Ï Türkmenistanyň Bitaraplygy hem-de TOPH taslamasyna badalga berilmegi – dünýä metbugatynyň sahypalarynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Bitaraplygy hem-de TOPH taslamasyna badalga berilmegi – dünýä metbugatynyň sahypalarynda

view-icon 5747
Garaşsyz Türkmenistan ýakynda özüniň Bitaraplyk derejesniň 20 ýyllygyny halkara derejesinde giň gerimde belläp geçdi, şol günler biziň ýurdumyz dünýäniň iri habarbar agentliklerinde, köpsanly daşary ýurt gazetleriň we žurnallaryň sahypalarynda, şeýle hem internet-saýtlarda ady iň köp getirilýän döwletleriň biri boldy.

Dünýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, syýasy we işewürlik toparlarynyň ünsi 12-nji dekabrda Aşgabatda geçirilen “Bitaraplyk syýasaty: parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň ugrunda halkara hyzmatdaşlygy” atly Halkara maslahatynyň işine we bu wakanyň ertesi güni Mary welaýatynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gazgeçirijisiniň gurluşygynyň başlanmagyna hem-de dünýäniň örän iri gaz känleriniň biri bolan “Galkynyş” gaz ýatagyny senagat taýdan özleşdermegiň üçünji tapgyrynyň desgalarynyň gurluşygyna girişilmegi mynasybetli geçirilen dabaralara gönükdi.

Şu gezekki şanly senä gabatlanyp geçirilýän ähli çäreleri üns bilen synlaýan dünýä metbugatynyň habar bermegine görä, iri halkara forumy türkmen paýtagtynda dünýäniň onlarça ýurtlarynyň döwlet, hökümet we parlament baştutanlaryny, şeýle hem iri halkara we sebit guramalarynyň ýolbaşçylaryny jemledi. Umumy pikire görä, gatnaşan wekilleriň sanynyň köplügi we Aşgabadyň iň owadan we belent binalarynyň biri – Maslahat köşgünde geçirilen maslahatyň ýokary derejesi özygtyýarly Türkmenistana uly hormat-sarpanyň we onuň öňüni alyş diplomatiýasynyň esasynda parahatçylygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmak ýörelgesine esaslanýan başlangyçlarynyň goldaw tapýandygynyň aýdyň subutnamasy boldy.

Köpsanly makalalarda, iri halkara habarlar agentlikleriniň we birnäçe ýurtlaryň hökümet portallarynyň ýaýradan maglumatlarynda wekilçilikli forum başlamazyndan has ozal, onuň gün tertibine häzirki döwür üçin örän möhüm bolup durýan meseleleriň tutuş toplumy – parahatçylyk we howpsuzlyk meseleleriniň Bitaraplyk nukdaýnazaryndan ara alnyp maslahatlaşyljakdygy habar berildi.

“Bu biziň umumy baýramymyzdyr we ony siz bilen – biziň dürli ýurtlardan gelen we umumy tagtymlary hem-de gymmatlyklary goldaýan hyzmatdaşlarymyz hem-de pikirdeşlerimiz bilen bilelikde garşylaýandygymyza buýsanýarys” diýip, Türkmenistanyň Prezidentiniň Halkara maslahatynyň açylyş dabarasynda aýdan sözleri metbugat sahypalarynda hem-de daşary ýurt elektron neşirlerinde berilýän habarlaryň joşgunly häsiýete eýe bolmagyna itergi berdi.

Daşary ýurt metbugatynyň teswirleýişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Aşgabatda geçirilen ýokary derejedäki duşuşykda Bitaraplyk hukuk derejesiniň ägirt uly mümkinçiliklerini ähumumy parahatçylygy, durnukly ösüşi we howpsuzlygy pugtalandyrmagyň netijeli guraly hökmünde peýdalanmagyň mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşyldy we ol tamamlanyp barýan ýylyň iň ähmiýetli wakalarynyň biri hökmünde taryha girer.

Türkmen Bitaraplygynyň taryhyna ser salmak bilen, žurnalistler öz makalalarynda ýurdumyza hemişelik Bitaraplyk derejesiniň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda, 20 ýyl mundan ozal BMG-niň Baş Assambleýasynyň 50-nji maslahatynda bütin halkara bileleşiginiň biragyzdan goldamagynda berlendigini ýatladýarlar. Şeýlelikde, Türkmenistan dünýäniň iň täze taryhynda Milletler Bileleşigi tarapyndan ykrar edilen ilkinji Bitarap döwletdir we bu waka türkmen döwletiniň ösüşinde täze tapgyry açdy, biziň ýurdumyz Garaşsyzlygynyň ilkinji günlerinden başlap, hoşniýetli, ynsanperwerlik we döredijilik syýasatyny durmuşa geçirýär.

