiw we multimediýa tehnologiýalar muzeý maglumatlaryny baýlaşdyrmaga, ony özleşdirmek üçin degişli şertleri döretmäge ýardam berýär.

Interaktiw usullaryň gönüden-göni sergi zallarynda peýdalanylmagy bu ýere gelýänlerde uly täsir galdyrýar we muzeýe gelmekden lezzet almaga ýardam berýär. Şu maksatlar bilen bu ýerde ýörite tanyşdyrylyş we audioenjamlary arkaly diňlemek gurnalypdyr. Olar Magtymguly Pyragynyň şahyrana dünýäsine gönüden-göni aralaşmaga mümkinçilik berýär. Şahyryň goşgulary belli türkmen şahyrlarynyň ussatlyk bilen okamagynda alty dilde ýaňlanýar, wideoşekiller bolsa olary has täsirli kabul etmäge mümkinçilik berýär.

Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyna bagyşlanan sergi “Garaşsyzlyk” muzeýiniň merkezi zalynyň ýanynda ýerleşýär. Köpsanly fotosuratlar, resminamalar we beýlekiler ýurdumyzyň Günbatar welaýatynyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ösüş ýoluny şöhlelendirýär. Olar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen we baştutanlygynda halk hojalygynyň ählim pudaklaryny, sebitleri ösdürmek, ilatyň durmuş şertlerini gowulandyrmak, halkymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmak boýunça Türkmenistanda amala aşyrylýan ägirt uly işleriň taryhy subutnamalarydyr.

Gadymy döwürlerde Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşmek bilen, bu sebit häzirki wagtda halkara ulag üstaşyr ýollarynyň merkezi bolup durýar. Balkan welaýaty Prezident maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň alamatydyr. Munuň özi ozaly bilen, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen kemala gelýän “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň döredilmegidir hem-de Türkmenbaşy şäheriniň halkara ulag üstaşyr we logistika merkezine öwrülmegidir.

Serginiň guramaçylary taryhy maglumatlary ýerlikli peýdalanmak bilen hem-de welaýatyň şu günki durmuşynyň mysallaryny ulanyp, türkmenistanlylarda, ilki bilen bolsa ýaş nesilde Watanymyzyň geljegi üçin watançylyk ruhuny kemala getirmäge, öz ýaşaýan ülkesiniň taryhyny, tebigatyny we däp-dessurlaryny öwrenmäge höwes döretmegi maksat edinýärler.

Şonuň üçin hem Magtymgulyny şahyrana döredijiligiň belentliklerine ruhlandyran hem-de Beýik akyldaryň şahyrana döredijiliginde öz beýanyny tapan Balkan welaýatynyň ajaýyp tebigaty muzeý zalynda ýaýbaňlandyrylan sergi bilen utgaşýar.

Köpsanly sergi gymmatlyklary Magtymguly etrabynda ýerleşýän subtropiki jülgäniň gözelligi we baý ösümlik hem-de haýwanat dünýäsi barada gürrüň berýär, bu künjek bilen gadymy Boýadag patlawugyň bejeriş häsiýetli palçygynyň we meşhur “aý daglarynyň”, Mollagara kölüniň we Garaçagyl çeşmesiniň aýratyn bejeriş gudraty hakyndaky köpsanly rowaýatlar we hekaýatlar bilen baglanyşyklydyr, mundan iki ýarym million ýyl öň Garagöz gaýasynyň golaýynda Gäwürli diýen ýerde düýeleriň galdyran yzlary we beýlekiler ýurdumyzyň bu künjeginiň taryhy gymmalyklardyr.

Serginiň diwarlyklarynda welaýatda ösýän dermanlyk ösümlikler görkezilýär. Bu ýerde, şeýle hem ülkäniň tebigaty hakyndaky, şol sanda döwlet Baştutanymyzyň köp jiltli ensiklopediki “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” we beýleki eserleri görkezilýär.

Muzeýiň ikinji gatyndaky Arheologiýa zalynda welaýatyň çäklerinde ýüze çykarylan taryhy tapyndylar görkezilýär, bu jelegaýlarda alymlar dürli eýýamlara degişli bolan arheologiýa tapyndylarynyň ýüzden gowragyny hasaba aldylar. Türkmen binagärleri tarapyndan 14-15-nji asyrlarda gurlan binalaryň nusgalary bu ýere gelýänleriň ünsüni özüne çekýär. Olar şol döwrüň görnükli wekilleri Öwezberdi Şyhyň we Magtym galanyň aramgähleridir. Serginiň bürünç eýamyna degişli gymmatlyklary, gadymy adamlaryň Magtymguly şäherçesinden 60 kilometr uzaklykda ýerleşýän gaýalaryň ýüzünde suratlandyrylan şekilleri aýratyn ünsi çekýär.

