Türkmenistanyň täze durmuş-ykdysady möhüm ugrunuň biri hem sebit saýasaty bolup durýar. Ol ýurduň çäginiň tebigy-serişde mümkinçilikleri we onuň gaýtadan işlenilmegi, demografiýa we ilatyň iş bilen meşgullanmagy, durmuş derejesi we hili, sebit bazarlarynyň özara hereketi we bu işleri dolandyrmagyň meseleleri ýaly möhüm durmuş taýdan möhüm işlere degip geçýär. Golaý wagtda sebitleriň öndüriji güýçlerini deň derejede ösdürmek we olaryň ilatynyň ýaşaýyş durmuş derejesini ýokarlandyrmak wezipesi öňde goýuldy.
Ýurduň sebitleýin syýasaty ýokary tehnologiýalary we öndüriji güýçleri netijeli ýerleşdirmegi netijeli peýdalanmak bilen, ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak meselelerini toplumlaýyn çözmegi göz öňünde tutýar. Şunuň bilen baglylykda strategiki dolandyryş we onuň geljekde innowasiýa nazarýetini desgasy hökmünde her bir sebitiň senagat önümçiligine mahsus bolan aýratynlygyny öwrenmäge uly ähmiýet berilýär. Şunlukda, kesgitlenen ýurtlar we dünýä jemgyýetçiligi bilen ykdysadyýeti integrirlemek maksady bilen, çäkleriň geografiki taýdan oňaýly ýerleşişini netijeli peýdalanmak; bütin ýurduň çäklerindäki uglewodorod, mineral-serişde we beýleki tebigy serişdeleri has köp çekmek; çäkleriň häzirki zaman artykmaçlyklaryny netijeli özleşdirmegi nazara almak bilen, durmuş-ykdysady taýdan ösüşini deňleşdirmek; boş zähmet serişdelerini netijeli peýdalanmak göz öňünde tutulýar.
Sebitleýin syýasat döwletiň ykdysady syýasatynyň möhüm düzüm bölegi bolup durýar. Ol häkimiýetiň merkezi, ýerli guramalary tarapyndan geçirilýän dürli kanunçylyk, dolandyryş we ykdysady hem-de öndüriji güýçleri ýerleşdirmek işlerini sazlaşdyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn çärelerini öz içine alýar.
Türkmenistanyň sebitleýin syýasatynyň esasy maksady – welaýatlaryň ählisiniň we Aşgabat şäheriniň durmuş-ykdysady ösüşiniň ýokary depginlerini üpjün etmek, olaryň ýurduň ykdysadyýetini döwrebaplaşdyrmaga goşandyny artdyrmak, has netijeli infrastrukturany döretmek, öndürilýän harytlaryň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, ilatyň durmuş derejesini we hilini ýokarlandyrmak we durmuş ösüşlerini gazanmak hökmünde eksport mümkinçiligini artdyrmak bolup durýar.
Sebitleýin syýasat Türkmenistanyň Prezidentiniň durmuş-ykdysady syýasatynyň möhüm düzümi hökmünde maksatnamalaýyn-maksatly amala aşyrylýar we durmuş taýdan anyk nazarýeti beýan edýär. Welaýatlaryň öňünde duran durmuş-ykdysady meseleri çözmäge toplumlaýyn çemeleşmek, hünärmenlere bütin jemgyýetiň ösüşi üçin sebit faktorlarynyň tutýan ornuna we ähmiýetine çuňňur düşünmäge, sebit meselelerini seljermäge mümkinçilik berýän durnukly teoretiki bilimleri we iş endikleri döretmäge hem-de olary çözmek üçin ylmy taýdan esaslandyrylan dolandyryş çözgütleri kabul etmäge mümkinçilik berýär.
Muňa milletiň baştutanynyň başlangyjy bilen kabul edilen orta we uzak möhletleýin mazmunly maksatnamalaýyn resminamalar hem şaýatlyk edýär. Bu, ilkinji nobatda, 2007-nji ýylyň ahrynda kabul edilen we üstünlikli amala aşyrylýan “Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýyla çenli döwürde obalaryň, şäherçeleriň, etraplaryň şäherleriniň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek baradaky Milli makstnamasy” bolup durýar. Soňra, 2015-nji ýylyň 20-nji fewralynda “Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýyla çenli döwürde obalaryň, şäherçeleriň, etraplaryň şäherleriniň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça Milli maksatnamasynyň” täze redaksiýasy kabul edildi.