Bellenilişi ýaly, teswirlemelerde soňky ýigrimi ýylyň dowamynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň işjeň durmuşa geçirilmegi netijesinde halkara gatnaşyklary ulgamynda oňyn gepleşikleri ýola goýmak ugrunda çykyş edýän hem-de häzirki döwüriň möhüm meseleleriniň bilelikde çözgüdini tapmaga çagyrýan Türkmenistanyň daşary syýasat ugruna oňyn garaýyşlaryň we goldawyň gerimi has giňeldi.

Belli syýasatçynaslaryň pikirine görä, bitaraplyk derejesi halkyň aňynda diňe bir mäkäm orun almak bilen çäklenmän, eýsem, bütin dünýäniň Türkmenistan bilen ýakyndan tanyşmagyna ýardam berdi, ýurdumyz dünýäniň ähli döwletleri bilen açyk hem-de gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlyga taýýardygyny görkezdi. Şu ýylyň 3-nji iýunynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy maslahatynda bu iri halkara guramasynyň agza döwletleriniň 193-siniň biragyzdag goldamagy bilen ikinji gezek “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” Rezolýusiýasynyň kabul edilmegi biziň ýurdumyz tarapyndan saýlanyp alnan ýoluň dogrudygyny we onuň hemmetaraplaýyn goldawa eýe bolýandygyny görkezdi. Köpugurly möhüm resminamanyň kabul edilmeginde bu gezek dünýäniň 47 ýurdy awtordaş hökmünde çykyş etdi we munuň özi hem türkmen Lideriniň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň ählumumy ykrarnamasynyň, ýurdumyzyň halkara derejesinde oňyn parahatçylyk dörediji ornunyň goldanylýandygynyň eýe bir subutnamasy boldy.

“Biz daşary syýasatda oňyn Bitaraplyk diýip atlandyran ugrumyzy saýlap aldyk. Parahatçylyk söýüjiligi, beýleki döwletleriň işlerine gatyşmazlygy, olaryň özygtyýarly ösüş ýoluna we çäk bitewüligine hormat goýmagy, halkara harby guramalaryna we şertnamalaryna gatnaşmazlygy daşary syýasat ugrumyzyň esasy düzgünleri hökmünde kesgitledik” diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýoluň ilkinji nobatda, ýurdumyzyň milli bähbitlerinden ugur alnyp saýlanandygyny, türkmen döwletiniň öz goňşy ýurtlary bilen parahatçylykda we agzybirlikde ýaşamak, ähli ýurtlar bilen dostlukly, deňhukukly gatnaşyklary saklamak, olar bilen özara bähbitli ykdysady, söwda gatnaşyklaryny ösdürmek isleýändigi bilen şertlendirilendigini belledi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň çykyşynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen gatnaşyklaryna aýratyn üns berildi. Bu gurama bilen köpugurly we ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmek biziň ýurdumyzyň ileri tutýan strategik ugry bolmagynda galýar. “Biziň üçin Birleşen Milletler Guramasy diňe bir iň köp wekilçilikli halkara guramasy bolmak bilen çäklenmeýär. Biz bu Gurama bütin dünýäde özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmegiň tutuş häzirki zaman ulgamynyň daýanjy hökmünde seredýäris. Dünýäde parahatçylygy we bähbitleriň deňligini saklamagyň hem-de goldamagyň, howpsuzlyk binýadynyň durnukly bolmagyny üpjün etmegiň kepili hökmünde garaýarys” diýip bellemek bilen milli Liderimiz häzirki wagtda dünýäde emele gelen ýagdaýlary, ýer ýüzüniň dürli sebitlerinde dörän dartgynly ýagdaýy nazara alanyňda, ýokary ynsanperwer taglymlar, BMG-niň Tertipnamasynyň düzgünleri halkara gatnaşyklarynyň hukuk we ahlak binýady bolmagynda galmalydyr.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sebitde Bitaraplygyň mümkinçiliklerine uly umyt bildirilýär we biziň ýurdumyz Owgansytandaky ýagdaýy parahatçylykly ýol bilen kadalaşdyrmak, sebitlde ýaragsyzlanmak we ýaraglary azaltmak boýunça alnyp barylýan işlere goldaw bermek, suw –energetika meseleleriniň deňeçer çözgüdini gözlemek, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek ýaly örän möhüm meselelerde BMG-niň ygtybarly hem-de netijeli hyzmatdaşy hökmünde çykyş etmäge taýýardyr. Bu wezipeleri yzygiderli ýagdaýda çözmekde 2007-nji ýylyň dekabr aýynda sebitiň ähli döwletleriniň goldaw bermegi bilen dünýä bileleşigi tarapyndan esaslandyrylan, ştap-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasynyň Sebit merkezine aýratyn orny degişlidir.