Orta asyryň örän iri ýadygärligi bolan Dehistan—Maşat-Misserian şäheriniň galyndylary bu topragyň şöhratly geçmişiniň subutnamasydyr. Dehistanda ýüze çykarylan arheologiýa tapyndylary şol döwrüň ösen şäher medeniýetiniň mysallarydyr. Welaýatda Türkmenistanyň ähli künjeklerinden zyýaratçylaryň gelip görýän keramatly ýerleri hem bar. Olar Şiblibaba ýa-da il içinde atlandyrylyşy ýaly Şywlanbaba, Magtym Myýazyň gadymy aramgähi, Parawbibiniň ak metjidi we beýlekiler bar. Bu ýerleriň her birine degişli rowaýatlar we hekaýatlar aýdylýar. Muzeýde olar hakda toplanan maglumatlar bu sebitiň ruhy ösüşini görkezmegi maksat edinýär.

Muzeýiň iň giň sergi zallarynyň biri – etnografiýa zalydyr. Bu ýerde saz gurallary, gadymy gurallaryň toplumlary, durmuş esbaplary, aýal-gyzlaryň bezeg şaý-sepleri, haly önümleri, gadymy milli lybaslar görkezilýär. Muzeýe gelýänler kulalçylyk ussahanasy, dokma senedi üçin enjamlar we beýleki köpsanly gymmatlyklar bilen tanşyp bilerler, olar ýurdumyzyň Günbatar sebitiniň taryhyny we medeniýetini öwrenmekde möhüm çeşme bolup hyzmat edýär.

Türkmenleriň gadymy döwürlerdäki hojalyk gurluşyny doly janlandyrýan türkmen ak öýi Etnografiýa zalynyň merkezinde ýerleşýär. Milli binagärlik sungatynyň ajaýyp nusgalaryny özünde jemleýän muzeýiň täze binasynyň, şol bir wagtda häzirki zaman dünýä ülňülerine we biziň ýurdumyzda bina edilýän durmuş-medeni maksatly desgalara bildirilýän ýokary talaplara laýyk gelýär. Häzirki zaman özbaşdak ýyladyş, energiýa üpjünçilik hem-de howa çalşygy ulgamy köpsanly muzeý gymmatlyklarynyň aýawly saklanylmagy üçin has amatly şertleri döredýär.

Dabara gatnaşyjylar muzeý bilen tanyşlyk tamamlanandan soň, mejlisler zalyna ýygnandylar, bu ýerde medenýiet we sungat, ylym we bilim, edebiýat işgärlerini “Nusgawy türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň 290 ýylygy” atly ýubileý nyşan bilen sylaglamak dabarasy boldy.

Bu şanly gün Magtymguly Pyragynyň muzeýiniň ajaýyp binasynda ýokary sylagy almak hormatyna mynasyp bolanlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Garaşsyz Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýynyň belende göterilmegine ýardam berýän parahatçylyk we ynsanperwerlik syýasaty, öz zähmetine berlen ýokary baha üçin tüýs ýürekden çykýan hoşallygyny beýan etdiler.

Çykyş edenler türkmen halkynyň baý medeni mirasyny ebedileşdirmek boýunça döwlet derejesinde alnyp barylýan işleriň örän uly ähmiýetini belläp, Magtymguly Pyragynyň Balkan welaýatynda açylan medeni ýadygärlik toplumynyň we muzeýiniň şol mirasyň aýrylmaz bölegi boljakdygyny bellediler. Hormatly Prezidentimiziň milli medeniýetimizi ösdürmäge we dünýäde wagyz etmäge, onuň özboluşlylygyny gorap saklamaga gönükdirilen ýadawsyz işi bizde buýsanç we guwanç duýgusyny döredýär diýip, çykyş edenler bellediler we täze emele gelen medeniýet ojagynyň ýurdumyzyň baş baýramynyň öň ýanynda medeniýet we sungat işgärleri üçin iň gymmatly sowgat bolup durýandygyny nygtadylar.

Milli Liderimiziň merkezi metbugatda “Öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!” atly goşgusynyň çap edilmegi baradaky hoş habar bu ýere ýygnananlar tarapyndan uly joşgun bilen garşylanyldy. Dabara gatnaşyjylaryň her birine şu waka mynasybetli baýramçylyk görnüşinde neşir edilen “Türkmenistan” we “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetleriniň nusgalary gowşuryldy.

Dabara gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň döreden “Öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!” atly goşgusyny ör turup, uly joşgun bilen okadylar. Bu ganatly setirler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda ösüşiň we döredijiligiň belentliklerine ynamly barýan halkymyzyň watançylyk duýgusyny beýan edýär.

Magtymguly Pyragynyň medeni ýadygärlikler toplumynyň we muzeýiniň açylmagy mynasybetli guralan dabaralar türkmen halkynyň Şahyryň çeper söz sungatyna goýýan sarpasynyň ýene-de bir subutnamasydyr. Beýik türkmen şahyrynyň we akyldarynyň adyny göterýän etrapda açylan muzeý toplumy türkmenistanlylaryň we ýurdumyzyň myhmanlarynyň ýygy-ýygydan gelýän künjegine öwrüler. Milletimiziň ruhy kämilliginiň emele gelmegine, muzeý işiniň ösdürilmegine, türkmen halkynyň baý medeni mirasyny öwrenmäge, aýawly saklamaga hem-de wagyz etmäge uly goşant goşar.