Ï Geoykdysadyýet: Türkmenistan – ulag geçelgeleriniň çatrygy. Howa ýollary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Geoykdysadyýet: Türkmenistan – ulag geçelgeleriniň çatrygy. Howa ýollary

view-icon 8516
Türkmenistanyň yklymyň esasy ýollarynyň çatrygynda geografik ýagdaýynyň artykmaçlyklary biziň ýurdumyza Ýewraziýa gatnaşyklaryny üpjün etmek üçin milli ulag serişdelerini amatly amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu konsepsiýany öňe ilerletmek bilen, häzirki zaman ulag we aragatnaşyk ulgamy emele getirmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtaýar. Bu syýasat ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge hem-de ählumumy abadançylygyň bähbidine giň sebit we halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmaga gönükdirilendir.

Raýat awiasiýasy ýurdumyzyň ulag ulgamynyň esasyny düzüp, onuň welaýatlaryny baglanyşdyrýar hem-de ýurdumyzy halkara giňişligi bilen birleşdirýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň raýat awiasiýasyny döwrebaplaşdyrmak meselelerine yzygiderli üns bermegi netijesinde bu gün “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň uçarlarynyň üsti dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň uçarlary we dikuçarlary bilen ýetirilýär. Olaryň üsti soňky ýyllarda özüni gowy tarapdan görkezen “Boing” uçarlary hem-de dünýä belli beýleki tehnikalar bilen ýetirildi.

“Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň “Türkmenistan” howa ulaglary kärhanasynda uçarlaryň görnüşleri boýunça 11 sany kysymy we dikuçarlaryň görnüşleri boýunça 8 sany kysymy bar. Mysal üçin, 2013-nji ýylda täze “Boing – 737-800” kysymly uçarlaryň 3 sanysy we 2014-nji ýylda “Boing – 777-200 LR” kysymly uçarlaryň 2-si gelip gowuşdy. 2015-nji ýylyň aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti ýene-de täze 3 sany “Boing – 737-800” kysymly uçarlary satyn almak hakynda Karara gol çekdi. Mundan başga-da, ýerli howa gatnawlary üçin 50 we 100 ýolagça niýetlenen howa gämilerini satyn almak boýunça dürli kompaniýalaryň howa gämilerini öwrenmek boýunça işler geçirilýär.

Howa gämileriniň täzelenmegi hem-de döwrebap enjamlaryň satyn alynmagy has taýýarlykly hünärmenleri talap edýär. Şonuň üçin işgärleri taýýarlamak möhüm wezipä öwrüldi. Türkmen hünärmenleri Beýik Britaniýada, ABŞ-da, Fransiýada taýýarlyk geçdiler. “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň hünärmenleri uçarlaryň dürli görnüşlerini, şol sanda “Boingleriň” täze nesliniň ýokary amatlykly howa gämilerini ulanýan nemes we britan awiakompaniýalaryň tejribelerini öwrendiler.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow milli ykdysadyýetimiziň ösüşiniň döwrebap meýilleri, şeýle hem raýatlarymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagy täze halkara howa ýollaryny açmagyň zerurdygyny talap edýär. “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň döwrebap uçarlar bilen üpjünçiligi bu işi amala aşyrmaga mümkinçilik berýär.

Häzirki wagtda “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň howa gämileri içerki howa gatnawlaryndan başga-da, dünýäniň onlarça şäherlerine: Moskwa we London, Frankfurt we Birmengem, Bangkok we Deli, Abu-Dabi we Amritsar, Minsk we Almaty, Stambul, Sankt-Peterburg, Pariž ýaly şäherlere howa gatnawlaryny amala aşyrýarlar. Uçuşlaryň geografiýasy yzygiderli giňelýär. Milan, Tbilisi we beýleki şäherlere howa ýollaryny açmak mümkinçiligi öwrenilýär.

2015-nji ýylyň aprelinde Türkmenistanyň we Lýuksemburgyň arasynda howa gatnawy hakynda hökümetara ylalaşygyna gol çekildi. Şu ýylyň iýun aýynda bolsa Ýewropanyň iri howa ýollar kompaniýasy bolan “Сargolux Airlines International” Lýuksemburg-Türkmenbaşy ugry boýunça ýük daşamagy ýerine ýetirip başlady.

Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň ýolbaşçylygy tarapyndan “Pegasus” türk awiakompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak, Türkmenistanda onuň wekilhanasyny açmak barada gepleşikler geçirildi, eýýäm ýakyn wagtda “Pegasus” Stambul-Türkmenbaşy ugry boýunça uçuşlary ýerine ýetirip başlar.

“Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugy tarapyndan 2015-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda hereket edýän howa gämileri bilen, jemi 1 million 874,3 müň ýolagçy gatnadylyp, bellenilen meýilnama 110,7 göterim ýerine ýetirildi. Umumy gatnadylan ýolagçylaryň ortaça 30 göterimi ýa-da 566,8 müň ýolagçy halkara ugurlarynda uçuşlary amala aşyrdylar. Umumy ýolagçy dolanyşygy 2 348,6 million ýol-kilometre deň bolup, bellenilen meýilnama 105,3 göterim berjaý edildi.

Şu döwürde howa gämileri bilen 14,6 million tonna ýük we poçta gatnadylyp, meýilnama 18,5 göterim artygy bilen ýerine ýetirildi. Ýük we poçta dolanyşygy 36,7 million tonna-kilometre deň bolup, bellenilen meýilnama 125,4 göterim berjaý edildi.

2015-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugy tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 2014-nji ýyl bilen deňeşdirilende 115,6 göterime barabar boldy. Daşary ýurt pulunyň şu döwür üçin gelip gowuşmagynyň ösüş depgini 126 göterime golaý boldy.

Milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmagyň wajyp şerti hökmünde häzirki zaman ulag-aragatnaşyk düzüminiň kemala getirilmegi esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ulag ulgamynyň ähli pudaklarynda, şol sanda raýat awiasiýasynda iri möçberli taslamalaryň başy başlandy. Gürrüň täze howa menzilleriniň, terminallaryň, inžener-tehniki ähmiýetli desgalaryň gurluşygy barada bolşy ýaly, hereket edýänlerini döwrebaplaşdyrmak we durkuny täzelemek barada barýar.

Aeronawigasiýa düzümini ösdürmäge hem-de howa ýolagçylaryna hyzmat etmegiň hilini ýokarlandyrmak ulgamyna täze tehnologiýalary ornaşdyrmaga aýratyn üns berilýär. Häzirki wagtda elektron ulgamy döretmek hem-de petekleriň internet satuwyny guramak bilen baglylykda, “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň ugurlaryna awiapetekleri internet arkaly satmak üçin “HITIT” (Türkiýe Respublikasy) kompaniýasy bilen şertnama baglaşyldy. Mundan başga-da, T5-iň ugurlarynda uçuşlary yzygiderli amala aşyrýan ýolagçylar üçin ýeňillikler göz öňünde tutulýar.

Ýakynda Aşgabady gurmagyň 13-nji tapgyrynyň desgalarynyň açylyş dabaralarynyň çäklerinde Howa gatnawlary baş gullugynyň täze binasynyň açylyş dabarasy boldy. Ak mermerli binanyň birinji we ikinji gatlarynda uçar peteklerini satmak üçin niýetlenen kassalaryň jemi 38-si ýerleşýär. Maglumat tablolary, sorag-jogap bölümi, sensor elektron ulgamlary (“Touch screen”) raýatlarymyzyň hyzmatyndadyr. Şol elektron ulgamlaryň kömegi bilen awiakassalara “elektron nobatyny” bellige goýmak, zerur bolan maglumatlary almak, özbaşdak uçarpetekleri satyn almak ýa-da öňünden bellemek bolýar. Mundan başga-da, üçünji gatda petek kassalarynyň ýene-de bäşisi ýerleşýär. Olar “biznes” derejeli ýolagçylara hyzmat etmek üçin niýetlenendir. Bu ýerde syýahatçylyk kärhanalarynyň edaralary, Internet arkaly petekleri almak üçin niýetlenen elektron ulgamlar ýerleşýär.

Şu ýylyň ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi, oňa laýyklykda, “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň tabynlygyndaky “Türkmenistan” Howa ulaglary kärhanasynyň düzüminden bölüp aýyrmak arkaly täze kärhanalary – “Aşgabat şäheriniň halkara aeroportyny”, “Hökümet awiasiýasy kärhanasyny” we “Jemagat hojalygy kärhanasyny” bellenen tertipde döretmäge ygtyýar berildi.