Bu maksatnamanyň kabul edilmegi ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ep esli bölegini düýpli özgertmekde durmuş we inženerçilik infrastrukturasynyň 15 ugry boýunça düýpli özgertmäge niýetlenendir. Diňe 2015-nji ýylda bu maksatnama boýunça 4,9 milliard manat düýpli maýa goýumlary özleşdirildi.
Türkmenistanyň sebitleýin maksatnamasynyň öz aýratynlyklary bardyr. Olar hem ykdysady, hem syýasy faktorlar bilen şertlendirilendir.
“Türkmenistanyň 2011-2030 njy ýyllar üçin durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda” sebitleýin ösüşe täsirini ýetirýän hökümetiň çäreleriniň esasy bölegi umumy makroykdysadyýetiň, daşary ykdysadyýetiniň, durmuş syýasatynyň, institusional özgertmeleri geçirmegiň çäklerinde amala aşyrylar. Olar işlenilip taýýarlanylanda we amala aşyrylanda integrasion netijeler we Türkmenistanyň çäklerini durmuş-ykdysady taýdan toplumlaýyn ösdürmegiň bähbitlerine laýyklygy göz öňünde tutulmalydyr.
2011-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen welaýatlaryň senagatyny ösdürmegiň Esasy ugurlary işlenilip taýýarlanyldy we kabul edildi. Senagatyň pudaklaryny ösdürmek boýunça Strategiki maksatnamalar anyk mazmuna eýe boldy.
Geljekde, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynyň” kabul edilmegi bilen, Esasy ugurlaryň binýadynda 2012-2016-njy ýyllarda welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Meýilnamasy kabul edildi. Onda sebitleriň ykdysadyýetiniň pudaklarynyň ählisini ösdürmek boýunça toplumlaýyn çäreler anyk bellenildi.
Türkmenistanyň sebitleriniň özlerine mahsus bolan birnäçe aýratynlyklary bardyr. Olar her bir welaýatyň durmuş-ykdysady mümkinçiliklerini hemme taraplaýyn ulanmaga gönükdirilen esasy ugurlary nazara almak bilen işlenilip taýýarlanan bu Maksatnamanyň esasyna goýlandyr.
Häzirki wagtda ýurdy özgertmegiň durmuş-ykdysady taýdan özgertmegiň, şeýle hem welaýatlaryň senagat ulgamyny ösdürmegiň esasy ugurlarynda göz öňünde tutulan maksatnamalarda we meýilnamalarda biziň ýurdumyzyň ykdysadyýetini mundan beýläk hem çaltlandyrylan depginlerde ösdürmek, sebitleýin maýa goýumy işjeňleşdirmegi kämilleşdirmek we esasy wezipeleri üstünlikli çözmek maksady bilen, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdy 2017-2021-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy” işlenilip taýýarlaylýar.
Sebitleýin syýasat geljekde ylmy tutumly taslamalary amala aşyrmagyň esasynda senagat toplumynyň pudaklaýyn gurluşyny, sebitlerde ylmy-tehniki mümkinçilikli innowasion ugurlary kämilleşdirmegi; ýerli çig malda işleýän pudaklary we önümçiligi ösdürmegi, döwrebaplaşdyrmagy çaltlandyrmagy, sebitlerde energiýa we serişdeleri tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmagy göz öňünde tutýar
Agrar syýasaty çözmäge gönükdirilen ilkinji nobatda durýan wezipeleriň hatarynda ýöriteleşdirilen oba hojalyk önümçiligini ornaşdyrmak arkaly ýurduň önümçilik serişdelerine her bir welaýatyň goşandyny üpjün edýän ýokary netijeli oba hojalyk önümçiligini döretmegi, ykdysady, toprak-howa we beýleki oba hojalyk zolaklarynyň aýratynlyklaryny nazara almak bilen, ýeri işlemegiň zolaklaýyn ulgamyny, maldarçylygyň ot-iýmlik binýadynyň çaltlandyran depginini görkezmek bolar.
