Ï Maliýe ýokary okuw mekdebiniň wekilleri döredijilikli pikirlenmek boýunça diplomlara mynasyp boldular
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Maliýe ýokary okuw mekdebiniň wekilleri döredijilikli pikirlenmek boýunça diplomlara mynasyp boldular

view-icon 1303
Türkmen döwlet maliýe instituynyň wekilleri – mugallym Guwanç Şamuhammedow we talyp Patma Şirowa Russiýanyň Ylym we döredijilik jemgyýeti (Tatarystan Respublikasynyň Kazan ş.) tarapyndan menenjment boýunça geçirilen Halkara olimpiadasynda ýeňileriň diplomynyň eýesi bolmagy başardylar.


Türkmen olimpiadaçylary iki “mugallym” we “talyp” atlary boýunça geçirilen bu bäsleşikde 80-e golaý gatşyjylaryň arasynda mynasyp bäsdeş boldular.

Türkmen ýokary okuw meksebiniň wekilleri “menejment boýunça meseleleri seljermekde we çözmekde zerur gözlegleriň ýokary derejesini we döredijilikli pikirlenmek hem-de oýlanyşykly ylmy çemeleşmeler üçin” baýrakly orunlary eýelediler. Olar öz bölümlerinde üçünji baýrakly orny eýelemek bilen, iň gowy şahsy netijeleriň birini görkezdiler.