Ï Aşgabatda ulag düzümi boýunça I Bütindünýä maslahatyny geçirmek göz öňünde tutulýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda ulag düzümi boýunça I Bütindünýä maslahatyny geçirmek göz öňünde tutulýar

view-icon 5060
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Ministrrler Kabinetiniň hem-de Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 25-nji dekabrda geçirilen bilelikdäki mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň teklibine laýyklykda, 2016-njy ýylyň ahyrynda Aşgabatda durnukly ulag ulgamyny döretmek boýunça I Bütindünýä maslahatynyň geçirilmeginiň göz öňünde tutulýandygyny aýtdy we degişli ýolbaşçylara maslahatyň guramaçylygy hem-de çäreleriň meýilnamasynyň taýýarlanylyşy babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda 29-njy dekabrda geçirilen “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny: durnukly ösüşiň ugrunda halkara hyzmatdaşlyk” atly maslahatyň barşynda öňde boljak forumyň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy, maslahata ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we missiýalaryň ýolbaşçylary, iri halkara guramalarynyň, şol sanda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasynyň Sebit merkeziniň, BMGÖM-niň, Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Halkara gatnaşyklary institutynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Durnukly ulag ulgamyny döretmpek meselesiniň taryhyna ýüzlenmek bilen, 2014-nji ýylyň sentýabrynda türkmen paýtagtynda geçirilen durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň meselelerine bagyşlanyp guralan ýokary derejedäki halkara maslahatynyň bu pudakdaky gatnaşyklaryň ösdürilmegine kuwwatly itergi berendigini bellemeli. Maslahat dünýä jemgyýetçiliginiň we daşary ýurtlaryň habar beriş serişdeleriniň üns merkezinde boldy.

Dünýäniň 33 ýurdundan dürli wekiliýetleriň we öňdebaryjy halkara guramalarynyň agzalarynyň gatnaşmagynda bu maslahaty geçirmek başlangyjy döwlet Baştutanymyza degişlidir. Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiz BMG-niň Baş Assambleýasynyň belent münberinden ulag-aragatnaşyk ulgamyndaky halkara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek bilen baglanyşykly birnäçe netijeli başlangyçlary öňe sürdi.

XXI asyryň ählumumy ulag syýasaty – munuň özi goşulyşmak ýagdaýy, geografiki we düzümleýin mümkinçilikleriň birleşmesi, döwletleriň hem-de sebitleriň tehniki we tehnologik kuwwatlyklary bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maslahatda eden çykyşynda uly geljegi bolan ulag gatnaşyklarynyň utgaşykly ulgamynyň iri halkara we sebitara deňiz, derýa, awtomobil, demir ýol we howa ulgamlaryna çykalgasyny üpjün etmek bilen, olaryň her biriniň artykmaçlyklarynyň oňyn sazlaşygyny hem-de netijeli ulanylmagyny üpjün edýändigini aýtdy.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ulag düzümini ösdürmek goňşy döwletler bilen bilelikde iri sebit-yklym derejeli taslamalary amala aşyrýan Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Olar Ýewraziýa giňişliginde ulag gatnawyny işjeňleşdirmek üçin ägirt uly mümkinçilikleri açýar hem-de Gara deňiz, Baltika sebitleriniň, Günorta we Günorta-Gündogar Aziýanyň, Ýakyn Gündogaryň deňiz terminallaryna, Hytaý, Hindistan, Pakistan, Aziýa-Ýuwaş umman sebitleriniň ýurtlary ýaly kuwwatly ykdysady merkezlere çykalgalary üpjün edýär.

Gazagystan-Türkmenistan-Eýran hem-de Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýollary, Amyderýanyň üstünden geçýän awtomobil we demir ýol köprüleri, Aşgabatdaky hem-de welaýatlardaky döwrebap howa menzilleri, ýokary tizlikli awtomobil ýollary, Türkmenbaşy şäherindäki Halkara deňiz menzili we ýurdumyzda gurlan hem-de gurulýan beýleki desgalar halkara ulag-aragatnaşyk ulagamynyň möhüm bölekleri bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen halkara ulag ulgamyndaky netijeli aragatnaşyklary işjeňleşdirmegiň möhümdigini belläp, Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň (IRU), Ýewropa ykdysady geçelgesi we ESKATO ýaly halkara düzümleriniň tejribeleri esasynda Türkiýä çykalgasy bolan Merkezi Aziýa üçin Modal Şosseni döretmek mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmagy teklip etdi.