Geljekde sebitleriň durmuş syýasatlarynyň esasy wezipesi şertleri we mümkinçilikleri döretmek, tassyklanan durmuş standartlaryna laýyklykda ilata kepillendirilen durmuş ähmiýetli hyzmatlary bermek; halkara standartlary derejesinde ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy, durmuş taýdan ösdürmegiň derejesi boýunça has yza galýan sebitleri goldamak, obalaryň we kiçi şäherleriň durmuş strukturasyny berkitmek; hususy telekeçiligiň, rekreasiýaly ösdürmegiň hasabyna ilata edilýän hyzmatyň möçberini artdyrmak bolup durýar.
Geljekde welaýatlarda syýahatçylygy ösdürmek boýunça syýahatçylyk toplumlaryny, syýahatçylygyň dürli görnüşlerini döretmek we syýahatçylyk ugurlarynyň sanyny artdyrmak, sebitleriň taryhy-medeni mirasyny saklamak we gaýtadan dikeltmek göz öňünde tutýar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň sebitleýin syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hem ykdysady ösüşiň täze ýerlerini emele getirmek we ösdürmek bolup durýar. Olardan “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynyň çaltlandyrylan depginlerde özleşdirilmegini, Hazar deňziniň türkmen kenarynyň nebitgaz serişdelerini özleşdirmegi, işlenilip taýýarlanylýan ýataklarda uglewodorod ýangyjynyň gazylyp alynşyny, ýokary hilli nebit önümleriniň önümçiliginiň we eksportynyň möçberini artdyrmagy; Amyderýanyň kenarynda gaz känlerini we oba hojalyk ekinlerini, Köýtendagyň mineral-çig mal serişdelerini, “Galkynyş” tebigy gaz ýatagyny özleşdirmegi, Garabogaz aýlagynyň tebigy serişdelerini özleşdirmegi görkezmek bolar. Ýurduň günorta-gündogarynda Lebapda Magdanly şäherçesi, Balkan welaýatynda Jebel we Gyýanly şäherçeleri, Ahal welaýatynda Sarahs toplumlaýyn ösüşe eýe bolýarlar.
Sebitleri mundan beýläk hem ösdürilmegine Türkmenistanda häzirki zaman köp pudakly üstaşyr-ulag geçelgeleriniň toruny döretmek kuwwatly itergi berdi. Olaryň hatarynda Russiýanyň-Gazagystanyň-Türkmenistanyň-Eýranyň demir ýollaryny birleşdiren halkara demir ýolunyň gurluşygyny görkezmek bolar. Indi ol Ýewropa ýurtlaryndan Günorta Aziýa çenli iň gysga ýolly ugur bolup durýar.Bu demir ýoly Balkan welaýatynyň çäklerinden geçip, Bereket-Etrek-Gürgen (Eýran) Bereket-Gyzylgaýa-Uzen (Gazagystan) ugry boýunça geçýär. Sebitleri durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk hem ösdürmek üçin türkmen energiýa serişdelerini gelejegi uly bolan dünýä bazarlaryna çykarmak boýunça köp pudakly turba geçiriji infrastrukturany döretmek, şeýle hem Günorta Aziýanyň ýurtlaryna gazy uzak möhletleýin iberilmegini üpjün etjek Türkmenistan-Owganystan Päkistan-Hindistan (TOPH) gaza geçirijisiniň gurluşygy uly ähmiýete eýedir.
Şunuň bilen bir hatarda ýurduň welaýatlaryny zonal ýöriteleşdirilen ykdysady ösüşini kämilleşdirmek we çuňlaşdyrmak boýunça işler dowam etdiriler. Oba hojalyk özgertmelerini üstünlikli öňe sürmek üçin sebitlerde ýer serişdelerini netijeli peýdalanmagyň, öňdebaryjy agrotehnologiýalary ornaşdyrmagyň, netijeli dolandyrmagy ýokarlandyrmagyň hasabyna oba hojalyk önümçiligiň möçberini artdyrmak göz öňünde tutulýar.