Ï Türkmenistan – dünýä energetikasynyň durnukly ösüşiniň strategiki merkezi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan – dünýä energetikasynyň durnukly ösüşiniň strategiki merkezi

view-icon 5720
Esasy gaz döwletleriniň biri bolup durýan Türkmenistanda 13-nji dekabrda – Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan /TOPH/ gaz geçirijisiniň hem-de dünýäde iň iri ýataklaryň biri bolan “Galkynyş” gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň üçünji nobatdakysynyň desgalarynyň gurluşygyna badalga berildi. Garaşsyz halkara bilermenleriniň baha bermegine görä, bu kände “mawy ýangyjyň” ägirt uly gorlary bar.

Mary welaýatynda geçirilen dabara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de ýurdumyza sapar bilen gelen Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani, Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Mohammad Nawaz Şarif we Hindistan Respublikasynyň Wise-prezidenti Mohammad Hamid Ansari gatnaşdylar.

Taslama gatnaşýan dört dostlukly döwletiň aýgytly we ynamly meýli bu ýerde möhüm resminamalaryň ikisine – TOPH gaz geçirijisi boýunça “Türkmengaz” döwlet konserni we “Afghangas Enterprise” hem-de “Inter state gas systems /Private/ Limited” kompaniýasy we “Gail /Hindsitan/ Limited” kompaniýasynyň arasynda paýdarlar hakynda Ylalaşyga, şeýle hem Türkmenistanyň, Owganystan Yslam Respublikasynyň we Pakistan Yslam Respublikasynyň arasynda energetika boýunça Ähtnama gol çekmegiň barşynda tassyklanyldy. Munuň özi bu döwletleriň hoşniýetli gatnaşyklarynyň we netijeli ykdysady hyzmatdaşlygynyň taryhyna täze sahypany ýazar.

Taslama gatnaşýan ähli ýurtlar üçin bu wakanyň taryhy ähmiýeti şol transmilli gaz geçirijisiniň çekilmeginiň diňe ykdysady wezipelerden başga-da, onuň möhüm durmuş meseleleriniň ençemesini çözmäge mümkinçilik berjekdigi, tutuş sebitde syýasy we durmuş taýdan durnuklylygy saklamaga we pugtalandyrmaga ýardam etjekdigi bilen baglanyşyklydyr. Munuň özi, hususan-da, Owganystan üçin örän wajypdyr.

Hormatly Prezidentimiz giň möçberli taslamanyň hut şu maksadyny aýratyn nygtap, onuň diňe bir energiýa serişdelerini iberýän ýurt hökmünde Türkmenistan üçin däl, eýsem, üstaşyr geçiriji we sarp ediji döwletler üçin hem uly ykdysady ähmiýetiniň bardygyny aýratyn belledi. Taslamanyň durmuşa geçirilmegi sebitiň ykdysady ösüşine kuwwatly itergi berer, parahatçylygyň we durnuklylygyň pugtalandyrylmagyna ýardam eder. Täze gaz geçirijisiniň gurulmagy netijesinde, goşmaça iş orunlarynyň 12 müňe golaýy dörediler. Munuň özi ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlandyrylmagyna oňaýly täsir eder. Şeýlelikde, TOPH taslamasy ýurtlaryň arasynda dostluk gatnaşyklarynyň, syýasy-ykdysady hyzmatdaşlygyň has-da ösdürilmegine ýardam edip, resmi Aşgabadyň, Kabulyň, Yslamabadyň we Deliniň arasynda ygtybarly köprä öwrüler.

...Häzirki döwürde adamzadyň maddy, ahyrky netijede bolsa ruhy medeniýetiniň derejesi olaryň ygtyýaryndaky energiýanyň möçberine gönüden-göni baglydyr. Galyberse-de, siwilizasiýanyň taryhynyň özi hem – bu gadym döwürlerde ody “eldekileşdirmekden” başlap, energiýany ulanmagyň, iň täze eýýamda bolsa, senagatyň esasy pudaklaryny ösdürmek maksady bilen, energiýany gaýtadan işlemegiň, onuň täze çeşmelerini özleşdirmegiň we energiýanyň sarp edilişini artdyrmagyň, şeýle hem adamyň tebigy isleglerine laýyklykda, häzirki zaman jemgyýetinde ähli amatlyklaryň hözirini görüp ýaşamagyň usullaryny oýlap tapmagyň ýyl ýazgysydyr.