Şeýle hem Türkmenistan Ýewropa-Kawkaz-Aziýa (TRASEKA) maksatnamasyna işjeň hyzmatdaş we oňa gatnaşyjy hökmünde çykyş etmäge taýýardyr. Çünki Merkezi Aziýadan günbatar ulag geçelgesiniň döredilmegi Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek we Ýewraziýa giňişliginde hil taýdan täze derejedäki dünýäniň iki ykdysady ulgamlaryny baglanyşdyrmak maksadyny durmuşa geçirmekde has-da möhümdir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen öňe sürlen “Orta Aziýa –Ýakyn Gündogar” (Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Oman) täze ulag geçelgesiniň taslamasynyň örän ähmiýetlidigini bellemeli. Häzirki döwürde oňa gatnaşmaga goňşy ýurtlaryň birnäçesi uly gyzyklanma bildirýär.

Maslahatyň jemleri boýunça Aşgabat Jarnamasy kabul edildi. Ol yklymüsti ulag-üstaşyr geçelgelerini kemala getirmekde halkara hyzmatdaşlygyny artdyrmaga hem-de goşulyşmak ýagdaýyny çuňlaşdyrmaga bolan çemeleşmelere kuwwatly itergi berdi.

Şeýle hem Aşgabatda geçirilen maslahatyň çäklerinde birnäçe resminamalara, şol sanda Türkmenistanyň üsti bilen Ýewraziýa awtoulag aragatnaşyklaryny ösdürmek boýunça Türkmenistanyň Hökümeti bilen Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi.

Mundan başga-da, ýurdumyz 2013-nji ýylyň fewral aýynda Ženewada kabul edilen Ýewraziýa ulag aragatnaşyklarynyň ösüşiniň geljegi hakyndaky Bilelikdäki beýannama hem-de Ýewraziýa demir ýol gatnawlaryny we bir bitewi demir ýol hukugyny döretmek baradaky hereketi ösdürmek hakyndaky Bilelikdäki jarnama goşuldy.

2014-nji ýylyň 19-njy dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen öňe sürlen “Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny” atly Rezolýusiýa kabul edildi.

Bu resminama awtordaş hökmünde Merkezi Aziýanyň ähli ýurtlary, Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň, Ýewropanyň, Latyn Amerikasynyň we Afriukanyň ýurtlary çykyş etdiler. Umuman, bu resminama 66 döwlet gatnaşdy. Munuň özi Türkmenistanyň dünýä giňişligindäki abraýynyň yzygiderli ýokarlanýandygynyň, hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän netijeli başlangyçlarynyň wajypdygynyň hem-de ählumumy derejede ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Şunda bu Rezolýusiýanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň durnukly ulag hyzmatdaşlygy boýunça ählumumy gatnaşyklary döretmek hakyndaky teklibi resmi taýdan berkiden ilkinji resminamadygyny aýratyn bellemeli.

Awtomobil, demir ýol, deňiz hem-de howa ýollarynyň sazlaşygyny emele getirýän, ulag ulgamlarynyň bitewiligini esaslandyrýan resminamanyň düzgünnamalarynda halkara modal logistik merkezleriň we gury ýer menzilleriniň gatnaşmagynda Aşgabat jarnamasynda görkezilen möhüm ýagdaýlar beýan edilýär.

