2016-njy ýylyň 2-nji fewralynda Esasy Kanuny kämilleşdirmek boýunca bolup geçen Konstitusion toparynyň nobatdaky mejlisinde ählihalk tarapyndan ara alyp maslahatlaşmak üçin Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň taslamasyny çap etmek barada çözgüt kabul edildi. Gün tertibine laýyklykda, gelip gowşan teklipler umumylaşdyrylandan we seljerilenden soňra taslama Ýaşulylaryň maslahatynyň garamagyna berler, ol hem öz gezeginde ara alyp maslahatlaşanlaryndan soňra ony kabul etmek üçin Türkmenistanyň Mejlisiniň garamagyna berer.
Esasy Kanunyň täze redaksiýasynyň taslamasy 143 maddadan ybarat bolup, onuň 28-si täze maddalardyr. Maddalaryň 80-ne ýütgetmeler we goşmaçalar girizildi. Şeýlelik bilen, Konstitusiýanyň taslamasy soňky ýyllarda, esasy kanunyň 2008-nji ýylda täzelenen redaksiýasynyň kabul edilen döwründen bäri ýurtda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleri berkidýär hem-de ýakyn we uzak möhletleýin geljek üçin syýasy, ykdysady we durmuş wezipelerini beýan edýär. Konstitusion özgertmeler ýurtda jemgyýetçilik-syýasy gatnaşyklaryň tapgyrlaýyn ösüşini, şeýle hem döwlet-hukuk institutlarynyň has netijeli işlemeklerini göz öňünde tutýar. Esasy Kanunyň taslamasy dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini we umumy ykrar edilen halkara hukuk kadalarynyň esasy ugurlary nazara alnyp işlenip taýýarlanandyr.
Türkmen döwlet gurluşynyň esasynda, garaşsyzlygy almak bilen kesgitlenişi ýaly, adamyň we raýatyň hukugy we azatlygy ýatandyr. Şonuň bilen bir hatarda, täze redaksiýanyň taslamasynda jemgyýetiň we döwletiň esasy baýlygy hasap edilýän her bir adam at-abraýyny we mertebesini goramaga hukugy bardyr, şeýle hem raýatlaryň hukugyny we azatlygyny üpjün etmek ulgamynda döwlet işiniň binýat ugurlary kesgitlenendir.
Milli kanunçylykda halkara şertnamalarynyň kadalaryna möhüm ähmiýet berilmek bilen, taslamada adamynyň hukugy we azatlygy ulgamynda häzirki zaman kadalary öz beýanyny tapýar. Hususanda, her bir adamynyň öz at-abraýyny we mertebesini goramaga hukugy bardygy anyk kesgitlenendir, hiç-hili ýagdaýlaryň şahsyýetiň mertebesini peseltmek üçin esas däldigi bellenýär.
Şeýle hem täze redaksiýada adamyň we jemgyýetiň gyzyklanmalaryndan ugur almak bilen, döwlet ykdysadyýet işini sazlaşdyrýar, halkyň abadançylygynyň hatyrasyna durnukly ösüşi üpjün edýär. Bu babatda telekeçiligi, kiçi we orta telekeçiligi döwlet goldawyna eýe bolýandygy aýratyn bellenýär. Täze redaksiýada her bir adamynyň telekeçiligi alyp barmak üçin öz mümkinçiliklerini we emlägini erkin peýdalanmagyna, beýleki ykdysady işini amala aşyrmagyna kepil geçilýär.
Demokratiki işleriň, doly kepil geçilen syýasy we raýat hukugyna Esasy Kanunyň Türkmenistanda syýasy garaýyşlaryň we köp partiýaly jemgyýetiň pluralizmini ykrar etmek hakynda täze kada gönükdirilendir.
Häzirki zamanyň aýratynlyklaryny nazara almak bilen, taslama goşmaçalar we üýtgetmeler girizildi. Olar adamynyň gyzyklanmalaryna we onuň hukugyny goramaga döwlet häkimiýetiniň ähli şahalary üçin oňaýly hukuk meýdanyny döredýärler. Hususan-da, özbaşdak, adalatlylyk, aýanlyk, aýdyňlyk ýörelgeleri esasynda kanunçylyk, ýerine ýetiriji we kazyýet häkimiýetiniň hukuklary, borçlary we ygtyýarlyklary has takyk kesgitlenendir. Bu bölümiň üstünde işlenende aýratyn üns ýerli wekilçilikli we ýerine ýetiriji häkimiýetiň derejesine, ýerli öz-özüňi dolandyryş ulgamyna berildi. Olaryň ygtyýarlyklary giňden we anyk ýagdaýda beýan etmek bilen berilýär.
Ösüşiň milli modeli we umumy ykrar edilen halkara hukuk kadalary babatda täze redaksiýada ýaşlary we ýaş maşgalalary, durmuş we daşky gurşawyň sagdynlygy üçin oňaýly adam hukuklaryny üpjün edýän gender deňligini goldaýan ýokary hilli we elýeterli bilim we lukmançylyk hyzmatlaryny almagyň kadalary güýçlendirildi.
Şeýlelik bilen, taslamasy ählihalk ara alyp maslahatlaşmalaryna berlen Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň täze redaksiýasy adam durmuşynyň ýokary standartlaryny berkidýär we demokratik hukuk dünýewi döwletini gurmagyň ýolunda strategiki maksatlary kesgitleýär.