Ï Geoykdysadyýet: Türkmenistan – ulag geçelgeleriniň çatrygy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Geoykdysadyýet: Türkmenistan – ulag geçelgeleriniň çatrygy

view-icon 5943
1. Demir ýollary

Gadym döwürde dörän Beýik Ýüpek ýoly Ýewropanyň we Aziýanyň halklaryna söwda hyzmatdaşlygynyň täze mümkinçiliklerini açdy. Kerwen ýollarynyň köpugurly ulgamy Ýewraziýa yklymynyň iri sebitlerini birleşdirdi. Ýüpek ýolunyň esasy ugurlaryndaky möhüm halkalar Merwde, Köneürgençde, Sarahsda we Nusaýda duralgalary bilen Türkmenistanyň çäginden geçipdir. Bu iri şäherlere-söwda merkezlerine harytlar diňe Hytaýdan däl-de, Ýakyn we Orta Gündogaryň ýurtlaryndan: Yrakdan, Hindistandan, Eýrandan we beýleki döwletlerden hem getirilipdir.

Mehanizmleşdirilen hereket edýän serişdeleriň ösmegi bilen ägirt uly yklymyň iki bölegini birleşdiren kerwen ýollary bir döwür öz ähmiýetini ýitirýär. Ýöne wagtyň geçmegi bilen, Beýik Ýüpek ýoluny täze görnüşde dikeltmek pikiri iş ýüzünde amala aşyrylyp başlandy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen transmilli awtomobil ýollary, döwrebap uçarlary we täze howa menzilleri, sebitde iri paromlary we beýleki zatlary bolan halkara logistik merkezine öwrülýär.

Bu megataslamany amala aşyrmakda demir ýol ulagy möhüm orun eýeleýär. 2015-nji ýylyň 10 aýynyň jemleri boýunça geçirilen hökümetiň giňişleýin mejlisinde habar berlişi ýaly, Demir ýol ulaglary ministrligi boýunça ýerine ýetirilen işler babatda ösüş depgini 115 göterime ýetdi, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini 100,7 göterime deň boldy. Meýilnamada gatnadylmaly ýolagçylaryň sany 4 million 330 müň bolsa, 2015-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda olaryň gatnadylan sany 445 müň adam köp bolupdyr. Ýük daşamalaryň möçberi bolsa 18,3 million tonnadan hem gowrak boldy.


Soňky ýyllarda ýurdumyzyň demir ýol ulaglar düzümi doly täzelenip, täze ýük wagonlarynyň müňden gowragy, şol sanda ýüküni özi agdarýan dumkar-wagonlar, bitum çekýän bunker wagonlar, nebit önümlerini çekýän, sement we beýleki zatlary daşamak üçin niýetlenen wagonlar satyn alyndy. Ýolagçy otlulary üçin wagonlaryň 425-si we teplowozlaryň 158-si satyn alyndy.

Ýurdumyzda polat ýollarynyň gurluşygynyň ýaýbaňlandyrylmagy bilen baglylykda, dürli tehnikalaryň uly tapgyrlary: kran-ýol düşeýjiler, rels galdyrmak, olary berkitmek we ýylmamak üçin maşynlar, motoçekijiler we motorly platformalar we beýleki enjamlar, “uly” tehniki anyklaýjy serişdeler (kompýuterleşdirilen wagon-barlaghanalar) we “kiçi” – abzallar, täze işlenip taýýarlanan enjamlar gelip gowuşdy.

Bularyň hemmesi demir ýol hojalygynda hereket howpsuzlygy, energiýa tygşytlamak, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak meselelerini netijeli we dessin çözmäge mümkinçilik berýär. Şeýle hem pudagyň aragatnaşyk we elektrik üpjünçilik ulgamy döwrebaplaşdyrylýar.

Eger 2014-nji ýylda demir ýollaryň 36 kilometri düýpli abatlanan bolsa, diňe şu ýyl 2015-nji ýylda polat ýollarynyň 102 kilometri abatlandy.

Häzirki wagtda sebit we sebitara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň esaslary hökmünde transmilli ulag geçelgelerini döretmek möhüm wezipä öwrülýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, halkara ulag geçelgelerini ösdürmek daşarky, şeýle hem Türkmenistanyň içerki ykdysady bähbitlerine gabat gelýär. Biziň ýurdumyzyň ileri tutulýan daşary syýasy ugurlary barada aýdylanda, olar durnukly we mälim bolup durýar. Işjeň ylalaşdyryjylyk syýasaty, Merkezi Aziýada sebit integrasiýasy, Ýewropanyň we GDA-nyň ýurtlary bilen hyzmatdaşlyk, beýleki ýurtlar bilen özara bähbitli gatnaşyklar olaryň esasyny düzýär.

Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýoly Aziýa sebitiniň döwletleriniň arasyndaky halkara ulag gatnawlarynda möhüm halka bolup durýar. Onuň birinji tapgyrynda demir ýoluň iki böleginiň: Türkmenistanyň çäginde 85 kilometrlik Atamyrat-Ymamnazar ýolunyň hem-de Ymamnazardan Owganystanyň çägindäki Andhoý ilatly ýere çenli 38 kilometrlik ýoluň gurluşygyny göz öňünde tutýar.

Ynha, ýakynda, 2015-nji ýylyň oktýabrynda bu halkara demir ýoly Owganystan bilen serhede ýetirildi. Atamyrat-Ymamnazar-Akina polat ýolunyň uzynlygy 88 kilometre deň bolup durýar. Bu ýoluň ugrunda demir ýol köprüleriniň ikisiniň gurluşygy amala aşyrylýar, demir ýol beketleriniň ikisiniň gurluşygy badalga alýar. Ýakyn wagtda Ymamnazardan Owganystanyň çägindäki Akina ilatly nokadyna çenli 3 kilometrlik ýoluň işlerine başlamak göz öňünde tutulýar.

Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýoly halkara ulag gatnawlarynda möhüm halka bolup, sebitiň ýurtlarynyň arasynda söwda gatnaşyklaryny giňelder. Owganystanda bilelikdäki düzüm taslamalarynyň birnäçesiniň amala aşyrylmagy owgan ykdysadyýetini ösdürmäge kuwwatly itergi berer, möhüm durmuş meselelerini çözmäge, ilaty iş bilen üpjün etmäge ýardam eder.

Strategiki hyzmatdaşlar we goňşy döwletler bilen däbe öwrülen ileri tutulýan gatnaşyklardan başga-da, Türkmenistan häzir Ýakyn Gündogaryň ýurtlary, şol sanda Pars aýlagynyň ýurtlary bilen özara gatnaşyklaryň täze mümkinçiliklerini öwrenýär. Bu sebit halkara gatnaşyklarynyň tutuş ulgamy üçin ägirt uly ähmiýete eýe bolup durýar. Bu ýerde dünýä meseleleriniň ençemesini çözmäge täsir edýän şertler jemlenendir. Şunda Türkmenistan, oňyn ählumumy işlere gatnaşmak bilen, sazlaşykly, durnukly ösüşiň esasynda halkara gatnaşyklarynyň täze arhitekturasyny döretmäge mynasyp goşandyny goşmaga çalyşýar. Munuň özi demirgazyk-günorta ulag geçelgesiniň taslamasyny nobatdaky gezek tassyklaýar.

2014-nji ýylyň 3-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhaniniň gatnaşmagynda Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýolunyň açylyş dabarasy boldy.


Bu waka Ýewraziýanyň sebitara üstaşyr-ulag kommunikasiýalaryny döretmegiň we netijeli peýdalanmagyň, yklymyň ýurtlarynyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary berkitmegiň ýolunda aýratyn möhüm ädimi alamatlandyrdy. Halkara Demirgazyk-Günorta ulag geçelgesiniň “altyn halkasyny” alamatlandyrýan täze polat ýoly Ýewropadan Merkezi we Günorta Aziýa, Ýakyn we Orta Gündogara ýükleriň amatly we tygşytly daşalmagyny üpjün eder. Onuň işe girizilmegi Gündogar-Günbatar ulag ulgamy bilen, ýagny Hazaryň üstünden geçýän Hytaý – Orta Aziýa – Kawkaz - Ýewropa transkontinental ugry bilen kesişmek mümkinçiligi sebäpli möhüm bolup durýar.

Bu bolsa ýükleriň möçberlerini artdyrmak, ýükleriň we ýolagçylaryň üstaşyr-ulag gatnawlarynyň çägini giňeltmek üçin uly mümkinçilikleri açýar.

Gazak düzlüklerinden Garagumuň üsti bilen Eýranyň demirgazygyndaky Gülüstan welaýatyna uzalyp gidýän polat ýoluň umumy uzynlygy 900 kilometre barabardyr. Onuň dowamly - 700 kilometre golaý bölegi Türkmenistanyň çäginden geçýär.

