Ï Diplomatik gatnaşyklaryň 23 ýyly Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň strategiki hyzmatdaşlygyny üpjün etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Diplomatik gatnaşyklaryň 23 ýyly Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň strategiki hyzmatdaşlygyny üpjün etdi

view-icon 5351
Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklar1992-nji ýylda ýola goýuldy. Ýigrimi üç ýyl geçenden soňra biziň ýurtlarymyz strategiki hyzmatdaşa öwrüldi.

Bu ugurda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2009-njy ýylyň dekabr aýynda we 2013-nji ýylyň sentýabr aýynda Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abeniň BMG-niň “Tebigy betbagtçylygyň töwekgelçiligini peseltmek” atly BMG-niň III Bütindünýä maslahatyna gatnaşmak üçin çagyrmagy boýunça Ýaponiýa bolan saparlary esasy waka boldy. Ýakyn günlerde Ýaponiýanyň Premýer-ninistri Sindzo Abeniň Türkmenistana resmi sapary bolar. Bu waka dostlugy we özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem berkitmekde möhüm ähmiýete eýe bolar.

Iki taraplaýyn gatnaşyklarda “dostlukly ýurtlar” düşünjesini Türkmenistan degişli bolsa, Ýaponiýa diplomatik diskursyň formallygy däldir. Bu gatnaşyklar hakyky özara hoşniýetlilikden doludyr. Bu babatda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Ýaponiýanyň Imperatory Akihito bilen duşuşyklary, gürrüňsiz, esasy rol oýnady.

“Biz duşuşygymyzy uzak wagtlap duşuşmadyk dostlar ýaly geçirdik diýip, milletiň baştutany 2009-njy ýylda Ýaponiýa bolan saparynyň jemleri barada gürrüň berýär. – Özüniň ýokary derejesine garamazdan, Imperator Akihito – örän kiçigöwünli adam, özünde öz halkynyň iň gowy häsiýetlerini jemlän adam. Imperator Akihito biziň Watanmyzda hem uly abraýdan peýdalanýar diýip, aýtsam öte geçdigim bolmaz. Biziň watandaşlarymyz ýapon halkynyň ruhy taýdan ýakyndygyna düşünýärler”. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Imperator Akihitonyň şahsy gatnaşyklarynda açyk göwünliligi we hoşniýetliligi özara ynanyşmaklykda, birek-birege hormat goýmakda we halkara gatnaşyklarynda konstruktiw häsiýete eýedigi öňünden kesgitlendi.

Ykdysady ulgamda strategiki hyzmatdaşlyk ylalaşyklara we iri taslamalary hem-de maýa goýum maksatnamalaryny bilelikde amala aşyrmaga esaslanýar. Türkmenistan uglewodorodlaryň ätiýaçlyk gorlaryna baý ýurtdyr, geografiki taýdan amatly ýerleşen ýurtdyr, öňe gidýän ykdysady ösüş hökmünde syýasy ugur ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak ýaly anyk ýol saýlanyp alyndy. Biziň ýurdumyz ýaponiýaly hyzmatdaşlarymyzyň öňdebaryjy tehnologiýalaryna we innowasion işläp taýýarlamalaryna uly gyzyklanma bildirýär.

Ýapon kompaniýalary gaz ulgamyny, ulag-kommunikasiýa bölegini, himiýa senagatyny, oba hojalygyny ösdürmäge işjeň gatnaşýarlar. Ýaponiýanyň maliýe-bank gurluşlarynyň Gyýanly şäherçesinde gazhimiýa toplumynyň gurluşygyna gatnaşmaklarynyň Türkmenistan üçin uly ähmiýeti bardyr. Ýapon işewürleri bilen türkmen telekeçileriniň arasynda göni aragatnaşygyň ýola goýulmagynyň möhüm orny bardyr. Hyzmatdaşlyk gatnaşyklary saglygy goraýyş, bilim, ylym, syýahatçylyk, sport ulgamlarynda hem ösdürilýär.