Şunuň bilen baglylykda, 2011-nji ýylyň sentýabrynda Türkmenistanyň Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 66-njy mejlisinde BMG-niň ulag ulgamyny ösdürmek boýunça ýöriteleşdirilen sebitara maksatnamasyny işläp taýýarlamak baradaky teklibi öňe sürendigini bellemeli. Bu teklibi iş ýüzünde durmuşa geçirmek maksady bilen, 2012-nji ýylyň maý aýynda Türkmenistanyň Hökümeti Halkara awtomobil ulaglary birleşigi bilen bilelikde BMG-niň, ÝHHG-niň hem-de TRASEKA-nyň ýöriteleşdirilen edaralarynyň, düzümleriniň goldaw bermeginde Hazar deňzi we Merkezi Aziýa sebitinde ulag-üstaşyr geçelgelerini ösdürmegiň geljekki ugurlaryna bagyşlanan Halkara maslahatyny geçirdi.

Türkmen tarapy bu teklipleri öňe ilerletmek maksady bilen, Nýu-Ýorkda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 68-nji mejlisiniň çäklerinde 2013-nji ýylyň sentýabrynda birnäçe halkara guramalary bilen hyzmatdaşlykda ýokary derejedäki maslahatlary geçirdi. Olaryň gün tertibine 2015-nji ýyldan soňky döwür üçin Durnukly ösüş maksatlarynyň çäklerinde ulag pudagyndaky halkara hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri girizildi.

“2011-2030-njy ýyllarda Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň milli maksatnamasyna” laýyklykda, ýurdumyz Ýewropa, Aziýa-Ýuwaş umman we Günorta Aziýa ykdysady ulgamlaryň özara gatnaşyklarynyň yklymüsti ykdysady köprüsi hökmünde tassyklanyldy. Hut şonuň üçin hem ulag hyzmatlarynda ykdysadyýetiň we ilatyň isleglerini doly möçberde kanagatlandyrmaga ukyply ulag-aragatnaşyk toplumyny çalt depginlerde ösdürmek bu uzakmöhdetleýin maksatnamanyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ulgamdaky esasy wezipeler şol maksatnamada kesgitlenildi. Munuň özi dünýä ulag ulgamyna yzygiderli goşulyşmakdan, milli düzümi mundan beýläk-de ösdürmekden ybaratdyr.

Türkmenistan bu ugurda, şol sanda BMG-niň we beýleki abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde ýola goýulýan gatnaşyklar meselelerinde işjeň orun eýelemek bilen, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde iri düzümleýin taslamalary ýokary depginlerde durmuşa geçirýär hem-de sebit, yklymüsti möçberdäki köp şahaly bitewi ulag düzüminiň kemala getirilmegine ägirt uly goşant goşýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe sürýän meýilnamalaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek arkaly Türkmenistan demir ýol, howa, deňiz we awtomobil ulaglarynyň mümkinçiliklerini netijeli peýdalanyp, Ýewraziýa giňişliginde döwletara aragatnaşyklarynyň ösdürilmegine ýardam edýän iri halkara ulag-üstaşyr merkezine öwrüler.

Bu ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegi, pudaklaryň döwrebaplaşdyrylmagy üçin ägirt uly serişdeler yzygiderli goýberilýär. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň demir ýol ulaglary pudagynyň hereket düzümi doly döwrebaplaşdyryldy. Müňden gowrak täze ýük wagonlary, şol sanda ýüküni özi düşürýän wagonlaryň 250-si, bitum daşamaga niýetlenen wagonlaryň 110-sy, nebit daşaýan sisternalaryň 100-si, 255 sement, 102 däne we 256 dökün daşamaga niýetlenen wagonlar alyndy. Mundan başga-da ýolagçy otlularynyň wagonlarynyň 425-si, teplowozlaryň 158-si satyn alyndy.

“Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugyna degişli “Türkmenistan” howa ulaglary kärhanasynda uçarlaryň 11 görnüşi, dikuçarlaryň 8 görnüşi bar. 2013-nji ýylda “Boing-737-800” uçarlarynyň üçüsi, 2014-nji ýylda bolsa iki sany “Boing-777-200 LR” uçary gelip gowuşdy. Şu ýylyň aprel aýynda hormatly Prezidentimiz “Boing-737-800” uçarlarynyň üçüsini satyn almak hakyndaky Karara gol çekdi. Mundan başga-da, ýerli ugurlar üçin niýetlenen 50 we 100 ýolagçy üçin dürli kompaniýalaryň howa uçarlaryny satyn almak maksady bilen işler geçirilýar.