Senagatlaşdyrmak eýýamynyň başlanmagyndan bäri geçen 200 ýylyň dowamynda energiýany sarp etmegiň möçberi 30 esse artdy. Soňky 50-60 ýylyň maglumatlaryna esaslanýan energiýanyň sarp edilişiniň çaklamalary geljekde, takmynan, 2025-nji ýyla çenli dünýäde energiýanyň sarp edilişiniň ösüşiniň häzirki aram depgininiň saklanyp galmagyna garaşylýar—ýylda 1,5 göterime golaý bolar. Onuň durnuklaşýan ýagdaýy bolsa 2050-nji ýyldan soň bolup geçer.

Bu çaklamalary işläp taýýarlamakda göz öňünde tutulýan möhüm şertleriň biri hem gazylyp alynýan organiki ýangyjy ýakmaga esaslanýan dünýä energetikasynyň serişdeler üpjünçiligi bilen baglanyşyklydyr. Häzirki wagtda onuň paýyna dünýäde öndürilen energiýanyň ählisiniň 90 göterime golaýy düşýär.

Ýöne, dünýäniň dürli nokatlarynda ýüze çykýan, häzirki zaman şertlerinde halkara häsiýetine eýe bolýan energetika çökgünlikleri sarp edijileriň hem, önüm öndürijileriň hem bähbitleriniň deňagramlylygyny saklamaga ukyply täze global energetika syýasatynyň işlenip taýýarlanylmagyny talap etdi.

Energetika çökgünligi energiýa serişdelerine bolan islegleriň olaryň tekliplerinden has ýokary bolan mahalynda ýüze çykýan ýagdaýdyr. Olaryň sebäpleri logistika, syýasat ulgamynda ýa-da çig malyň ýetmezçiliginde bolup biler. Tutuş dünýäniň energetika ulgamynyň gowşaklygy bu babatdaky gapma-garşylyklary has howply edýär hem-de onuň durnuklylygyny üpjün etmäge ukyply örän güýçli dünýä merkeziniň bolmagyny talap edýär.

Şu nukdaýnazardan häzirki wagtda Türkmenistana dünýä energetikasynyň durnukly ösüşiniň strategiki merkezi hökmünde garalýar. Ýurdumyz uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna hem-de bu serişdeleri tutuş adamzadyň hyzmatynda goýmak babatda berk syýasy erk-isleglere eýe bolmak bilen, olary ibermegiň logistiki düzümini işjeň ösdürip, eksport akymlaryny diwersifikasiýalaşdyrýar.

Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy şu ýolda möhüm tapgyr bolup durýar.

Täze gaz geçirijiniň taslamasy dört döwletiň arasynda baglaşylan hökümetara ylalaşyklary esasynda amala aşyrylýar. TOPH gaz geçirijisiniň uzynlygy, takmynan, 1814 kilometre barabar bolar. Özi-de, ýurdumyzyň çägi boýunça turbageçirijiniň 214 kilometri çekiler, soňra ol Owganystanyň Hyrat we Kandagar şäherleriniň üsti bilen, Pakistanyň Kwetta we Multan şäherleriniň çäklerinden geçer. Şol ýerden bolsa, Hindistanyň Fazilka ilatly nokadyna çenli baryp ýeter. Täze gaz geçirijiniň ýyllyk kuwwaty 33 milliard kub metre barabar bolar. Bu halkara gaz geçirijisi we onuň ýerüsti kömekçi ulgamlary 2019-njy ýylyň dekabr aýynda ulanmaga doly taýýar edilip tabşyrylar.

Munuň üçin dört döwletiň ählisi tarapyndan zerur bolan taýýarlyk işleri geçirildi, şol sanda türkmen tebigy gazyny satyn almak-satmak boýunça şertnamalar baglaşyldy, taslamanyň tehniki –ykdysady esaslandyrmasy tamamlandy, "TAPI Pipeline Company Limited” konsorsiumy döredildi. Tebigy gazy çykarmak we ibermek, turbageçirijileri gurmak ulgamynda önümçilik işiniň 50 ýyldan gowrak tejribesine eýe bolan “Türkmengaz” döwlet konserni onuň öňbaşçylygyna saýlanyldy.

