Milli ykdysadyýetiň ösüşiniň häzirki zaman tapgyrynda Türkmenistanda çalt depginli ykdysady ösüşi we durmuş derejesiniň durnukly ýokarlanmasyny görmek bolýar. Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň ösüşini goldamak we çig mal harytlaryna dünýä bahalarynyň wolatilligi bilen baglanyşykly töwekgelçiligi azaltmak senagat ulgamynda işjeňlige, pudaklaýyn diwersifikasiýa we döwrebaplaşdyrmaga daýanmak bilen, eksportyň ösdürilmegine ýardam bermäge ukyplydyr.
Türkmenistanyň ykdysadyýetinde bazar gatnaşyklaryny güýçlendirmäge gönükdirilen özgertmeler integrirlenen we üýtgäp duran dünýä şertlerinde onuň çeýeligini we bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, ykdysady ösüşi mundan beýläk hem üpjün etmäge we halkyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga şert döredýär. Ýurdy ösdürmek işleriniň esasy ugurlarynyň biri hem eksport mümkinçiligi hökmany artdyrmak bolup durýar.
Milli ykdysadyýetiň daşary söwda böleginiň bäsleşige ukyplylygynyň ösüşi halkara söwda ulgamynda döwlet tarapyndan sazlaşdyrmak guralyny giňeltmegi göz öňünde tutýar. Daşary söwda işiniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň maksady eksport-import işlerini geçirmek üçin amatly şertleri döretmek, şeýle hem global dünýä bazar strukturasyna integririlenen ýurduň önüm öndürijilerini ykdysady bähbitlerini goramak bolup durýar.
2015-nji ýylda telekeçileri döwlet tarapynda goldalynmagy boýunça nobatdaky ädimler ädildi, şeýle hem toplumlaýyn çäreler geçirildi. Onuň netijesinde ýurduň jemi içerki önümlerinde telekeçiler böleginiň paýy artdy. Telekeçilere degerli goldaw bermek maksady bilen maksatlaýyn karz serişdeleri bölünip berilýär. Olar ilatyň sarp ediş önümlerini el elýeterli bahalar bilen üpjün etmäge gönükdirilýär.
Bu günki gün hususy telekeçilik ykdysadyýetiň köp böleginde hereket edýär, birnäçelerinde bolsa esasy orny eýeleýär. Şeýlelikde, umumy dürli haryt dolanşygynda 2015-nji ýylda döwlete degişli däl bölegiň paýyna 92% düşdi. Häzirki wagtda milli ykdysadyýetiň döwlete degişli däl böleginiň kärhanalary tarapyndan oba hojalyk önümleriniň 92%-den hem gowragy öndürilýär. Hususy bölek ýurduň gurluşyk we azyk bazarlarynda hem öz ornuny barha berkidýär.
Döwlet telekeçiligi daşary ykdysady işlerinde hem höweslendirýär. Şeýlelikde, eksport önümleriniň görnüşlerini we möçberlerini düýpli artdyrmak maksady bilen, döwlet baştutany 2015-nji ýylda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna ilkinji gaýtadan işlenenden soňra alynan gön, gaýyş önümleriniň ähli görnüşlerini, şeýle hem ýüňi daşary ýurtlara ýerlemäge rugsat berýän Karara gol çekdi. Şeýle hem önüm öndürijileriň we hyzmatlaryň hukuk ýagdaýy hem kämilleşdirilýär.
Türkmenistanda daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutjak önümçiligi, importyň strukturasyny kämilleşdirmek we ýurduň töleýiş ukyplylygyny ýokarlandyrmak, daşary söwda dolanşygynyň oňaýly saldosyny berkitmek, iş orunlaryny döretmek, ilatyň pul girdejilerini artdyrmak we ykdysadyýetiň hususy böleginiň paýyny yzygiderli artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti 2015-nji ýylyň 15-nji maýynda “Türkmenistanda daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümçilik boýunça Döwlet maksatnamasyny” tassyklamak bilen, Karara gol çekdi. Şeýle hem, ýurduň ykdysady kuwwatyny berkitmek, innowasiýalara daýanmak bilen, senagat önümçiligini gaýtadan işlemegi ýola goýmak, eksport kuwwatyny we tebigy we mineral çig mal serişdelerini toplumlaýyn peýdalanmak ýoly bilen ýurduň mümkinçiligini ýokarlandyrmak, eksport gurluşyny kämilleşdirmek, hususy kärhanalaryň paýyny artdyrmagy berkitmek, şeýle hem daşary ýurt döwletleri bilen strategiki hyzmatdaşlygy ösdürmegi berkitmek maksady bilen, “Türkmenistanda öndürilýän eksport önümleriniň möçberlerini artdyrmak hakynda Döwlet maksatnamasy” tassyklandy.
Maksatnamalar himiýa senagatyny, ýeňil we azyk senagatyny, maşyngurluşygyny, oba hojalygyny, ýurduň farmasewtikasyny ösdürmäge gönükdirilendir. Süýt we et, gök we miwe, balyk önümleriniň dürli görnüşlerini gaýtadan işlemek we öndürmek boýunça iň häzirki zaman tehnologiýalar bilen üpjün edilen kärhanalary gurmak meýilleşdirilýär.