Daşary ýurt metbugatynda çap edilýän köpsanly giňişleýin synlarda geçen ýyllaryň içinde Türkmenistanyň öz üstüne alan borçnamalaryny, hususan-da, güýç ulanmazlyk, umumyadamzat gymmatlyklaryna eýermek, beýleki ýurtlaryň içki işlerine gatyşmazlyk babatynda, şeýle hem sebit we ählumumy derejede dostluk, parahatçylyk we özara bähbitli, deňhukukly hyzmatdaşylgy ösdürmäge hemmetaraplaýyn ýardam bermek boýunça borçnamalary yzygiderli ýerine ýetirip geldi. Halkara harby we harby-syýasy toparlanyşyklara hem-de birleşiklere goşulyşmakdan doly ýüz öwürmek Türkmenistana sebitde we dünýäde gapma-garşy durmagyň islendik görnüşlerine gatyşmazlyga mümkinçilik berdi we şunda ol öz howpsuzlygynyň kepilliklerini hem saklap galdy.

Mundan başga-da, türkmen döwleti BMG-niň howandarlygynda geçen asyryň 90-njy ýyllarynda täjigara we owganara dawalary syýasy gurallar arkaly çözmek boýunça gepleşikleri geçirmek bilen, parahatçylyk dörediji tejribe toplandygyna guwanmaga haklydyr. Bu ädimler ýurduň ynsanperwerlik ýörelgelerine üýtgewsiz eýermek bilen, özüniň ägirt uly parahatçylyk döredijilik mümkinçiliklerini ählumumy abadançylygyň we ösüşiň bähbidine gönükdirýändiginiň gönüden-göni netijeleridir.

Häzirki wagtda halkara bilermenleri Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatynyň ýurduň köpugurly daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugry bolmak bilen, üçünji müňýyllygyň ählumumy maksatlaryna doly laýyk gelýändigini belleýärler, ählumumy parahatçylygy üpjün etmek, durmuş ösüşiniň we ykdysady abadançylygy höweslendirmek bu maksatlaryň möhüm ugurlarydyr.

Köpsanly daşary ýurt habar beriş serişdeleri türkmen döwletiniň Baştutanynyň çykyşyndan jümleleri getirmek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan Bitaraplyk syýasatynyň derejesini mundan beýläk-de ösdürmek, hususan-da, halkara hukukynda we halkara gatnaşyklarynda Bitaraplyk bilen bagly meseleleri öwrenmek boýunça Halkara merkezini döretmek baradaky öňe süren täze başlangyçlaryna ünsi çekdiler. Milli Liderimiziň öz çykyşynda belleýşi ýaly, munuň özi Bitaraplyk ýörelgeleriniň onuň ýokary halkara ähmiýetini hasaba almak bilen, ylmy-nazary esaslaryny we tejribesini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça yzygiderli işleri alyp barmaga mümkinçilik berer we halkara durmuşynyň möhüm meseleleri boýunça hyzmatdaşlygyň täze, has netijeli gurallaryny işläp taýýarlamak üçin şert döreder.

Türkmenistan parahatçylygy paugtalandyrmak, ählumumy howpsuzlygy we ösüşi üpjün etmek işinde ygtybarly binýatlaryň biri hökmünde ykrar edilen bitaraplyk derejesine eýe bolup, BMG-niň çäklerinde Halkara Bitaraplyk gününi yglan etmek baradaky başlangyç bilen hem resmi taýdan çykyş etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bitaraplygyň döredijilik işidigini bellemek bilen, onuň syýasy, ykdysady, taryhy we medeni taraplary öz içine alýandygyny nygtady hem-de şunuň ýaly pikir alyşmalaryň barşynda Bitaraplygyň täze mümkinçilikleriniň açylýandygyny, dürli ýurtlaryň wekilleriniň arasynda özara söhbetdeşligiň tejribesiniň baýlaşýandygyny aýtdy. Şu gezekki ýokary derejeli maslahaty çagyrmak başlangyjy bilen çykyş edende, Türkmenistan dürli döwletleriň we halklaryň arasynda özara düşünişmegiň has ösdürilmegine ýardam berjek şu ýöjrelgelerden ugur aldy. Türkmen Lideriniň belleýşi ýaly, bu maslahatda öňe sürülen pikirleri we başlangyçlary halkara ugry boýunça bilim alýan talyplar – geljekki diplomatlar, ykdysatçylar, ýuristler we žurnalistler okuw kitaplarynyň üsti bilen öwrenerler.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň internet ulgamynyň üsti bilen dessin ýaýradylan milli Liderimiziň çykyşyndan jümleleri dünýäniň ähli iri habarlar agentlikleri çap etdiler, soňra sebit internet-neşirleri we belli habarlar portallary türkmen Lideriniň sözerine salgylandylar.