“Türkmenistan” Howa ulaglary kärhanasyny paýdarlar jemgyýetine öwürmek boýunça işler hem tamamlaýjy tapgyrda barýar. Şunuň ýaly guramaçylyk çäreleri howa ulaglary toplumynyň işiniň netijeliligini artdyrmaga we ösdürmäge, onuň maýa goýum çekijiligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gös-göni ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanan ulag ulgamyny ösdürmegiň milli strategiýasy bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny artdyrmak bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Bu bolsa öz gezeginde, häzirki zamanyň geosyýasy we geoykdysady ösüşiniň anyk talaplary we ýagdaýlary bilen şertlenendir.

Bu ulgamda özara hereket etmek meselelerinde, şol sanda BMG-niň we beýleki abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde gatnaşyk etmek meselelerinde işjeň ýörelgä eýermek bilen, ýurdumyz iri düzümleýin taslamalaryň başyny başlaýar hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde olary durmuşa geçirip, bu ugurda netijeli halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga we giňeltmäge uly goşant goşýar.

Munuň aýdyň mysaly hökmünde Aşgabadyň iň häzirki zaman halkara howa menziliniň gurluşygyny görkezmek bolar. Ol Türkmenistanyň esasy “howa derwezesine”, yklym we yklymara howa ýollarynda iri üstaşyryjy nokada öwrülmegine gönükdirilendir.

Iň döwrebap howa menziliniň geçirijilik ukyby bir sagatda 1 müň 600 ýolagça barabardyr. Howa menzili bir wagtda islendik görnüşli we islendik ýük göterijiligi bolan uçarlary kabul edip, hyzmat etmegiň halkara ülňülerini üpjün edip bilýär. Taslama terminallaryň üçüsiniň –ýolagçy, VIP, şeýle hem ýük terminallarynyň gurluşygyny, uzynlygy 3 müň 800 metr bolan täze emeli uçuş-gonuş zolagynyň, öwrüm ýollarynyň, ulaglar üçin ýerleriň, uçarlar üçin duralgalaryň howa hereketlerini dolandyrýan gullugyň binasynyň gurluşygyny özünde jemleýär. Mundan başga-da, hereket edýän uçuş-gonuş zolagynyň durkuny täzelemek göz öňünde tutulýar. Howa menzili toplumynyň ýerleşjek ýeriniň umumy meýdany 1 müň 200 gektara barabardyr.

Taslamada göz öňünde tutulan desgalar tapgyrlaýyn gurulýar we ulanmaga berilýär, eýýäm ikinji ýolagçy terminaly, howa gämileriniň 22-si üçin duragla meýdançasy hem-de wagtlaýyn VIP –terminal, gulluk-tehniki desgalaryň birnäçesi açyldy.

Häzirki wagtda uzynlygy 3800 metr bolan, howa gämileriniň ähli görnüşlerini kabul etmäge ukyply emeli uçuş-gonuş zolagyny, onuň aeronawigasiýa, radiotehnika, yşyklandyryş, duýduryş ulgamlaryny, beýikligi 65 metr bolan howa hereketini dolandyryş binasyny we dolandyryş merkezini, şeýle hem ýangyna garşy we halas ediş bekedini ulanmaga bermäge taýýarlyk görülýär. Geçirijilik ukyby bir ýylda 200 müň tonna ýüke deň bolan ýük terminalynyň binasynyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyra gadam basdy. Howa gämilerine ýerüsti hyzmatlaryny bökdençsiz amala aşyrmak maksadynda howa menzilinde dürli ýöriteleşdirilen ýerüsti tehnikalaryň 188 birligi hereket eder.

Halkara howa menziliniň gurluşygy Türkmenabat şäherinde-de alnyp barylýar. Onuň geçirijilik ukyby sagatda 500 adama barabardyr. Häzirki wagtda bu ýerde uzynlygy 3800 metr bolan uçuş-gonuş zolagynda, VIP – terminalda, ýolagçy terminalynda, howa hereketini doldandyryş minarasynda we dolandyryş merkezinde uzynlygy 8 müň metr bolan eltiji awtomobil ýolunda, şeýle hem gulluk – tehniki desgalaryň 22-sinde gurluşyk-gurnama işleri dowam edýär.