Halkara standartlarynyň we olary Türkmenistanyň milli ykdysadyýetine ornaşdyrmagyň orny ep esli derejede artýar. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşy nazarlaýan syýasatynyň netijelidigine Türkmenistana 2015-nji ýylyň iýun aýynda BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmek ulgamynda gazananlary üçin ýörite baýragyň berilmegi şaýatlyk edýär. Türkmen ykdysadyýetiniň önümçilik we eksport mümkinçilikleriniň birnäçe ýyllaryň dowamynda alyp baran oňyn ýörelgelerini abraýly halkara guramalarynyň we maliýe gurluşlarynyň – BMG-niň ykdysady we durmuş meseleleri boýunça Departamenitiniň, Birleşen Milletler Guramasynyň söwda we ösüş boýunça Konwensiýasynyň, BMG-niň sebitleýin komissiýalarynyň, şeýle hem Halkara pul gaznasynyň, Bütindünýä bankynyň,Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň, Yslam ösüş bankynyň we beýlekileriň bilermenleri belleýärler.
Ýurduň azyk senagatynyň önümleri eýýäm abraýly halkara baýraklary we sowgatlary bilen sylaglandy.
Türkmenistanyň dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň global ulgamyna üstünlikli integrasiýasy Türkmenistanyň 2015-nji ýylda “GSI” Halkara guramasynyň sanly belgiler boýunça Milli guramasyna girmegine we Türkmenistana degişli sanly belgileri berilmegine şert döredýär. GSI – “Global Standart” halkara ulgamyna birleşmek hakyndaky mesele harytlaryň we hyzmatlaryň hilini we bäsleşige ukyplylygyny bazar taýdan sazlaşdyrmagyň möhüm guraly bolup durýar.
Önümçiligiň ösýän möçberlerine we ýokary hilli türkmen harytlaryna bolan islegi nazarda tutup, önüme sanly belgiler ulgamyny ornaşdyrmak bilen, söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, eksport üpjünçiligini diwersiwikasiýalaşdyrmak, olaryň nomenklaturasyny giňeltmek üçin täze mümkinçilikler açylýar.
Sanly belgiler baradaky milli gurama Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň paýly gatnaşmagynda döredildi we onuň 366 agzasy bardyr. Ýurtda sanly belgiler ulgamyny belgilemek boýunça uly işler alnyp barylýar, ýurduň önüm öndürijileri tarapyndan öndürilýän haryt önümleriniň 20 müňi töweregi görnüşine eýýäm degişli nyşan berildi.
Türkmenistanyň dünýä reýtinginde ösüşiniň täze faktory hökmünde TXF (Beýik Britaniýa) guramasynyň eksport-kredit gullugy tarapyndan maliýeleşdirilýän 2014-nji ýylda ýewropanyň we ýewraziýanyň iň gowy taslamalarynyň onusynyň biri hökmünde Hazaryň kenarynda ýerleşýän Gyýanly şäherçesinde häzirki zaman gazhimiýa toplumynyň gurluşygynyň taslamasy ýörite baýraga mynasyp boldy. Taslamany maliýeleşdirmäge Ýaponiýanyň, Germaniýanyň, Fransiýanyň, Koreýanyň, Awstriýanyň, Şweýsariýanyň we beýleki ýurtlaryň maýadarlary gatnaşýarlar.
Halkara standartlaryny ýuwaş-ýuwaşdan we meýilleşdirilen esasda ornaşdyrylmagy ýurtda öndürilýän harytlaryň dünýä bazarynda bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmak üçin giň mümkinçilikleri döredýär.
Halkara daşary ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmegiň häzirki zaman tapgyry global möçberde bäsleşigi güýçlendirmek bilen häsiýetlendirilýär. Dünýä ykdysadyýetinde sebitleýin integrasion özara hereket etmek işleriniň ösüşine syn etmek bolýar.
Daşary-ykdysady gatnaşyklar kämilleşdirilende öňde bir tarapdan – eksporty diwersifikasiýalaşdyrmak, beýleki bir tarapdan – importyň rasionallygy wezipesi dur. Eksportyň infrastrukturasyny kämilleşdirmek we importyň harytlyk gurluşy ykdysadyýetiň globallaşýan şertlerinde we dünýäde barha güýçlenýän bäsleşigiň ýagdaýynda Türkmenistanyň daşary söwda gatnaşyklaryny hil taýdan artdyrmaga mümkinçilik berer.
Sebitleri özgertmek boýunça Milli maksatnamada kesgitlenen çäreleriň 2015-nji ýylda üstünlikli amala aşyrylmagy sebitleriň Döwlet býüjetiniň ýerine ýetirilmegine düýpli çeşmeleri bolmagyna öňünden şertleri döretdi. Her sebite mahsus bolan ajaýyp serişdeleriň ulanylmagy ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm faktory bolup durýar. Bu halkara derejesinde daşary söwda mümkinçiligini ösdürilmegi üpjün etmäge şertleri döreder.