Dünýä jemgyýetçiligi maslahatyň çäklerinde Türkmenistan bilen onuň hyzmatdaşlary – aýry-aýry döwletleriň, iri halkara düzümleriniň wekilleri bilen geçiren açyk, netijeli gepleşiklerini uly gyzylanma bilen synlady, bu döwletleriň we guramalaryň wekilleri türkmen Lideriniň başlangyjy bilen çagyrylan wekilçilikli forumyň münderinde çykyş etdiler.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Pan Gi Munyň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy, hökümetimizi we bütin türkmen halkyny Bitaraplygyň 20 ýyllygy mynasybetli BMG-niň Baş sekretarynyň syýasy meseleleri boýunça orunbasary Jeffri Feltman gutlady. Belent mertebeli myhman Türkmenistanyň BMG bilen netijeli hem-de işjeň hyzmatdaşlyk edýändigi üçin çuňňur hoşallyk bildirdi, bu hyzmatdaşlyk meseleleri we häzirki döwrüň wehimlerini bilelikde çözülmegi bilen şertlendirilendir.

Iri köpçülikleýin habar beriş serişdeleri dünýäniň iri düzüminiň ýolbaşçysynyň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa we Türkmenistanyň halkyna iberen baýramçylyk gutlagy telewideniýäniň ähli ýaýlymlarynda görkezildi we bu gutlag ýurduň merkezi gazetleriniň birinji sahypalarynda ýerleşdirildi. Ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy saklamak ugrundaky oňyn başlangyçlary üçin, türkmen tarapyna hoşallyk bildirip, BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Mun parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek, Merkezi Aziýa sebitinde we onuň çäklerinden daşynda adam hukuklaryny goramak boýunça netijeli bilelikdäki işiň dowam etdiriljekdigine ynam bildirdi.

Ýakyn goňşy döwletleriň baştutanlarynyň çagyrylmagynda geçirilen Aşgabat duşuşygy köpsanly sebitleýin neşirleriň üns mekezinde boldy. Hususan-da, “Rossiýa-24,”, “Fergana” habarlar agentligi, Trend.az we başga-da birnäçe agentlikler Bitarap Türkmenistanyň sebitleýin durnuklylygy, howpsuzlygy we geosyýasy deňeçerligi üpjün etmek işine goşýan goşandynyň ähmiýetini bellediler.

Özüniň Bitaraplyk derejesine ygrarly we parahatçylygyň, durnuklylygyň we howpsuzlygyň berkidilmegine mynasyp goşant goşýan Türkmenistanyň ýöredýän daşary syýasatyna ýokary baha berip, maslahata gatnaşyjylar we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçiren BMG-niň Baş sekretarynyň syýasy meseleleri boýunça orunbasary jenap Jeffri Feltman, Özbegistanyň Prezidenti Yslam Karimow, Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, Täjigistanyň Prezidenti Emomaly Rahmon, Owganystanyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani, Gyrgyszystanyň Prezidenti Almazbek Atambaýew, Gruziýanyň Prezidenti Georgiýa Margwelaşwili, Horwatiýanyň Prezidenti hanym Kolinda Grabar-Katarowiç, Moldowanyň Prezidenti Nikolae Timofti, Pakistanyň Premýer-ministri Mohammad Nawaz Şarif, Hindistanyň Wise-prezidenti Mohammad Hamid Ansari, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň orunbasary Li Ýuançao, Eýranyň Wise-prezidenti Eshag Jahangiri, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matweýenko, Çehiýanyň Senatynyň Başlygy Milan Şteh, Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň Başlygy Oktaý Asadow, Gazagystanyň Mejlisiniň Başlygy Kabibulla Jakubow, Sloweniýanyň Döwlet Ýygnagynyň başlygy Milan Brgles dagy hoşniýetli sözlerini aýtdylar.

Dabara gatnaşyjylar wekilçilikli forumyň guralandygy hem-de türkmen topragynda myhmansöýerlik görkezilendigi we çäräniň ýokary guramaçylyk derejesi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirdiler. Ýeke-täk pikire görä, häzirki döwürde Türkmenistan gapma-garşylyklaryň oňyn çözgüdine, sebitara we halkara gatnaşyklaryň ösdürilmegine önjeýli goşant goşup, ählumumy parahatçylygyň esaslarynyň berkidilmegine, tutuş adamzat medenitiniň ösdürilmegine ýardam berýär.

