Ï Türkmen talyplarynyň “Göçgünli pikirler” halkara olimpiadasynda gazanan iki ýeňşi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen talyplarynyň “Göçgünli pikirler” halkara olimpiadasynda gazanan iki ýeňşi

view-icon 1306
Türkmen döwlet maliýe institutynyň düzüminde maliýe, bugalter hasaby we audit fakultetiniň üçünji ýyl talyplary Nedir Hydyrowdan we Parma Şirowadan, şeýle hem olaryň ylmy ýolbaşçysy, mugallym Guwanç Şamuhammedowdan ybarat bolan topary nobatdaky sapar intellektual bäsleşiginiň ýeňijisi boldy.

Russiýanyň “Ylmyň wektory” Ylym-bilim edarasy (Taganrog ş.) tarapyndan guralan “Göçgünli pikirler” atly ylmy işleriň 3-nji Halkara olimpiadasynyň jemleri boýunça ýeňijileriň sanawynda ikinji baýrakly orny eýeläp, ýörite medallaryň we ýokary taýýarlyk derejesi üçin - Halypanyň hormat diplomynyň eýeleri boldular.


Olimpiada 23 ugur boýunça geçirildi. Olimpiadada türkmen tarapyndan gatnaşyjylar özleri üçin “ykdysady ylymlar” derejesini saýlap alyp, synag toparyna “Häzirki zaman şertlerinde özüne düşýän gymmaty peseltmegiň usullary” atly ylmy işlerini görkezdiler.

TDMI topary şonuň ýaly ýene-de bir Russiýanyň ylym we döredijilik jemgyýeti (Kazan ş.) tarapyndan guralan ykdysady tema boýunça halkara olimpiadasynda ylmy iş bilen çykyş edip, hormat pýedestalynda ikinji derejäni eýeledi.

Maliýe ulgamynyň geljekki hünärmenleri we olaryň ýokary okuw mekdebiniň ýaş ylmy mugallymlaryndan ybarat bolan ylmy ýolbaşçylary dürli tematiki ugurlar boýunça Internet – olimpiadasynyň birnäçesine gatnaşdylar. Türkmen olimpiýaçylary köplenç halatda dürli derejedäki medallara, ýörite sertifikatlara we Hormat diplomlaryna mynasyp boldular.