Halkara türkmen-türk uniwersitetinde ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen bäsleşige ýüze golaý taslama hödürlendi. HTTU inženerçilik fakulteti bu bäsleşigiň guramaçysy bolup çykyş etdi. Bu fakultetiň ýardam bermeginde geçen ýyl ýaş gözlegçileri, täzelikçileri we bezegçileri özüne birleşdiren şular ýaly bäsleşigiň üçüsi geçirildi.
Birinji orny Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň 5-nji ýyl talyby Selbi Maýjanowa eýeledi. Onuň salgyt gullygy ulgamyndaky elektron resminamalaryň dolanşygy boýunça taýýarlan innowasion işi üstünlik gazanmagyna getirdi.
Üçünji orna taslamalaryň birbada üçüsi mynasyp boldy. HTTU üçünji ýyl talyplary Azizbaý Bakyýewiň we Kerwen Gurbangulyýewiň bilelikde taýýarlan “Kriptografiýa: “wižiner” ulgamyny açmagyň usuly” taslamasy; Halkara Nebit we gaz uniwersitetini 3-nji ýyl talyby Ahmet Hudaýberdiýewiň “Türkmen milli elektron ensiklopediýasy” işi we Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň üçünji ýyl talyby Geldimyrat Garlyýewiň “3-D” formatdaky ýaşaýyş jaýynyň taslamasy” atly işleri üçin berildi.
Talyplaryň dördisi üçünji orna mynasyp boldular. DIM Halkara gatnaşyklary institutynyň ikinji ýyl talyby, okuw işini kompýuterleşdirmegiň elektron üpjünçiligi programmasyny işläp taýýarlan Yslam Orazgeldiýewi, Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň 4-nji ýyl talyby, iňlis dili boýunça başlangyç okuw sapagy geçirilýän umumy bilim berýän orta okuw mekdepleriniň mugallymlary üçin elektron goldanmasynyň taslamasyny düzen Jahangir Aşyrbaýewi ýeňijileriň hatarynda görkezmek bolar.
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň 5-nji ýyl talyby Ogulnur Atdaýewa binýat maglumatlaryny döretmeklige aýratyn çuňňur çemeleşendigi üçin, Nebit we gaz uniwersitetiniň ikinji ýyl talyby Begenç Muhyýew hem ýel elektrobekediniň taslamasynyň elektron ugruny işläp taýýarlandygy üçin üçünji orny eýelemegi başardylar.
Bäsleşigi guraýjylaryň biri – HTTU inžener fakultetiniň dekanynyň ylmy işler boýunça orunbasary Ogulbeg Öwezowanyň belleýşi ýaly, bäsleşige arhitektura ulgamynyň dizaýner bezegi boýunça gyzykly taslamalaryň onlarçasynyň gelip gowşandygy sebäpli, bu tema bagyşlanyp, ýokary okuw mekdepleriň arasynda nobatdaky bäsleşigi örän ýakynda wagtda geçirmek göz öňünde tutulýar.