Häzirki döwürde “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň uçarlary dünýäniň ýurtlarynyň onlarça şäherlerine yzygiderli uçuşlary amala aşyrýar. Olaryň hatarynda Moskwa we London, Frankfurt hem -de Birmengem, Bangkok hem-de Deli, Abu-Dabi, Dubaý, Amritsar, Minsk, Almaty, Stambul, Sankt-Peterburg, Pariž ýaly şäherler bar. Uçuşlaryň çägi yzygiderli giňelýär. Milan, Tbilisi şäherlerine howa gatnawlaryny açmagyň mümkinçilikleri öwrenilýär.

Aşgabatda Türkmenistanyň esasy “howa derwezesi” we yklym, yklymara geçelgelerinde iri üstaşyr merkezi bolmaga gönükdirilen häzirki zaman Halkara howa menziliniň gurluşygy batly depginlerde dowam edýär.

Täze howa menziliniň geçirijilik ukyby sagatda 1600 ýolagça barabar bolar. Ol birbada islendik görnüşdäki we dürli ýük göterijiligi bolan uçarlary kabul edip, olara halkara derejesine laýyk gelýän hyzmaty ýola goýup biler. Taslama laýyklykda ýolagçy, VIP, ýük terminallary, 3800 metr uzynlygy bolan uçuş-gonuş zolagy, goşmaça ýollar, duralgalar, howa uçarlary üçin duralgalar, howa hereketini dolandyryş gullugynyň diňi gurlar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýratyn üns bermegi netijesinde Türkmenistanyň söwda we raýat flotunyň çalt depginler bilen üsti ýetirilýär. Gelip gowuşýan täze gämiler bäş döwleti özünde birleşdirýän ylalaşygyň we doganlygyň deňzi bolan Hazar deňzinde yzygiderli ýolagçy gatnatmagy hem-de ýük daşamagy artdyrmakda işjeň ulanylýar.

Soňky ýyllarda ýurdumyza häzirki zaman tankerleriniň 7-si satyn alyndy. Olaryň “Sumbar” diýlip atlandyrylan birinjisi Russiýa Federasiýasynyň Nižnyý Nowgorad şäheriniň “Krasnoýe Sormowo” zawodynda gurlup, 2009-njy ýylyň awgust aýynda Hazar deňzine gelip gowuşdy. Şondan birnäçe aý geçenden soň, Türkmenbaşynyň Halkara deňiz menzilinde “Hazar” atly ýük göterijiligi ýokary bolan täze tanker peýda boldy. 2010-njy ýylyň oktýabrynda “Jeýhun” atly tanker Türkmenistanyň nebit daşaýan flotunyň üstüni ýetirdi. Ýeri gelende aýtsak, bu gämi Beýik Britaniýanyň gämi gurluşygy baradaky Patyşa instituty tarapyndan dünýäniň iň gowy gämileriniň sanawyna girizildi. Şol ýylyň dekabr aýynda bolsa Türkmenbaşynyň deňiz menziline “Bitarap” atly himiki önümleri daşaýan tanker geldi.

2012-nji ýylda gelip gowşan “Etrek” nebit daşaýan tanker ýokary tehnologiýaly gämileriň tapgyrynda hasap boýunça bäşinjidir. 2015-nji ýylda bolsa “Alaja” we “Kenar” atly nebit daşaýan gämiler satyn alyndy.

2014-nji ýylyň dekabrynda Türkmenbaşynyň Halkara deňiz menziline häzirki zaman “Bereket”, “Balykçy” we “Garlawaç” atly balyk doňduryjy senagat-ulag gämileri gelip gowuşdy, olar Türkmenistanyň buýurmasy boýunça daşary ýurtlarda guruldy.

