Ï Derman üpjünçiligi: halkyň durmuşynyň sagdynlygyny we hilini nazarlaýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Derman üpjünçiligi: halkyň durmuşynyň sagdynlygyny we hilini nazarlaýar

view-icon 4987
Milli parlamentariýeler halkyň durmuş derejesini we hilini ýokarlandyrmak barada ýörelgäni yzygiderli amala aşyryp, “Derman üpjünçiligi hakynda” Kanuny kabul etdiler. Bu resminama derman serişdeleri bilen üpjün etmek ulgamynda adam durmuşynyň saglygyny we hilini nazarlaýan aňrybaş netijeleri döretmek üçin hukuk esasy bolup durýar.

Derman üpjünçiligi ulgamynda döwlet syýasatynyň esasy ugry, ilkinji nobatda, howpsuz we netijeli derman serişdelerini öndürmek we ýerlemek bilen üpjün edilýän raýatlaryň saglygyny goramaga bolan konstitusion hukugy bolup durýar. Mundan hem başga, ilata ýokary hilli lukmançylyk derman serişdeleri bilen kömek bermek boýunça esasy durmuş kepillerini berjaý etmekde Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini täze derejä çykarmak maksady bilen amala aşyrylýan giň göwrümli özgertmeler bolup durýar.

Derman üpjünçilik ulgamynyň ähmiýetine gaýtadan baha bermek kyn. Sebäbi Türkmenistanda lukmançylyk kömegini bermegiň çäklerinde, hemme ýerde bolşy ýaly, esasy bellemeleriň köpüsini derman serişdeleri düzýär. Şonuň üçin hem mesele saglygy goraýyş ulgamynyň we ilatyň howpsuz we ýokary hilli dermanlara bolan zerurlyklaryny doly kanagatlandyrmak bolup durýar. Şeýle hem derman üpjünçilik ulgamynda döwlet syýasaty bu ulgamyň iň täze standartlar esasynda bejergini geçirmek häzirki zamanyň talaplaryna laýyk gelmegine gönükdirilendir we derman serişdelerini netijeli peýdalanmak bolup durýar.

Täze Kanun lukmançylyk edaralaryny we ilaty howpsuz, ýokary hilli we netijeli derman serişdeleri bilen doly derejede üpjün etmegi kepil geçýär. Bu derman serişdelerini ulanmakda döwlet barlag-rugsat beriji ulgamyny kämilleşdirmek arkaly gazanylýar. Hususan-da kanun ygtyýarlandyrmagyň, standartlaşdyrmagyň we sertifikasiýalaşdyrmagyň netijeli ulgamyny döretmegi, derman serişdeleriniň, lukmançylyk maksatlaryna niýetlenen önümleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagyny; dermanlary ulanmagyň ähli tapgyrlary üçin derman serişdeleriniň hilini, netijeliligini we howpsuzlygyny üpjün edýär. Derman serişdelerine klinikadan öňki we kliniki barlaglaryň geçirilmegine anyk talaplar bildirilýär.

Kanunda halkara standartlaryny nazara almak bilen, derman serişdeleriniň önümçiligini guramaga, saklamaga, daşamaga we ýok etmäge bolan ýokary talaplar berkidilýär. Mundan hem başga, derman serişdeleriniň çekilip gaplanylmagyna we belgilenmegine, şeýle hem ýerlenilmegine hem-de olaryň mahabatlandyrylmagyna bildirilýän talaplar anyk reglamentirlenýär. Farmasewtik ýa-da lukmançylyk-tehniki işi amala aşyrýan şahslaryň jogapkärçilik derejesi ýokarlanýar. Kanunda ilatyň, lukmançylyk we farmasewtik işgärleriniň derman serişdeleri barada habarly edilmegini ýokarlandyrmak boýunça çäreler göz öňünde tutulandyr. Döwlet gözegçiligini amala aşyrmak ygtyýarly guramanyň üstüne ýüklenendir.

Kanuna laýyklykda derman serişdelerini, lukmançylyk maksatlaryna niýetlenen önümleri döwlet tarapyndan bellige alnandan soňra Türkmenistanda ulanylmaga rugsat berlip bilner. Bu ýerde innowasiýalar melhemlik çaýlar, gomeopatik derman serişdeleri, zyýansyzlandyryş serişdeleri, şol sanda ýokanç keselleriň öňüni alýan beýleki serişdeler, melhemlik kosmetikanyň serişdeleri, melhemlik mineral suw, bejeriş-öňüni alyş maksatlary bilen ulanylýan palçyklar we duzlar bolup durýar.

Derman serişdeleriniň, lukmançylyk maksatlaryna niýetlenen önümleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagynyň maksady olaryň Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bellenen talaplara laýyklygy, şeýle hem adamyň janyna we saglygyna, onuň nesline howp döredip biljek derman serişdeleriniň, lukmançylyk maksatlaryna niýetlenen önümleri Türkmenistana getirilmegine, öndürilmegine, dolanşygyna ýol bermezlik bolup durýar.