Halkara žurnalistleri, şol sanda biziň ýurdumyzda işleýän daşary ýurtly žurnalistler “Bitaraplyk syýasaty: parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň ugrunda halkara hyzmatdaşlygy” Halkara maslahatynyň çäklerinde guralan çäreler baradaky maglumatlary gyssagly ýaratdylar. Şeýle hem Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň birnäçe ýurtlar bilen hazmatdaşlygy hakyndaky ikitaraplaýyn resminamlara gol çekildi.

Dünýä metbugaty bu gezekki forumyň oňa gatnaşyjy ýurtlaryň ynanyşmak we birek-birege hormat goýmak esasynda ýola goýulýan netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny tassyklady diýip, belledi. “Bitaraplyk täze durmuşy döretmegiň guraly”, “Türkmen Bitaraplygy – sebitleýin durnuklylygyň kepili”, “Parahatçylyk söýüjiligiň üsti bilen durnukly ösüşiň umumy maksatlaryna tarap” ýaly sözbaşylary bolan we başga-da birnäçe makalalar dünýäniň dürli künjeklerinden millionlarça okyjylaryň ünsüni özüne çekdi.

Çylşyrymly döwürde syýasy we ykdysady durnuklylygy saklamagy başaran özygtyýarly Türkmenistanyň ýeten derejesiniň we üstünlikleriniň wagyz edilmegi maslahata gatnaşyjylar bilen guralan söhbetdeşlikleriň gyzykly bolmagyny üpjün etdi. Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matweýenko “Rossiýa-24” teleýaýlymynyň habarçylary bilen bolan gürrüňdeşlikde özüniň Aşgabada guran saparyndan galan täsirler barada aýtmak bilen, watandaşlaryna dynç almak üçin Türkmenistana gitmegi maslahat berdi. Onuň aýdyşy ýaly, örän gadymy taryhy bolan ýurduň syýahatçylyk düzümi işjeň ösdürilýär we Hazaryň kenarynda ýerleşýän “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy doly derejede hereket edýär.

Daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, hususan-da, TÜRKMENISTAN. RU internet—gazeti baýramçylyk günleriniň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Bitaraplyk we parahatçylyk ýylynyň çäklerinde baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen daşary ýurt wekiliýetleriniň baştutanlary bilen 20-ä golaý duşuşyklary geçirendigini habar berdi.

Peýda bolan teswirlemelerde bellenilişi ýaly, ikitaraplaýyn duşuşyklaryň barşynda Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanan syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň hem-de öňüni alyş diplomatiýasynyň gurallaryny ösdürmäge aýratyn üns berildi. Umumy pikire görä, Türkmenistanyň parahatçylyk dörediji kuwwatyndan netijeli peýdalanmagy netijesinde bütin dünýäde ýurdumyzyň daşary syýasaty uly goldawa eýe bolýar. Bu syýasat bolsa halkara gatnaşyklar ulgamynda oňyn gepleşikleri ýola goýmaga, sebit hem-de halkara derejesinde häzirki döwrüň meseleleriň çözgüdini bilelikde gözlemäge hem-de olary çözmäge gönükdirilendir. Türkmen Lideriniň adamzadyň wajyp meselerini, ilkinji nobatda, parahatçylygyň we ählumumy, şol sanda energetika howpsuzlygynyň esaslaryny üpjün etmek meselelerini çözmäge gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanyň öňüni alyş diplomatiýasynyň esasynda ösüş arkaly parahatçylygy pugtalandyrmak ýörelgesi durýar. Munuň özi özygtyýarly türkmen döwletiniň diplomatiýasynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Ol bilelikdäki ykdysady maýa goýum taslamalaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmäge gönükdirilendir. Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň oýlanyşykly hem-de parahatçylyk söýüjilik häsiýetine eýe bolmagy, onuň öz üstüne alan halkara hukuk borçnamalaryna gyşarnyksyz eýermegi, harby gapma-garşylyklaryň islendik görnüşlerine gatnaşmazlyk baradaky kepillik we elbetde, şu ýyllaryň dowamynda saklanyp gelýän milli ykdysadyýetiň ösüşiniň ýokary depginleri şol taslamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagyna oňaýly şertleri döredýär.