Bu taslamanyň ykdysady taýdan esaslydygyny ýurdumyzda “mawy ýangyjyň” dünýä ähmiýetli ägirt uly gorlarynyň bardygy hem tassyklaýar, munuň özi Türkmenistana islendik ugur boýunça, şol sanda şu ugur boýunça gazyň uzakmöhletleýin iberilmegini üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Günorta Aziýa ýurtlarynda tebigy gaza ýokary isleg bildirilýändigi hem bu taslamanyň ykdysady taýdan esaslydygyna şaýatlyk edýär.

Mälim bolşy ýaly, “Galkynyş” gaz käni täze energetika geçirjisiniň serişde binýady bolar. “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen bilelikde bu käniň enjamlaşdyrylmagynyň birinji tapgyrynyň çäklerinde 2013-nji ýylda bu ýerde kuwwatlylygy ýylda 30 milliard kub metr harytlyk gaza barabar bolan zawodlar toplumy ulanmaga berildi. 2014-nji ýylda “Galkynyşy” senagat taýdan özleşdirmegiň ikinji nobatdakysynyň desgalarynyň gurluşygyna başlanyldy. Ol hem ýylda şu möçberdäki harytlyk gazy öndürmäge niýetlenendir.

TOPH taslamasy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýangyç-energetika syýasatyny durmuşa geçirmekdäki ýene-de bir anyk ädimdir. Ählumumy energetika howpsuzlygynyň häzirki zaman gurluşyny kemala getirmek, şol sanda türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ugratmagyň köpugurly ulgamyny döretmegiň hasabyna kemala getirmek şol strategiýanyň wajyp ugry bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, türkmen Lideriniň dünýäde giň oňyn seslenme döreden netijeli başlangyçlary şol maksatlara ýetmäge gönükdirilendir. Döwrüň anyk ýagdaýlarynda bu başlangyçlaryň wajypdygyna BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan iki gezek—2008-nji we 2013-nji ýyllarda kabul edilen “Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde onuň hyzmaty” atly Kararnamalar aýdyň şaýatlyk edýär.

Birleşen Milletler Guramasynyň münberinden Türkmenistanyň yglan eden ýörelgesi döwletimiziň tutuş energetika syýasatynda beýanyny tapýar. Şol syýasat ýakyn on ýyllyklar üçin ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny diňe bir anyk kesgitlemän, eýsem, ýurdumyzyň dünýäniň energetika ulgamyna goşulyşmagy ugrunda anyk ädimleri göz öňünde tutýar.

Energetika pudagynda däp bolan strategiki hyzmatdaşlyk aragatnaşyklaryny saklamak bilen bir hatarda, Türkmenistan Ýewropa, Aziýa, Uzak Gündogar hem-de Günorta-Gündogar ugurlarynda göni energiýa gatnaşyklaryny örän giňeltdi, öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalary, dünýäniň abraýly maliýe düzümleri bilen ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýdy. Birnäçe iri halkara taslamalar, şol sanda Türkmenistan-Hytaý transmilli turbageçirijisiniň hem-de Türkmenistan-Eýran gaz geçirijisiniň ikinji şahasynyň gurluşygy şolaryň netijeleri bolup durýar. Bu geçirijileriň ulanmaga tabşyrylmagy Ýewraziýa yklymynda täze ýangyç-energetika düzüminiň kemala gelmegini alamatlandyrdy.

TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyna badalga bermek dabarasynda Owganystanyň, Pakistanyň we Hindistanyň döwlet Baştutanlary Aziýa ösüş bankyna hoşallyk bildirdiler. Bu bank hemişe şol taslamanyň berk tarapdary bolup çykyş etdi hem-de zerur bolan seljermeleri we tehniki esaslandyrmalary geçirmekde uly ýardam we goldaw berdi. AÖB-niň goldaw bu gaz geçirijisiniň gurluşygyna girişmäge mümkinçilik beren möhüm şert boldy.

Türkmenistan uglewodorod çig malynyň halkara bazarlaryna ygtybarly iberilmegine giň sebitiň durnukly ösüşiniň örän möhüm şerti hökmünde garaýar, şoňa görä-de, TOPH halkara gaz geçirijisini durmuşa geçirmäge uly ähmiýet berýär. Ýurdumyz uglewodorod serişdeleriniň baý gorlaryna eýe bolmak bilen, nebitiň we gazyň çykarylýan hem-de gaýtadan işlenýän, energiýa serişdeleriniň daşarky bazarlara iberilýän möçberlerini artdyrmaga gönükdirilen energetika strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirýär.