Döwlet tarapyndan bellige almak resminamalary bilermenler seljermesiniň geçirilmegini öz içine alýar. Bellige alnan derman serişdeleri we lukmançylyk maksatly önümler lukmançylyk maksatlaryna niýetlenen önümleriniň Döwlet sanawyna girizilýär. Döwlet tarapynda bellige almak degişli şahadatnamany berýän ygtyýarly edara tarapyndan amala aşyrylýar.

Türkmenistanda bellige alnan ähli derman serişdeleri ýaramsyz täsiriniň monitoringiniň geçirilmegine degişlidir. Munuň üçin kanun salygy goraýyş edaralarynyň lukmanlary özleriniň pudaklaýyn tabynlygyna garamazdan derman serişdeleriniň ýaramsyz täsiriniň ähli halatlary barada ygtyýarly edaralara maglumat bermäge borçly edýär. Şeýle maglumatlaryň alynmagy ygtyýarly edara tarapyndan görkezilen derman serişdeleriniň ulanylmagynyň togtadylmagy, dolanşykdan aýrylmagy, ýok edilmegi hakyndaky meselä garaýar.

Derman serişdelerineiň mahabatyna bildirilýän talaplar ýokarlandyrylýar. Onuň Türkmenistanda bellige alnandygy maglumaty bolmalydyr, kliniki- farmakologik maglumatlary laýyk gelmelidir we aýratyn üýtgeşik ýaly görkezmeli däldir. Mahabat derman serişdeleriniň gelip çykyşy, täzeçilligi babatda nädogry düşünje döretmeli däldir.

Dermannama boýunça göýberilýän derman serişdeleri baradaky maglumatlar diňe saglygy goraýyş we farmasewt işgärlere niýetlenen ýöriteleşdirilen neşirlerde bolup biler. Dermannamasyz göýberilýän derman serişdeleri baradaky maglumatlar diňe köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ýerleşdirilip bilner.

Kanuna laýyklykda derman serişdeleriniň, lukmançylyk maksatlaryna niýetlenen önümleriň fiziki şahslar tarapyndan Türkmenistan getirilmegine we Türkmenistandan alnyp gidilmegine rugsat berilmeýär. Eger-de derman şahsy ulanmaga niýetlenen bolsa we beýleki ýagdaýlarda rugsat berilýär. Olar kanunyň 26-njy maddasynda anyk görkezilýär.

Milletiň baştutanynyň saglygy goraýyş ulgamynyň esasy ugry hökmünde kesgitlenen hususy farmasewtik pudagynyň ösdürilmegi we gigienanyň lukmançylyk serişdeleriniň önümçiligi kanunyň “Derman serişdeleriniň işlenip taýýarlanmagy, klinikadan öňki we kliniki barlaglary” atly täze babynda şertlendirilendir. Kanun şeýle barlaglary geçirmäge anyk talaplary bildirýär we olara gatnaşyjylaryň hukuklaryny, howpsuzlygyny, ätiýaçlandyryşyny we saglygyny goraýşy kepil geçýär. Barlaglara gatnaşmak diňe meýletinçilik esasynda geçirilýär. Bu barlaglar bilen bagly ähli meselelere garamaga ygtyýar edilen synag geňeşi hökmünde Ahlak baradaky komitet döredilýär.

Şeýle hem derman üpjünçiligi ulgamynyň döwlet syýasatynyň esasy ugry hatarynda derman serişdelerini bellemek we peýdalanmak durýar. Bu maksat bilen kanun dermanlar bellenende häzirki zaman kliniki standartlaryny hökmany ýagdaýda peýdalanmagy lukmançylyk edaralarynyň işgärlerini borçly edýär. Bu iş teklipleri syrkaw bejerilende netijeli we howpsuz tehnologiýalary peýdalanmagyň iň amatly strategiki maglumatlary öz içine alýar.

Şeýle hem derman serişdeleriniň we olary mahabatlandyrmaga bolan düzgün kämilleşdirilýär. Eger-de derman diňe lukmanyň bellemesi boýunça göýberilýän bolsa, onda şeýle dermany diňe lukmanyň dermannamasy boýunça alyp bolar. Keselleriň gözegçiliksiz özbaşdak bejerilmegine, aýratyn hem antibiotikler, ýol bermezlik maksady bilen, kanunda öndürijiniň beýan edýän, göýberiliş (“dermannama boýunça” we “dermannamasyz”) şertlerine garamazdan, mikroba garşy serişdeleriň mahabatlandyrylmagy gadagan edilýär. Lukmanyň dermannamasy boýunça göýberilen derman serişdeleri baradaky mahabatlandyryjy maglumatlary ýaýratmak gadagan edilýär.

“Derman serişdeleri hakyndaky” Kanun ýurtdaky derman serişdelerini öndürijileriň işlerini höweslendirmäge, şeýle hem lukmançylyk edaralarynyň we raýatlaryň derman serişdeleri bilen üpjünçiligini gowulandyrmaga hyzmat eder. Umuman, olaryň saglygyny, lukmançylyk-durmuş goraglylygyny, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini mundan beýläk hem berkitmäge ýardam berer.