2012-nji ýylyň dekabr we 2015-nji ýylyň dekabr aýlarynda Türkmenibaşynyň Halkara deňiz menziline degişlilikde “Berkarar” we “Bagtyýar” gämileri geldi. Bu döwrebap gämiler ýolagçylary gatnatmaga, ýük ulaglaryny we beýleki ulag serişdelerini daşamaga niýetlenendir. “Bagtyýar” gämisi hem “Berkarar” gämisi ýaly, Türkmenbaşy Halkara deňiz menzilinden Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäheriniň, Russiýa Federasiýasynyň Olýa portlaryna we Eýran Yslam Respublikasynyň Enzeli hem-de Amirabat portlaryna gatnawlary amala aşyrar.

Bu ugurlaryň herekete girizilmegi Ýewropa ýurtlaryndan Merkezi Aziýa, Orta we Uzak Gündogar ýurtlaryna ýükleri daşamakda wagtyň tygşytlanmagyna, haryt dolanyşygynyň ýokarlanmagyna ýardam eder. Şeýle hem deňiz ugry boýunça ýolagçylaryň gatnadylmagy goňşy Hazarýaka ýurtlaryndan syýahatçylaryň gelmegini artdyrmak bilen, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň sazlaşykly ösüşini üpjün eder.

Hazar deňziniň ýakasynda ýerleşýän döwletleriň arasynda deňiz ulaglary boýunça gatnaşyklary pugtalandyrmak hem-de ösdürmek maksady bilen, gämileriň erkin hereket etmegi, deňhukuklylyk we özara bähbitlilik esasynda Türkmenistanyň we Gazagystanyň Hökümetleriniň arasynda deňiz boýunça söwda ulgamynda hyzmatdaşlyk baradaky Ylalaşyga gol çekildi. Diplomatik derejede şunuň ýaly türkmen-azerbaýjan we türkmen-eýran hökümetara ylalaşyklarynyň taslamalary hem işlenip düzülýär.

Gurluşygy ýokary depgenlerde alnyp barylýan Türkmenbaşynyň täze Halkara deňiz menzili aýratyn ähmiýete eýedir, bu iri taslamanyň düýbüni tutmak dabarasyna döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Mälim bolşy ýaly, deňziň türkmen kenarynyň üsti bilen TRASEKA halkara ulag geçelgesi geçýär we ýakyn geljekde Merkezi Aziýany hem-de Ýewropany birleşdirýän “deňiz derwezesi” sebitde örän iri logistika we paýlaýjy merkeze öwrüler.

Bu iri maýa goýum taslamasynda umumy meýdany 230 müň inedördül metre barabar bolan awtomobil –ýolagçy parom terminalyny we 249 müň inedördül metr bolan konteýner terminalyny gurmak göz öňünde tutulýar. Topluma umymy ýükleýji terminal, ürgün ýükler terminaly, polipropilen terminaly, gämi gurluşyk we gämi abatlaýyş zawody girýär, bu zawodyň meýdany 166 müň inedördül metre deň bolar. Awtoulag –ýolagçy hem-de konteýner terminallarynyň, paromlaryň kuwwatlyklary Hazar deňzinde ýükleri we ýolagçylary, şol sanda üstaşyr ýükleri hem-de ýolagçylary gatnatmaga bildirilýän talaby kanagatlandyrar.

Merkezi Aziýa sebitiniň ýurtlarynyň ykdysadyýetleriniň ösüş mümkinçiliklerini nazara almak bilen, olaryň ýük dolanyşygynyň we bu ýurtlara Türkmenbaşynyň Halkara deňiz menziliniň üstünden geçirilýän üstaşyr ýük daşalyşynyň artmagyna garaşylýar. Awtoulag-ýolagçy gatnawlary diňe bir Hazarýaka döwletleriniň ulag ulgamyny ösdürmäge ýardam bermek bilen çäklenmän, tutuşlygyna Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ulag düzüminiň ösdürilmegi üçin mümkinçilik açar.

Şeýlelikde, durnukly ulag ulagymyny döretmek boýunça I Bütindünýä maslahatynyň geçirilmeginiň möhüm ähmiýeti döwrüň talaby bolup durýar, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, ulag ulgamy dünýä ykdysadyýetiniň möhüm ugurlarynyň biri we ählumumy durnukly ösüşiň aýrylmaz şerti bolmak bilen, durnuklylyga we dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň deňeçerligine gönüden-göni täsirini ýetirýär.