Ï Türkmen okuwçylary halkara ylmy bäsleşiklerde kümüş medallara mynasyp boldular
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen okuwçylary halkara ylmy bäsleşiklerde kümüş medallara mynasyp boldular

view-icon 1335
Aşgabat şäheriniň №№ 70 we 72 ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň ýokary synp okuwçylary Russiýa Federasiýasynyň Kazan şäherinde Russiýanyň ylym we döredijilik jemgyýetiniň däp boýunça geçirýän “Açyk ylym”, “Ylmy gözýetim” atly intellektual internet forumlarda ýurdumyzyň adyndan abraýly çykyş etdiler.

11-nji synpyň okuwçylary Leýla Aşyrowa, Bägül Jumageldiýewa, Ýazgül Metjanowa we Maral Rustamowa “ýylyň ylmy çemeleşmesi” we “ýylyň kreatiw çemeleşmesi” görnüşlerinde 2-nji orny eýelediler. Ýurdumyzyň wekilleri öz ylmy işlerinde internet torda maglumatlaryň goraglylygy baradaky meselelere we distansion okuwlarda okuwçylary testden geçirmegi multimediýanyň üsti bilen geljekde amala aşyrmaklyk meselelerine ýüzlendiler.

Научным руководителем интеллектуальной «четвёрки» является учитель информатики высшей категории Сердар Гандымов, который также отмечен вторым призовым местом. Успех национальной команды в международных научных конкурсах приумножил достижения нашей страны в научно-образовательной сфере.

Bu intellektual gyzlaryň ylmy ýolbaşçysy informatika sapagy boýunça ýokary derejeli mugallym Serdar Gandymow hem ikinji baýrakly orna mynasyp boldy. Milli toparyň halkara ylmy bäsleşiklerde gazanan üstünlikleri ýurdumyzyň ylym we bilim ulgamynyň gazananlaryny köpeltdi.