Ykdysady nukdaýnazardan alanyňda, bu ýol ýükleri, şol sanda üstaşyr ýükleri daşamagyň, geljekde bolsa ýolagçy gatnatmagyň gysga ugrydyr. Häzirki zaman şertlerde bolsa möhüm geçelge bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, ýük dolanyşygynyň möhletleriniň kemelmegi düýpli bäsdeşlik artykmaçlygyny üpjün edýär. Ol öz nobatynda, işewür işjeňliginde, ahyrky netijede bolsa, halklaryň durmuş derejesinde öz beýanyny tapýar.

Eýranyň çäginde demir ýoluň gurluşygynyň tamamlanmagy bilen Ýakyn Gündogar, Günorta we Günorta-Gündogar Aziýa ugrunda eksporty artdyrmak mümkinçiligi peýda bolar. Başgaça aýdylanda, beýleki onlarça ýurtlar üçin, demirgazyk, şeýle hem günorta ugurlarda amatly we ykdysady taýdan bähbitli ugur dörediler. Şeýle hem täze ýol Hazarýaka sebitini, onuň ulag, önümçilik we durmuş düzümini ösdürmäge kuwwatly itergi berer.

Şeýle hem taslama Günorta we Gündogar ugurlarda Hytaý, Hindistan, Pakistan, Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary ýaly kuwwaty ykdysady merkezlere alyp çykýan ulag düzümine goşulmak mümkinçiligini göz öňünde tutýar. Munuň özi ählumumy geoykdysadyýetde täzeçe pikirlenmegiň, onuň ösüşiniň strategiki mümkinçiliklerini nazarlamagyň aýdyň mysaly bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 65-nji, 66-njy we 70-nji mejlislerinde, GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň, ŞHG-niň duşuşyklarynda we beýleki ýokary derejeli forumlarda beýan eden halkara başlangyçlary döwrüň täze ýagdaýlaryny nazara almak bilen, özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklaryny berkitmäge we ösdürmäge gönükdirilendir. Gürrüň, hususan-da, BMG-niň ulagy ösdürmek boýunça Ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak hakynda barýar. Ol Hazar we Gara deňizleriniň, Orta Aziýanyň we Ýakyn Gündogaryň arasyndaky üstaşyr-ulag mümkinçiliklerini öwrenmegi göz öňünde tutýar.

2011-nji ýylyň aprelinde Aşgabatda gol çekilen Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Oman-Katar halkara üstaşyr-ulag geçelgesini döretmek boýunça Ylalaşyk türkmen Lideriniň netijeli teklipleriniň möhümdigini tassyklaýar. Bu ugur Merkezi Aziýany we Ýakyn Gündogaryň döwletlerini baglanyşdyrar.


Demir ýol ulgamynda eýýäm birnäçe iri taslamalar— Eýranyň, Türkiýäniň, Ýakyn we Uzak Gündogaryň ulag ulgamyna gysga ýoly açan Tejen-Sarahs-Maşat, Aşgabat-Garagum-Daşoguz demir ýollarynyň, sebitiň iri derýasy bolan Amyderýanyň üstünden geçirilen Atamyrat-Kerkiçi demir ýol köprüsiniň taslamalary amala aşyryldy.

“Geljek iri halkara we sebitleýin deňiz, derýa, awtomobil, demir ýol we howa ýollaryna çykmak arkaly ulag gatnawlarynyň utgaşykly ulgamy, olaryň her biriniň artykmaçlyklaryndan netijeli peýdalanylmagy bilen baglanyşyklydyr” diýip, türkmen döwletiniň Baştutany belleýär.

Biziň ýurdumyz Ýewropa, Aziýa-Ýuwaş umman we Günorta-Aziýa ykdysady ulgamlarynyň özara gatnaşyklarynyň transkontinental ykdysady köprüsiniň wezipesini ýerine ýetirýär. Şonuň üçin bu ugurda Gündogar-Günbatar we Demirgazyk-Günorta ugurlarda ýollary birleşdirýän esasy ugurlar boýunça milli düzümi has-da giňeltmek esasy wezipeler hökmünde kesgitlendi.

Halkara ulag geçelgeleri dünýä ykdysadyýetiniň globallaşmagynyň esasy usullaryna öwrüldi. Türkmenistan bu ösüşlerden çetde galman, öz çäginde yklymyň möhüm ulag merkezleriniň birini döredýär. Ol ýurdumyzyň durnukly ykdysady we durmuş taýdan ösüşine, ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň we hyzmatlaryň dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga daýanýar, bu bolsa oňa dünýäniň ozalky senagat düzüminde mynasyp orny eýelemäge mümkinçilik berdi.