Ï Ösümlikleriň introduksiýasy derman önümçiligiň we başga birnäçe önümçiligiň öňünde täze mümkinçilikleri açýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ösümlikleriň introduksiýasy derman önümçiligiň we başga birnäçe önümçiligiň öňünde täze mümkinçilikleri açýar

view-icon 5581
Bu prosess anyk, nätanyş ösümlik bilen alnyp barylýan işiň ykdysady we sosial maksada laýyklygyny, onuň ýerli flora bilen ekologik we biologik deňeşdirip bolujylygyny nazara almak bilen oýlanyşykly toplumlaýyn ylmy çemeleşmäni talap edýär. Medeniýete beýleki howa giňişliklerinden peýdaly ösümlikleriň ýabany ösýän görnüşlerini çekmeklik kanagatlanarly netijäni berip we şonuň bilen birlikde önümçiligiň farmasewtik we beýleki pudaklarynyň ösüşinde täze mümkinçilikleri açyp bilýär. Senagat medeniýetine, miwe-gök ekin hojalygyna, agaç ekişlige ösümlikleriň täze görnüşlerini girizmeklik elmydama esasy maksat bolup durýar.

Türkmenistanyň çägi üçin täze derman ösümliklerini synag etmeklik ýokary ykdysady netijelilikden peýdalanýar. Emma ösümligiň özüni nähili görkezjekdigini, öz dermanlyk häsiýetlerini saklap galjagyny ýa-da artdyrjagyny, howanyň birden üýtgemegine uýgunlaşyp biljegini, miwelerini ýa-da tohumlaryny berip biljegini öňünden aýtmak kyn. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Biologiýa we derman ösümlikleri institutynyň Botanika bagynda synalýan joýajyklarda birnäçe ösümlikler ýerleşdirilen, olaryň içinde rebudianyň stewiýasy hem bar. Onuň watany – Paragwaýyň we Braziliýanyň dag sebitleri bolup durýar.

Ol seýrek tagam we şypa beriji häsiýetlere eýedir. Mysal üçin, onuň ýapraklary şekerden 10-15 esse süýji. Süýjüliginiň syry düzümine glýukoza, stewiol we beýleki birleşmeler girýän stewizod atly maddany ýygnaýandygyndan we ony öz düzüminde saklaýandygyndan ybarat. Arassa görnüşde stewizod şekerden 300 esse süýji, ýöne şekerden tapawutlylykda onuň düzüminde kaloriýa juda azdyr. Ol gandaky glýukozanyň derejesini ýokarlandyrmaýar, bakteriýalara garşy ýeňiljek täsire eýedir. Hut şonuň üçinde ol sagdyn adamlar üçin, şeýle-de süýjülik keselinden, semizlikden, ýürek-damar bozulmalaryndan we iýmit alyş-çalşygynyň beýleki bozulmalaryndan ejir çekýänler üçin şekeriň juda gowy ýerini çalşyjy diýip hasaplanylýar. Watanynda ösümligiň ýapraklaryny ýöne çaýa ýa-da kofä goşýarlar.

Stewiýa dişiň syrçasyny pytramadan goraýar, öýjükli membranalary durnuklaşdyrýar, bagyrda madda çalşygyny gowlaýar, süňk ulgamynyň dokumalarynyň zaýalanmagyna päsgelçilik döredýär. Ösümligi gaýtadan işlemegiň netijesinde alnan önüm uzak wagtlap ulanylanda adamyň bedeni üçin düýbünden zyýansyzdyr, ol ýa beýleki ýaramaz täsirleri ýok. Medeni ösümlik hökmünde stewiýa 1500 ýyldan gowrak bäri ösdürilýär. Senagat taýdan ösen ýurtlaryň bazarynda stewiýa ilkinji bolup Ýaponiýada döredi. Ol ýerde stewiýa milli gazanan zat hökmünde yglan edildi.

Türkmenistanda bu gymmatly ösümligi ösdürip ýetişdirmäge hemme mümkinçilikler bar. Stewiýa Aşgabada 2012-nji ýylda Hindistandan getirildi we häzirki wagtda ýyladyşhana şertlerinde nahalhananyň çäginde gözegçilik edilýär. Ekileninden 1 ýyldan soň bol gülläp ösüşi we tohumlarynyň emele gelişi bellenildi. Alymlar seýrek ösümlige gözegçilik etmeklerini dowam etdirýärler.