Häzirki döwürde türkmen tebigy gazy Ýewraziýanyň dürli döwletlerine iberilýär. Gündogar Türkmenistandaky, Amyderýanyň kenaryndaky, Hazar deňziniň türkmen bölegindäki we beýleki sebitlerdäki täze, geljegi uly bolan nebitgaz ýataklary güýçli depginler bilen özleşdirilýär. Şeýle hem, ýurdumyzda we daşary ýurtlarda uly isleg bildirilýän nebit we himiýa önümlerini öndürýän innowasion senagat önümçiliklerini döretmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.

Şunuň bilen baglylykda, şu aýda “Gündogar-Günbatar” gaz geçirijisiniň gurluşygynyň tamamlanýandygyny bellemek ýerlikli bolar. Bu gaz geçirijisi ýurdumyzyň esasy gaz ýataklaryny bitewi gazulag ulgamyna birleşdirer hem-de Türkmenistanyň eksport kuwwatyny ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berer. Geljekde, zerur bolan halatynda, energiýa serişdeleriniň uly möçberini gerekli ugra ibermäge ukyply bu gaz geçirijisiniň gurulmagy türkmen tebigy gazynyň iberilýän ugurlaryny diwersifikaisýalaşdyrmagyň mümkinçiliklerini ep-esli giňelder, şeýle hem türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ygtybarly we durnukly eksport etmek üçin goşmaça kepilligi döreder.

“Türkmengaz” we “Türkmennebitgazgurluşyk” döwlet konsernleri öz güýçleri bilen Şatlykdan Belege çenli ýurdumyzyň çägindäki iň uzyn gaz geçirijisini çekdiler—onuň uzynlygy müň kilometre golaýdyr! “Günorta-Günbatar” gaz geçirijisi ähli gaz geçirijilerini bir bitewi halka birleşdirmäge mümkinçilik berip, “mawy ýangyja” bolan diňe bir içerki islegleri däl, eýsem, häzir hereket edýän, şeýle hem täze ugurlardaky halkara gaz geçirijilerini hem bökdençsiz üpjün etmek üçin goşmaça kepillige öwrüljekdigini ýene-de bir gezek nygtaýarys.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gaz geçirijisini ýurdumyzyň ýangyç – energetika toplumynyň güýji bilen gurmagy tabşyrmagy ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň hünär ussatlygyna we yzygiderli artýan maddy-enjamlaýyn kuwwatyna, onuň işgärler, iri taslamalary durmuşa geçirmek babatdaky tehniki we maliýe mümkinçiliklerine ýokary ynamyň aýdyň nyşany bolup durýar. Bu sebitleýin gaz geçirijisiniň taslamasyny düzüjileriň ýeriň çylşyrymly böleklerini geçmek, çägeli we batgalyk ýerler üçin melioratiw çäreleri işläp düzmek, şeýle hem gaz turbalaryny ýerasty suwlaryndan goramak bilen baglanyşykly wezipeleri çözmeli bolandygyny bellemelidiris. Inženerler täze gaz geçiriji ulgamynyň demir ýoluň, Garagum derýasynyň, Tejen derýasynyň, Howuzhan zeýkeşiniň, suwaryş akabalarynyň, Türkmen kölüne barýan birnäçe akabalaryň üstünden geçýän ýerlerini we usullaryny anyk görkezdiler, häzirki bar bolan gaz geçelgeleri bilen kesişýän ýerleriň ýerleşişini kesgitlediler.

Pudagyň hünärmenleri Türkmenistan-Hytaý, Döwletabat-Sarahs-Hangeran (Eýran ugry boýunça ikinji gaz geçirijisi), Malaý-Bagtyýarlyk we beýlekiler ýaly gaz geçirijilerini gurmakda ýeterlik derejede iş tejribesini topladylar. Indi bu tejribe türkmen hünärmenleriniň Türkmenistan – Owganystan – Pakistan - Hindistan gaz geçirijisiniň türkmen bölegini çekmek, ony abadanlaşdyrmak we gaz ibermek üçin zerur bolan düzümi döretmek boýunça işleri öz möhletinde hem-de ýokary hilli ýerine ýetirip biljekdikleriniň ygtybarly kepiline öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan dünýäniň kuwwatly energetika döwletleriniň hataryna ynamly girip, baý uglewodorod serişdelerini netijeli ulanmak ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardyr.