Şol günüň ertesi, 13-nji dekabrda iri sebitara taslamasynyň—Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygy baradaky taslamanyň durmuşa geçirilmegine badalga bermek dabarasy munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu taslama gatnaşyjylaryň we hyzmatdaşlaryň pikirine görä, gaz geçirijisiniň gurulmagy sebitiň ykdysady ösüşine, dostluk we doganlyk gatnaşyklarynyň berkidilmegine, abadançylygyň ýokarlandyrylmagyna hem-de ynsanperwerlik ýörelgeleriniň berkarar bolmagyna kuwwatly itergi berer. Ozal habar berlişi ýaly, başlangyç tapgyrda tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän “Galkynyş” käni täze energetika geçirijisiniň serişdeler binýady bolar. Bu ýerde senagat taýdan özleşdirmegiň üçünji nobatdakysynyň desgalarynyň gurluşygyna başlandy.

Şu meselä degişli täzelikler çaltlyk bilen bütin dünýä ýaýrady. Ýaýradylan habarlarda bellenilişi ýaly, dabara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de ýurdumyza sapar bilen gelen Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani, Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Mohammad Nawaz Şarif we Hindistan Respublikasynyň Wise-prezidenti Mohammad Hamid Ansari gatnaşdylar.

Şeýlelikde goňşy döwletleriň baştutanlary we ýokary wezipeli wekilleri ozaldan gelýän dostluk, birek-birege kömek bermek hem-de döredijilikli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna ygrarlydyklaryny tassyklap, täze möhüm taslamanyň amala aşyrylmagyna badalga berdiler. Umumy pikire görä, bu taslamanyň ähmiýeti sebitiň çäginden hem çykýar.

Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesiniň 20 ýyllygynyň baýram edilmeginiň hem-de onuň başyny başlan geljegi uly gaz geçirijisiniň düýbüni tutmak dabarasynyň gabat gelmegi ýurdumyzyň seçip alan oňyn Bitaraplyk nusgasynyň örän netijelidigini görkezýär. Bitaraplyk diňe bir ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşi üçin däl, eýsem, halkara hyzmatdaşlygynyň, şol sanda energiýa howpsuzlygy ulgamyndaky gatnaşyklaryň çäklerini giňeltmek üçin hem zerur şertleri döredýär. Halkara bilermenleri we seljerijileri ýurdumyzyň durmuşa geçirýän Bitaraplyk syýasatynyň sebitiň ähli ugurlary boýunça häzirki dünýä proseslerine çalt goşulyşmagyna ýardam edýändigini, syýasy nukdaý nazaryndan Merkezi Aziýany durnukly ösýän sebite öwürmäge kuwwatly itergi berýändigini belleýärler. Häzirki wagtda bu sebitde netijelik ykdysady gatnaşyklar yzygiderli berkidilýär.

Bütin dünýä boýunça millionlarça okaýjysy bolan meşhur saýtlaryň wakanyň bolýan ýerinden yzygiderli täzelenip duran habardan doludygy tätänden däldir.

“TOPH taslamasy Türkmenistanyň energetika strategiýasyyn durmuşa geçirmekde ýene-de bir netijeli ädimdir. Ählumumy energetika howpsuzlygynyň häzirkizaman gulluşyny kemala getirmek, şol sanda türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ugratmagyň köpugurly ulgamyny döretmegiň hasabyna kemala getirmek şol stratgeýinyň wajyp ugry bolup durýar” diýlip, esasanam hem, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň maglumatlaryna salgylanýan halkara synlarynda bellenilýär. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň dünýäde giň oňyn seslenme döreden netijeli başlangyçlary şol maksatlara ýetmäge gönükdirilendir. Döwrüň anyk ýagdaýlarynda bu başlangyçlaryň wajypdygyny BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan iki gezek-- 2008-nji 2013-nji ýyllarda kabul edilen “Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde onuň hyzmaty” atly Kararnamalar aýdyň şaýatlyk edýär.

Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň münberinden ençeme gezek öňe süren garaýyşlary ýurdumyzyň durmuşa geçirýän energetika syýasatynda öz beýanyny tapdy. Bu syýasat bolsa diňe bir ýakyn onýyllyklar üçin ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny anyk kesgitlemek bilen çäklenmän, eýsem, ýurdumyzyň dünýäniň energetika ulgamyna goşulyşmagy ugrunda anyk ädimleri göz öňünde tutýar. Soňky ýyllarda Türkmenistanyň Ýewropa, Aziýa, Uzak Gündogar hem-de Günorta-Gündogar ugurlarynda göni energiýa gatnaşyklaryny örän giňeltdi, öňdebaryjy, nebitgaz kompaniýalary, dünýäniň abraýly maliýe düzümleri bilen ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýdy. Olar bilen hyzmatdaşlykda birnäçe iri halkara taslamalar, şol sanda Türkmenistan-Hytaý transmilli turbageçirijisi hem-de Türkmenistan-Eýran gaz geçirijisiniň ikinji şahasy guruldy. Olaryň ulanmaga berilmegi Ýewraziýa yklymynda täze ýangyç-energetika düzüminiň kemala gelmegini alamatlandyrdy.

