Ï Gyşyňkyda myhmançylykda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Gyşyňkyda myhmançylykda

view-icon 1666
Güýçli ýel ýene-de çal bulutlary dagydyp, gözüňi alyp barýan gün şöhleli asmanyň ýüzüni açdy. Owadan bulutlardan ýagan ýagyş zerarly damjalar maşynyň öňki aýnasyndan derrew syrylyp aýryldy, ýanwar aýy özüniň maýyllygy bilen aşgabatlylary begendirdi. Şäherden günorta-günbatara uzap gidýän mawy asman Köpetdagyň gerişlerini kesip geçýär, gün eýýäm onuň gerişlerinden uzak ýatmadyk gary eredip başlapdy. Haýsydyr belentliklerde gyş gizlenip, ol ýerlere baryp görmäge höwes döredýär. Gyş paslynyň gözelliklerini synlamak üçin dynç günlerine garşyp oturasy iş ýok, bu näme-de bolsa biziň ene topragymyzyň ýylyň islendik paslynda-da gözeldigini görkezmek üçin redaksiýanyň beren tabşyrygydy.

Ýol belentliklere çykmaga bolan keýpi çaglykda öňde duran ugur baradaky gürrüňdeşlik bilen geçdi. Ýolda ilkinji synaglar güýçli ýelden hem-de dag eňňitlerindäki aýakgaba ýelmeşýän palçyklar bilen başlandy. Heniz aýazly günler başlanmadyk bolsa-da, howa maglumaty golaýlaşyp gelýän sowuk günler barada maglumat berdi, yzy üzülmeýän belentlikler bolsa – her bir ýüz metrden howanyň derejesiniň pese gaçýandygyny kepil geçýärdi, diýmek, biz öňde goýan maksadymyza barha ýakynlaşýarys. Muňa agaç kökleriniň arasynda we dag eňňitleriniň çuň jaýryklarynda gizlenip galan gar bölekleri hem şaýatlyk edýärdi.


Mundan beýläk – kötel belentlikler we eňňitler, aýagyň aşagynda buz bilen örtülen daşlar, bir görseň-ä gary gizläp oturan, bir görseňem olary dagatmaga çalyşýan arçalaryň şahalary bar. Dagyň ýokarky guşaklygyny bezäp oturan çeýrek arça tokaýlygy agşamlyk gadymy ertekilerdäki ýaly syrly we jadyly tokaý ýaly görünýärdi. Megerem, her biriniň ýaşy ýüzlerçe bolan galyň gabyk bilen örtülen agaçlar ýokarlygyna ösüp barýan gök piramidany emele getirýärdi. Olaryň çür başy dumanlara bürenýärdi. Belentlikde geçiriljek gijäniň sowuk boljakdygyna garamazdan, häzirki zaman çadyrlary, membranaly eşikler we ýeňiljek sütükli ýatylýanlar golaýlap gelýän gijäni oňaýly geçirmäge mümkinçilik berýär. Ahyryn-da biz biz öz diýen gyş günlerimiziň goýnuna dolmak bilen, biz oňa taýýarlyk görmegi we ätiýaçlygy elden bermezligi hem ýadymyzdan çykarmadyk. Aýdylyp geçilen pähimde aýdylşy ýaly - aýazly howa-da uly hormat bilen garamaly.

... Ir ertir. Çadyrymyzyň zynjyryny açýarys, zynjyr özüne mahsus bolan ses etdi, onuň her gapdala atylan bölekleri gyraw bilen örtülipdir. Çadyrymyzyň içine kürsäp giren aýazly howa bu ümsüm ýerde aýazdan ýaňa ses edýärdi. Her bir alynýan dem buga öwrülýärdi, aýakgaplarymyzyň aşagyndaky gar adatdan daşary ses edýärdi. Töweregiňe seredip, gyz öz myhmanlary üçin nähili owadan görnüşli sowgatlary taýýarlandygyna göz ýetirýärsiň.

Töwerekdäki dag eňňitleri ýumşak gar bilen örtülipdir, çuň deräniň ýüzlerindäki garlara häzirlikçe ýaňy dogan günüň şöhleleri düşýärdi. Çuň derleriň kölege ýüzünde ýatan garlar başga keşpdedi – agrasdan sowuk halda görünýärdi. Onuň aşagyndaky dag gaýalary buzdan mata çekilen ýalydy. Agaçlaryň şahalary edil gar bilen inçeden nagyşlanypdyr, olaryň owadanlygyna seredip, ganyp bolanok. Dogrusy bu owadanlyk uzak saklanmaz, häzirlikçe gün ýokary galmanka olary surata alyp ýetişmeli.

Ajaýyp täsirlerden we owadan düşürilen suratlardan ýükümizi tutup, bu ýerleriniň eýesi gyş bilen hoşlaşýarys we aşak düşmäge başlaýarys. Biz eýýäm Gökdere derýajygyna ýetdik. Ol özboluşly owaz bilen baglaryň köklerini arasy bilen akyp ýatyrdy. Akyp ýatan dury suwda mawy asman, ak gara meňzeş bulutlar, gün şöhleleri ýalpyldap görünýärdi. Maýyllyk bilen gelen ýanwar aýy bolsa ýene-de öz ajaýyp howa bilen hemmeleri begendirýärdi.