Gaz pudagynyň ösdürilmegi, şeýle hem doly möçberli nebit we gazhimiýa önümçiliginiň ýola goýulmagy, pudagyň eksport kuwwatynyň artdyrylmagy, sebit we dünýä derejesinde bu ugurda hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagy – bu ädimleriň ählisi eziz Watanymyzyň ykdysady binýadynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna, özüniň ägirt uly energetika kuwwatyny diňe bir milli bähbitlere däl, eýsem, dünýäniň halklarynyň ösüşiniň we abadançylygynyň, ählumumy durnuklylygy hem-de howpsuzlygy pugtalandyrmagyň bähbidine hem ulanmaga gyzyklanýan türkmen döwletiniň dünýä bileligindäki ornunyň artdyrylmagyna hyzmat edýär.

Şeýlelikde, halkara energetika hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak syýasatyny maksada laýyk durmuşa geçirýän türkmen döwletiniň Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça dünýä eneregtikasynyň ösüşiniň wajyp meseleleriniň çözgüdini işläp taýýarlamak, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň teklibi boýunça kabul edilen, ýokarda agzalyp geçilen BMG-niň energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi baradaky kararnamalaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek babatda ählumumy durnukly ösüşiň aýrylmaz şerti hökmünde global energetika howpsuzlygyny üpjün etmek üçin hil taýdan täze binýat döredilýär.

Energetika meseleleriniň ählumumy häsiýete eýe bolmagy energiýa ulgamyny türkmen diplomatiýasynyň binýatlaýyn ugurlarynyň hataryna çykardy. Soňky ýyllarda onuň peýdaly täsir koeffisienti yzygiderli ýokarlanýar. Türkmenistan täze gyzyklanma bildirýän ýurtlaryň we kompaniýalaryň ählisini özara bähbitlilik esasynda hyzmatdaşlyga çagyrýar, bir tarapdan, serişdeleriň üstaşyr geçirilmeginde, ikinji tarapdan bolsa, olary sarp edijilere ýetirmekde töwekgelçilikleriň derejesini peseltmek ugrunda çykyş edip, täze bazarlara çykmaga çalyşýar.

Kuwwatly energetika döwleti bolan Türkmenistan çig mal ulgamynyň çendenaşa artykmaçlygynyň netijesinde däl, eýsem, ýokary tehnologiýalara eýe bolmaga, netijeli halkara hyzmatdaşlyga ymtylmalaryň netijesinde peýda boldy. Şunda dünýäniň ýurtlaryny energiýa bilen adalatly üpjün etmäge, önüm öndüriji, üstaşyr geçiriji hem-de sarp ediji ýurtlaryň bähbitleriniň deňagramlylygyna degişli türkmen başlangyçlary aýratyn ähmiýete eýe boldy. Hut şeýle çemeleşme köp babatda dünýäde biziň geljegimize aýdyň ýol açyp biler diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasaplaýar. BMG-niň Baş Assambleýasynyň belent münberinden beýan edilen şeýle garaýyşlar dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe boldy.

Biziň energetika strategiýamyz energiýa akymlarynyň köpugurlylyk ýörelgesine, olaryň çäginiň giňeldilmegine, halkara energetika proseslerine gatnaşmaga gyzyklanma bildirýän ýurtlaryň has köp sanlysyny çekmäge esaslanýar. Munuň özi döwletleri we çäkleri haýsydyr bir emeli ulgama goşmagy aňlatmaýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtaýar. Gürrüň bu ýerde geoykdysadyýetdäki has aýdyň ýagdaýlar barada barýar. Şunda hut ýangyç serişdelerini ibermegiň diwersifikasiýalaşdyrylmagy, alternatiw ugurlaryň bolmagy ählumumy energetika howpsuzlygynyň, täze dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň tutuş ulgamynyň durnuklylygynyň aýgytlaýjy şerti, olaryň bir ugurly we düzümleýin kemçilikli bolmazlygynyň kepili hökmünde çykyş edýär.

Ählumumy energetika bazarynda “uly” we “kiçi” gatnaşyjylara bölünmeler, ýagny dereje babatda artykmaçlyklar bolmaly däldir. Biziň ählimiz deň derejede biri-birimize bagly hem-de kanuny bähbitlerimiz berjaý edilende, umumy maksatlar bilen birleşen deňhukukly hyzmatdaşlardyrys. Şulara göz ýetirip, biz dünýä energetika giňişliginde özara gatnaşyklaryň bitewi düzgünlerini hem-de kadalaryny döretmäge tarap hereket etmelidiris diýip, milli Liderimiz aýdýar.