Häzirki wagtda türkmen tebigy gazyny Ýewropa ibermek boýunça taslamalary durmuşa geçirmek babatda işjeň gepleşikler geçirilýär. Şunda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hemişe nygtaýşy ýaly, Türkmenistanyň gatnaşmagynda amala aşyrylan we geljekki gazgeçiriji taslamalaryň ählisi hiç hili geosyýasy pikirler ýa-da şertler bilen şertlendirilen däldir, olar diňe çäginden “mawy ýangyjyň” iberilýän ugurlary geçýän ähli ýurtlar üçin ykdysady we täjirçilik peýda bilen şertlendirilendir.

Täze giň möçberli TOPH taslamasy barada durup geçip, şeýle hem ony sebitiň ýurtlaryndan başga-da, Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Ýaponiýa ýaly döwletleriň goldaýandygyny nygtap, daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri 2010-njy ýylyň dekabrynda, Aşgabatda geçirilen “Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan” duşuşygynyň barşynda onuň iş ýüzünde durmuşa geçirilip başlanandygyny ýatladýarlar. Şol duşuşygyň netijeleri boýunça degişli hökümetara Ylalaşygyna gol çekildi. Habar berlişi ýaly, häzirki wagta çenli zerur bolan taýýarlyk işleri geçirildi, şol sanda türkmen tebigy gazyny satyn almak-satmak boýunça degişli şertnamalar baglaşyldy. Bu halkara gaz geçirijisiniň gurluşygyny maliýeleşdirmek hem-de ony ulanmak bilen baglanyşykly işlere “Türkmengaz” döwlet konserni ýolbaşçylyk eder. Ol döredilen “TAPI Pipeline Company Limited” paýdarlar kompaniýasynyň öňbaşçylygyna saýlandy. “Türkmengaz” tebigy gazy çykarmak we ibermek, turba geçirijisini gurmak ulgamynda önümçilik işiniň 50 ýyldan gowrak tejribesine eýedir.

Bu taslamanyň ykdyady taýdan esaslydygyny ýurdumyzda “mawy ýangyjyň” dünýä ähmiýetli ägirt uly gorlarynyň bardygy hem tassyklaýar, munuň özi Türkmenistana islendik ugur boýunça, şol sanda şu ugur boýunça gazyň uzakmöhletleýin iberilmegini üpjün etmäge mümkinçillik berýär. Günorat Aziýa ýurtlarynda tebigy gaza ýokary isleg bildirilýändigi hem bu taslamanyň ykdysady taýdan esaslydygyna şaýatlyk edýär.

Şunuň bilen baglylykda, dünýäniň habar beriş gulluklary ägirt uly “Galkynyş” gaz käni täze energetika geçirijisi serişdeler binýady boljakdygyny nygtadylar. Mälim bolşy ýaly, meşhur halkara maslahatçysy-- “Gaffney, Cline & Associates” kompaniýasy (Beýik Britaniýa) tarapyndan geçirilen garaşsyz auditiň netijeleri dünýä derejesinde haýran galdyryjy täzelik boldy. Deslapky bahalara görä, “Galkynyş” käninde (ozal Günorta Ýolöten-Osman diýlip atlandyrylan) gazyň 26,2 trillion kub metr gory bar. Munuň özi Türkmenistany gaz kuwwaty boýunça dünýäde dördünji orna çykarýar. Mundan başga-da, bu ýerde nebit ýataklary hem bar.

Habarlarda “Türkmengaz” döwlet konserniniň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde bu baý ýataklary özleşdirmek boýunça geçirilen işleriň birinji tapgyrynyň çäklerinde 2013-nji ýylda bu ýerde kuwwatlylygy ýylda 30 milliard kub metr harytlyk gaza barabar bolan zawodlar toplumy ulanmaga berlendigi aýdylýar. 2014-nji ýylda “Galkynyşy” senagat taýdan özleşdirmegiň ikinji nobatdakysynyň desgalarynyň gurluşygyna başlanyldy. Ol hem ýylda 30 milliard kub metr harytlyk gazy öndürmäge niýetlenendir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylaryň ünsüni TOPH halkara gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmegiň möhüm ähmiýetine çekip, uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistanyň uglewodorod çig malynyň halkara bazarlaryna ygtybarly iberilmegine durnukly ösüşiň örän möhüm şerti hökmünde garaýandygyny nygtady. Başgaça aýdylanda, bu giň möçberli taslama diňe bir energiýa serişdelerini iberýän Türkmenistan üçin däl, eýsem, üstaşyr geçiriji we sarp ediji döwletler üçin hem ykdysady taýdan uly ähmiýete eýedir.