Garaşsyzlygymyzyň 24 ýyllyk baýramçylygynyň öň ýanynda Daşogzuň howa menzilinde uzynlygy 3800 metr bolan häzirki zaman emeli uçuş-gonuş zolagynyň gurluşygy tamamlandy. Gurluşyk-gurnama işleriniň Daşoguz şäheriniň hereket edýän howa menzilinde alnyp barylýandygyny nazara almak bilen, esasy öwrüm ýolunyň we uçarlar üçin duralga meýdançasynyň bir bölegi, birleşdiriji öwrüm ýollary işe girizildi. Häzirki wagtda howa hereketini dolandyryş minarasyny we dolandyryş merkezini, ýangyna garşy stansiýany we halas ediş gullugyny hem-de ýangyç-çalgy serişdeler toplumynyň dolandyryş binasyny enjamlaşdyrmak işleri alnyp barylýar.

Howa gämilerine ýerüsti hyzmat ediş işlerini bökdençsiz amala aşyrmak maksadynda howa menzilinde dürli ýöriteleşdirilen ýerüsti tehnikalarynyň 36 birligi ulanmaga berilýär.

Türkmen döwletiniň Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, howa menzilleriniň häzirki zaman ulgamynyň döredilmegi ýurdumyzyň mundan beýläkki ykdysady ösüşiniň hem-de onuň dünýä ykdysadyýetine ýakynlaşmagynyň, halkara söwda aragatnaşyklarynyň giňeldilmeginiň we işjeňleşdirilmeginiň möhüm şerti bolup durýar.

Howa ulagy syýahatçylyk üçin hem örän wajypdyr. Halkara howa gatnawlarynyň ýolagçylarynyň has köp bölegi syýahat etmek, işewürlik ýa-da medeni maksatly jahankeşdelik edýärler, şoňa görä-de, bu ýerde milli awiasiýa esasy orun tutup, türkmen ykdysadyýetine örän uly derejede täsir edýär.

Türkmenistanyň ulag ulgamy önümçilik kuwwatlyklaryny uly ätiýaçlyklaryna eýe bolup, oňa ýük daşalyşynyň we ýolagçy gatnadylyşynyň, şol sanda biziň ýurdumyzyň çäklerinden geçýän üstaşyr ugurlaryň artýan möçberlerini üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Ulag-üstaşyr ulgamy türkmen döwletiniň geosyýasy maksadyna sazlaşykly goşulýar. Şol geosyýasy maksat öz öňünde häzirki zaman depginli ösýän dünýäde ýörelgeleriň berkemeginiň takyk strategik wezipelerini goýýar.

Hormatly Prezidentimiziň yzygiderli alyp barýan döredijilikli, parahatçylyk söýüjilik syýasatynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde Bitarap Türkmenistan anyk başlangyçlar bilen yzygiderli çykyş edýär. Şol başlangyçlar ählumumy ykrar edilmä eýe bolýar hem-de sebit we dünýä möçberinde hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň we netijeli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna hyzmat edýär.

Anyk ýagdaýlardan ugur alyp, Türkmenistan häzirki zaman tapgyrynda ulag pudagynda halkara jemgyýetçiligi bilen özara hereketleri ösdürmegiň öz konsepsiýasyny kesgitledi. Onuň baş maksady dünýä derejesinde amaly nukdaý nazardan bu ulgamda köptaraply hyzmatdaşlyk etmegiň nusgasyny öňe ilerletmekde, halkara ulag-üçtaşyr gatnawlaryny ýygjamlaşdyrmak hem-de netijeliligini ýokarlandyrmak üçin zerur bolan degişli şertleriň toplumyny döretmekde jemlenýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, XXI ýüzýyllygyň ählumumy ulag strategiýasy – munuň özi ýakynlaşmakda ösüş gazanmagyň, geografiki we düzümleýin mümkinçilikleriň birleşdirilmeginiň, döwletleriň we sebitleriň tehniki we tehnologik kuwwatynyň strategiýasy bolup durýar.

Türkmenistan bu meselelere öz çemeleşmelerini kesgitläp, ilkinji nobatda, özüniň tiz ösýän üstaşyr-ulag geçelge artykmaçlygyny, şol sanda howa ýollarynda diňe bir sebitiň ýurtlarynyň däl, eýsem has giň—yklymara möçberlerde hem ykdysady bähbitlerde herekete getirmegiň mümkinçiliginden ugur alýar.