Russiýanyň iri “TASS” habarlar agentliginiň habar bermegine görä, turbageçirijiniň uzynlygy 1, 8 müň kilometre golaýdyr.Turbageçiriji arkaly gazy iberip başlamak 2019-njy ýyla meýilleşdirildi.

Daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri gaz geçirijisiniň ugry Owganystanyň Hyrat we Kandagar şäherleriniň, Pakistanyň Kwetta we Multan şäherlerinden geçer. Şol ýerden bolsa Hindistanyň Fazilka ilatly nokadyna çenli baryp ýeter. Habar berlişi ýaly, kuwwaty ýylda 33 milliard kub metr “mawy ýangyja” babar bolan täze gaz geçirijisiniň 214 kilometri Türkmenistanyň çäginden, 773 kilometri Owganystanyň çäginden we 827 kilometri Pakistanyň çäginden geçer.

Saýtlaryň käbiri gaz geçirijisiniň düýbüniň tutulyş dabarasyna gatnaşyjylaryň sözlän sözlerinden jümleleri getirdiler. Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani öz çykyşynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň aýratyn ähmiýetini nygtady. Bu dereje hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmek, parahatçylygy hem-de durnuklylygy saklamak üçin amatly şertleri üpjün edýär.

Owgan lideriniň pikirine görä, gaz geçirijiniň gurluşygynyň taslamasynyň amala aşyrylmagy Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda has-da netijeli hyzmatdaşlyk etmek üçin ykdysady taýdan bähbitli bolar, ýeke-täk ykdysady ulgamy kemala getirer, energiýa bolan sarp edijiligiň kanagatlandyrylmagyny hem-de ençeme nesiller üçin bagtyýar durmuşy üpjün eder.

TOPH taslamasynyň durmuşa geçirilip başlanmagy Hazardan Hindistanyň deňiz kenarlaryna çenli ýeke-täk ykdysady ulgamy döretmek ýolunda ilkinji ädim bolup durýar diýip, Hindistanyň Wise-prezidenti Hamid Ansari öz nobatynda belledi we bu uly we möhüm taslamanyň oňa gatnaşyjy ýurtlaryň umumy tagallalary bilen üstünlikli amala aşyryljakdygyna, netijeli sebit hyzmatdaşlygynyň aýdyň nusgasyna öwrüljekdigine ynam bildirdi.

Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Mohammad Nawaz Şarif hem gaz geçirijisiniň gurluşygynyň bellenen möhletlerde öz wagtynda durmuşa geçiriljekdigine ynam bildirip, täze gaz geçirijisiniň taryhy ähmiýetini nygtady. Bu taslama Merkezi Aziýa ýurtlaryny diňe bir ykdysady nukdaýnazardan birleşdirmän, eýsem, has giň hyzmatdaşlyk üçin hem uly ýoly açar.

Saýtlaryň köpüsi taryhy suratlary ýerleşdirdiler, olarda hormatly Prezidentimiz we belent mertebeli myhmanlar gazy gaýtadan işlýeän ilkinji kärhananyň düýbüniň tutulyşyna we gazulag ulgamynyň ilkinji turba sepiniň birleşdiriline gatnaşýarlar. Şeýle hem taslama gatnaşýan ýurtlaryň wekilleri TOPH gaz geçirijisiniň ilkinji turbasyna öz gollaryny goýýarlar.

Žurnalistleriň ýazyşy ýaly, “bu pursatlaryň ähmiýetinden ruhlanan” üç ýurduň wekilleri Türkmenistanyň, Owganystan Yslam Respublikasynyň we Pakistan Yslam Respublikasynyň arasynda energetika boýunça uly Ähtnama gol çekýärler. Şeýle hem TOPH gaz geçirijisi boýunça “Türkmengaz” döwlet konserni we “Afghangas Enterprise” hem-de “Inter state gas systems /Private/ Limited” kompaniýasy we “Gail /Hindsitan/ Limited” kompaniýasynyň arasynda paýdarlar hakynda Ylalaşyga gol çekildi.

Bir söz bilen aýdylanda, dünýä metbugaty täze turbageçirijiniň türkmen böleginiň gurluşygynyň başlanmagy iri energetika taslamasyny iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň ilkinji möhüm tapgyryna öwrüljekdigini belleýärler. Bu taslama oňa gatnaşýan ýurtlaryň her biriniň halklaryna bu tutuş sebite abadançylyk getirip, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň özboluşly köprüsine öwrüler.